«DIŇE BIR SEŇ BILEN BAKYLYK BARDYR...» - Halanlaryma goş
Teswirler:
355DOST
Elif
24.03.2019 / 09:45:35
Tell the truth and then run.

+7


1.    «ÝALAN SÖZLESEŇ KYÝAMATDA ODA ÝAKÝARLAR»...

Gurbannazar şeýle bolupdyr diýilende, men ýigrimi üç ýaşymdadym. Ilkinji gezek göremde-de mekdepde bäşinji-altynjy klasda okaýardym.  Şonda men birinji gezek ullakan adamynyň oglanjyk ýaly, degişip-gülüşip, göwnaçyk oturyp bilýänini örüpdim. Ýogsa agalarymam beýle dymma, garasöýmez däldiler. Ýöne olar uludylar biz kiçidik. Gurbannazar bilen welin, bile oýnamaga gidibermelidi...
Giden adam gözüňe has gowy görünýär. Her kim ony ýagşylykda ýatlamalydygyna düşünýär. Diri adamyň gybatyny etse bolýar, ýöne ýogalanyň gürrüňi edilende üýşenýäs. Edil onuň ruhy arkamyzda diňläp duran ýaly. Kim bilýr, diňleýändir. Adamyň ruhy göze görünmeýär ahyryn. Şu düşünje adamlaryň aňynda şeýle berk ornansoň, bu zatlary ýazyp oturmak nämä derkar? Her kim seniň bilen razylaşýan äheňde başyny atar. Boldugy. Senem öwersiň, goýarsyň. Emma Gurbannazar  öwgime mätäjem däl. Ol deň-duşumam däl. Bile-de işlemedim, bile piwoda içmedim, çüýşede boşatmadym. Onsoň men Gurbannazar hakynda näme gürrüň berip bilerin? Hiç zat. Ýöne meniň Gurbannazar bilen gürleşesim gelýär. Ol hakynda, töweregimdäki adamlar hakynda, özüm, ömrümiň manysy hakynda Gurbannazar bilen gürleşesim gelýär. Gürrüň beresim gelenok, gürleşesim gelýär. «Onuň ruhy biziň ýüreklerimizde baky ýaşar» diýlen ýazgyny okanyňda ýogalan pahyr bizden nähili uzaklara gidýän ýaly. Birdenem, ýöne otyrkaň ýatlap, «Şol bolaýan bolsa, şeý diýerdi» diýenimizde, ol ýanymyza gelen ýaly bolýar. Meniň hem ony ýanyma getiresim gelýär ýa-da özümiň onuň ýanyna barasym gelýär. Bolmanda, ondan ýol salgy alsam. Göwnüme bolmasa, ol aramyza düşen boş ýyllary göz açyp-ýumasy salymda geçip ýanyma geläýjek, mähirli seredişi bilen başymy sypalaýjak, meni dert-azara goýýan sowallaryma jogap beräýjek ýaly bolup dur. Hemmesi özüme, çynym bilen, başga hiç zat tamakin bolman ony çagyryp bilşime bagly mysaly. Ruh diýleniň arassa ýere geljegi iki-uçsyz.
Gurbannazar öýümüzde dutar çalyp, hindi aýdymyny aýdyp berýär. Menem on-onki ýaşly oglanjyk. Özlerem agam Baýramguly bilen öýe gündiz, on-on bir töwereklerinde gelipdiler, bir-iki sagat oturybam gidipdiler. Şonda Gurbannazar bilen köçä çykyp, onuň ýaşaýan ýerini sorapdym. Ýogsa, ony soramaga gaty utanýardym. Ýöne soramasam, ony ömürlik ýitiräýjek ýalydym. Ol näme üçindir gülüp, «Daşda däl, ýokaryýanjagazyňyzda» diýipdi. Onuň keýpi kökdi. Men Gurbannazaryň keýpsiz wagtyny göz öňüme getirip bilemok diýen ýaly. Ýöne ýekeje gezek ýadyma düşýär. Olam entäk juda oglan wagtymdy... Ol gün barada häzir ýatlasym gelenok. Bilýän, şol günüň üstünden sowlup geçip bilmerin. Ýöne Gurbannazar sowulaýardy.  
Sowlup geçmäge gaty ökdedi. Gaçalak-sapalak etmezdi-de, pyýadanyň deňinden atly geçen ýaly geçer ötägiderdi. Onuň ýaşyndan uly paýhasy bardy. Duýgurlygy bardy. Gurbannazaryň sadalygynyň aňyrsynda türkanalyk däl-de, uly akyl bardy. Adamlar ýöräp ýören bolsa, ol olardan bir gez ýokarda uçýardy. Onuň ýaşaýan ýeri, oýlanýan meýdany ýokardady. Şol gezegem «daşda däl, ýokarýanjgazyňyzda» diýensoň, bizden ýokarda ýaşaýan goňşulardan ony soraşdyrypdym. Emma ol has ýokarrakda ýaşaýan eken.
Ol wagt biz, Aşgabatda, Daşhowuz köçesiniň on birinji jaýynda ýaşaýardyk. Şindi-şindem ol öýe baranymda onuň otaglarynyň Gurbannazary göresi gelýän ýaly boluberýär. Ol otaglaryň diwarlary näçe gezek neressäň üýtgeşik dury gülküsini özüne siňdiripdi. Onuň mikrofony eline alyp, owazly sesi bilen, täsin labyzda okaýan goşgularyny ýaman gulakdan, görüp gözünden gorapdy.


