Biz öýkeli, biz - geljekki ölüler, Ýaraşmaga ýol berenok dirilik. - Halanlaryma goş
Teswirler:
320Gerekli
Guvanjovna
14.06.2019 / 18:11:00
+2
Seýitmyrat Geldiýew/Wesýet

Eger men ýoňlasam çagyrmaň lukman,
Diňe eltiň ezizimiň ýanyna.
Dilim gürlemese galam uzadyň,
Uzadaýyn goşgy ýazyp şanyna.

Eger men ýogalsam, aglap ýörmesin,
Düşek düşäp, özi goýsun tabyda.
Halymdan bihabar ýaşap ýörenler,
Ýarym bilen biraz goýuň panyda.

Aýat okap, doga edip jemlemän,
Söýgülime söýgi söznem okadyň.
Gyssanyp däl,
Bagdan baga aýlanyp,
Öň duşuşan ýerlermizden äkidiň.

Ýazyp alyň, ygtyýarym ýardadyr,
Goý, ol „turar― diýip, çak edip goýsun.
„Hergiz gözüm düşüp dursun― diýse-de,
Şkafyň üstünde kakadyp goýsun.

2006ý.
320Gerekli
Guvanjovna
14.06.2019 / 18:13:57
+2
Seýitmyrat Geldiýew/Baha

Meni söýmekligiň çykdajysy ýok,
Goşgymy oka-da, ýüregňi diňle.
Söýme-de akymda tolkun bolmasam,
Düňderlen çöller deý, bolmasam düňle.

Meni söýmekligiň çykdajysy ýok,
Wada-da berme sen, döşüňi mynçgap.
Oňa derek, maňa seret mähirli,
Hem bolsun kalbyňda çörek deý ynsap.

Uly ýa kiçi däl egin-eşigim,
Dünýäm giň, köwşümem öte gysanok.
Yşkda zeruram däk ykdysadyýet,
Barybir, söýmegiň çykdajysy ýok.

Ýöne ýüregiňi mertlerçe diňläp,
Aňyňda kitap deý açyp goýmaly.
Meni söýmekligiň muzdy ýok, diňe
Bar zatdan, bar zatdan geçip söýmeli.

2006ý.

771Gytyndan
Awara
15.06.2019 / 01:25:04
+2
Guvanjovna, örän ajaýyp goşgylar. Seýtmyrat Geldiýew öz ýaşlygyna garamazdan şular ýaly goşgylary ýazmaga özünde güýç tapýar, ýada başga biriniň özüne bolan söýgüsini hasam güýçlendirjek bolýana meňzeýär. "Eger men ýoňlasam çagyrmaň lukman,
Diňe eltiň ezizimiň ýanyna.
Dilim gürlemese galam uzadyň,
Uzadaýyn goşgy ýazyp şanyna.

Eger men ýogalsam, aglap ýörmesin,
Düşek düşäp, özi goýsun tabyda.
Halymdan bihabar ýaşap ýörenler,
Ýarym bilen biraz goýuň panyda.
"Men şü şahyra uly sarpa goýýan. Döredijiligi giňden bolsun! Uzak döwüriň dowamynda söýülip okalýan şahyrlaryň biri bolajagyna ynamym bar.
771Gytyndan
Awara
15.06.2019 / 01:30:51
+1
Guvanjovna, meniň ýazan teswirime dogry düşünmegiňizi haýyş edýärin, hiç hili kinaýa ýada kesäçekmeklik ýok. Men hakykatdanam şu şahyryň döredijiligine sarpa goýýan.
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 06:51:23
+1
wi gaty gorerlik zat yazmansynyza
borla,beyle dawacylam dal men!
320Gerekli
Guvanjovna
15.06.2019 / 12:31:19
+2
hehe jopbam köpçülikde aýtma
2531Täzeje
#BAGDAN
18.02.2020 / 12:14:50
+0
Gaty gowy?

2531Täzeje
#BAGDAN
18.02.2020 / 12:23:20
+1
#BAGDAN,
Telwas
Sana sary chekyar bu yol,
Birje pyshyrdyn eshdeyin.
Gaytalayan adyny zol,
Ylla, bir totugush deyin.

Gizlap bolmayan yshkymy
Shygyr bilen yayyp yorun
Tayyn tapmayan gush kibi
Shol aylanyp, gayyp yorun.

Omur yshk bilen datlydyr,
Owal maksatly doglan men.
Bu ruhum sana yatmydyr,
Elmysakdaky oglan men.

Soňky jogaplar:

Dz ili süýtli çaý bolsa öňlerinde palow goýsaňam ilki çaýy içip onnaň palow iýýäler dp eştdim...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
Arzuw.s (Bu gün, 07:16:27)
Manyly eken...Dowamy
Umumy bölüm | ýagşylyk et derýa at
Kevins (Bu gün, 07:12:52)
Mokujin, Da.Guyçliler yone yere aglayan daldir!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:17:34)
Medikama, sen name soygumi?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:13:05)
Arzyman, uzak yyllardan soñam yene gaytalanan teswir oza......Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:10:43)
Dostluk.Ru © 2018-2024