Tegelek stol: @BAGANA bilen söhbetdeşlik... - Halanlaryma goş
Teswirler:
1811Öwreniji
Miss Happy
13.02.2024 / 17:04:44
+2
Men berjek soragym Baganan shahsy ozuneha dal, umuman bir bilesim gelyan zat bar. Ters okayanlar diyilyanler kimler bolya? Gowy zat daldiga belli welin, shondada halk olarada "molla" diyya, molla dal bolsa olar kimler umuman? Gygsacha dalde ginishleyin bilesim gelya, aydaysan.

38Gytyndan
Dark_Wolf
13.02.2024 / 17:18:05
+4
Miss Happy, Ters okan diýip bir wezipe ýa kär ýoklaý. Olam bir aýtgy. Halk dilinde şeý diýiläýýä ýöne. Onuň molla bilen dahylly ýeri ýok. Olaram hapa jyn-şeýtanlar bilen swyaz saklaýanlaň bir görnüşi. Il içinde tebip, bilgiç diýip özüni tanadýanam bolsa, hakyny berseň hiç pislikden gaýdanok.
2033Betinden
Bayka
13.02.2024 / 17:52:45
+1
Miss Happy, şahallas bn swizda bolyan palca diyilyar genje
8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 19:12:24
+2
Miss Happy, ters okan diýip bizde 2 görnüşdäki adama düşünýäler.
1) durmuşy ters tarapa öwürýän, ýamanlyklara ýol açýan, adamy ýolundan ters ýola düşürýän jadygöýlere.
2) ylmy taýdan güýçli pir (arap dilinde awliýa) derejesine ýetip, keramat görkezýän adamlara. Meselem, suwy ters tarapa akdyrýan. Ýada başga görnüşdäki keramat görkezýänler.
1811Öwreniji
Miss Happy
13.02.2024 / 19:18:52
+2
"Gurhany tersligine okayamyshlar" diyip eshdipdim, chagarakkam. Jogaplarynyza sagbolun.
8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 19:20:33
+1
Arap elipbiýini şeýle-de sagdan çep tarapa okaýalar
1811Öwreniji
Miss Happy
13.02.2024 / 19:24:44
+2
Ony bilyande, sho okalshyndan tersligine diyipdiler, anymda galypdyr.
2233Betinden
Nara
13.02.2024 / 17:06:22
Salam saytyn garagöz agzalary!

+3

oylenjek gyzyñy eneñ atañ saylasa kabul ederdiñmi?

5052Täzeje
Simpson
13.02.2024 / 18:02:00
+1
Nara, a sen barjak ýigidiňi eneň ataň saýlasa kabul ederdiňmi?
2233Betinden
Nara
13.02.2024 / 18:04:57
+1
şübhesiz❤
5052Täzeje
Simpson
13.02.2024 / 18:08:25
-1
Nara, onna sag aman eneň ataň saňa bir ýygnajak birini tapsa we bizem senden dynsak, suwyň çykyp ugrady soňky döwür, göze kän düşýäň...Jynam bir işigaýdanyň biri ýygnaýa senem bir şonuň ýaly ämsämiň biri alsada indi.
8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 19:15:38
+2
Nara, her bir ene ata öz çagasynyň geljegi üçin ýamanlygy ýok. Ýöne käbir ene atalaň gyzy gowy tanaman oglyna saýlap berip alýanlar bar. Emma toýdan soňra gyzyň hakyky ýüzi açylyp, durmuşyny bozýanlaram bar. Soň şo ýerde çaga ene atasyna sen etdiň diýip başlaýar. Şonuň üçin her kim öz çukuryny özi gazsa gowy. Erteki gün öz gazan çukuryňa özüň düşdiň diýer ýaly.
82Betinden
Mahri
13.02.2024 / 19:47:40
+0
"ichi gara ichi gara, ichi gara haram k*nti"
2233Betinden
Nara
13.02.2024 / 19:49:25
+1
tema mn hakda dal bulama mowzugy
82Betinden
Mahri
13.02.2024 / 19:54:23
+1
Gaharyma diyaydim, sen men baryan oglanymy tanayanmy ona ishigaydan diyyan? Hudaya shukur bir stoly tutup otyr. Onnon ishigaydan adama ynanylar oydyanmi sheyle zat? Name agzyna ak gelsede gara gelsede yazyanay. Ozunem natanysh nikden gizlenyan. Bosh sen. Boshluk.
82Betinden
Mahri
13.02.2024 / 19:55:23
+1
yene bir zat, mowuk men Nara hakynda dal, toza burnuny sokma ilin mowzugyna
5052Täzeje
Simpson
13.02.2024 / 20:01:39
+0
Bäh nätfiňaý nätanyş nikde gizlenýwnmi? Hany aýt hany onda men kim we näme üçin gizlenýän? Asyl boş paşyrdap otyrana özüň zat görmedik suwjuk.
5052Täzeje
Simpson
13.02.2024 / 20:06:40
-1
sen men baryan oglanymy tanayanmy ona ishigaydan diyyan? Hudaya shukur bir stoly tutup otyr


