Tegelek stol: @Miss_Happy bilen söhbetdeşlik... - Halanlaryma goş
Teswirler:
1811Öwreniji
Miss Happy
29.02.2024 / 18:12:07
+7
Salamälik hemme agzalara. Dark_Wolf diýseň gyzykly soraglar beripsiň, indi jogaplamaga başlaýyn.
1. Men Miss Happy, zähmet ýolum entek beýle uzyn dal, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyn uçurymy, talyp wagtym 3 ýyl medsestra, okuwy gutaryp 1 ýyldan gowyragam lukman bolup işledim. Häzir dekretda, öýde, aýlyksyz zähmet çekýän. Maksat diýilse öň kelläme diňe okamak, işlemek, şu wagtkymdan aňyrdaky bir derejelere ýetmek gelýärdi, ýöne häzir esasy maksadym maşgalam, çagalarymy gowy terbiýeläp bilmek we olara gowy eje bolup başarmak. Ondan aňyrda bolsa nesip bolsa gowy, tejribeli, ynsaply lukman bolup ýetişmek.

2. a) "Döwür sheýle, döwür" Şu soragyň esasy jogaby telefonmyka diyyan. Peýdasy kop bolşy yaly, zyýany hem kop bolan zat hasap edýän telefony. Kitap okamagy halaýan biri bolsam hem özümde-de köp bolýan ýagdaý, bir kitaby okap başlap soň ýene telefona güýmenip gitmek. Elýeterde şunça güýmenje bar wagty ýaş çagalaryň has hem kitap okasy gelenok onsoň. Nadanlyk häzir moda boldy diýsegem ýalňyşmajak ýaly, ene-atalar hem şu meselä köpräk üns berseler gowy bolardy, meselem öýde elýeterde kitaplaryň bolmagy (kitapsyz öý ýokdur diýmäň, köp), bir kitap okasa kiçiräk baýrak goýmak bilen höweslendirmek bilen ýuwaş-ýuwaş okamaga söýgi döretmek bilen.
b) 1. Ошо - Осознанность kitaby. Bu kitap adama durmuşyň her hili ýagdaýlarynda özüňi elden bermezligi, şu ýagdaýa beýleki tarapdan seredip bilmekligi, has ünsli we parahat bolmaklygy öwredýär. Diýseň ajaýyp kitap bolmak bilen, durmuşda kynçylyklary başdan geçirýän adamlara rahatlanmaga, baş alyp çykmaga, beýleki adamlara hem has kämilleşmäge kömek edip biler. Ýaş kategoriýasy meň pikirimçe 20 ýaşdan ulylar üçin.

2. Джером Девид Селинджер - Над пропастью во ржи. Bu kitap okaýarkaň gyzyksyz ýaly görünýär, emma örän manyly. Hemme ýaşdaky adamlar hem okamaly diýip pikir edýän. Bir tertipsiz ýetginjegiň içgepletmelerinden düzülen ýaly bolsa hem kiçiräk ýaşdakylara nähili adam bolmaly däldigini, durmuşda hiç özüňiň gereksiz däldigiňi, ulyrak ýaşdakylar üçin ýaşlaryň içki dünýäsini açyp görkezip çagasyna, jigisine dogry çemeleşmäge kömek edip biler.

3. Masaru Ibuka - Üçden soň giç. Bu kitaby ähli ene-atalar okamalymyka diýýän. Köplenç çagalar ene-atasyň saýlan ýolundan gidýändikleri üçin durmuşda näme isleýändigini bilenoklar. Bu kitapda çagalaryň öz güýçli tarapyny ýüze çykaryp bilmek üçin olara goýmaly mümkinçilikler hakynda aýdylýar. Her bir adam öz ugrundan güýçli hünärmen bolsa dagy köp meselelerimiz çözülermikä diýýän)

