Her çemenden bir gunça - Halanlaryma goş
Teswirler:

Simple poet
12.06.2019 / 14:45:10
+2
Ata Köpekmergen
“Ilden öwrendim”

Däli derýa ýaly dolup-daşmagy
Dagdan güwläp gaýdan silden öwrendim.
Kötel gaýalardan, dagdan aşmagy
Azaply, hupbatly ýoldan öwrendim.

Käte gamgyn boldum, käte hoş boldum,
Käteler gar booldum, kä ýagyş boldum,
Käte bahar boldum, käte gyş boldum,
Ony dört pasyldan-ýyldan öwrendim.

Şahyr işi goşgy-gazal bolmaly,
Goşgular goşgudan gözel bolmaly.
Bu gözel durmuşa bezeg bolmagy
Owadan al-elwan gülden öwrendim.

Watan, seniň ýigitleriň gaýratly,
Yeňlişleriň ägirt, gadamyň batly.
Seni taryplasam, sözlerim datly,
Süýji sözlemegi baldan öwrendim.

Ýowuz kynçylyga garşy durmagy,
Ýör diýilse, ilki gadam urmagy,
Beýik-beýik desgalary gurmagy
Işläp, zähmetsöýer elden öwrendim.

Özüm goja, göwnüm ýigit çagymda,
Ýokdur ýüregimde derdi-dagym-da.
Watan, seniň hoş sapaly bagyňda
Saýramagy şat bilbilden öwrendim.

Gujurum köp, dag-daşlary owratdym,
Azaşany dogry ýola ugratdym.
Bir zat bilsem, ony ile öwretdim,
Çünki ozal menem ilden öwrendim!

Simple poet
12.06.2019 / 14:59:18
+1
Dünýe-hä owadan
Dünýe-hä owadan,
Durmuş jadyly.
Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.
Namart merde sapak berer sakyrdap,
Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.
Paýhas päki dek ýiti danalar
Akmakdan utanyp derlär oturar.
Düýnem ýaradana jort atyp ýören
Bu gün selle oranandyr başyna.
Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,
Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.
Bir gün geň galarsyň... Iki gün...
Üç gün...
Dördünji gün öwrenişer gidersiň.
Bäşinji gün biri alnyňdan çykar
Sen ýakaňy tutup, toba edersiň.
Märekä baş egip, salam berýändir,
On adam barýandyr daşyny gallap.
Walla, bu şol pylanyl-aý diýersiň,
Ýene-de yzyndan nazaryň ýollap.
Hawa, ol şo-ol pylanydyr — tanapsyň —
Towuk görse ütüp ýören ýelekçi...
Indi bolsa... görüp dursuň özüňem,
Yzynda märeke,
Daşynda sakçy.
Bu nähili beýle bolýa, haw diýip,
Jibrinersiň, oda-köze düşersiň.
Bir gün geçer,
Iki... üç... dört gün geçer,
Bäşinji gün eýýäm öwrenişersiň.
Hawa, bu gün ýokuş gören zadyňa
Ertesi gün eýýäm kaýyl bolarsyň.
Soňkusy gün at diýseler eşege,
Sen tassyk etmäge taýyn bolarsyň.
Indi hiç zat seniň parhyňa däldir,
Ýöne bir ýylgyryp oturansyň sen.
Elbetde, ölmeseň ýaşar ýörersiň,
Öz-özüňi welin ýitirensiň sen.
Hawa şeýleräjik dünýe — bu dünýe,
Ömür gysga, eşretinden ganmak kyn.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak kyn

