Güle bakyň diýen ejem bardy meň. - Halanlaryma goş
Teswirler:
355DOST
Elif
14.06.2019 / 16:52:14
Tell the truth and then run.

+0

MEN HALYS ÝADADYM, EJE!


Men halys ýadadym, eje!
Gapyl dünýäň görgüsinden, alyndan.
Ýyllaň penjesiniň yzy galypdyr
Birçak seniň demiň düşen alnymda.


Men halys ýadadym, eje!
Bu ýollaryň hupbatyndan, tümünden.
Süýnýän ýyldyzlardan, agyllan Aýdan.
(Ejizlik däl, mertligem-ä däl welin),
Çawlanda ýüzüňi hazanyň ýeli
Sowuk gijelerde üşeýär adam.
Gyşlar sowuk, eje,
Ýat iliň gyşy hasam.
Armany bolmazmy mert bolan merdiň,
Dermany bolmazmy dert bolan derdiň,
Gülgüne ömrümi gülgün hyýala,
Ömrümi ýollara rowana berdim.


Ýyllara aldyryp çagalygymy,
Juda daşda galandygna düşündim.
Geýim deý sypyryp çaga gylygmy,
Bu zatlaryň ýalandygna düşündim.


Çalaran saçlarňa gurban bolaýyn,
Eziz, ejem, berme gözlerňi ýaşa.
Men bu ýolda herne bolsam bolaýyn,
Sen bir, sen bir, sen bir umytda ýaşa!


Ogluň Eýýup kibi derdine çydar,
Derdimem ýok meniň il aglar ýaly.
Zeminde sen, eje, asmanda Huda,
Başga kim galypdyr bil baglar ýaly.


Sergezdan balalar ir-giç hor bolsa,
Enesiniň huzuryna gelýändir.
Diýgin, eziz, heläk bolsam ýollarda,
"Adalat agtaran ýolda ölýändir".


Çölde bolup Hydyr görmän,
Ilde bolup gadyr görmän,
Mydam alyp durman gamyň huzuryn,
Bar-a meňem derdinmäge hukugym.


Ýüregim gözýaşly küýze,
Çeşmim gark edip gutaryn.
Peýda bolsun diýip ile,
Aglap dünýäň derdi üçin
Baryn sarp edip gutaryn.


Gulaklam ýadady, eje!
Kän gepler eşdip minnetli.
Ýasama ýüzleň derdinden
Didelermiň nury gitdi.


Aýaklarym halys boldy,
Ýowuz ýollaryň kadasy.
Ellerim ýadady, eje!
Gerek wagty bogazymy
Owup biljek, bogup biljek
Elleri gysyp ýadady.
Ölüm däl maňa hatarly,
Sebäp olam ýaşaýyş deý
Bary-ýogy bir sapardyr.
Ýyldyz köräp ýaşyl yş deý
Alawlap ýanýar ýokarda.
Men halys ýadadym, eje!

320Gerekli
Guvanjovna
14.06.2019 / 18:29:22
+0
Elif, hany aýeje,akylly bol!

Soňky jogaplar:

Dz ili süýtli çaý bolsa öňlerinde palow goýsaňam ilki çaýy içip onnaň palow iýýäler dp eştdim...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
Arzuw.s (Bu gün, 07:16:27)
Manyly eken...Dowamy
Umumy bölüm | ýagşylyk et derýa at
Kevins (Bu gün, 07:12:52)
Mokujin, Da.Guyçliler yone yere aglayan daldir!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:17:34)
Medikama, sen name soygumi?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:13:05)
Arzyman, uzak yyllardan soñam yene gaytalanan teswir oza......Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:10:43)
Dostluk.Ru © 2018-2024