5047Täzeje
Myrat97
29.02.2024 / 18:20:34
+0
Miss Happy, Haysy ugurdan gutardyn
501
Sayman
29.02.2024 / 18:34:46
+1
Miss Happy, adamyň ömründe diňe gowy günler bolup duranok dogan köseniçli günlerem bolya kösenen güniňde ýardam beren gapdalyňda bolan adamyny agzap geçäýseň gizlin bolmasa?
1811Öwreniji
Miss Happy
29.02.2024 / 19:48:42
+3
Ilki bilen ýoldaşym, soňam eltim. Ejem-kakam, maşgalam her kynçylykda dik durar elbetde. Ýöne eltimin dogan ýerinde durmagy hiç ýadymdan çykmaz, sagbolsun.
2233Betinden
Nara
03.03.2024 / 10:35:55
+1
Miss Happy, asla bagyslamaryn diyen vagtyn boldumy?!
2233Betinden
Nara
03.03.2024 / 10:36:40
+1
Miss Happy, bolmadyk bolsa nameni asla bagyşlamarsyñ?
1811Öwreniji
Miss Happy
03.03.2024 / 14:03:58
+1
Bolupdy, wagt geçdi, bagyşladym ondada. Ýöne barybir ýüregiňde galýar.
1811Öwreniji
Miss Happy
03.03.2024 / 14:07:25
+1
Dönüklik, satmaklyk (предательство) asla bagyşlamaryn diýýärdim, ýöne durmuş bu, etmerin diýen zatlaryňam ediliberýär
2233Betinden
Nara
03.03.2024 / 14:08:38
+1
dogry
38Gytyndan
Dark_Wolf
03.03.2024 / 15:01:31
+0
Aýaldogan, şertiňi bejer. Iň soňky günüň şu gün)
1811Öwreniji
Miss Happy
03.03.2024 / 15:45:29
+0
Ertir ýazjak, şerti bozýan bolsamam neme görmäň)
5152Täzeje
Gunay
03.03.2024 / 15:50:05
+1
Eltini öwýänem bar eken))
1811Öwreniji
Miss Happy
03.03.2024 / 18:35:00
+0
az eşitmedim şu sözi
1420Betinden
Гулжан
29.02.2024 / 18:35:22
Адамын говсам эрбедем дине хакыкаты айтян адамдыр.

+1

[spoiler=][/spoiler]Salam Miss Happi! Mende şeyle sorag emele geldi, şu wagt okap.Maksatlarynyzda maşgalam we çagalarym diyip bellap geçipsiñiz. Indi size bermekçi soragym,zenanyñ çagasynyñ onindaki borjy diyip nama dusunyaniz.

1811Öwreniji
Miss Happy
29.02.2024 / 19:52:38
+2
Гулжан, Salam. Ilki bilen iň bärki zatlar elbetde arassa geýindirmek, süýji iýdirmek. Sylanşygy öwretmek, terbiýe bermek we durmuşda öz ýoluny tapmaga kömek etmek borjumyz hasap edýän.
1420Betinden
Гулжан
29.02.2024 / 18:58:23
Адамын говсам эрбедем дине хакыкаты айтян адамдыр.

+1

Ýenede bir sorag! Eje hökiminde gyz perzent bilen oglan perzende terbiýe ýolyny bir tempde alp gitsek gowymy ya ayra?

1811Öwreniji
Miss Happy
29.02.2024 / 19:58:08
+1
Гулжан, terbiýe ýoluny bir tempde alyp gidip bolar, emma her näme diýilse-de gyz çagany biraz aýap, berk saklanmagynyň tarapdary men-ä.
1420Betinden
Гулжан
29.02.2024 / 20:07:51
+1
Pikirdeş ekenik.Işiñizde üstinlik!
1811Öwreniji
Miss Happy
29.02.2024 / 20:10:00
+1
Гулжан, minnetdar. Size-de! )
1811Öwreniji
Miss Happy
29.02.2024 / 19:12:11
+3
3. Şol kinoda çagaň ejesiniň suşilkadan oglunyň eşiklerini ýygnap lapykeç bolýan sahnasy bardy. Ol günjik menem eşiklerini ýygnap durkam şo sahna ýadyma düşüp pikirlendim şuny)) Elbetde gaty uly alada galaryn, dälliremejekdigime garantiýa ýok)

4. Bar. Ynsaply çagalar ýetişdirip bilmesem gürrüňsiz ahmyrly ölerin.

5. "Ölüm hakda pikir etseň ömür öýkelärmişin.." öňler ine şu setirlerdäki ýalyrakdy meň pikirlerim. Emma soňky ýyllarda ölüm hakda köp pikirlenýänem, agzaýanam. Elimden gelşi ýaly armansyz ýaşajak bolýan, amal depderime erbet ýazgylary düşürmezlige çalyşýan. Ölüme taýýarlanmak üçin ýaşaýan diýsemem ýalňyşmaryn.

