Ýa Ýaradan, namys-ardan kòñùller jyda bolmagaý. - Halanlaryma goş
Teswirler:
355DOST
Elif
15.06.2019 / 17:59:08
Tell the truth and then run.

+2

Aśyk Aÿdyñ.

,,Kim ol" diÿlen sowallara jogap deÿ,
,,Bu men diÿip" girdiñmikàñ dûÿślere.
Ÿatdan çykmaz sowallar deÿ, sogap deÿ,
Emaÿ bilen adyn tutdy ûÿśmeleñ

Saña sygyndylar gara gyślarda,
Azaśanlar, ejizlánler, doñanlar.
Diÿildi,
Gaÿ-tupan bolsa baślarda:
,,Aśyk Aÿdyñ pirim bardyr doganlar"

Ôÿke etmáñ,
,,Kim bolduka?" diÿilse,
,,Dindar diÿip ÿûzlerini sowanlar.
Bir kiśiniñ ady ile ÿaÿylsa,
Bihal dáldir,
Biÿdûn dáldir doganlar!


Oglan gôzlerimi sôÿen gûnleriñ


Oglan gözlerimi söýen günleriň
Bugdaý kimin seçelenip galypdyr.
Mensiz otly köýnek geýen günleriň
Meniň üçin ötülmesiz ýazykdyr.

Bu uly ýalňyşym — ýürekde közüm,
Tapylmaz ýitgimdir, bagrymy dilen.
Ah, ýöne göwün-dä, galyp bir özüm,
Gidýärin sergezdan gözlegim bilen.

Begres dony Gün tygyna ýyrtylan
Baglarda galypdyr intizarlygym.
Ýaz paslymy bu meýdana örtülen,
Ýa-da seniň bahar ýaly ýaglygyň?

Maýsalaryň ygşyldysy, aýdymy
Şirin sözleriňe düzülenmidir?
Ýaýla dolan gülkülerňi söýdümi,
Nämeden torgaýyň özelenmesi?

Sähranyň üstüne bürenip duran
Arassa göwnüňmi, saçlary syýa,
Gyrmyzy güllermi yranyp duran
Gül bolup gögeren şatlygyňmy ýa?

Duýýan, bular gümanydyr göwnümiň,
Uzakdadyr indi elim ýeterden.
Sebäbi men şol ýalňyşly öwrümde
Perişdämi, hut özüňi ýitirdim.

Seni ýitirdim-de, özümi tapdym,
Galdym hakykata syrdaş-dost bolup.
Indi haçan pikir etsem sen hakda,
Ejizligim gelýär elem-tas bolup.

Bu günem aralap sensiz bossany,
Geldim şol ýodanyň bölünen ýerne.
Idip garran bedew kimin gussamy,
Indim solgun aýralygyň güzerne.

Dünýäm, köňül aýdym ýazdy şu ýerde,
Boýun alyp, syzyp uly ahwaly,
Bu gamgyn güzere gelip gidýänler
Bizden soň birneme azalar ýaly.

Ÿôr seÿle gideli


Ýòr, seýle gideli kòneje kòwśùm,
Ùstùñe gùllerden çyglar dòkùlsin.
Bu durmuš mùdimi,
Bu durmuš mówsùm,
Gideli ùstùnden ahmyr-òkùnjiñ .


Yaslarda mysapyr, toýda joś bolan,
Baśymdan ne gowga geçip gitmedi.
Bir gowsy, bu dùnýà geleni ýalan-
Ùflenen śem ýaly òçùp gitmedim.


Ýùregime siñdi gòm-gòk bolynçam,
Baglary-bakjany hazan urany.
Barybir men durup bilmen òlinçàm,
Gòrsem sòzi gyśyk, gòwni guragy.


Ne arman, otlardan çyglar paýrasa,
Bolmaz bu ýerlerde kalbymyz gòýdùk.
Bozulýan girýana torgaý saýrasa,
Meniñ uçup giden gòwnùmdir òýdúp.