Hahaha şu ýerdäki gyzlaň hemmesi gürlese söýgülisi,barjagy bir stoly tutyp otyr howa, seňkem şolar ýaly boş stol tutyp otyranlaň biridir.Onsaňam seni heleý edip almaklygyň özi bir işigaýdanlyga how, basga bela gerekmi şondan başga? Ahahaaaahhaaa
4710Täzeje
Yadov
13.02.2024 / 20:38:52
+3
Men-a yoldaşym bir stolyn başyny tutup oturanok. Gara iş edyar. Onsonam hiç kimi tanaman plan dp oturmazlar. Jyny şu saytda menden gowy we menden yakyn tanayan yokdyr. Bu sozlerine mynasyp adam dal ol.
5052Täzeje
Simpson
13.02.2024 / 20:53:40
-1
Howa 1nji gijäňde äriňi taşlap gürleşjek derejede ýakyn ekeniňiz bildik
82Betinden
Mahri
13.02.2024 / 20:54:47
+0
onaryanmy senem et, onaranokmy gysda otur.
Hudaya shukur edenimi edyan, sebabi durmushum shona mumkinchilik beryar. Senem gynanma, bolar bir gun In Sha Allah. Gowy dilegde men sen uchin
4710Täzeje
Yadov
13.02.2024 / 20:57:57
+1
Akylsyz
5052Täzeje
Simpson
13.02.2024 / 20:59:00
+0
Meň sen ýaly oglum bar uže
1861Gerekli
BAY-HAN
29.02.2024 / 08:34:06
+0
4710Täzeje
Yadov
13.02.2024 / 18:05:36
+2
Bizin jemgyyetimizde konstitusiyany doly bilyanler az. Kanunlardan halk habardar bolsa we öz hukuklaryny saklap bilseler jemgyyet na derejede oser?

8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 19:17:58
+1
Yadov, Konstitusiýany doly bileniň bilen sen hukuk ugryny doly bildigiň däl. Konstitusiýadan soň kadalaşdyryjy hukuk namalary köp. Ine aýdaly kodeksler, kanunlar, kararlar, düzgünnamalar, tertipnamalar we ş.m.
8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 19:18:43
+1
Yadov, men aşakdada belläp geçdim. Her kim kanunçylygy öwrense hiç ýerde kösenmeýär.
4710Täzeje
Yadov
13.02.2024 / 19:31:59
+1
Yadov, hawa okadym şu wagt. Adamlar öz hukuklaryny bilman ( menem şeyle) kosenya
38Gytyndan
Dark_Wolf
13.02.2024 / 20:16:28
+1
Yadov, Konstitusiýa - biziň baş kanunymyz. Onda aglaba esasy faktorlar aýdylýar. Biziň nähili döwletdigimiz, Prezidentiň saýlanyşy we onuň ygtyýarlyklary, kanun çykaryjy häkimýet kim, ýerine ýeririji häkimýet kim, hukuk goraýjylar kim we.ş.m fundamental maddalardan ybarat.
Emma soňra şahalara bölünip, her jemgyýetçilik gatlaklary üçin niýetlenen kanunlar, kodeksler bar. Meň özümem adaty raýat hökmünde kanunçylygymyzy öwrenmekligi maslahat bererdim we islärdim.
Bizde kanunlar işlänok diýip başdan sowma edýäler. Emma sen işledip başarmaly. Bilmeseň, nädip işletjek, nädip hukugyňy talap etjek.
Elbetde, kanunlaryň hemmesini öwrenip bolmaz, ýat tutyp bolmaz. Hemmesini suwara hukukçylaň özem bilenok. Emma hukugyňy gorap biljek derejede hersinden çümmüjek bazaň bolmaly.
Meň özüm köp ýerde peýdasyny gördüm. Şoň üçin çekinmän aýdyp bilýän. Durmuşda kän duş gelýän, esasy bilmegimiz möhüm bolan kanunçylyklar bar. Käbirini sanap geçeýin.

