Mowzuklar
Ählisi | Gürrüňdeşlik | Edebiýat | Ylym | Limited | Internet | Umumy | Sungat | Jemgyýet | Futbol
Duýýan indi señ dünýâñde ýatdygym+12
22:20
"Duýýan indi señ dünýäñde ýatdygym" Ýaşap bir dem ýyldyrymly didede,  Ne-hä yşkdan,  ne hesretden gandyk biz.  "Söýýänem" diýipdik birek-birege,  Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz.  Dözmezim sen,  gözleriňden syrykdym.  Dõnmezim sen — saňa gurban bolaýyn.  Goýnuma däl,  sen düýşüme giripsiň,  Söý...
awtor: ᎷᎪᎻᎡᎥ | okaldy: 276 | teswirler: 7

Ejeme+11
20:22
Sensizligiň alty ýyly kalbymda, Kän ýykyldym ony, göterip bilmän. Soňky ýyllar kesel bilen göreşýän, Başlan işlerimi gutaryp bilmän. Ýöne aprel gelse gözlem ýiteler, Eýe borun bir dogumly güýje men. Ykbalyma sataşmady senden soň, Hiç bir ynsan seniň ýaly süýjelen. Ölmek üçin, bahana kän dünýäde, Ý...
awtor: Bolupbiler | okaldy: 167 | teswirler: 4

Gözleme+4
23:50
Agtaran tapar, elbetde, "Tapylmaz" diýip gözleme. Geçirme ömrüň ezýetde, Bir geçse haýyp gözleme. Per berme gama, perýada, Öwren, çulum bol her zada, Ýüzüp geç tereň derýadan, Kürekdir gaýyk gözleme. Dury, ýokdur bulanygy, Baky bagtyň bulagydyr, Pyraga tut gulagyňy Hem...
awtor: Ayhan | okaldy: 124 | teswirler: 1

Ogrynyñ ölûmi+5
20:36
Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryñ, Ahyretde hemra bolsun imany, Arman,ýöne tapylgysyz ýigitdi, Hiç bilmezdi iliñ hakyn iýmãni. Daýysy,dogany,ýegen,ýeññesi, Dãbe görã öwenmişler hemmesi. Ýasa gelen garryja bir ýaşulyñ, Ýeke özi galanmyşyn seretse, Onsoñ bu-da öwenmişin özûçe, "Ogrujady,ogrujady neres...
awtor: Nara | okaldy: 208 | teswirler: 5

Hayysh+4
11:06
Owal bashda Kadyr Allam komek et, Oz bendane bereweri kanagat. Yureklerden nur imany ayyrma, Bir hayyshym durmushdan bir doyurma. Arzuwlarmy wysal edip yashayyn, Her yalnyshym mysal edip yashayyn. Nakeslerin dili uzan mahaly, Yuwutmagy basharayyn gahary. Yzda bolman mydam deni dushumdan, Ejizlig...
awtor: Bejidoff | okaldy: 145 | teswirler: 4

Doglan günüňe+14
06:18
Keýpim göterilýä ýadyma düşseň, Arzuwlam ýaşaýar gözleň düýbünde. Şat günleriň geljegine ynam bar, Gussalarym solup galdy düýnümde. Ertekiden çykyp gaýdan perim sen, Asman, Zemin arasyndan saýlanym. Seni şeýle uly güýç bilen söýýän, Şeraby söýşi deý, Omar Haýýamyň. Ýüregimi çokunduryp söýgüňe, Bol...
awtor: Bolupbiler | okaldy: 242 | teswirler: 9

Garrama eje ...+16
02:06
Saçlaryňda ak görünýär, eje jan, Tisgindirip, meniň juwan dünýämi. Diýýärsiň: «Bu garrylykdan bir nyşan» Entek garramaga Saňa ir dälmi?! Ogul-gyzyn adam edip ulaldan, Köpler üçin Sen ýönekeý bir zenan, Emma meniň üçin, perzendiň üçin Sen niçiksi belent, elýetmez ynsan! Bergili men Saňa, bergili ba...
awtor: Anonimka | okaldy: 238 | teswirler: 10

