Depderimiň goşguly sahypalarynyň çar ýanyny keşdelär çykardym. - Halanlaryma goş
Teswirler:
355DOST
Elif
29.04.2019 / 18:39:43
Tell the truth and then run.

+4

Ýaşdym, şahyrdym... Depderimiň goşguly sahypalarynyň çar ýanyny keşdelär çykardym. Ilki durmuş adamlary hem başda-başda döredenje goşgujyklaryny, suratlaryny meniňki ýaly ezizläp, gowaklaryň, soňrakky döwürlerde gaýalaryň ýüzüne oýup ýazyp çykypdyrlar. Goşgularyňy oýup ýa nagyşlap ýazsaň ölmez-ýitmez bolýandyr diýen ýöntem düşünje, menden öňem bar eken.
Taryh kitabyndan şu aýdýanlarym hakynda okanymda: “Adam atadan öňürdip, jahana ýaşamaga gelen ilkinji adam bolmaýşym ýaly, “beýik pikirler” babatda däl, eýsem, ýöntem pikirler babatda hem ilkinji däl ekenim” diýip, goşgyny nagyşlamaga derek depderimi keşdelänime utanmalydyram öýtmändirin. Ýöne men ol döwürler bu aýdýanlarymyň düýbünden tersine pikirlenim üçin, aslynda-ha beýle-beýle pikirler ýadyma-oýuma düşmäni üçin şahyr ekenim.
Çyn şahyr ekenim.
Aradan tanyş ýyllarymyzyň telimsi ötdi. Terden gelen täsin bir şygyrýete sataşdym. Gurbannazar Ezizowyň goşgylaryna aşyk boldum. Bu aşyklyk meniň işimi gördi. Pikirlerim jyrtyk degen sygyr sürüsi ýaly çym-pytrak boldy. Şol çaka çenli şygyrýet hakynda toplan pikirlerim edil Nury Halmämmediň saçy ýaly büjür-büjür boldy. Beýle saçy timarlaýmagyň nä dereje-de hupbatlydygyny Puşkine duşanyňyzda sorap görseňiz düşünersiňiz.
Oslagsyz, hiç hili taýýarlyksyz 19-njy asryň edebiýatyndan 20-nji asra bökmeli bolanym üçin çalaja “aýaklarym sandyrady.” “Sandyrdy” asyr ýarym ýaşly edebiýaty okap ýören kişi alkymyndaky edebiýata bökeninde, birbada bolaýýan tebigy ýagdaýdyr”diýip, muňa kän bir baş galdyrmadym. Üntüşigimi Ezizowyň goşgularyny ýat tutmaga dikdim. Sebäbi onuň goşgularynda nusgawy şahyrlarymyzda duşmaýan täsin bir zatlar bardy.
Men “täsin” diýýän zadymyň nämedigini şol wagtam, häzirem elim bilen tutup görkezip bilerin öýdemok.
Bir zat welin, Aýdanam aýdyňdy. Gurbannazar gözlerimiziň öwrenişen adamlaryndan parhlydy.(Men onuň ýüzüni şygyrýetiniň daşynda ýeke ýola-da görmedim. Bu ýazgydymda ýok eken. Men dünýä gelýärkäm, Gurbannazar dünýäden gaýdyp barýarka ýol ugrunda hem sataşmadyk. Men bu dünýäniň ýoluna düşenimde Ezizowyň ýagty dünýäde ýoklugyna iki ýyl bolan eken. Şeýle-de bolsa gürrüň şygyrýet hakynda barýarka: “Biz hiç haçan duşuşmadyk, hergiz duşuşmarysam” diýmek dogry bolmaz. Men edebiýatyň içinde oňa kän duşdym. Has dogrusy, Onuň şygyr bossanynyň içinde seýl edip ýörkäm, ol bagyň bagbany Gurbannazar Ezizow maňa kän duşdy. Gabatlaşdyk. Gürleşmedik. Diňe men sesimi çykarman ony diňledim. Sowalam bermedim. Şygyrýet sowal jogabyň usuly dälligi üçinmi ýa-da onda ähli jogaplaryň eýýäm taýýardygy üçinmi bilmedim.). Onuň şygyrýetiniň topragy öz döwürdeşleriniňkidenem, sözümiň başynda ýaňzydyşymyz ýaly, nusgawy şahyrlarymyzyňkydanam tüýsi başgady.
355DOST
Elif
29.04.2019 / 18:40:13
Tell the truth and then run.

