DOSTElif 20.04.2019 / 21:27:46+6Olýa,
Gurbandurdy Orazow / ***
Sen gyýylma ykbalyma, eje jan,
Dilgir-dilgir bakma meniň gijäme.
Gurban men bir kile nabada biten
Göwnüňe hem gubar tutan didäňe.
Hoşlaşmaly boldy harplygym bilen,
Şol günler hüwdiň deý oňatdy weli,
Dulugma doňduryp şarpygy bilen,
Durmyş çagalykdan oýatdy meni.
Gögüň ýyldyzlaryn soraýan günlem
Ýitdi galdy hol aňyrda öwrümden.
Indi soňsuz sowallarym ýok meniň
Hem gorkamok ertekileň döwünden.
Gorkýan ýüregimde galpyldy bolup,
Duýgyň köňle çökjek pajygasyndan.
Sowuk,
soluk,
ýowuz,
öt aýralygyň,
Bagtyň nämedigini ýatlatjagyndan.
Goý, men ýüregimi ýakaýyn, eje,
Menden soň-soňlaram oňa kän kişi
Göwnün goýsa, köňlün çoýsa, şahyryň
Şondan uly näme bagty barmyşyn?!
Täleýiň deý jaýryk-jaýryk hem gaty
Ýetirme mañlaýňa gamly aýaňy.
Eje, umytlarmyň sakçysy sen,
hem
Dünýäň meni söýen ýalňyz aýaly...