ŞIRIN TILLI USSADYM (Ýatlama-powestden parçalar) Dowamy - Halanlaryma goş
Teswirler:

#Mira
13.06.2019 / 09:06:55
+2
Hudaýberdi Diwangulyýew,

Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Bir gezek Kerim agalarda otyrkam, täze gelen gazet-žurnallara ýüzleýje göz gezdirdim-de, okara zat ýok hasaplap, olary ýene-de ýerinde goýdum. Şahyryň ýüzi çytyldy:

– Näme okara zat tapmadyňmy? – diýdi-de, “Komsomolskaýa prawda” gazetini elime tutdurdy:

– Men ýuwnup gelýänçäm, 4-nji sahypasyny başdan-aýaga çenli oka, soňundanam okan zadyňy gürrüň ber.

Seretsem, şol sahypada “Jokonda bilen duşuşyk” atly makala bar eken. Onda dünýä meşhur suratkeş Leonardo da Winçiniň ölmez-ýitmez eseriniň Moskwa getirilişi, onuň döreýşi... hakda gürrüň berilýärdi. Suratkeşiň bu meşhur eseriniň adyny ozal kem-käs eşiden bolsam-da, ruhy garyplygym zerarly oňa üns bermändirin.

Makalany demimi alman okap, “Be!” diýenimi özümem duýman galypdyryn. Soň görüp otursam, Kerim aga diňe çeper edebiýat bilen däl-de, sungatyň ähli görnüşi bilen-de içgin gyzyklanýan ekeni...

Şahyr bir gezek iki ullakan depderçäni meniň öňüme atdy. Men aňk bolup galypdyryn. Iki derderçäniň içi-de keşde ýaly hatdan püre-pürdi. Şahyr XV asyrdan başlap, tä şu günki güne çenli dünýä meşhur suratkeşleriň taryhyny, olaryň iň ajaýyp eserleri hakyndaky pikirlerini ýaltanman, şol depderçelere geçiripdir. Ol ýönekeý ýazgylara däl-de, uly bir poema meňzeýärdi. Dünýäniň žiwopis eserlerini öwrenmek üçin diňe şol iki depderçäni okap çykmak hem ýeterlik hasap etdim.

Şahyr bolmak üçin çeper edebiýatdan başga-da, näçe-näçe zatlary öwrenmelidigini men şonda ýene-de bir gezek bilip galdym.

Kerim aga bir ýere gidip gelse, mümkin boldugyndan, dostlarynyň adyny tutup, kitap, galam, otkrytka, galstuk, nyşanjyk ýaly sadaja sowgatlary gowşuryp, göwünlerini awlaýardy. Maňa N.Saryhanowyň, R.Seýidowyň, Ş.Petefiniň, W.G.Korolenkonyň bir tomluk kitaplaryny, şeýle hem S.Demidowyň “Türkmen öwlatlary” diýen kitabyny Kerim aga sowgat edipdi. Kitaphanamdaky Mikelanželo hakdaky “Titan” atly kitaby okamaga alyp, “soň bir gün gülüp ýatlarsyň” diýip, degşip-gülşüp, öz kitabymy özüme goluny çekip “ýadygärlik” beripdi.

Menem halypama kitap ýa-da şoňa meňzeş bir zatjagaz sowgat edäýmesem, başga sowgat edere ýagdaýym ýokdy, ol menden, asla hiç kimden zat hantama däldi. Ýöne menem mahal-mahal “saçaga saçak gaýtarasym” gelýärdi. Gepiň gysgasy, dürli ýyllarda ussadyma R.Gamzatowyň iki tomlugyny, F.Wiontyň goşgular kitabyny, Ý. Ýewtuşenkonyň bir tomlugyny, A.Twardowskiniň, Ý.Bondarýewiň, W.Brýusowyň... publisistik kitaplaryny, “Puşkiniň dostlary” atly tomlugy sowgat berip, ony begendirenim ýadyma düşýär. Bir sapar hem “Petrarkany” eltdim. Şonda ol çaga ýaly begenip, kitabyň eýlesine-beýlesine, sahypalaryna çalt göz gezdirip, kitap tekjeleriniň biriniň öňünde goýup, ol kitabyň ýüzüni bärik öwürdi-de:

– Bu gün Daşgynyň sowgady

Petrarka! Petrarka!

Gör, bakaly, Kerimlerde

Ol nähili oturarka?! –

– diýip, gülüp gönendi.

Men onuň täze rifmasyna haýran galyp gutlapdym. Kerim aganyň ululygyny, ussatlygyny, ýitiligini şunuň ýaly garaşylmadyk pursatlarda, köplenç göräýmäge kiçijik zatlarda duýýardym

1679Betinden
spagetti
13.06.2019 / 11:25:00
+1
#Mira, şahyrlygy öwredýän mowzuk öýdýän bul. Haladym

Soňky jogaplar:

Awazada näme ucin yuzyanini bilyan😁 😜 Gyz hany sen oylendiñ damay obadas...Dowamy
Edebiýat | ****
Dogruçyls (Bu gün, 13:17:57)
LIVE A LONG...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
TENEKARs (Bu gün, 00:56:07)
bilman minus basyldy, sorry...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahris (Düýn, 23:49:36)
Mahri, erkek doganyn cagalary ballym. Menem olaryn ejekesi...Dowamy
Umumy bölüm | Sizde-de şeýlemi?!
Kepderiis (Düýn, 22:43:58)
Mahri, Türkmen, erkek doganynyñ çagasyna name diÿer? inim, doganym , jigim Erkek doganyñ gyz jigileri sho chagañ namesi bolar? daýzaşşşkaaa...Dowamy
Umumy bölüm | Sizde-de şeýlemi?!
Verdanas (Düýn, 22:13:09)
Dostluk.Ru © 2018-2024