Ýòr gideli,
Kóp ýollary górensiñ,
Çygly meýdan melhem bolar ýarama.
Belki, kimdir biri bakyp durandyr
Arman deýin ýitip barýan garama...


Ýaryma çenli.


Nazarlar kaknyşyp, büdürän gözel,
Ýetdi sabrym ýigrimi birime çenli.
Agşam gursagyma sygmady gazal,
Orta goýdum ýog-u-baryma çenli.

Ýeser alartsaň-da humaý gözüňi,
Göreçleriň aldamady gözümi.
Düýnki saňa diýen “A gyz” sözümi
Kem-kem üýtgederin “ýaryma” çenli.

Iki ädim aramyzyň gerimi,
Iş bolýar şonda-da sylmak derimi,
Bir gün sandyraýan barmaklarymy
Elterin şol goşa örüme çenli.

Söýgime sygynyp, guşadym bilim,
Söýgiňe ynanyp ulaldy pälim.
Ir-u giç işiňe gatnaýan ýoluň
Uzalar öýmüziň törüne çenli.

320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 18:02:52
+1
Elif, Söýgime sygynyp, guşadym bilim,
Söýgiňe ynanyp ulaldy pälim.
Ir-u giç işiňe gatnaýan ýoluň
Uzalar öýmüziň törüne çenli.

hiňlendim
355DOST
Elif
15.06.2019 / 17:59:53
Tell the truth and then run.

+1

Ôz-ôzûme degiśme

Eliñdáki saÿrak guśyñ,
Terk edip gitdi bagyñy.
Indi garap degre-daśyñ,
Çekÿáñ ÿaślygyñ zaryny.

Bar mahaly goÿup derde,
Gôwni baryn duÿmadyñ sen.
Ûÿśmeleñde boś bazarda,
Ôz-ôzûñi gûÿmediñ sen.

Dûwûn ÿokdy elleriñde,
Kán ÿalñyśdyñ gôçgûn bilen.
Ot bolmaly gûnleriñdi,
Oñuśdyñ sen uçgun bilen.

Tirkediñ gowśak beÿdiñi,
Gośawjyñdan dôkdûñ ony.
Ôwûrdiñ suwjuk aÿdyma,
Duÿman durka ôpdûñ ony.

Gośgy ÿazyp gôÿdûk-gôÿdûk,
Gôrmán galdyñ iñrigini.
Gelmez ÿaślyk gelmez gaÿdyp,
Tanap gitdi kimligiñi.
355DOST
Elif
15.06.2019 / 18:01:46
Tell the truth and then run.

+0

Ÿene on sekiz gośgysy bar, okasyñyz gelse aÿdaÿyñ?

320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 18:03:26
+1
Elif, goýaýda hemmesini
gowy ýazya
355DOST
Elif
15.06.2019 / 18:10:23
+0
Bulary okap bol-da awtomat ))
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 18:11:36
+1
Elif, hehe bişirdiňmi nahary?planşediň gazana gaçaýmasyn
şu wagt bir goýda internedi
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 18:22:52
+1
Elif, ýürejik üçin minnetdar,jan!
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 18:13:02
+2
Kôpler bildi námedigni kôÿmániñ,
Garyp gôwûnlerde armandy, zardy.
Ine, birden ÿaz gûnûniñ ôÿláni,
Gôzelligi bir bogusyz it ÿardy.


Ÿyl geçdi. Kán gezek almalar tándi,
Gûller ôsdi sôÿgi diÿilen śalykda.
Ÿône onuñ śol baharky ôÿlánden,
Gara gôzlerinde ûnji galypdy.

Iñrik al śapagy gidende ÿalap,
Ÿa gelip zemini gujaklanda gar.
Ol ÿarylyp bilmán namysdan ÿaña,
Ôzûn ite ÿardyranna aglaÿar


gowy düşündirilipdir
355DOST
Elif
16.06.2019 / 09:09:23
Tell the truth and then run.