6. 1-nji bilenä tebigatymyza mahsus zat welin galyberse-de çagalykdan "gyzym, gyzjagazym" diýlip, has aýap saklanýanymyz üçin bolup biler. Ol goşgylar, ertekilere ynanyp duýgulanmak hem bir ýere çenli bolýan eken, real durmuşa gadam basaňdan soň gözüň açylýar ol zatlardan. Hem durmuşyň gyzygy hem şonda dälmi? Biz hem siz ýaly bolan bolsak gowy bolmazdymyka diýýän, zenanlara duýgydyr-näz ýaraşýar (çeni bilen)

7. Şo sözi eşitsem telpekli, donly, gara öýden girip çykýan ýaşuly adam gözöňüme gelýär
a) Türkmençilik diýip özüňden ulyny sylamaklyga, edep-haýaly bolmaklyga, umuman 90/100 gowy zatlara düşünýän. Ýöne köp ýerde ýaşlary hiç gürlemäge, saýlaw etmäge haksyz edip goýýar - muny welin goldamok.
b) öýüň körpä galmagyna neýtral garaýan, iki tarapyň hem razylygy bar bolsa körpe maşgala hem göçüp biler ýa-da käbir maşgalada uly ogul, uly gelin has ýakymly ýa-da maddy taýdan üpjünçiligi ýokary bolýar, ana şeýle ýagdaýlarda ene-ata uly ogluna göçäýen ýa-da körpäni göçürip uly bilen galan ýagdaýynda-da hiç hili aýyp hasap edilmeli däl meň pikirimçe.
Ene-ataň ýamanlygy ýok öz çagasyna, bu hakynda gürrüň ýok, emma ömrüni bile geçirjek adamsyny bir adama derek başgasynyň saýlamagy hiç hili ýagdaýda dogry däl. Adam eger ýalňyşsa-da öz saýlan ýolunda ýalňyşsyn. Özleri saýlap bermekden beter plança ýaşa çenli hökman durmuş gurmaly diýip berýän düşünjeleri has uly ýalňyş, bu gürrüňiň özi aýratyn bir uly tema.

8.  "beýdip geýinmäň diýseler, biz günäkär däl, biz özümize seretdirjek bolup geýinemizok" bu elbetde ýalňyş, isledigiçe dar ýa-da alaň-açyk geýse soň maňa biri plan diýdi diýip gaty görmäge haky ýok, ýöne gaty görjek adam hem beýle geýinmeýär. Aslynda adamsyny sylaýan ýa-da terbiýeli maşgaladan çykan gyz beýle geýinenok. Bilýäňiz-ä kimler şeýle geýinýär. Ýöne olar häzirki döwürde "elita" boldular, indi utanmagyň ýerine norma salyp barýarlar we elbetde bu ýagdaýda olary maşgalasynyň rysgyndan bölüp "elita" derejä ýetirýänleriň hem günäsi diýseň köp.
" Onsaň ertir bu näme üçin köçeden ýygnananokga diýmeziňiz ýaly aýdýan muny..." bu sözüň bilenem ylalaşamok, gelniniň gözelliginden öňde adamsynyň ynsaby durýar bu soragda, sebäbi örän owadan zenanlarada ikilik edilýän ýagdaýlar duş gelmän durmaýar.

9. a) Shapak, Yadov, Mahri agzalary realda 1 gezek görüpdim.
b) gyzyklanmam bolmansoň pikirim ýok

10. Ýüregiň arassa bolany gowy zat, ýöne wagt barka her bir adam ýygnap bilenini ýygnamalymyka diýýän, düşünersiňiz) diňe kalbyň arassalygy ýeterlik bolsa ol sünnetler, parzlar bolmazdy ahyryn.

11. Öýde beýle gürleşemzok, baryp ýatan türkmen maşgalasynyň çagasy men (: türkmen söz gorum hem az däl, türkmen çeper kitaplaryny köp okapdym, islendik bir zady türkmen dilimizde düşündirip bilýän, ýöne rus dili meni kiçilikden gaty özüne çekýärdi, örän halaýandygym üçin we düşündirmek has ýeňil düşýänligi üçin rus sözlerini goşup gürleýän. Rus dilini halaýanlygyma delil hökmünde aýdasym gelýär: talyp wagtym her topara mugallymlar iş tabşyrýardylar "TÖBI" diýip, plakat, kitap, terjime we ş.m. Şonda terjime işini toparyň adyndan özüm edýärdim we "örän gowy terjime edilipdir" diýip ýene-de haýyş etmeleri az bolmandy.