«Saňa indim toý-tomgaly jaý diýip,
Gözel gördüm, sagy-soluň, bu dünýe...»


Magnitofon seniň bu setirleriňi öz sesiň bilen gaýtalap berýär. Ýöne senem ýok, diwarlaram başga. Ol diwarlary soň telim ýola reňklediler. Neresse: «Bir öz öýmüzde, birem sizde özümi şeýle arkaýyn, erkin duýýan» diýerdi. Men welin, Gurbannazar elmydam özüni arkaýyn, erkin duýýandyr öýderdim. Onuň ýüzi el-mydama bir zada begenip duran ýalydy. Göwnüme bolmasa, oňa edil ýaňja “ogluň boldy, buşluk” diýlen ýalydy. Ýogsa şol buşluga näçe garaşyp, garaşyp ahyram eşdip bilmän gitdi. Buşlugam beýle ýowuz, rehimsiz bolup biljek eken. 
Onuň ýüzünden begenç nury töweregini ýagtyldar durardy. Sen onuň nämä begenýänini bilmeseňem özi bilen deň begenip oturanyňy bilmän galarsyň, ýüregiň birhili onuň nurundan dolan ýalydyr. Gynansa-da edil çaga öýkesi deýin, bahym ýadyndan çykyp gidýäne meňzeýärdi.


«Ýagşy diýip, ýamanlyga sataşdym,
Ummana taşlady salym, bu dünýe»


diýse-de, ol dünýe bilen gaty oňşykly ýaşaýardy.
Ýöne bu dünýe bilen oňuşyp ýaşan bar bolsa?! Ýüzüň näçe nurlanyp  duranam bolsa, senem «öz köňlümem ahy-zarda» diýip geçdiň.
Aslynda, Gurbannazar diňe bir oňşukly däldi. Gurbannazar bu jahanyň gözel görküniň aşygydy.


«Kim aýdypdyr pany diýip barlyga,
Ýaşanyňa juda degýär, bu dünýe».