Ökünç we ötünç+12
12:37
Adyña sadaga serim, kamatym ýaýdyr öñüñde, Rehmetiñden jyda goýup, nesibämi saýrylama! Gursagyñ mährem mährabym, gujagyñ baky barlygym, Egşen göwnüñden ynamym, ýat ýollara aýrylama! Kiçi hyýal, kiçi öýke uly üçin düwür ahyr, Syndyrma soñsyz ruhyñy, durmuş ýalan ömür ahyr, Rahatsyz arzuwlaryma, sens...
awtor: Angel | okaldy: 216 | teswirler: 11

Doydum dostlar! ahli zatdan doydum men!+9
09:35
Indi ahli zatlar uytgedi gitdi, Onkilik galmady hich bir ynsanda, Yagshy-yaman zatlar garyshyp gitdi, Dine yalan bilen gezyaler sanda. Bagrymy paralap gitdi soyenlem, Yurekden urdular yakyn diyenlem, Aldananlam, biderege koyenlem, Doydum dostlar! ahli zatdan doydum men! Hich ynam galmady yakyny-...
awtor: Bejidoff | okaldy: 196 | teswirler: 8

Ýitiren zadyñy aýap saklamak+15
09:28
Sen bilýäň- Meň seni diňleýänimi. Men bilýän- Sen meniň üçin aýdaňok. Sen bilýäň- Meň seni synlaýanymy, A meň üçin bezenýänsiň öýdemok. Men saňa ilkinji gezek duşamda, Gözlerim gözlerňe gaçan pursaty, Seni şonda ilki görenem bolsam, Ýitiren zadyma meňzediň gaty... Şonda bildim, Peşgeşidiň ykba...
awtor: Angel | okaldy: 152 | teswirler: 2

"Ýok, muňa aýralyk diýip bilmerin..."+11
08:22
Birsalym sabyr et, ýollarym seňki ― Menzilim ýok ýere çykýaryn seýle. Duýgular bir ýana elimden çekýär. Ýapraklar göterýär bir garyş beýge Hem ruhum bir garyş zemine çökýär. Nirde men, Sen nirde ― düşünip bilmän, Ýere gonýan ýapraklary diňleýän, Öwüsýär kalbymyň güýzümtil reňki. Birsalym sabyr et,...
awtor: Pegas | okaldy: 170 | teswirler: 3

Çuňňur guýa giden hat+7
16:17
Köp gatnalyp torç edilen ak ýoda Geçerdi gür ýorunjaly mellekden. Guýymyza tarap gatnapdyň telim, Töweregňe baş galdyrman, ýel dek sen. Egniňdäki gülli elwan köýnegiň Eteklerem göm-gök bolup giderdi. Söýgi meniň ynjalygmy aldy-da, Öwezine berdi maňa bu derdi. Bedreli köp gatnardyň, sygryňyz Doýman...
awtor: Pegas | okaldy: 112 | teswirler: 0

Mahmal duýgylar+7
13:41
Mahmal duýgylary hemra edindim, Arzuwlaryň ysy burnumy deşdi. Keşbiň bilen düýşlerimi bezäňde, Yşkyň infarkyty bildirmän geçdi. Akylymy algyň deýin aldyňda, Hyýalymy gurjak edip oýnadyň. Medetkär gözlerňe bendiwan edip, Öler ýaly bir bahana goýmadyň. Ýüregimi ezip goýdum yşkyma, Deňiz dörär aýalaň...
awtor: Bolupbiler | okaldy: 146 | teswirler: 6

Söhbet Orazmuhammedow "Kitaphanaçy gyza"+12
11:01
Suratyña bakyp otyryn ümsüm, Duýgularym salyp bilmän tertibe. Yşkym beýan etjek bolýaryn dilsiz, Öz diliñde edersiñ soñ terjime Aý diñe gökde däl,Zeminde-de bar, Saçyp dur ol meñ dünýäme şöhlesin. Belki-de kem geler,belki deñ geler, Dessandaky Leýli,Şirin,Zöhre hem. Waspyñ şygyr bilen ederin beýan...
awtor: Nirvana | okaldy: 154 | teswirler: 6

zeýrenç+15
10:40
"Guşlaryň gaýyşy içimi ýakýar" Men uçmak isledim, Onda-da neneň?! Arkamda asmany göterip mäkäm. Bolmady... (Bagyşlaň, hormatly mollum, Ikilikçiligme guşlar günäkär). Onsoň, ýerden ýyldyz çöpledim ýördüm,                Oýlamadym - gereksizmi, gerekli? Kör teňňä geçmedi köne arzuwlar, Soñ, özü...
awtor: Angel | okaldy: 193 | teswirler: 3