1811Öwreniji
Miss Happy
29.02.2024 / 19:45:42
+3
12. Hawa, kabul edip bilýän. Birek-biregiň talaplaryny, isleglerini kabul edip, kanagatlandyryp bilmekden düzülýär maşgala. Kabul etmezlik bilenem elbetde ýaşap bolar belki, ýöne diňe ady "maşgala" bolup, düzümi näbelli bir zat bolup gider. Aslynda maşgalada, öýde erkegiň sözi 1-nji ýerde bolmaly, erkek hem şol esasy sözi aýdyp biljek derejede kämil bolmaly. Sylagy ýitirmänjik, biri-biriňe uýgun bolup ýaşabermeli.

13. Milletparazlygy diýseň halamok. 1-nji kursda anatomiýa sapaga baran günümiz adybelli bet aýal mugallymyň her talybyň nirelidigini sorap, meň Ahally bolanym üçin diýen sözleri we hüjüm etmeleri hiç ýadymdan çykmaz. Soň tanansoň gül ýaly bolubam gitdi welin. Iň gowy gatnaşýan gyzlarymyň her haýsynyň bir welaýatdan bolmagy mysal bolup bilermi? Ýa-da maşgalamyzyň garyndaş derejesinde gowy gatnaşýan başga taýpa maşgalalarynyň bolmagy.

14. Yrymlara hiç ynanamokmykam diýýän. Meselem anna agşamynda kir ýuwmaly däl, öýi arassalamaly däl we ş.m. hiç ynanamok. Çaga babatdaky yrymlara-ha özüm lukman bolup durkam asla ynanamok) ýöne ine eşikleri çöwre sermeli, köwüş tersine durmaly däl - şu ikisine elmydama eýerýän.

15. a) gowy tema gozgadyň, hökman.
b) agzany pikirlenýän, aýdaryn.
2033Betinden
Bayka
29.02.2024 / 19:52:29
ilki arzuwlar soñra adamlar öler...

+1

Gonsy ya bolmasa tanys gapyna gelip cagama yada ozume ukol urup beray diyse ya bolmasada basga dogtardan naznacenya yazdyryp gelip size gatnap ukol urup ber diyse siz gelen nasagyñ haýysdyny bitirýanizmi yada oyde ukol edemok diyip ugradyp goyberyanizmi?

1811Öwreniji
Miss Happy
29.02.2024 / 20:02:33
+2
Bayka, gelin ýa-da çaga bolsa mesele ýok, urup berýän. Erkek adam bolsa ýoldaşym urýar.
5122Täzeje
Salyh
29.02.2024 / 20:05:53
+0
Ýoldaşyňyz hem siz ýaly lukmanmy?
1811Öwreniji
Miss Happy
29.02.2024 / 20:11:20
+0
Hawa
240Öwreniji
Ter stegen
29.02.2024 / 20:49:03
+1
In govy dostym siz yaly bolmagyny dilardim dostluk saytyndada durmushdada
1811Öwreniji
Miss Happy
01.03.2024 / 07:34:39
+0
Bayka, name sebapden beyle diydiniz?
2033Betinden
Bayka
01.03.2024 / 10:05:48
+0
Kabiriler sony edenoklay gonsyragam yasasagam honansy ozlerem artyk zadam yok welin
5098Täzeje
Hm
29.02.2024 / 20:09:36
+0
Saytda in kop oturyan agzalardan biri siz. Yoldasly, cagaly zenanyn nadip beyle isjen bolmaga eli degya?

1811Öwreniji
Miss Happy
29.02.2024 / 20:16:15
+0
Hm, has köp oturýan agzalar hem bar-da, men sessiz oturmaýanym üçin has göze ilýän bolaýmaýyn. Ýöne internet meň endigim. Köplenjem sallançak üwreýän wagtym girýän. Saýta girýän bolsam hem öýümde hemme zat ýerbe-ýer.
1420Betinden
Гулжан
29.02.2024 / 20:19:24
Адамын говсам эрбедем дине хакыкаты айтян адамдыр.

+0

Size lukman hokminde yene bir sorag bermek mumkinmi?