Seniňki ýaly nurly ýüzleri men soň Hudaýa tüýs ýürejigi bilen ynanýan adamlaryň arasynda bolanymda gördüm. Olaryň bar aladalary Hudaýa hyzmat etmek. Hudaýyň göwnünden turjak sähelçe iş etseler hezil edip, olaryň ýüzi nurlanýar. Meniň olara seredip, seredip gözüm gidýärdi. Şeýle ynamyň maňa-da gelerini dileýärdim. Ony dilemezlik mümkin däldi, olar şeýle üýtgeşik nuranadylar, päli pesdiler. Olaryň gözleri seniň gözleriňe meňzeýärdi. Emma sen beýle hudaýhon däldiň. Ýa-da seniň Hudaýyň goşgularyňmydy? Ýa-da Hudaý seniň ýüregiňe goşgy bolup giripmidi? Mahal-mahal sen töweregiňde özüňe kybapdaş dünýe döredip, şol dünýäde-de hezil edip ýaşap geçen ýalam bolýaň.
O wagtlar Ylýas goşgy ýazardy. Bir gün ol Şekspirden eden terjimelerini alyp Gurbannazarlara gideli diýdi. Men bolsa, goşgy ýazmagy işsiziň pişesi hasaplaýardym. Ýogsa Gurbannazary hezil edip diňleýärdim. Niçigem bolsa, Ylýasa ýoldaş boldum. Ýazyň günüdi. Irden dokuz töweregi. Barsak, Gurbannazar öýünde eken. Biziň gelenmize şeýle bir begenýär. Biziň bolsa, onuň ýanyna uly adam ýaly bolşup iki-çäk birinji gezek baryşymyzdy. Ol Ylýasyň terjimelerini gowy gördi. Has gowy setirlerini aýtdy. Soň nähililik bilen bolanyny bilemok, ol öz suratlaryny görkezdi. Megerem onuň iş stolunyň üstünde içi suratly maşgala albomy durdy. Gurbannazar suratlarynyň içinden murtlyja düşen suratyny görkezip Lermontowa meňzeýänmi? diýdi. Biz onuň üçin edil bile bir içeriden ören jigileri ýalydyk. Olam biziň üçin kiçijikligimizden bile ulalan süýtdeş doganymyz ýalydy. Soň «Sowetskoýe foto» žurnalynda çykan suratyny görkezip, şo suratdan soň köp gyzlardan hat alandygyny, gözlerini güldürip, aýdyp berdi. Gurbannazar asylam görmegeý oglandy welin o suratda hasam syratlydy. Ol suraty ilkinji gezek gören nätanyş adamam suratdaky gussaly gözleri bilen sähel aşak bakyp oturanyň şahyrdygyny anyk aýdyp biljekdi. Onsoň biz gaýdarman bolduk. Şonda ol özüniňem ýazyjylar birleşigine gitmelidigini aýdyp, bile gitdi. Göwnüme bolmasa, ol biziň bilen aýrylyşasy gelmeýän ýalydy. Dogrusy biziňem ondan aýrylyşasymyz gelenokdy. Ýolda onuň aýagyndaky gonuşly köwüşlerine gözüm düşdi. Daşarda-da gün çykyp durdy. Ýazyň gowy günleriniň biridi. Ylýas ikimizem üýtgeşik geýinmäni halamyzokdyk, ýöne şonda-da gözümize onuň horaşaja geýinýändigi ilipdi. Biz Gurbannazar bilen hoşlaşanymyzdan soň, ýolda onuň gürrüňinem edipdik. «Aý, goşga gonorary az berýändirler» diýen netijä gelipdik. Soň, Gurbannazar ýogalandan bir-iki ýyl soň, ýaş ýazyjylaryň seminaryna gatnaşamda bezemenen geýinen ýaş şahyrlary göremde Gurbannazaryň şol gyş köwşi göz öňüme gelipdi. O wagtlar boýny ýapyk «wodolazka» diýilýän ýoň edilip geýilerdi. Seminara baran oglanlaryň köpüsi şonludy. Bilýän, gep eşikde däl, gep şahyryň dünýesinde. Elbetde, Gurbannazaryň dünýesine üýtgeşijek eşikli girip bolýan däldir-dä. Şahyrçylyga nähilem bolsa üns berilýän, goşgy diýilen zadyň ürç edilip okalýan döwründe, her kimiň şahyr bolasy gelýän wagtynda Gurbannazaryň döreýşine geň galýaryn. Göwnüme bolmasa, şahyr diýlen diňlenmeýän zamanasynda döremeli ýaly.


Dowamy bar
355DOST
Elif
24.03.2019 / 09:49:03
Tell the truth and then run.

