EJEMIŇ AGLAN GÜNI hekaýa. Kakamyrat Ataýew - Halanlaryma goş
Teswirler:
596Betinden
Gürgençli
11.06.2019 / 23:03:24
+4
– Saklamasak-da, gidip bilmez. Hälem oýun edip diýendir. Gitmez – diýip, ejem arkaýyn gürrüň etdi. Halys
ynjalygym bolmansoň, men:
– Çyny bilen diýen bolsa näbilýäň? Birden ertir gelmese, nätjek? – diýip soradym. Şu sowalym ejemi birneme oýlandyrdy öýdýän. Ol esli wagt sesini çykarman pikirlenip jogap berdi:
– Geler, gitjek ýeri bolmaz. Hany, ýat indi.
– Birden gelmedi-dä, nätjek?
– Gelmese, gözläp taparys.
– Eje, o heleýi sen gördüňmi?
– Haýsy heleýi?
– Şo obadaky heleýi? Sygyr ýaly symyşlaýa diýdiň-ä? – diýip ejemiň ýadyna saldym.
– Samsyk çaga! Ululaň gürrüňine goşulma diýmedimmi saňa?.. Ýat indi. Ukla. Ýogsam, şo heleýe bererin seni – diýip, ejem ýalandan haýbat atdy.
– Eje!
– Ýat diýýän indi.
Ejem çygjaran gözlerini eliniň aýasy bilen süpürip, beýlesine öwrüldi. Göz ýaşyny gizleýär diýip, men pikir
etdim.
Şol gezek kakam bäş günläp gara bermedi. Çaky, öýkelän bolarly.
– Kakam-a gelmedi welin, gözlemäge gidelimi? – diýip men ejemden soradym.
– Hany, şu günem garaşyp göreli, gelmese, ertir gidäýeris – diýip, ejem meni begendirdi. Nireden gözlemelidigini bilmesem-de, kakamy
tapjakdygymyza men berk ynanýardym. Ýöne gözlemäge gitmeli bolmadyk. Şol gün öýlänler kakamyň özi geldi. Ol
gapydan giren dessine ejem:
– Azaşman neneň tapdyň? – diýip ýalňyş sorag berdi. Sebäbi kakamyň azaşmajakdygy bes-bellidi. Men onuň
häzire çenli öýmüzi tapman azaşan gezegini bilemok. Ähtimal, kakamyň bäş gün mundan öň öýkeläp gidenini
ejem häzir bilýän däldir, bilse-de, bilmediksireýändir.
Kakam sesini çykarmady. Meň ýanyma geldi-de:
– Hany, salam et – diýip elini uzatdy. Men salamlaşdym. Ol meniň ýaňagymdan öpdi. Onsoň ejem bilen kakam beýleki otaga geçdiler. Olaryň pessaý hümürdileri eşdilip durdy. Seslerinde gödek äheň duýulmaýardy. Ýogsam, ejem häzir kakamyň üstüne
gygyryp başlar öýdüp garaşýardym, emma o çakym çykmady. Ol kakamdan ownuk pul alyp, maňa berdi-de:
– Oglum, bar dükana gidip, çörek alyp gel – diýdi. Soň meni geýindirdi.
Gapydan çykyp barýarkam:
– Köçeden geçeňde seresap bolgun! Puluňa-da gaýym bol, ýitirip, gaçyryp ýörme. Iň gowusy, jübiňe sal – diýip
berk tabşyrdy. Şol wagt ýadyma düşdi-de, yzyma dönüp:
– Eje, surat depderem alaýaýaýyn – diýdim.
Ejem maňa ýene biraz ownuk pul berip goýberdi. Men öýmüzden gaty uzak bolmadyk ýerde – köçäň aýagujynda
ýerleşýän dükana gitdim. Çörek aldym, surat depder aldym, ýene biraz pul galdy welin, oňa-da galam aldym.
Ýolboýy ejem bilen kakamyň sögüşmezligini diledim. Eger
sögüşmeseler, kakamyň obadaky aýaly barada soramagy ýüregime düwdüm.
Öýe gelsem, kakam aýbogdaşyny gurup, meniň içi suratdan doly depderimiň sahypalaryny agdaryşdyryp otyr. Ejem onuň dyzyny ýassanypdyr-da, bir eliniň barmaklary bilen kakamyň köýneginiň iliklerini dyrmalaýar, beýleki eli bilen bolsa onuň arkasyny
596Betinden
Gürgençli
11.06.2019 / 23:05:10
+4
sypalaşdyrýar, ýuwaş ses bilen bir zatlary süýjüdip gürrüň berýär. Kakamam diňleýär. Gürrüň arasynda ikisi hem ýuwaşja gülýär, käte ýylgyrýar. Ejemiň gülüp duran
gözlerinde, mähir çogýan ýüzünde juda seýrek gabat gelýän, üýtgeşik ýakym gördüm. Häzir onuň özüni juda bagtly duýýandygy barada gep-gürrüň bolup bilmez. Elbetde, bu ýagdaýa men şeýle bir begendim, hiç aýdyp-diýer ýaly däl.
Kakam meni ýanyna çagyrdy-da, çeken suratlarymdan birini görkezip:
– Bular kim? – diýip sorady.
– Biý-ä ejem, bu-da sen – diýip, men düşündirdim.
– Hany öz suratyň? Özüňi çekmediňmi?
Dogrudanam öz suratymy çekmek kelläme gelmändir. Ejem bilen kakamyň ýanyndan öz suratymy çeksem, has-da
gowy boljakdygyna düşündim. Onsoň:
– Häzir çekjek, kaka. Täze depderime çeksem bolarmy? – diýip soradym.
– Hawa, gowy bolar. Täze depderiňe çekiber indi.
Şatlykdan, begençden ýaňa meniň ýüregim gürsüldäp durdy. Onsoň bu bagtyýar pursaty uzaltmak üçin men
kakamyň bizi taşlap gitmese gowy boljakdygyny, eger gidäýse-de, ejem ikimiziň ony hökman gözläp
tapjakdygymyzy, bu barada ejem bilen maslahat edendigimizi aýdyp bermek kararyna geldim. Ejemiň halamazlygy-da mümkin, emma barybir onuň hol gün iki gezek dagyn menden gözýaşyny gizläp, aglandygyny hem kakama gürrüň bermegi ýüregime düwdüm. Birem
guşbeýni nämekä? Şuny hem kakamdan soraýsammykam?


