SURATKEŞ hekaýa. Awtory Kakamyrat Ataýew - Halanlaryma goş
Teswirler:
596Betinden
Gürgençli
14.06.2019 / 22:20:00
+0
welin, bi suratkeşiň öňünde nädip durjak? “Hany, meň goşgym?” diýse, näme jogap berjek?Ýaňy bir gepinde suratymam beräýseň diýjek boldumy? Haý, işigaýdan! Adamyň ýaşy gaýdyşsa işem gaýdar ekeni. Ýa işi gaýdansoň ýaşy gaýdýarmyka? “Işigaýdan, ýaşy gaýdan! Ýaşy gaýdan, işigaýdan!” diýip, bölüm müdiri ikibaka gezmeläp ýörşüne hümürdedi. “Ýeri, goşgy ýazmak nireden kelläňe geldi? Çekiber-dä suratyňy!” diýip, öz ýanyndan suratkeşe igendi. “Jan agam, goşgyny, ine, şeýle ýazmaly!” diýip, haýran galdyryjy, ajaýyp bir şygry döredesi geldi. Nusga görkezäýsem diýdi. Görkezjek nusgasynyň ýaşuly suratkeş tarapyndan gara şaýa
alynmajagyna üşügi ýeten dessine: “Ýok, munyň-a bolanok, han ogul, munyň çykalga däl, çykalga däl!
Başgarak bir zat tap” diýip pälinden el çekdi.Onsoň bölüm müdiri ýatyp-turup, oýlana-oýlana, ahyry çykalga hökmünde bir pirim oýlap tapdy.
Suratkeşiň geljek gününe gabatlady-da, bir petde ak kagyzy öňüne alyp, özüçe surat çekip başlady. Çem gelen
zadyň suratyny çekdi. Ugralla çekdi. Birinji kagyza testegelek çyzyk çekdi, ikinjä süýri tegelek, üçünjä üçburçluk, dördünjä bäşburçluk, bäşinjä ýene bir zat... Galamy haýsy
tarapa ýöräsi gelse, ýöretdi, ýaýdanmady, gypynç etmedi. Sähelçe wagtyň dowamynda telim “surat” çekdi. Çeken “suratlaryny” iş otagynyň diwaryna ýelmeşdirdi. Az gördi.
Ýene çekdi. Ýene-de diwara ýelmäp ugrady. Ine, şeýdip, ber-başagaý bolup ýörkä-de ardynjyrap, gapydan suratkeş girdi. Salam-helikden soň ol äýneginiň üstaşyry diwardaky “suratlara” göz aýlap:
– Pah, pah, bu kagyzlar näme? – diýip sorady.Bölüm müdiri göwnübir jogap berdi:
– Kagyz däl olar, surat!
– O nähili surat? Kimiň suraty?
Bölüm müdiri gülmän-yşman:
– Surat-da. Meň çeken suratlam. Geçen gezek gelip gideniňizden soň mende suratkeşlige höwes döredi. Höwes
däl, höwes diýseň, bärden gaýdýar, söýgi döredi. Şu günler goşgyny goýup, diňe surat çekýän. Kiçijik çaga wagtlarym hem surat çekerdim. Ýöne goşga başlap, suratdan elim
sowady. Indi, nesip bolsa, surat bilen goşgyny bile ýöretmekçi. Ýeri, nädýär, boljakmy? – diýdi.
Suratkeşiň gözleri tegelendi Üşerildi.
– Beh – diýip, ol bir “suratlara”, bir bölüm müdiriniň ýüzüne seredip, aýdara-goýara söz tapmady.
– Suratkeşleň sergisine gatnaşmak üçin näme etmelikä? Men gatnaşaýsam diýýän – diýip, bölüm müdiri gökden
düşen ýaly aňalyp duran suratkeş üçin mojukdan mojuk gürrüň tapdy.
Ýaşuly suratkeş şübhesini ýaşyrmady:
– Çynyňmy ýa oýun edýärmiň?
– Agam, siziň ýadyňyza oýun düşýär. Men bolsa... Siz gowy bilýänsiňiz, şo sergide çeken suratlaryňy gowja
bahadan satyp bolýarmyş. Çynmy şol? Men näme etsem...
Suratkeş bölüm müdiriniň sözüni böldi:
– Haý, inim-m! Akmak oglan ekeniň. Akyllyja, üşüklijemikäň diýýärdim welin...
Bölüm müdiri hem suratkeşiň gepini soňlatmady:
– Weý, agam, näme boldy? Ýa halamadyňmy suratlarymy? Ýa-da ol sergi diýýänim ugursyz gürrüňmi?
– Seň özüň ugursyz! – diýip, suratkeş gaharly janykdy.
– Oglan, akmak bolmasaň sered-ä! Suratmy şü? Ine, şü suratmy? Ynha, şu çeken zadyň nämesi surat?
– Ýaşuly-y! Nädiberýäň-aý, ýaşuly? Meň gije-gündiz ýatman çeken azabym-a bular. Gül ýaly suratlar, sergä
596Betinden
Gürgençli
14.06.2019 / 22:24:53
+0
niýetläp çekdim – diýip, bölüm müdiri ýasama gahar bilen çytyldy. Ynjydylan çaga ýaly kesä bakdy. Suratkeş bolsa köşeşer ýaly däl. Gahary joşup, gitdigiçe beleň alýar:
– Şu ýaşyma sen ýaly gepe düşmez tünte duşmandym. Indem duşurmasyn! Ýagşam bir iş eden ekeniň. Saňa kagyz zaýala diýseň! Ana, seň başarýan işiň! Häý, nadan!
Ine, şu ýerde bölüm müdiri: “Amatydyr-da, Alla!” diýip, goşguly depderi eline aldy-da, kesgitli:
– Ýaşuly, me, depderiňi al! – diýdi.
Suratkeş äýnegini gözünden aýryp, täzeden dakdy, aljyrady.
– Ä? – diýdi.
– Depderiňi al diýýän, goşguly depderiňi – diýip, bölüm müdiri depderi suratkeşiň eline tutdurdy.
Bu wakanyň soňunyň nähili gutarany belli däl. Her hili gutaryp biler.

21-nji aprel, 2013-nji ýyl. Mary.

Hekaýaň soňy.

Awtory: Kakamyrat Ataýew



Ýene-de gyzykly hekaýalar, goşgylar okamak isleýärsiňizmi? Onda meniň mowzuklarymy şu ýazga basyp yzarlap bilersiňiz!
1961Täzeje
Dost
16.06.2019 / 21:38:33
+0
Sony birhili gutaryan eken
192Özümiziňki
barca
16.06.2019 / 23:22:23
Gowy adam şeýtany perişdä öwrer, erbet adam perişdäni şeýtana..

+0

Bää gaty tasirli...

Soňky jogaplar:

Arzuw., hakyky)...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
garaburcs (Bu gün, 13:27:53)
Mahri, samglawny yumurtgany yuwyañ dami :ah:...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
raymonds (Bu gün, 12:37:06)
Dz ili süýtli çaý bolsa öňlerinde palow goýsaňam ilki çaýy içip onnaň palow iýýäler dp eştdim...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
Arzuw.s (Bu gün, 07:16:27)
Manyly eken...Dowamy
Umumy bölüm | ýagşylyk et derýa at
Kevins (Bu gün, 07:12:52)
Mokujin, Da.Guyçliler yone yere aglayan daldir!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:17:34)
Dostluk.Ru © 2018-2024