+5

Gurbannazaryň ýeriniň gädilip durandygy-ha hak. Onuň şo horaşaja eşikde gezjeginem göz öňüme getirýärin. «Näme, köwüş köwüşdir-dä. Ol hiç. Men agşam şeýle bir goşgy ýazdym, sen bolsaň köwşüň gürrüňini edýäň» diýäýjek ýalam bolup dur. Muňa düşünmek kyndyr. Biziň ýaşaýşymyz näçe düşnüksiz bolsa, şonça-da düşünmesi şeýle aýan zatlara, kes-kelläm, düşünip bilmeýäris. Ynssanyň ruhuna ýakyn zat daşlaşýar, daş zatlar ony gujaklaýar. Biziň häzirki ýaşaýşymyzdan, gijeler ýatman ugrunda ylgaýan durmuşymyzdan düşnükli zat barmy? Emma oňa paýhas edip bu bolup ýörşüm nähi-laý? diýýäne duşmak kyn. Biz muny «Durmuşyň kanuny» diýip düşündirýäris. Hakykatdanam durmuşyň kanuny giň oňa hemme zat sygýar. Gurbannazar, seniň öz, şahsy kanunlaryň nähilidi? Diri bolan bolsaň, men ony senden gönüläp sorardym. Bilýän, sen gaçalak-sapalak etmän, çynyň bilen jogap bererdiň. Mümkin sen oňa bir eýýäm jogap berensiň. Seniň goşgularyň köpüsiniň manysy şonda dälmi? Men saňa düşünjek bolýan, ýöne sen düşnüksiz adamam däldiň ahyry. Gurbannazar gaty durudy. Onuň aňyrsy görnüp durdy. Gurbannazar üçin töweregindäkiler eliniň aýasynda ýalydy. Oňa welin, söwer dostlaram doly düşünendir öýdemok.


Dostlar näme, 
Giden günüň aglarlar, 
Birnäçe gün seni ýatlar-köýerler.  
Çyn ýürekden köňüllerin daglarlar, 
Soňra? 
Soňra aglamasyn goýarlar.


Ýöne ýyllar geçip, üýşüp deň-duşlar
Gök otuň üstünden basanda gadam 
Otlar olaň aýagyna çyrmaşar,
 «Saklan! — diýýän ýaly – mähriban adam.


Keýpiňiz neneňsi? Barmydyr bir tap? 
Gezip ýörmüsiňiz başlaryňyz jem?!» 
Emma şol otlaryň ýüzüne garap, 
Mendigimi bilmez olaň birisem...