Meselem:
T-nyň Raýat kodeksi; - şuny her bir raýat ýüzleýem bolsa okamaly. Şu ýerde raýatlaryň nämä hukuklary barlygy doly ýazylgy. Türkmenistan diýilýän territoriýaň çäginde şu kodeks bilen arkaýyn hukugyňy talap edip bilýäň.
(Çünki Konstitusiýanyň 4-nji maddasynda "Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir." diýip bellenilýär.)

2-nji. Maşgala kodeksi - Her bir maşgala boljak, bolan raýatlar okasa peýdasy gürrüňsiz degýär.

3-nji. Zähmet kodeksi - muňa adyndanam belli bolşy ýaly her bir fiziki şahs okamalymyka diýýän. Biziň işçi hökmünde nämelere hukugymyz barlygy doly aýdylan. Hatda özüm näçe ýerde peýdasyny gördüm. Şuň içindäki maddalar boyunça işgärler bölümini aňňalak gapdyrdym näçe ýerde. Birje mysal getireýin: öňki işimde bir gezek otpuskada wagtym çärä ýazypdyrlar. Menem gitmedim welin, düşündiriş ýazmagymy talap etdi tupoý odel kadr. Zähmet rugsadyndaky adamdan sebäpsiz düşündiriş alnanokdygyny şu kodeks bilen subut edip berdim.

We şuňa meňzeş başgada kanun, kodeksler bilen hukugy sowadyňy artdyryp bolýar.
4710Täzeje
Yadov
13.02.2024 / 20:43:12
+1
Hawa ol-a şeyle. İn esasy adamlar öz hukuklaryny bilmeli. Gaty gerekli yerleri bar. Yone Ka yerde yokary edaralardan çekinip ya-da "borla bir topar kelle agyry gerek dal" dp hukuklaryndan el çekyaler.
8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 19:08:40
Şu dünýäni bagt saýma özüñe...

+3

1. Meniň adym Eziz. 1993-nji ýylda Sakarçäge etrabynda doguldym. Orta mekdebi obada tamamlap, soňra daşary ýurtlaň birinde ýokary okuw jaýyny hukukçy hünäri boýunça tamamladym. 2019-njy ýylda öz gutaran ugrym boýunça zähmet ýoluna başlap, häzirki wagtda hem Lebap welaýatynda hukuk goraýjy edaralaň birinde işläp ýörin. Adamda arzuw kän. Geljekdäki maksadym agzybir maşgala gurup, zähmetsöýer, halal nesil terbiýeläp ýetişdirmek.

2.
a)@vkus.granata agzaň näme sebäpden meni saýlanyny anyk bilemok. Emma öňden tanaýandygym şeýle-de agzalar bilen giňden tanyşmak we pikir alyşmak üçin razylyk berdim. Elbetde gepleşigiň şu sanynyň men hakda bolanyna minnetdar.

b) her agzaň özüne mahsus gyzykdyrýan häsiýeti bar, her agzaň öz aýratyn pikirleri bar. Bu soraga men häzirki pikirler bölümine aktiw gatnaşýan agzalaryň ählisi bolmasa saýt gyzykly bolmaz diýen netijä geldim.