+0

Yeñles aÿdymlar

Bu ýeňles aýdymlar kalby suwarmaz,
Oýnaşardan has edepli jahanda.
Olar daýhan bilen ak bugdaý ormaz,
Köşeşdirmez şowsuzlyklar ýakanda.


Sörtük deý ýakymsyz hem göwnüýarym
Aýdymdan guş sesi ýakyndyr köňle.
Aýdymçy, men saňa ynanmaýaryn,
Goý, sen zarynlaber, söýýän diý, iňle.

Seleňligi, rahatlygy söýüne,
Togap edip tolkunşyny maýsanyň,
Agşam dolanamda toý dek öýüme
Ýeňles aýdym däldir meniň küýsänim.

Ýa-da durmuşyňa guwanyp, ine,
Otyrkaň köňlüň çag, ýüregiň gorly,
Goşulyşyp akar suwuň sesine,
Diliňe gelmese, aýdym bolarmy?!

Öz ýakyn zadyndan göwünler ürkmez,
Bir günä bolandyr gatasa ýeňse.
Heý, çydap bilermi aýdymhon türkmen
Aýdym adamlaryň göwnüne degse.

Mydam gezjek bolup aýdym sanynda
Gülse, çygylsa-da ýalaňaç heňler,
Bu çynlakaý adamlaryň ýanynda
Güýmenje barynyň hallary teňdir.




***


Ol gecen gûnlerden nàrazy bolma,
Bu bahar seniñki,
Ÿylgyr ÿazyña.
Ÿagmazak bulut deÿ saraltp- solma,
Aglamany namys bilip ôzûñe.

Šygyrdy eśitseñ tisginme, olar,
Gapyñyza gurap gaçan ÿaprakdyr.
Baglara jan girer,
Guś-gumry geler,
O gûnleriñ welin geçeni hakdyr.

Herhal bir- biregi sakladyk tàmiz,
Mûÿnsûz gûl,
Aglaber gussa gelende.
Sôÿgà dûśûnÿànler gûlÿàndir kàmil,
Aglaÿandyr nàmedigni bilÿànler



Minnetdarlyk



Kán ÿerde sakladyñ,
Çekdiñ ÿeñimden,
minnetdar, ÿumśaklyk saldyñ kôñlûme.
Káte oñat pálim çykdy ôñûmden,
Meñzàp çàgedáki sazak kômûrne.

Śonda bir uludan demimi alyp,
Ÿatlap seniñ gussalarñy, derdiñi.
Lapykeç awçy deÿ ôwrûlip gelip,
Ÿadaw baśy dyzlaryna berdigim.

Otsuz kôrûk ÿaly garalyp duran,
Gôwnûm bilen galanymda ikiçák.
Gûÿç berdiñ gan deÿin damara uran,
Hemem ejizligme al-elwan ejap.

Ÿaÿbañ sôwût ÿône ÿere bulanmaz,
Gôz ÿaś eder bolup galsañ buza deñ.
Minnetdar gûl kimin kôráp duranma,
Hem ÿaz deÿin direlenme tázeden...


****


Sallançakdan dûśûp meÿdana gitdim,
Gûllere çolaśyp ÿykyldym ÿere.
Gûÿzûñ dumanynyñ içinde ÿitdim,
Ÿazda bogun-bogun sôkûldim ÿele.

Ÿûzûme ÿetiśdi Aÿyñ śuglasy,
Kôñlûme śatlygyñ ÿagtysy dûśdi.
Ak gijede tanyś ÿeller śuwlady,
Gûl çogan meÿdanlar bagtyma dûśdi.

Gûneśiñ astynda gûl bilen galñan,
Gôzÿetim gozûme nur berdi meniñ.
Bir bahar gijesi kôśeśip bilmán,
Aÿyñ saçlaryny sypady elim.