1811Öwreniji
Miss Happy
01.03.2024 / 08:04:24
+0
Гулжан, elbetde
1420Betinden
Гулжан
01.03.2024 / 09:17:52
+0
Adamlaryň kábiri ine öýkelek bolya, so nameden bolya name yetman bolyala?
1811Öwreniji
Miss Happy
02.03.2024 / 10:39:12
+0
Гулжан, zandy bolya ol, medisina tarapdan bir sebap bilen bolmaya)
4648Täzeje
Audit12
29.02.2024 / 20:23:18
+1
Miss Çappini 2016-17 yylardan bari in irki virtualda goryan agzalarymyn biri. Gozumizde ulalan gyz diysenem boljak) bir dowur sadyyan Happijikdi. Inni eje. Dunyan islendik yerinde yasamaga mumkinciligin bolsa nirani saylardyn?

1926Gytyndan
LIDER
29.02.2024 / 23:27:54
+0
Audit12, hakyky on shadyam Happijikdi)
1811Öwreniji
Miss Happy
01.03.2024 / 07:35:20
+0
Audit12, haha)) Italiyany saylardym ehh)
38Gytyndan
Dark_Wolf
29.02.2024 / 20:32:49
[Dünýede ýaman işdir, gury gelip boş gitmek]

+2

Lukmançylygyň gyz talyplary biraz ýüzi açygrak, känbir utanyp-çekinmäni bilmeýänligi näderejede dogry?
Men işlerine at dakjak bolomok. Kärlerine hormat goýýan. Ýöne uzhe ýaşlykdan, heniz talypka, birmahal obasynda gyzaryp-bozaryp ýören gyzlar, talyp bolonsoň ýüzleri sypyrylýar.
Men şuňa geň galardym.

Mysal getireýin. 6-7 ýyl mundan şol ýeriniň talyp gyzy bilen dos hökmünderäk tanyşdyk, gatnaşdyk. Özem ahal obalarynyň tüýs totam saklanýan ýerlerindendi asly. Bir gezek ýaramaýanlygy, düwmöwlidigimi aýtdym welin, mesele däl, gel ukol uryp bereýin diýdi. Men başda oyun edýändir öýtdim, emma, şonda-da dos oglanyň maşyny bilen gitdik. Ynanmarsyň, maşynyň içinde gümpülledip göýberdi...

1420Betinden
Гулжан
29.02.2024 / 20:39:37
+0
Dark_Wolf, Em bolsyn
1811Öwreniji
Miss Happy
01.03.2024 / 07:58:58
+1
Dark_Wolf, dogrusyny göni aýtsam oglan-gyz bile hemme temalar geçilýär, işiniň özem ukol urmak bolsa utanyp durmaz elbetde ýöne ol üýtgemek gürrüňem ýene-de adama bagly, käbir gyzlar talyp bolandan son zynjyrdan boşan ýaly hem bolýar.
1811Öwreniji
Miss Happy
02.03.2024 / 11:14:15
+0
Dark_Wolf, indiki myhman Relax agza. Soragym: käriň näme we şol käri saýlamagyň sebäbi näme?
38Gytyndan
Dark_Wolf
02.03.2024 / 11:23:20
+0
Oukey
4593Täzeje
charwa
29.02.2024 / 20:53:38
+0
Kitap okamak meselesi köp agzalýa kitap okamaly göz ýetimiňi giňeldýä inkär edemok. Ýöne bir kitaby okap durmuşumy üýtgetdim diýerlik kitaby aýdyp bolarmy? Mysal üçin Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary diýen kitapda maksadyňa ýetmek üçin hereket etmeli diýýä Тонкое искусство пофигизма diýen kitapda düýbünden tersine başga zatlar aýdylýar. Diýjek bolýanym kitap okap durmuşyňy şoňa görä ýöredip bolarmy?

1811Öwreniji
Miss Happy
01.03.2024 / 07:43:38
+1
charwa, belli bir kitaby okap durmuşyňy oňa görä ýöredip bolmaz. Ýöne "Her çemenden bir gunça" diýip okaýan her bir zadymyzdan peýdalysyny alyp bolanja aklymyzyň üstüne goşup ýaşap bileris.
220Gytyndan
Mekan
29.02.2024 / 21:38:50
In gowy dostyn aynadyr hakyky yuzun gizlemez

+0

Boş wagtyn oyunuzde nm bn mesgullanyaň saytdan daşary?