+4

Uniwersitetiň türkmen filologiýasyna okuwa girenimden soňra dünýä edebiýatyny öwrenmäge ýykgyn etdim. Gaýtadan çynlakaý oturyp, Ýesenini, Pötefini, Gýötäni, Puşkini okap gördüm.Olaryň goşgulary soňky on ýylyň içinde göwnüme bolmasa mazaly ýitilipdir. Meniň edebiýat hakyndaky garaýyşlarym ýe-de agdar-düňder boldy.
Uly şahyr ýa edebiýaty öwreniji alym bolmaklygy hiçem çyndan çytraşmandym welin, dünýä edebiýaty bilen soňky tanyşlykdan soň, öňki ýazyşym ýaly ýazmagyň mümkin dälligine, asyl beýle ýazmagyň “günädigine” düşündim. Sebäbi galan zady piňime almaýanymda-da meniň döredijiligimiň şekilem könelip gidipdir-ä. Onsoň köne şekilde täze döwrüň mazmunyny nädip okyja ýetireýin?!. Öz döwründen ýadyrgap ýören kişidenem bir şahyr bolarmy?!
Galyberse-de, dünýä edebiýatynyň özümde döreden täsiri hakynda häzir janeý-janeý gürrüň berjek welin, bu aýatda boljak zat däl. Şygryň paýlaýan peşgeşini (döredýän duýgusyny) hümer bolup, alnyp gaýdylanok. Ony her kimiň özi baryp almaly. Şygyrdan alan täsirimi ile paýlamak üçin menem hökman şahyr bolmaly. Şahyrlyk bolsa, indi mende ýok. Şahyrlyk meniň ýadymdan çykdy.
Şahyrlyk ýadymdan çykdy diýemde... Hälki başyny mälim edişim ýaly kän-kän kitaplary okap hemem öz çagalarymyň edýän gürrüňlerini diňläp, çykaran netijäme görä, çaga mahaly hemme kişem şahyr eken. Muny üç ýaşly oglumyň: “ Kaka, ýyldyzlar Günden gorkýarmy? Onda näme üçin, Gün geldigi ýyldyzlar gaçyp gidýär?Kaka ukyň tutmasa meni gujaklasaň tutar. Kaka arkamy sen sypadyňmy, Hudaýjan sypady?” diýen ýaly, soňsuz soraglaryndan bilýän.
Ýaşyna, ýekeje bent goşgy ýazmadyklygyna garamazdan, çaga gylyklaryny unutmaýan hemmeje kişi şahyrmyşyn.Men häzir öz tanaýan adamlarymyň arasyndan şeýle şahyrlary sanap bereýin: Ejem şahyr. Onnoň aýtsam... mamam şahyr däl, gullukdaşlarymyň hiçisem şahyr däl, goňşymyz Kakaly daýam şahyr däl, gelnim düzen goşgularyny çap etdirmän on depder dolduranam bolsa şahyr däl. Şäherli daýzam goşgysyny yzly-yzyna çap etdirse-de şahyr däl, ine atam welin şahyrdy. Onda-da nähili şahyr. Onuň şygryýet hakynda garaýyşlary hemmejämiziňkiden tapawutlydy. Radioda dagy biri şygyr hakynda çykyş edip gaty-gaty gürlese ýa-da howlukmaç gürlese, atamyň pytalasy atlanardy. Ol: “Şygyr hakyndaky söhbetler mylaýymjadan gelen pessaý bolmalydyr, gaty ses goşgyny tisgindirýär” diýerdi.
355DOST
Elif
29.04.2019 / 18:40:43
Tell the truth and then run.