3. Howwa, häzirki wagta çenli men durmuş gurmadym. Emma ýakynda toý tutmagy maksat edinýän. Toý ýakynlabereninde aýdaryn nesip bolsa. Boş wagtlam köplenç Bagtyýar Rozyýewiň, Pälwan Halmyradowyň aýdymlaryny diňleýän. Goý şol ikisinden birini saýlaýsynlar.

4. a) Soňky döwür sanly ulgamyň we elektronikanyň ösmegi bilen ýaşlaryň köpüsi ünsüni şoňa berýär. Esasy sebäpleň biri hem öýjükli telefonlar we internet ulgamy. Kitaplaryň taşlanmagyna sebäp hem şol diýip pikir edýärin. Sebäbi, biz kiçikäk güýmener ýaly ne ibaly telewizor ne-de beýleki elektron enjamlar bardy. Şol sebäpli köplenç boş wagtymyzy kitap okamak bilen geçirýärdik. A indiki ýaşlar boş wagtlary diňe internet ulgamynda sosial setlerde geçirýärler. Sol sebäpli kitaba kän üns bermeýärler.

b) ilki bilen din sowatlylygyny öwrenmeli. Sebäbi dinimizde hiç bir ýerde adamlaryň biri birine ýaramazlyklary öwretmeýär. Adamlaryň biri birine agzybir, halal, päk, bir maşgala ýaly bolmagyny öwredýär.

Ikinji maslahatym ýurdumyzyň kanunçylyklaryny maslahat berýän. Sebäbi günümizde adamlar öz hukuklaryny, borçlaryny bilmän köp ýerde kösenýäler.
Üçinji maslahat berjek kitabym Deýl karneginiň <<Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nähili täsiriňi ýetirmeli>> atly kitaby. Bu kitap jemgyýetde adamlaryň gatnaşy üçin uly peýdasy deger.


5. Ýok, edip görmändim. Ýöne mekdepde okaýakam mugallymyň otyrýan otyrgyjyny aýagy döwük otyrgyja çalşyp görüpdim. Mümkin trýuk kän edendirin. Ýöne ýadyma düşýäni ýok.

6. Howwa, suwda ýüzüp bilýän. Kiçi wagtymyz okuwdan soňra tomsuň jokrama günortanynda oglanlar bilen ýaba, reňki şokolady ýatlatýan suwuna düşmäge giderdik. Sagat 15-e çenli suwa düşüp soňam tudana agajyna çykyp 1 sagady geçirerdik. Suwda ýüzmäni hiç kim öwretmändi. Bir gün ýaba baramda suwuň içine girip ýüzin suwuň akymyna özümi goýberip elimi kelemenledip ugradym. Şol wagt suwda ýüzüp gidiberdim. Soňra her gün suwda ýüzmegi kämilleşdiripdim.
Bir gün dost oglanlar bilen suwa düşmäne gidenimizde bir oglanjyk suwyň içinde özünden gidip gark bolmaga başlady. Şol wagt şol oglany suwda gark bolmazlygyny gazanyp suwdan çykarypdym. Häzirki wagtda menden daýow oglan bolup ýetişdi ýöne zaňňar .

7. Gyz bilen oglan hiç wagtam dost bolup bilmez. Ol zat soň çykan zat. Sebäbi aňary taryhymyza garaly. Beýik türkmen şahsyýetler ýaşap geçen. Heýde şolaň biri gyz oglan doslugyny ulananlarmy? Ýok. Biz şol beýik şahsyýetlerden beýikmi? Ýok. Dost diýen söze mynasyp bolmak üçin uly jogapkärçilik ýatyr. Gyz bilen oglanyň arasynda ýa tanyşlyk ýa-da söýgi bolup biler. A tak gyz bilen oglanyň dostlugy diýen sözlemi umuman aýyrmaly.

