Ol kimdir her kese är bolup bilmez? - Halanlaryma goş
Teswirler:

Pazzek
15.06.2019 / 23:59:41
+3
Öň mende bardyda şu Birbal kitap. Gyzykly kitap. Hindi öýdýän şu Akbar bilen Birbal ýalňyşmasam.

292Gerekli
.vkus.granata.
16.06.2019 / 01:06:06
+2
Pazzek, "Jadyly hazyna" diýen kitap bolmaly, Akbar şa bilen Birbalyň başdan geçiren wakalary ýazylgydy. Akbar şa Mogollaryň şasy, Hindistanda döredilen döwlet. Edil hindi däl bolaýmasa, yslam dinini kabul eden, Hindistanda döwlet döreden mongollar diýip bilýän
292Gerekli
.vkus.granata.
16.06.2019 / 12:36:25
+1
Pazzek, onda irkidir, menem okanym krilisada ýazylan, gülgüne daşly, mekir ýylgyryp duran sakgally adamyň suratam bardy. Kiçikäm "sen okasaň bolýa" diýip rugsat beren 4-5 sany kitabyň biridi şol, köp okamsoň gowy ýadymda galypdyr
111Özümiziňki
Ependi
16.06.2019 / 13:18:28
+1
Pazzek, "Birbal" daşy mele kitapdy, ýadyma düşýär, gyzyklydy. Akbar şa Birbaly hernäçe tora saljak bolsada, oňky bolanokdy. Birbal ondan daşgaram, çözmesi kyn meseleleri, dawalary, ogurlyklary aňsatjak üstüni açardy. Gyzykly kitap, täzeden şol kitap çap edilse okajak kän bolar
111Özümiziňki
Ependi
16.06.2019 / 13:31:53
+1
.vkus.granata., Akbar şa Babur şanyň ogly ýada agtygy öýdýän, doly ýadymda däl. Babur şa Horezm töwereklerde ýaşan, asly mongol hanlarynyň bir ogly. Öz agasy Şeýbany han bilen kän oňuşman gezýär, ahyram Hindistany basyp almak üçin goşun ýygnaýar. Şeýdibem Hindistanda ençe asyrlyk şalygy ýöredýär. "Ýyldyzly gijeler" diýen romanam bolmaly, özbekçeden türkmençä terjime edilen, taryhy kitap. Baburlaryň Hindistany eýeleýşi hakda. Baýramhan türkmenem şonda giden. Akbar şanyň nesilleri gaty köp wagtlap Hindistanda şalyk sürýär. Özüňem gowy bilýänsiňizle. Ýöne, romany okamagy maslahat berýän, gyzykly taryhy kitap. Menem ir okapdym, indem tapamok
292Gerekli
.vkus.granata.
16.06.2019 / 13:43:01
+2
Ýyldyzly gijeler bizde bolmaly, okap görerin. Akbar agtygy. Babur, Humaýun, Akbar başdaky üçüsi. Şeýbany bilen baglanyşygyny bilemokdum dogrusy. Şeýbany Juçiň neslindendiginä bilýän. Mongol bolýa-da garaz
1420Betinden
Ruhnama
16.06.2019 / 01:11:04
Адамын говсам эрбедем дине хакыкаты айтян адамдыр.

