Agşamyň şapagy gamlandyrmaýar, Şatlyga gark edýär säherler meni. - Halanlaryma goş
Teswirler:
355DOST
Elif
15.06.2019 / 17:37:57
Tell the truth and then run.

+1

Çary Ýegenmyradow / DOSTUMA

Däli deňziň garşysyna gaýykly,
Ýör, gideli,
tijen dostum,
kürekle.
Ýaýdanmaly, şowsuzlyk nä aýypmy?
Beýik işe hyjuw barka ýürekde.

Çagalykda at edindik hyşany,
Ýigit çykyp, dosta serbe-ser gezdik.
Dostdan galan ýadygärlik nyşany,
Bir husydyň baýlygyna bermezdik.

Seret, ümür basan kenara seret,
Soň ýatlap ýörmäge göwnüň küýsände.
Äkit, bir hepdelik azyga derek
Mähribanyň suratyny kisäňde.

Çola kenar dolanmajak geçmişdir,
Tupana döş gerip, äkider ýelken.
Ykbal bagty, gör, nirede seçmişdir,
Bir ajap, ýagty gün duşarys, belkem

Soňky jogaplar:

Dark_Wolf, sag bol...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
BAGANAs (Bu gün, 10:45:38)
Bicak gowy goşgy eken sag boluñ....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Biri öwüt berdi...
Berekets (Bu gün, 09:22:13)
Sagbol...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
Tikos (Bu gün, 07:23:16)
Gutlagyňa sagbol welin.... welini barda şu ýerde Byrader sen köne ýyl senenamasy bilen hasaplapsyň. Aslynda, [b]18-nji maý - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
Dark_Wolfs (Bu gün, 05:51:15)
Говы тема нусга аларлык.. Йоне бу Магтым бендаде овретмели экени курсдашлар болуп...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
ResulmuhammetHs (Bu gün, 03:38:48)
Dostluk.Ru © 2018-2024