8. Howwa häzir köp adam korrupsiýa bilen parahorluk bir zat diýip pikir edýär. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 197-nji, 203-nji maddalary giňişleýin düşündirýär. Edil 100% aradan aýryp bolar diýibä biljek däl. Ýöne täsirini peseldip bolar. Täsirini peseltmek üçin bäsdeşligi artdyrmaly, talap edilýän resminamalary çäklendirmeli. Meselem: häzir sen hususy ýaşaýyş jaýyny aljak bolsaň takmynan 30 sany edara baryp resminamalaryňy düzetmeli. Ol edaralaryňam sany çäkli we hersinde 1 sany wezipe bellenilen. A resminama üçin ýüz tutýan raýatlaryň sany 100-200. Indi işläp otyran adam haýsy bir raýatyň resminamalaryny barlap, soňra resmileşdirmäge ýetişmeli?!. Şol arada raýatlar işini bahym bitirtmek üçin tanyş, bilişiň üsti bilen düzetdirmeli bolýarlar. Şu meselede Türkiýe, BAE, Saud Arabystan ýaly ýurtlardan tejribe alsak bolar. Mundan başgada adamlaryň hukuk sowatlylygyny artdyrmak hem zerur.

9. Palçylar, bilgiçler, küf çüf edýänleriň bolmagyna menem garşy. Sebäbi owal başdan ahyreýete çenli hemme zady ýaradan Hudaý bize geljegi bilmegimiz üçin mümkinçilik bermedi.

10. Gaty dogry belläp geçdiň. Soňky wagt ýaşlaň arasynda durmuş gurup aýrylyşýanlary köp. Munyň sebäpleri köp. Birinji ene-ata. Nämemişin agtyk göresi gelýämişin. A ýaşlaň nikadan soň maşgalany nädip dolandyrjagy, taýýarlygy gyzykly däl. Ikinji käbir tupoý ýaşlaň maşgalany ekläp saklamak baradaky pikirini zyňyp, ir öýlenip ir nesil ýetişdirmek baradaky pikiri. Üçünji mekdep okuwçylarynyň arasynna söýüşip, oglan gulluga gitmäkä yzynda söýgülisini biri alar diýen pikir bilen jyns gatnaşygynda bolup, göwreli bolup durmuş gurýanlarada gabat gelinýär.
Umuman sebäp kän. Eger sen durmuş gurmakçy bolsaň iki günlik aýşy eşretine gyzykmada, soňky durmuşy pikir et. Ilki özüňi taýýarla maşgalany ekläp saklamak üçin. Sen maşgalany doly ekläp saklamana taýýar bolanyňdan soň durmuş gur. Çagany berýän Hudaý. 8-9lap dogurmagam hökman däl. Sebäbi erteki gün kösenýän, kemsinýän çaga. 1 çaga dogur şo çaganam gowy terbiýele, gowy sakla. Okat, hünär ber. Soň çagaň saňa azary degmez. Öz günini özi hem aýlar. A käbir ene ataň pikiri garramaka çagasyny ýetişdirip öýli işikli etmek. Sen garramakaň işlede gelejekki çagaň üçin beýläňe topla. Soň şo toplanyňy çagaň üçin harçlaý. Garran çagyňam kösenmersiň şonda.

11. Häzir merkezde gaýry milletler az. Biraz welaýatlara çykyp başga milletleň topar bolup ýaşaýan ýerlerinde ýaşap göriň. Öz türkmen gyzlarymyzy ýüzüňe sylarsyň ýene. Wejeralyk beýleki milletleň gyzlaryndada kän.

12. Şu ýerde pygamberimiziň bir hadysy ýada düşdi. Talap edilýän ylmy öwrenmek her bir musulmana parzdyr diýen.
Elbetde pygamberimiz ahyreti baglanyşdyryp aýdandyr. Sebäbi talap edilýän din ylmyny almasaň, sen ynanjyň, diniň talap edýän zatlaryny bilmeýäňem, düşünmeýäňem. Ylmy duşmanam özi hä bir ylym almaýan, ylym aljagada dürli ýollar bilen päsgelçilik döretýäne, ahyretde hasap güni heläk boljakdygy barada aýdannyr diýip düşünýän.