Berdinazar Hudaýnazarow

Simple poet
12.06.2019 / 15:00:55
+1
Ömre minnetdarlyk
Ýigit çagy Ýigriminji asyryň
Bu owadan dünýä gelen badyma,
Üstümden sepipsiň baharyň nuryn,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Ýüzlerine sylyp çarwa gelinler,
Aýyň nury ýaly bileklerinde
Hüwdüläp-hüwdüläp ukladypdyrlar.
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Gije ýagyş ýuwan gök ýylaklaryň
Tohum edip sepdim monjuklaryňy.
Gök baharyň gübürdisin diňledim,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Ejemi horlaman süýtden aýryldym,
Kakamy ýadatman egninden düşdüm,
Dostlar bilen söhbet açdym, gülüşdim,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Guýulardan guýa göçüp ýaşadym,
Sähraň özi ýaly açyk ýaşadym.
Ine-gana gezdim diňlemän böwrüm,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Ak adamy garalajak bolmadym,
Beýgeljek bolmadym ili peseldip.
Takdyr halas etdi beýle keselden,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Yssyda gaýnadym, aýazda boldum,
Aýakda boldum — agyzda boldum,
Ownuk gep-gürrüňden alysda boldum—
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Egnimiň üstünde gerip ganatyn,
Ak guşlaryň çawuş çakan halatyn,
Şindem ýatlap ýörün haýran galyplar,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Goşa ogul berdiň tüýs gerek wagty,
Kalbym kanagatly,
Içerim ýagty.
Sakgalym gojaňky,
Çagaňky göwnüm—
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Öz gözlerim bilen syn edýän Dünýä,
Özgäniň gözünden peýdalanamok.
Oýlanamok kişiň beýnisi bilen,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Meniň gerdenimde göteren ýüküm,
Gursagymda çöken azabym, jebrim...
Aý, hawa...
Geçeniň geçdigi bolsun,
Ýok, maňa husytlyk etmänsiň, Ömrüm!
Özünden soraýan:
—Be, senem barmyň?
Özüm jogap berýän:
—Hawa, sag-gurgun.
Diýmek, birneme zat görüpsiň eýýäm.
Bolubilýär.
Dowam ediber, Ömrüm!

Berdinazar Hudaýnazarow

Simple poet
12.06.2019 / 15:02:06
+1
Adam
Täzeçe bir many aldy köp zatlar,
Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy.
Bir ömürde meniň gören gudratym:
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Adam adama dost diýlen sözlere
Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi,
Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly,
Ýöne welin, adam çylşyrymlaşdy.
Dogry, şindem onuň şol öňki ady,
Dogry, şindem onuň şol öňki keşbi.
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Ol juda kän zada akyl ýetirip,
Öz-özünden başga bir syry açdy...
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Baýaky aý, ýyllar sogup barşyna
Zamana täze bir akyma geçdi.
Bähbitlisi bolsun — aýdylyşy ýaly —
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.

Berdinazar Hudaýnazarow

Simple poet
12.06.2019 / 15:04:02
+1
Adamlar!
Men Sizi alkyşlaýaryn,
Men Size badagly — mysal kerep.
Şatlygymy paýlaşmaga gerek siz,
Hesretim egsere has beter gerek.
Salamlaşýas köçelerde sataşyp,
El-eli gysanda, ýylaýar ýürek.
Ýola düşsem, ugratmaga gerek Siz,
Ýoldan sowa düşsem, has beter gerek.
Sarpasyn saklasyn adam adamyň,
Galany hiç, galan zatlar biderek.
Dirilikde daýanmaga gerek Siz.
Ölen günüm bolsa has beter gerek!
Ýönekeý hakykat
Bu eýýamda saňa beýik diýmezler
Dagyň depesine çykanyň bilen.
Ynanyň, şahyram bolup bolanok,
Diňe bir edebi lakamyň bilen.
Görgä goýup ýörmäň ýakyn-ýadyňy,
Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy.
Il-gün saňa bermez pälwan adyny,
Özüňden ejizi ýykanyň bilen.
Dag däl-dä — bolmasa, dag göwresem bar,
Bagşy däl-dä — ýogsam ýetik sesem bar,
Bolasy ýok senden Mahmyt Esembaý,
Guwdurap bihada bökeniň bilen.
Ullakan däl zady ulaldyp bolmaz,
Aýdan-günden bölüp ýyl edip bolmaz.
Il-günüň göwresin ýyladyp bolmaz,
Ýol üstünde tezek ýakanyň bilen.
Daş depäňe gaçar ýokaryk atsaň,
Yzyňa göz aýla, öňe-de gitseň.
Kerwenbaşy bolmaz ahyr her keseden,
Boýnuna näçe jaň dakanyň bilen.
Bir agsagyň ile bildermez süri,
Çopan çaşy bolsa — şol ýaman ýeri.
Şunça yhlas edip dökseňem deri —
Depizde zat bitmez ekeniň bilen

Berdinazar Hudaýnazarow
1088Özümiziňki
Hossar
12.06.2019 / 15:08:59
Yylylyk gozleyan kan bu sovuk garayyshta