Sen hakynda+16
10:38
Wagt gutaryp barýan ýaly aýylganc Oñem diýipdiler  "şöhleli ýyldyz Ilki sönermişin beýlekilerden". Gorkum az däl ahyr ýowuz dünýede Sen bir sönme!... sönse-sönsin ejizler Eger sen sönäýsen ynan barlygym Altda calnan skripkañ heñine Sesin goşup biljek nadan ejiz men. Tisgindirer sensizligiñ ýelleri...
awtor: Angel | okaldy: 190 | teswirler: 4

Agam (hekaýa)+17
10:32
Kakam uruş turmazyndan iki-üç ýyl öň ýogaldy. Bir gözi şikesliräk agam Sylapdan başga urşa iberer ýaly hiç kimimiz ýok. „Gözüňi bejeremizsoň alarys-da“ diýip, onam gaýtarypdyrlar. Men welin, Sylabyň urşa giderini näler isleýärdim. Onuňam illeriň agasy ýaly: „Men sag. Söweşip ýörün. Faşistleri ýepbek...
awtor: Angel | okaldy: 200 | teswirler: 5

Nämedir bir zat...+22
05:32
Nämedir bir zada howlugýan ýaly, Nämedir bir zada umyt edýän men. Nämedir bir zada ýetip barşyma, Hem nämedir bir zatdan-a gidýän men. Hiç maza berenok nämedir bir zat, Nämedir bir zatdan kineli ýörün. Kalbyma ynjalyk bererim ýaly, Nämedir bir zad-a etmeli borun. Bu mymyk gijeler gussaly maňa, Näm...
awtor: Pegas | okaldy: 270 | teswirler: 7

Çykmadyk gyza+19
23:33
Sen deňize bakýaň onkinji gatdan, Ýüregiň aglaýar urup dar ýerde. Eglenen ýar hakda, oýa batýarsyň, Bulutlara on ädimjik bar ýerde. Şazadaňy getirerne garaşýaň, Tüýdügüni çalyp gelýän paromlaň. Belki seň bagtyňy açar pal atyp, Entäp ýören aýallary Baronlaň. Heniz ýok ýar hakda kän pikir edýäň, Ýaş...
awtor: Bolupbiler | okaldy: 239 | teswirler: 7

Goturowy görseň gaçmaly-1
21:51
— Bi, nemis diýeniňde akyl bolmaz ekeni, – diýer-de, Gotur aga ara salym salman gürrüňini dowam etdirer – Gör-ä, şondan soňam: “Goturowyň kellesini getirene ýa tutana pylança manat berjek” diýäýmeli welin, ýok, beýdenoklar-da gaýtam meň suratymy köpeldäge-de her salladynyň eline birini tutdurýalar....
awtor: Ependi | okaldy: 69 | teswirler: 0

Umumy: 4127
<< 1 ... 98 99 100 101 102 ... 207 >>

Sayt kartasy
Erkin mowzuklar

Kitaphana

Soňky jogaplar:

Armanly bolan ýeriňiz boldumy durmuşda?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
EYFELs (Düýn, 21:28:01)
Gowy, juda gowy.....Dowamy
Edebiýat | ?
###zMs (Düýn, 18:31:34)
Äpberekella soňky setiri hasam gowy...Dowamy
Edebiýat | ?
###zMs (Düýn, 18:29:49)
:dovolen:...Dowamy
Edebiýat | Ene hakda goşgylar
Gurbanmyrats (Düýn, 18:21:30)
Heeey gardshlar onku dowurler nirede galdy...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täzelik
LIDERs (Düýn, 15:56:58)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023