Gepleşigiň indiki sanynyň myhmany seň özüň bolmagyňy isleýän. Eger-de razy bolsaň. Haýyşa garşy bolmarsyn diýip umyt edýän.

38Gytyndan
Dark_Wolf
13.02.2024 / 19:30:01
+1
BAGANA, garşylygym-a ýok welin, entek meň özüme ir dälmey broo?)
Onsaňam nädip düzjek bolýaňyz. Mowzugy kim açmaly. Kimler sorag berýä
8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 19:31:13
+1
Agzalar goýar soragy
4669Täzeje
Kosmos
13.02.2024 / 19:29:21
+1
1. Biz oz hukuklarymyzy imenno haysy kitpadan owrenip bileris?
2. Deyl karnegi barada bilinmeyan hakykatlar diylip bir zat okapdym , sozme soz yadymda dal. "Deyl karneginin hic hili yurekdes dosty bolmandyr, ahli yazyan zatlary oz durmusyna capraz gelipdir, in sonundada samoubistva bilen yogalya" yalnys maglumat bolsa bilmedim
3. Rayat isinde isleyan diyeli mollumy ya lukmany oz islegi bolmasada, baska ise baska ugra gecirip bilyalermi

8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 19:35:47
+2
Kosmos, 1.öz hukuklaryňy imenno belli bir kitapdan öwrenip bilmersiň. minjust.gov.tm saýtyndan peýdalanyp bilersiň.
2. Deýl Karneginiň durmuşyna bilemok ýöne Nikola Teslaň durmuşyha şeýle bolan.
3. Türkmenistanyň Zähmet kanunçylygy boýunça işgäriň razylygy bilen geçirilýär.
38Gytyndan
Dark_Wolf
13.02.2024 / 20:36:08
+1
Şu Deyl Karnegiň kitaplaryny maslahat berýänlere men az-kem düşünemok. Bizde esasy "Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara nähili täsiriňi ýetirmeli" diýen kitaby terjime edildi. Men muny 5-6 ýyl mundan owal okadym we deň ýarsyna ýetip elimiň tersi bilen zyňyp göýberdim.

Geçen gezek @Edgar agza hem şunyň kitaplaryny maslahat beripdir. Men ilki şol mowzukda seslenjekdim. Bu gün ine Baganada şuny maslahat beripdir. Men ozaldanam aýdaýyn diýip ýördüm. Şu gün ýol açyldy ine.

Umuman, şol kitapdaky maslahatlar, tejribeler biziň mentalitetimizde, adam gatnaşyklarymyzda ýöreýärmi özi? Gabat gelýärmi? Ol kitap esasan biznes başlajak bolýanlara niýetlenen öýdýän. Sebäbi getirilýän mysallar, esasan biznes partnýoryňyz bilen özüňizi nähili alyp barmalydygy, nädip klient çekmelidigi hakda aýdylan.
Garaz gepimi gysgaldaýyn.
Deyl Karneginiň öz janyna kast edenligi çyn. Özüni asyp öldürýär. Indi siz aýdyň. Bütün başly psiholog, biznes trening, ýazyjy hökmünde adamlara ýol-ýörelge görkezip ýören, maslahat berip ýören, adamlara nähili ýaşamalydygyny öwredip ýören, ruhdan düşen, bankrot bolan adamlara nädip aýaga galmalydygyy öwredip ýören adamyň özi, öz janyna nädip kast edip biler? Hat-da öz janyna kast etmeziniň öň ýanlary şeýlebir ýalňyz bolanlygy aýdylýar. Diýmek, öz tejribeleri özüne ýöremändir diýsek dogry bolaýjak ýaly.
Çünki, her bir zada ynanç taýdan baha bermekligi gowy görýän. Şol kitapda gaty öte geçmeler, adamy küpüre eltiji maslahatlar bar.
Aslynda Allahyň ýardamy bolmasa, kim sen? Hiç kim. Azajyk tejribe topladym diýip, "geliň men size nädip ýaşamany öwredeýin" diýip hetdiňden aşmak dogry dälmikä diýýän.
Bu meniň öz subyektiw pikirlem. Ylalaşmanam bilýäňiz.
220Gytyndan
Mekan
13.02.2024 / 20:17:15
In gowy dostyn aynadyr hakyky yuzun gizlemez

+1

Name üçin Bagana?