+1

Berekela

Simple poet
12.06.2019 / 15:17:28
+1
Har bilen
Bedasyllar tutdy älem ýüzüni,
Bedewler deň boldy syýa-har bilen;
Bat göterip bilmez hergiz özüni,
Gije-gündiz küý-pikiri şer bilen.
Uluglaryň nesihatyn almady,
Tekepbirlik eýläp, özün bilmedi,
Şägirt ussadyna hyzmat kylmady,
Mürit gelip, dawa eýlär pir bilen.
Bir kelpese tap gelmeýdir müň (bir) ap,
Ynan, bu sözümde ýokdur hiç hylap,
«Är men» diýip urar öýünde çoh lap,
Işi ýokdur namys bilen, ar bilen.
Gullar hojasyna kylmaz endişe,
Özüni tanamaz, talaşar başa,
Halaýyklar, muňa kylyň tomaşa,
Tilki, garsak jeň eýleýir şir bilen.
Aldanarlar biwepanyň görküne,
Derwüşler gabaldy ýeriň berkine,
Pakyrlary goýman hergiz erkine,
Pukaranyň malyn iýrler zor bilen.

Magrupy diýr, yşksyz hiç ýürek daşmaz,
Pähm et, altyn mise hergiz garyşmaz,
Gör, pehimsiz gullar magnyga düşmez,
Guş howaga uçar balu-per bilen.

Gurbanaly Magrupy

Simple poet
12.06.2019 / 15:21:56
+1
Rowaýat bar bir it sataşyp şire:
"Seniň bilen uruşjak men gal"-diýýär.
Şir hem oňa:"Sen nire dost men nire?!,
Uruşjak däl işiň bilen bol"-diýýär.

Onuň üçin galmandyram ýerinden,
Geň görüpdir dagyň ähli jandary,
Goý it bilen uruşdy diýenlerinden,
Gorkak diýsin oňa haýwanlaň bary.

Mämmet Seýidow

Simple poet
12.06.2019 / 15:40:55
+0
Ýûregiñ bökûp dur,dûnýä sygañok,
Sähel zada gûlen 18 ýashym...
Uly dûnýä bir garaýsha degenok,
Wah özgesi ýalan 18 ýashym...

Duýmandyryn neneñ,nichik geçeniñ,
Bu toýlarda,tans oýnap serden geçenim,
Shol gözeliñ gözlerine gachanym,
Girdaba gark bolan 18 ýashym...

Cholashasym geldi dilber näzine,
Satashasym geldi söýen gyzyma,
Biygtyýar dushdyñ gitdiñ yzyna,
Ýatlamadan gelen 18 ýashym...

Göz astyndan ogryn-ogryn bakmalar,
Wada berýär wagty bilen chykmaýar,
Agsham ay yshkyna shöwûr chekmeler,
Bar wagtymy alan 18 ýashym...

Ähli ahmyr armanlary alardym,
Indi näme etjegimi bilerdim,
Shu diläniñe bitse ýatyp dilärdim,
Ýeke gezek dolan 18 ýashym...

Ðiýdi shahyr gury hyýal haýyshyñ,
Ýyllar gulagyma çakdy çawushyn,
Shindiki ýashlardan etjek haýyshym,
Gadyryny biliñ 18 ýashyñ!!!

Beýik Saparmyrat Tûrkmenbashy!

1644Gerekli
Yolagchy
12.06.2019 / 15:48:47
+0
Simple poet, bäääh ajaýyp eser! Ozal okamandym men muny! +++++ Sag boluň!
1861Gerekli
BAY-HAN
12.06.2019 / 16:02:39
+1
Sen yalnyşyan bolayma, Malvinagözel

Soňky jogaplar:

Arzuw., hakyky)...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
garaburcs (Bu gün, 13:27:53)
Mahri, samglawny yumurtgany yuwyañ dami :ah:...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
raymonds (Bu gün, 12:37:06)
Dz ili süýtli çaý bolsa öňlerinde palow goýsaňam ilki çaýy içip onnaň palow iýýäler dp eştdim...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
Arzuw.s (Bu gün, 07:16:27)
Manyly eken...Dowamy
Umumy bölüm | ýagşylyk et derýa at
Kevins (Bu gün, 07:12:52)
Mokujin, Da.Guyçliler yone yere aglayan daldir!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:17:34)
Dostluk.Ru © 2018-2024