1811Öwreniji
Miss Happy
01.03.2024 / 08:03:16
+1
Mekan, ukymy alýan))
220Gytyndan
Mekan
01.03.2024 / 15:46:52
+0
Doredijilik isleri bn aran nali gosgyjyk zat yazanokmy ylham gelyan mahaly
1811Öwreniji
Miss Happy
02.03.2024 / 10:40:40
+0
Mekan, ay yok, sheylede ikin biri ya aydymchy ya shahyr
220Gytyndan
Mekan
02.03.2024 / 10:50:09
+0
Tuweleme
1725Özümiziňki
Perhat Sabirovv
29.02.2024 / 22:52:25
I Love You Kerki City?

+0

Haýsy ugurda işleýäňiz
307Gerekli
PANDA
29.02.2024 / 23:01:53
Kesämden at daksalarda maña meñzemek isleýänlerini bilýän

+0

FABERLIC BILEN PUL GAZANMAK AŇSAT
Sho dogrymyka 😜
4985Täzeje
Mahfone
29.02.2024 / 23:20:23
+0
Tegelek stoly pyrlap pyrlap başdan başlap okarynla boşaşan wagtym
1926Gytyndan
LIDER
29.02.2024 / 23:26:18
Прежде чем говарить, убедитесь что ваш язык соединён с мозгом.

+0

Neme, medin haysy ugrynda has kop pul dushya

1811Öwreniji
Miss Happy
01.03.2024 / 08:03:57
+2
LIDER, okaýsam diýýäňmi druk?)
1926Gytyndan
LIDER
01.03.2024 / 09:51:30
+0
Patsanlary gozegime tutyanlay
1811Öwreniji
Miss Happy
02.03.2024 / 10:54:47
+0
LIDER, dantist)
8Ýaşuly
BAGANA
01.03.2024 / 01:25:36
Şu dünýäni bagt saýma özüñe...

+0

O zatlar hiçdaý toýuňa aýtmadyň ...

1811Öwreniji
Miss Happy
01.03.2024 / 08:00:50
+1
BAGANA, saýtda ýokduma ol wagt) aýdan bolamdada gelmediň
2033Betinden
Bayka
01.03.2024 / 10:14:16
ilki arzuwlar soñra adamlar öler...

+0

JGGK howpundan nädip
goranyp bolar?

1811Öwreniji
Miss Happy
01.03.2024 / 14:05:10
+2
Bayka, dek gezip
2033Betinden
Bayka
01.03.2024 / 14:20:40
+1
Sps genje bolsada bilyan ekenin dogry maslahatam berdin
4669Täzeje
Kosmos
01.03.2024 / 12:23:17
+0
1.Dostafka iyyanizmi
2. Gowy aydym aytyan zenan bagsylarymyzyn biri Diyya Ac otyryan yone dostavka iyemok, namys edyan ozume, kimin bisireni nadip bisireleni belli dal zat diyya. Sizin pikiriniz shun aydyany barada

1811Öwreniji
Miss Happy
01.03.2024 / 14:09:12
+2
Kosmos, kamahal iyyas, olar yaly idealsyramzok)) sho aydymchyn ozem son dostavka iyip tutuldy diyyaler.
4952Täzeje
accountant
02.03.2024 / 09:21:47
+0
Mashgalaly zenan hokmunde, erkeklerde halamayan 3 hasiyetiñiz.

1811Öwreniji
Miss Happy
02.03.2024 / 10:42:45
+1
accountant,
1. Ýeňleslik
2. Jogapkärsizlik
3. Ýalançylyk
5152Täzeje
Gunay
03.03.2024 / 16:01:07
+2
Gaty kän zatlary öwrense bolýa şu genjeden.Tüweleme,ömrüň bahar bagülleri ýaly hemişe owadan bolsun genje

1811Öwreniji
Miss Happy
03.03.2024 / 21:11:06
+0
Gunay, köp sagbol Ämin! Siziňkem şeýle bolsun!

Soňky jogaplar:

Bu bir erteki bolaymasa aslynda bir zat diyende iki edip jogap berolara bu gelin diyenlen ichine salyp yoreni yok yone gowy pikir eken shunsy tuys erkeklere gerek maslahat...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
MODERATORs (Bu gün, 01:44:05)
Ýylana öwrülÿädimi agsham dushende, sho tymsala garashdym...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
Mahris (Bu gün, 01:05:01)
IMG şuna dusunmedim...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
MMBs (29.04.2024 / 20:37:30)
aymurat, Beýtmeli däldä dost, senden tama ulydyda...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:25:15)
Şeýtan diýýä, islendik sypata girip düşümize girip bilýä diýýä...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Mazarystana zyýarat etdim
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:23:00)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023