8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 20:29:47
+2
Mekan, Baganadan tikilen telpegi, possuny, düşegi gowy görýän
38Gytyndan
Dark_Wolf
13.02.2024 / 20:51:31
[Dünýede ýaman işdir, gury gelip boş gitmek]

+2

Bagana, ýene bir sorag. Häzirki wagtda adam aldaman, ikiýüzli bolman Adwokat we prokuror bolup bolarmy?)

8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 21:04:42
+1
Dark_Wolf, emma jaý ýerinde ýalan söz ýagşydyr, hemme ýerde däl jaýdar ýerinde...
38Gytyndan
Dark_Wolf
13.02.2024 / 21:45:03
[Dünýede ýaman işdir, gury gelip boş gitmek]

+2

Bagana, ýene bir sorag:
Kiçikäň ýa-da täze işe başlan döwürleň deň duşlaň arasynda kemsinip, bir zada namys edip, konkretno özüňde bir zady üýtgedeniň ýadyňa düşýämi?

Meselem: biziň mekdep okuwçy wagtlarymyz (seňem ýadyňa düşýändir) 6-7nji klaslarda makasina köwüş we inçe gara galstuk moda bolandyr. Şol döwüri çykyp başlady. Onsaň menem galstuk daňmany bilmeýädim. Her sapar oglan klasdaşlama haýyş ederdim. Sebäbi biderek endigim bardy. Her sapar mekdepden öýe baramda galstugymy boýnumdan däl-de çözüp aýyrardym. Onsaň ertir ýene ýalwaryp ýörensiň oglanlara "daňyp beräý" diýip. Olaram menden zaýebal bolup "indi daňjak dälow. Öwrendärow özüň" diýdiler bir sapar.
Şonda ýadyma düşýä erbet namysa kulçat edip, oglanlardan gaty görüp, ýaltalygymy ýeňip, özbaşdak daňmany öwrenip başladym. 3 gün öwrendim, 1 hepdede doly ele aldym. 2 hepdeden soň gaýtam meň özüme haýyş edip gelip başladylar. Hatda olaryň daňyp bilmeýän stillerinem daňyp bilýädim..
Häzirem galstuk daňylşynyň 6-7 görnüşini bilýän.

Umuman, şular ýaly ýatlama boldumy sende?

8Ýaşuly
BAGANA
13.02.2024 / 23:39:06
+0
Dark_Wolf, kiçilikde köp ýerde kemsinildi. Emma sabr edip diňe geljek üçin gezdim. Öňümde maksat goýdym beýik adam bolmaly diýen. Hudaýa şükür häzirki wagtda ol kemsinilen günler bolmadyk ýaly. Ýöne kemsinip durmuşda üýtgeden zadym ýadyma düşenok. Allah indem kemsindirmeli etmesin.
82Betinden
Mahri
14.02.2024 / 00:33:48
Öýümiziň jynjagazy :)

+1

Mekdep dowri klichkan namedi?

8Ýaşuly
BAGANA
14.02.2024 / 08:08:21
+1
Mahri, @uzyn
2312Öwreniji
Cepbekey
14.02.2024 / 11:51:09
+1
Beyle aydylanda " forma geyenlerin" rayatlara 2nji 3nji sort adam hokmunde seredishlerine garayshyn?
Yeri gelende oz pagonyny goparmakdan gaytmayan shantaznikler bar wideosyny gorensin