Ôwrenśen ÿazymyñ gòzden uçanna,
Ÿûregim bilniksiz gyÿyldy durdy.
Gyślar gelip ak ÿûzûni açanda,
Bilmedim bir syrym bilindi durdy.

Belki, ÿaślygymyzyñ gôrki śundadyr,
Utandym men, syr sakladym ôzgeden.
Kiçijek śatlyga goÿuldy gadyr,
Hem ulaldym syrlaryma dòzmeden.


Çolaśan güllerm ÿatlaÿan káte,
Gôzûmiñ alnynda Aÿlap yetiśÿán.
Ÿône gamly gûnûm, śat gûnûm ÿada,
Garyp ejem bilen sallançak dûśÿár.


Gûjûk

Sen maña geñ galyp seretme gûjûk,
Ÿary gije gezip ÿôr diÿip kôçede.
Wagt bar entek Aÿyñ ysgyny gaçyp,
Gôreç deÿin ÿyldyzlara ôcere.

Alabulut gije erán gar deÿin,
Syrygÿar gôwnûñe ÿat etseñ duÿni.
...Duśuśyk bolupdy, bolupdy seÿil,
Galypdyr barysy kôlge deÿ sûÿnûp.

Ol ÿazy ákitdi-ôÿkeláp gitdi,
Diÿip: ,,Meni indi gaÿdyp ideme"
Ÿûrekde daś bolup durka bu ÿitgi,
Dynç alyp ÿatarmyñ śeÿle gijede.

Anha aÿdym sesi gelÿár hol ôÿden,
Adamlar śatlansa oñatlyk niçik.
Gowusy kelláñi aÿagña goÿ-da,
Šowhuna meÿmiráp irkil sen gûjûk!

Bolma meniñ sus halyma dôzmedik,
Gidiber sen akyl bermán sûrùnmán.
Ÿogsam maña ol kiçijek gôzleriñ,
Dûwme-dûwme gôz ÿaś bolup gôrûnÿár.

Tapmaryn men gûÿze meñześ o gyzy,
Bu gamgyn gijeler ÿat bolup galar.
Àpiśkáni açyp goÿaryn,
Sazy
Eśidip òÿûmize geleriñ ÿalak.

Durmaryn men bagtly gûnûm ôzgerip,
Seni gôrûp ÿûrek ÿene urunar.
Ine śonda bu kiçijek gôzleriñ,
Maña begenç yaśy bolup gorûner.

Gidiber,
Wadamy ÿadyñda saklap,
Señ menden razy bolaryñ ÿaly.
Àpiśkámi açyp goÿaryn hôkman,
Aÿdym sesin eśdip gelerin ÿaly.

320Gerekli
Guvanjovna
16.06.2019 / 14:05:35
+1
Elif, Minnetdar gûl kimin kôráp duranma,
Hem ÿaz deÿin direlenme tázeden...

MILANA
16.06.2019 / 13:21:32
+1
Bir-birinden ajaýyp goşgular üçin sag bol,Elfoçka!

Soňky jogaplar:

Bicak gowy goşgy eken sag boluñ....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Biri öwüt berdi...
Berekets (Bu gün, 09:22:13)
Sagbol...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
Tikos (Bu gün, 07:23:16)
Gutlagyňa sagbol welin.... welini barda şu ýerde Byrader sen köne ýyl senenamasy bilen hasaplapsyň. Aslynda, [b]18-nji maý - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
Dark_Wolfs (Bu gün, 05:51:15)
Говы тема нусга аларлык.. Йоне бу Магтым бендаде овретмели экени курсдашлар болуп...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
ResulmuhammetHs (Bu gün, 03:38:48)
Аллах Голдавы болса Енилмежек гуйч, етилмежек сепгит болмаз Аллах голдаверсин Ахлимизи Жемагат..!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Alla bardyr ýanyňda...
ResulmuhammetHs (Bu gün, 03:28:38)
Dostluk.Ru © 2018-2024