+4

Gadymy Müsürde ýaşan danalaryň biri ogluna: “Käşgä goşgynyň nähili gözelligini men saňa görkezip bilsedim”—diýip, edebiýaty atasyndan hem eý görmegi sargapdyr. Meniň bu aýdýan gürrüňim dört müň ýyl mundan owalyň gürrüňi. Tegelek kyrk asyr. Şondan bäri geçen zamanyň içinde adamzadyň edebiýata bolan höwesi çaksyz artdy. Şol müsürliniň diýýän sadaja goşgulary setirleri ýitelip-ýitelip sungata öwrüldi. Şygra öwrüldi.
Şu jähetden hem şygyr näçe döwrebap boldugyça döwrebap adamyň ruhuna şonça-da ýiti täsir edýär. Ony özüne çekýär. Ine, şunuň üçinem täze goşgudan öňden tanyş “sözlerimiziň” ysy gelip durmasa ýagşy. Meniň pikirimçe (köpleriň pikiriçe) türkmen edebiýatynyň gülläp ösen 18-19-njy asyrlarynyň şygryýetiniň şekili hernäçe gözegelüwli hem bolsa, üstünden asyr aşansoň, olaryň şekili şu günki şygryýete, walla, şaplaşanok.
Şu günüň iň kämil “Mersedes”awtoulagy iki asyr ozalky ulaglara çalym etse, gelişermidi?! Gelişmezdi. Hatda iki asyr ozalky soltanlaryň münen kaşaň arabalaryna meňzetseňem, bary-bir gelişmezdi.
Şeýlelikde men şu gün şeýle netijä gelip durdum:
Şygyrýetiň gözelligi onuň hemişe pikiriň çuňlugyna tarap süýşýänliginde, täze mazmuny hem şekili agtarýanlygynda. Şygyrýetiň gözelligi pälini diňe ýagşylyga tutup, ýaşaýşa gop berýän gowy adamlary, “çagalary” “bäh” diýdirip bilýänliginde.
Ýazan zadymyň bu saparam göwün diýenim bolmany üçin: “Zeleli ýok, men indi şahyr bolmasamam, birmahallar gaty gowy şahyrdym” diýip, öz-özüme göwünlik berdim.
Men çagakam şahyrdym, çyn şahyr...
Men şygyr hem şahyrçylyk hakynda gürrüňlerimi ýene biraz dowam etdirip bilerdim weilin elleri oýunjak maşynly şahyr ogullam gelip, ünsümi böldi. Biz şygyrýet hakyndaky gürrüňleri äpberip, şygryň içine girip gitdik.
355DOST
Elif
29.04.2019 / 18:51:28
Tell the truth and then run.

+5

Shu makalalary we hekaÿalary bar:



1. —Ol perişde özüni oda atar welin, seni gorar.
2. Milli edebiýatymyz hakynda gürrüň gozgalanda
3. ONY HIÇIMIZ ÖWRETMEDIK
4. BIR ULY ŞATLYK BAR.
5. Seniñ adyñ náme
6. Okyja garaśÿan kôpri
7. Iñ owadan periśde
8. Gośgy ÿazmaÿan śahyr
9. Durmuś ôwrûmleri

283Betinden
reSSs..!
29.04.2019 / 19:05:25
+1
Elif, Salam,
5. Seniñ adyñ náme
7. Iñ owadan periśde

goshgy bolsa shulary paylashyn, eger mumkin bolsa!
355DOST
Elif
29.04.2019 / 19:20:37
+2
Salam! Olaryñ ikisem hekaÿa. Mende gośgulary ÿok.
283Betinden
reSSs..!
29.04.2019 / 19:25:23
+0
Elif, dushnukli, minnetdar!
355DOST
Elif
29.04.2019 / 19:31:51
+3
Myratgeldi Berdiÿew agañ ÿazÿan zatlary aÿdym ÿaly. Her bir ÿazan zadyny okanyñda soñuna geleniñe gynanÿarsyñ.

Soňky jogaplar:

Arzuw., hakyky)...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
garaburcs (Bu gün, 13:27:53)
Mahri, samglawny yumurtgany yuwyañ dami :ah:...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
raymonds (Bu gün, 12:37:06)
Dz ili süýtli çaý bolsa öňlerinde palow goýsaňam ilki çaýy içip onnaň palow iýýäler dp eştdim...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
Arzuw.s (Bu gün, 07:16:27)
Manyly eken...Dowamy
Umumy bölüm | ýagşylyk et derýa at
Kevins (Bu gün, 07:12:52)
Mokujin, Da.Guyçliler yone yere aglayan daldir!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:17:34)
Dostluk.Ru © 2018-2024