8Ýaşuly
BAGANA
14.02.2024 / 12:51:14
+1
Cepbekey, edil meň özümä adam bolamsoň, gapymdan ýüz tutup gelýän adamlary diňleýän. Adam hökmünde sylap hormatam goýýan. Käbir adamlar hakykatdan hem kömege mätäç bolup ýüz tutup gelýär. Olar ýaly adamlara elden gelen kömegi etýäs. Sag bolsun dileglerinem alýas. Emma käbiri gelýär sen hökman borçly ýaly üstüňe gygyryp, arz edip gelýän adamsynyň etmedik zatlaryny aýdyp, töhmet atyp gelýänler bar. Şolar ýaly adamlara men soňky derejäni berýän. Şol seržant edil meň öň gapdal goňşym bolup ýaşaýar. Ol pälinden tapdy, sebäbi köp adamlary kösäp, köp adamlaryň gargyşyny aldy. Kakasam özi ýaly adamçylygy pes adamdy. Häzir kakasy içeri işleriň düzüminde işleýär. Özüni bolsa işden çykardylar. Käbir adam wezipe berildigi özünden gidip pesindäki adamlary sylaman ulumsy bolup gürleşmegini hem üýtgetýäler. Emma biziň sistemada ýüz tutup gelýän adamlary sypaýy garşylap, ygtyýarymyza girýän kömegi berýäs. Ygtyýarymyza girmeýän işler boýunça düşündirip goýberýäs. Şol sebäpli inni köp adam arz şikaýatlary diňlenensoň bize bil baglap bize ýüz tutup gelýärler.
1926Gytyndan
LIDER
14.02.2024 / 22:59:43
Прежде чем говарить, убедитесь что ваш язык соединён с мозгом.

+2

Haçan toy, galan zat huynya?
Amaş bn şypbyk bolup tans etjek

8Ýaşuly
BAGANA
15.02.2024 / 14:12:03
+1
LIDER, belli däp entek, bellenen güni aýdaryn nesip bolsa
3425Özümiziňki
Ereshev
15.02.2024 / 11:36:54
SUPER EGOIST

+1

Görýän welin, menden başgaň ýokary bilimli, krutoý ýeriň işgärleri ekeniňaý.

4677Özümiziňki
Relax
15.02.2024 / 13:35:23
+1
Ereshev, menden basgasy idealny adam eken
8Ýaşuly
BAGANA
15.02.2024 / 14:12:24
+1
Ereshev, goýeý
612Özümiziňki
###zM
29.02.2024 / 13:35:14
sallanchakdan gachan

+0

bazara gelseňiz ýük alanyňyzda agyr göterip kösenmezlihiňiz üçin hawarlaşyň arawaly äkidip bererin ulagyňyza hormatlylar
5214Täzeje
Sessizlik
11.04.2024 / 04:11:59
+1
Bu mowzuk jemlenipdir öýdýän. Men hem birki sorag bersem aýby bolmazmy?

1.Akylly, asylly zenan bilen biakyl, binamys zenany nämä eýerip tapawutlandyrýaňyz?
(Mysal üçin geýýän eşigine görä ýa-da köpçülikde özüni alyp baryşyna we ş.m.)
a) Siz asylly, akylly zenan bilen umumy nähili gatnaşykda (davranişda) bolardyňyz? Ýagny nähili çemeleşýäňiz?
b) Biakyl, erbet zenanlar bilen nähili mynasybetde (davranişda) bolýaňyz?
c) Tanamaýan bir nätanyş zenan bilen gabat geleniňizde (Realda ýa-da internet torunda) , oňa nähili mynasybetde (davranişda) bolardyňyz? ("a" wariantdakymy ýa "b" wariantdaky çemleşişiňiz ýa-da "c" wariant?! )

Soňky jogaplar:

Sagbol Chary, aga arzuwlarňyz hasyl bolsun :)...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 19:00:20)
samsyk diýse. Bu men-ä how!)))...Dowamy
Umumy bölüm | ÝYLGYR BU MUGT
TENEKARs (Bu gün, 18:39:44)
Sagbol, ajayyp....Dowamy
Edebiýat | ****
TENEKARs (Bu gün, 18:36:12)
гойайда довамнам...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Maýyp ýigide aşyk bolan gyz 1 nji mölüm
Ейжежикs (Bu gün, 08:25:08)
Atsyzatly, Pygamberimiziň sypatyna welileriň sypatyndan başga*...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Mazarystana zyýarat etdim
Sessizliks (Bu gün, 07:37:23)
Dostluk.Ru © 2018-2024