Awtory: Kakamyrat Ataýew
Mart, 2013. Mary.



Ýene-de gyzykly hekaýalar, goşgylar okamak isleýärsiňizmi? Onda meniň mowzuklarymy şu ýazga basyp yzarlap bilersiňiz!
558Gytyndan
Золушка
11.06.2019 / 23:15:39
Терпения ключ от рая

+2

Martda bolupdurmy bu waka..?..

596Betinden
Gürgençli
11.06.2019 / 23:59:13
+1
Золушка, hekaýaň ýazylan wagty ol.
Halan bolsaň haladyma basyp git diýýä
558Gytyndan
Золушка
12.06.2019 / 00:02:22
+2
Boldumy dogan..hushum gursun hali baskakdym yatdanchykypdyra?
1679Betinden
spagetti
12.06.2019 / 00:04:32
+3
Okanyndan soñam utonman haladyma basman gidýärow. Tas guşkelle diýjek bolupdyryn?
596Betinden
Gürgençli
12.06.2019 / 00:06:28
+1
Золушка, bolli sagbol. Gaty görme, iň bolmanda mowzuga sarp edilen 10 derejäni gazanmaly bolýanda
596Betinden
Gürgençli
12.06.2019 / 00:07:17
+1
?
558Gytyndan
Золушка
12.06.2019 / 00:12:17
+2
Yurejik uchin minnetdar
596Betinden
Gürgençli
12.06.2019 / 00:13:01
+1
Золушка,
1679Betinden
spagetti
12.06.2019 / 00:20:26
+3
Plýus goýaýjak bolýan weli limit dolman geçdi?
596Betinden
Gürgençli
12.06.2019 / 00:47:09
+2
Dost Kakamyrat agaň hekaýalaryny talyplardada paýlaşýan. Hekaýa şeýle gutarýamy dowamy ýokmy diýip soraýalara. Umuman Kakamyrat agaň eserleri özboluşli, başga ýazarlaryň eserlerine meňzemeýä. Indi bu hekaýaňam dowamyny sorap durlar
1498Öwreniji
niyazberdiyeva
12.06.2019 / 00:27:23
+2
Dowamy nirden okap bolarka. Mende plyus goyup bolanokda

596Betinden
Gürgençli
12.06.2019 / 00:40:37
+2
niyazberdiyeva, Birem
guşbeýni nämekä? Şuny hem kakamdan soraýsammykam?
hekaýa şu ýerde gutarýa.
1498Öwreniji
niyazberdiyeva
12.06.2019 / 00:45:49
+2
Wiii dowamy yokmy oň ýa inni goýýaňyzmy

596Betinden
Gürgençli
12.06.2019 / 00:50:59
+1
niyazberdiyeva, Kakamyrat aga hä hekaýany şeýle soňlapdyr. Ýagny dowamy ýok. Eger ýene-de Kakamyrat agaň eserlerini okamak isleseň meniň arhiwimde örän kän. Birem mowzuklaryma ýazylyp goýmagy maslahat berýän.
373DOST
SerVi
12.06.2019 / 01:00:52
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!

+1

Sawwwol dogan dowamyny erti okaryn yarsyny okadym kawagt yaltanyan okamaga

596Betinden
Gürgençli
12.06.2019 / 01:13:16
+3
SerVi, sizem sagboluň. Üç sahypajyk okapsyňa onda, ýalta bolma
373DOST
SerVi
12.06.2019 / 01:19:17
+1
Yaltalyk hasiyetim galmany geçdida
bor dogan sps doly okaryn
274Gerekli
Sabryna
12.06.2019 / 12:45:42
+1
Özbolushly hekaya

Kepderi
12.06.2019 / 16:35:50
+1
Birhili dowamy bar yaly bolup dur

596Betinden
Gürgençli
12.06.2019 / 19:13:31
+0
Kepderi, dowamyny öz fantazýaň arkaly düzübermeli

Soňky jogaplar:

Shu her gezek "joram" sozuni okap, men birhili bolyan-lay. Sizin ozara gatnashygynyz kopchulikde Tiko zyyan bermeyarmi? Jora diylip gyza aydylya diyip bilyan men-a. Gutlanyn gowy zat yone sonundaky "j...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahris (Bu gün, 17:53:45)
Çilimle ze best :kul2:...Dowamy
Umumy bölüm | ÝYLGYR BU MUGT
Mahris (Bu gün, 15:40:41)
Uzak ýaşa!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Gurbanmyrats (Bu gün, 15:32:22)
Sagbol raymond, gardaş arzuwlaryň hasyl bolsun...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 13:49:59)
Uzak yaşa gardaşm...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
raymonds (Bu gün, 13:47:45)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023