+2

Mendede bardy oza velin tapammok yone hindiler hakdadama agzalya yagny gole sygyr hakda agzalyada sol kitapda
415Betinden
Urgencli
01.08.2019 / 00:50:13
+0
Babyr şa Timurilerden. Onuñ kakasy kiçenräk gala we onuñ töwerekleriniñ hany bolan. 1483-1530. Ol 1494-nji yylda kakasy tötanlikde suwa gark bolup ölensoñ onuñ yerine 11 yaşynda tagta çykarylyar. O wagtlar Teymir leñiñ doreden imperiyasy dargap her gala hakimi ozbaşdak hereket ederdi. Hakimlerin kabiri Teymirin imperiyasyny dikeldip imperator bolmak arzuwynda guyc toplayardy. Babyram yaşlykdan şeyle arzuwdady. Ol imperator bolmaga mynasypdam. Sowatly, harby talimi yeterlik, syyasatçy, batyr yetginjekdi. Teymirin neslinden bolmagy hem onun peydasynady. Şeybanidler bilen soweşlerde ilkibada Babyr uly yenişler gazansada sonra Samarkantda gabawa duşup ayalyndan, uyasy Hanzadadan, ahli goşunyndan jyda düşup Taşkent hakimi bolan dayysyna sygynyar. Emma ondanam yüz tapman 250 çemesi esger we hyzmatçylary bilen daglarda mesgen tutyar. 1510-njy yylda şa Ysmayyl Hatayy Merwde Şeybany hany yenip özuni hem ölduryar. Şeybanyn elinde galan Babyryn ayal doganyny azat edip Babyryn yanyna ugradyar. Babyr şa Ysmayyla arka dirap Timur imeratorlygyny tazeden gurmaga synanyşyar. Ysmayyl şadan 60 000 esger alyp Samarkandy tazeden alyar. Ol bilime uns bermek maksady bilen taze mekdepler açyp onda owrenmegi kyn bolany ucin arap elipbiyin yerine gadymy türki harplaryndan taze elipbi doredip şony resmi diyip yglan edyar.

Türkileriñ haty ýok, nätsin Babyr biçäre.
Sygnak hatyndan alyp, hat etsin Babyr biçäre.

Başgada kop reformalar girizen Babyr şa biraz rahatlanyp araga, aydym saza koprak imrinip başlayar. Halk, esasanam din wekilleri ondan närzady. Sebabi ol mukaddes hasaplanyan arap hatyny aradan ayrypdy. Ustesinede şa Ysmayylyn goşuny şayylardy. Bazarlarda şayy esgerlerine pulunada zat satmayardylar. Metjitlerde Babyryn sünnilige donuklik edip watany şayylara satandygyny wagyz edyardiler. Ahyry gozgalanlar başlady. Babyr taze turki elipbiyi ayryp ozalky arap elipbiyini resmileşdirmage mejbur boldy. Şayy esgerlerem garaz aman sag Eyrana ugratmagy başardy. Emma bu aralykda Şeybanidler guyclenip Babyry soweşde yeñdiler. Halk şeybanylary şayylardan azat ediji hokmunde garşylady. Babyr bolsa Kabul towereklerde galyp guyc toplamaga başlady.
1526-njy yylda Babyr Hindistana 12 000 goşun bilen girip Ybrayym hanyn 100 000 goşunyny yendi we Hindistanyn bir bolegini eyeledi. Ol Hindistanda taze bir imperiya gurlandygyny yglan etdi. Yerli halk ony Mogol imperiyasy diyip atlandyrdy. Ol bu yerde hem bilime, parahatlyga uly uns berdi. Hindilerin soygusini gazanmaga çalyşdy. Şerap içmegi goydy we dowlet işgarlerine içmegi gadagan etdi.

Mey içmerin diyip etdim men wada.
Bu wadamy iller etdiler kada.
Mey içmanem gezip yörusle welin.
Ya-da şeydip özum atdymmy oda.

Birnaçe serkerdeler Babyryn reformalaryny halaman, hem Hindi yssysyna çydaman yzlaryna gaytdylar. Babyryn ozi hem taze yurda yerleşmekde uly kyncylyk çekipdir. Yenilip soweşde olen garşydaşy Ybrayym Lodyn ejesi oglunyn ary ücin Babyry zaherledyar. Babyr ölumin bari yanyndan gaydyar.
Ol imperiyasyny Turanda gurmakçydy emma ykbal oña Hindistany beripdi. Imperiyasyny gurandan soñ uzak yaşaman Babyr şa 1530-njy yylda yzynda uly bir imperiya, kop sanly goşgy gazallar, eserler goyup dunya bilen hoşlaşyar. Eserlerinin içinde BABYRNAMA gymmatly taryhy çeşme hokmunde hazirem peydalanylyar. Ol yaşlygyndan olumine çenli başyndan geçenleri BABYRNAMADA yazypdyr. Babyrnaman illinji ady WAKALAR.
Babyryn dört ogly bolup ulusy Humayun yerine gecipdir. Sonra Humayunyn ogly Akbar.
Şalyk suren yyllary:
Babyr 1526-1530
Humayun 1530-1556
Akbar 1556-1605
Bulardan soñam bu nesilşalyk dowam etdi.

