"Saýlap Seçenine Gowuşýar Ýaşlar…” - Halanlaryma goş
Teswirler:
2266Betinden
Howashar
06.11.2019 / 10:02:24
123456789...

+3

:alo::alo::alo:


raymond
06.11.2019 / 10:05:22
+3
şu yaşulyň goşgularyna söz yogay
Täzeje
Hatyja
06.11.2019 / 10:31:11
+2
Bet eken surata aldym sps biz bilen paýlaşanyña??????????
2462Gerekli
Emily
06.11.2019 / 10:32:07
Fly With Me✈️..)

+2

Pikir et, hiç ýerde ýok bolsa serhet,
Beýle bolmajagna düşünýän ýogsa.
Bilýäňmi, nähili ajaýyp boljak,
Aý, Gün ähli ýerde parahat dogsa.

Obalar, şäherler Watandan başlap,
Uzak ýyllaň dowamynda gurulýar.
Bir güýçli döwletiň bähbidi üçin,
Başga bir döwletde adam gyrylýar.

Ömrüň birje mindem urşa degenok,
Göwne degmez muny ganymat bilen.
Adam bir gün toprak bilen garyşyp, Birleşip gitmeli tebigat bilen.

Ol yranyp görýär, çaýkanyp görýär,
Onuň hem kalbynda dörändir jerhet.
Içimde dileg bar – hasyl bolmajak,
Hiç haçan, hiç ýerde bolmasa serhet.

16.02.19. ý.
Ýazmyrat Çörli

2462Gerekli
Emily
06.11.2019 / 10:36:48
+2
Emily, Mendä ýok,intden aldym ..
2462Gerekli
Emily
06.11.2019 / 10:34:31
Fly With Me✈️..)

+3

Güman
Baharymy alyp giden Bahargül,
Ýazym gyşa, gyşym döndi dowzaha.
Bes ederin düýşleriňe girmämi,
Içimdäki gussalarym gowzasa.

Ýöne güman edýän beýle boljagna,
Süýji ýatlamalaň duýgysy ajy.
Men çyndan bagtly bolaryn belki,
Tapylanda sensizligiň alajy.
24.01.19 ý.
Ýazmyrat Çörli
2462Gerekli
Emily
06.11.2019 / 10:47:02
Fly With Me✈️..)

+3

Gyzlaň egin-başyn ýeňledýän Aprel!
Guşlaň owazyny diňledýän Aprel!
Gülleň ýüregini gülledýän Aprel!
Dälini şahyr deý gürledýän Aprel!
Goýduň ýüregimde bir uly gyýçak,
Bagyşla men seni ýigrenýän biçak!

Sen geleňde gözelleşýä bu barlyk,
Her geleňde gözmi gapýa gubarlyk,
Derdim ýuwmaz bu ýagyşlyk bu garlyk,
Oýun tapdyň sap ömrümi bularlyk,
Içimi dilip ýör çykanok gyýçak,
Bagyşla men seni ýigrenýän biçak!

Şol gün sesi eşdilende azanyň,
Eýesi taýyndy täze mazaryň,
Ol häli-häzirem berýär azaryn,
Yhlas etdim nep bermedi azabym,
Kalbymda ýüzüp ýör yzaly gyýçak,
Bagyşla men seni ýigrenýän biçak!

On ýedinji günüň baky bellenen,
Bir mukaddes ynsan gömdüm sende men,
Indi göwni ýarym galan bende men,
Gussamy ýüzümden duýýar çem gelen,
Içimde käbämi ýatladýan gyýçak,
Aprelim men seni ýigrenýän biçak…

17.04.17.
Ýazmyrat .Ç.
2341Täzeje
yusupp
06.11.2019 / 10:53:07
+2
Bet.eken
1644Gerekli
Yolagchy
06.11.2019 / 11:20:51
+0
Ajaýyp ähli şygyrlaram.

Obalar, şäherler Watandan başlap,
Uzak ýyllaň dowamynda gurulýar.
Bir güýçli döwletiň bähbidi üçin,
Başga bir döwletde adam gyrylýar.

+++++

Nirvana
08.11.2019 / 00:55:24
+1
Içime düşdi-dä"Saýlap seçenine gowuşýar ýaşlar" goşgusy
sagbol paýlaşanyña

Soňky jogaplar:

Bicak gowy goşgy eken sag boluñ....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Biri öwüt berdi...
Berekets (Bu gün, 09:22:13)
Sagbol...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
Tikos (Bu gün, 07:23:16)
Gutlagyňa sagbol welin.... welini barda şu ýerde Byrader sen köne ýyl senenamasy bilen hasaplapsyň. Aslynda, [b]18-nji maý - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
Dark_Wolfs (Bu gün, 05:51:15)
Говы тема нусга аларлык.. Йоне бу Магтым бендаде овретмели экени курсдашлар болуп...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
ResulmuhammetHs (Bu gün, 03:38:48)
Аллах Голдавы болса Енилмежек гуйч, етилмежек сепгит болмаз Аллах голдаверсин Ахлимизи Жемагат..!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Alla bardyr ýanyňda...
ResulmuhammetHs (Bu gün, 03:28:38)
Dostluk.Ru © 2018-2024