Babyr öran çylşyrymly şahsyyet. Maksady ugrunda her hili jepalara döz gelen adam. Yaşlygynda kakasy yogalyar. Sonra Samarkantda gabawda wagty birinji çagasy açlykdan ölyar. Birinji ayaly Samarkant gabawynda ondan talak isleyar we ayrylyşyar. Bu gabawdan ejekesi Hanzada begimi Şeybany hana ayallyga berip çykmaly bolyar. Az sanly adamlary bilen Taşkent hakimi bolan dayysyna sygynmagy hem oña peydasyz bolyar. Dayysy ony uyasyny duşmana goyup gaydan hokmunde kemsidipdir. Bu namyslara çydamadyk Babyr Taşkentden çykyp daglarda mesgen tutyar. Serkerdelerine, yanynda galan hyzmatkarlerine, garyndaşlaryna ozunin mundan beylak han daldigini yonekey adamlar yaly yaşamak isleyandigini aydyp olara gitmage rugsat beryar. Emma ejesini tagallasy bilen ony hiç kim terk etmeyar. Babyr bolsa şahana geyimlerini çylaryp yyrtyk don geyyar, ayagy bolsa yalanaçdy. Ol bu dunya hökmirowanlygy ugrundaky goreşde yeñlip indi mundan beylak goşgy gazallar düzüp köñullerde hokmurowan bolmak isleyardi. Ol muny başaryp bilse munun ebedilik şalykdygyna ynanyardy. Emma serkerdeleri, ejesi dagy kem kemden Babyry imperiya gurmak arzuwyna tazeden dolanmagyny başardylar. Şeydip ol Şeybanylaryn garşysyna bile goreşmek uçin Soltan söyuniñ yanyna gaytdy. Emma Soltan Söyun Babyr gelmezden öñ yany yogaldy. Iki ogly bolsa tagty bir birinden gysganyp ikisi hem Şeybany handan yenildi. Soltan söyunin yurdy Şeybany hana galdy. Babyr Kabulda mesgen turup amatly pursata garaşdy.

Soňky jogaplar:

Ýüziň ak bolsun...Dowamy
Jemgyýet we Ynsan | Hezreti Omaryň (r.a) pähim-parasatly sözleri, öwüd-ündewleri
Hemedanys (Bu gün, 00:28:46)
Sessizlik, dogry aydylan eken, men on eshitmandim. Gyz wagtyn ejen-kakan sayasynda alada gaygyny bilenok, jogapkarchiligin yok, shona gorade ozuni alyp baryan. Toydan son gelin bolyan, gayynla...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Miss_Happy bilen söhbetdeşlik...
Miss Happys (Bu gün, 00:13:33)
###zM, Maýkl Hart: ... Jogsada Maýkl Hart kim? Maýkl Hart meşhur taryhçy we matematikdir. Bir wagtlar käbir taryhçylar taryhda ýaşan 100 sany beýik şahsyýeti ýygnapdyrlar. 32 gezek ýerleşdirilj...Dowamy
Umumy bölüm | ...
zver1s (Düýn, 19:32:30)
Mahri, Linede.Ýöne ol biziň maşgalamyzy realny tanaýan biri bolup çykdy soň....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Gunays (Düýn, 18:50:35)
Nadip tanyshdynyz?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Mahris (Düýn, 18:37:46)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023