Gurbannazar bu goşgusyny dostlarynyň arasynda köp okardy. Olar «Hawa, dogry» diýýän ýaly başlaryny aşak salardylar, käbirleri «berekella!», käbiri bolsa «şol goşgyňy okap bersene, Gurbannazar» diýerdi. Emma olaryň hiç birem «Aýdýanyň näme?» diýmezdi. Diýer ýalymy?! Onuň aýdýany dogrudy. Onuň aýdýanlarynyň dogry ekendigi indi hasam açyk görünýär. Göwnüme bolmasa, oňa düşünmek kyn däl-de, oňa eýermek kyn. Ýa-da öz gedemligiňi, göripligiňi, ýalan buýsanjyny, ham hyýalyňy unudanyňda, hakykatdanam saňa, seniň päkize goşgularyňa  eýerip bolýarmy? Näçe kyn düşse-de men saňa düşünjek bolaryn. Saňa düşünen günüm saňa eýerjegimi bilýän. Sebäbi saňa düşünen günüm, gaty köp zatlara düşünerin.
Bu ýazýanjalaryma başlamazymdan owal kän ýyllar ýaýdanyp gezdim. Ahyry ählije batyrlygymy jemläp, diktofonly Gurbannazarlara girenimde, gerşime edil öňküdenem agyr ýük urlan ýaly boldy. Her bir zady bilen şeýle tanyş howly. Giräýen badyňa sag egniňde jaýyň ýerzeminine gidýän gapy. Onuň içinde owal tabyt saklardylar. Gurbannazaryň atasy Hümmet aganyň ýasadan, soňra Hümmet aganam, Gurbannazaram, Eziz aganam göterip äkiden tabyt bolmaly. Eziz agaň Gurbannazaryň köplenç oturýan iki adamlyk uzyn, diwan şekilinde ýasalan agaç oturgyjy. Basgançak bilen ýokaryk çykmaly gapy. Ol basgançalardan eli goşguly, täsin dünýýeli şahyr näçe gezek münüp düşendir?! 
Ýüregime howsala geldi. Sen ony ýatlarsyň, ejesi, gelni, dostlary bilen ol hakynda gürleşersiň, soň olary kagyza geçirmäge oturarsyň. Gurbannazaram seň ýanyňa geler, saňa köp zatlar aýdar. Şonda onuň aýdanlaryna doly düşünmeg-ä beýle-de  dursun, sen olary ýüregiňe bir sygdyryp bilermiň? Gurbannazaryň ömri hakyky dirilikdi. Onuň aýtjaklaram hakyky dirilik bolmaly. Gurbannazarlaryň howlusyndan ätlänimde men ölümden beter dirilikden gorkyma dere batdym. Ýöne indi götünjekläre ýagdaý ýokdy.
Gurbannazara iň belet kimkä? — diýip pikir edemde, onuň goşgularyndan soň ejesi bilen gelni göz öňüme geldi. Eziz aga-da ýeke oglunyň guburynyň ýüzi könelmänkä dünýeden ötensoň aýdym-sazy, şygyry-şagalaňy sowulmadyk, birdenem boşap giden howluda bäş sany çaga bilen galan bu iki naçaryň gaýraty-kuwwaty hakynda ýazmak üçin nireden söz tapaýyn? Men olarsyz nädip Gurbannazaryň adyny tutaýyn? Olar Gurbannazaryň dünýesiniň bir bölegidi. Eger adamyň dünýesini böleklere bölüp bolýan bolsa. Eger şeýle bolsa, şahyryň dünýesiniň galan ähli bölekleri şol bölegiň üstünde düzülýärdi. Biri: «Öýüm-içerim, çagalarym bir ýaňa, ýazan zatlarym bir ýaňa. Sen olardan birini saýla diýseler, ýazanlarymy saýlardym» diýýär. Ezraýyl ýaly ýowuz bolaýmasaň Gurbannazara ikisinden birini saýla diýip bolmaz. Eger diýen tapylaýanda-da ol ikisiniň arasynda sary-sadylla bolup galardy, emma saýlap bilmezdi.
Setanda-seýranda bolaýmasa, öýüne otluçöpem almadyk adamyň içersine söýgüsini, ol içeriňem şeýle adama siňdiren mährini nädip düşündirjek? Öýüne garniturlaryň her-hilisini maşyn-maşyn edip daşaýan başga bir kişiniň şol öý goşlaryndan ýaňa mähribanlyga, ýürekdeşlige ýer galmadyk içersinden elli bizardygyna düşünse bolýar. Ony düşündiribem bolýar. Emma Gurbannazaryň üýtgeşik dünýesine düşünmek üçin başgarak ölçeg birlikleri gerek. Eger şol ölçeg bilen ölçemäni başarsak, biziňem dünýämiz gonuçly gyş köwşüne ýerleşmez. Biz o hakynda asla pikirem etmeris.
Ejesi Gülnabat daýza ogly hakynda gürrüň berýär. Gözünde ýaş ýok, ýogsa, diktofony tutup duran meniň ellerim sandyraýar. Ejesiniň welin, gürrüň berdigiçe, gözleri nurlanýar. Ol edil Gurbannazary ýanynda görüp oturan ýaly… 

- ...Büzmeýinde oturýarkak goňşymyz bardy Ürkül aga diýip, purgun sürýärdi. Aulpoň mata-marlagyny daşaýardy, köneje, ýeke at goşulan purguny bilen. Gurbannazaram o wagtlar bolsa dört-bäş ýaşlaryndadyr-da welin, teý, Ürkül agaň arabasyndan aýrylmazdy. Haçan görseň oturandyr ýanynda, gözjagazlaryny balkyldadyp. Şu wagtam edil ýaňy ýaly gözümiň öňünde. Nahar beýleki edip, Gurbannazary iýdirip-içirjek bolsaň, Ürkül agany görmediňizmi? — diýip soraşdyrybermelidir. O wagtlar RKKA diýerdiler, «Stalin» kolhozy diýerdiler. Şol ilerligine giderdi, garry  görgüli o-da gapdalyndadyr. Gowy adamdy bende. Gurbannazaram gowy görerdi. Ürkül horaz seňkimi? — diýip oglanlar gülüşerdiler. «Horaz» o bendäň atasynyň adydy. Ahyry pahyr şo ýolda arabasy bilen awariýa düşüp ýogaldy...
Gülnabat daýza, hamala Ürkül aga içinden ýagşy dileg eden ýaly, gürrüňine maý berdi.
Gulagyma Gurbannazaryň sesi gelýär:


«Juda ir höwrükdim ýaşyl baglara
Sähräniň üstünden ösen şat ýele...»


Özüň bilen deň-duş çagalar ala galmagal bolup oýnaşyp ýörkä, sen Ürkül aganyň arabasynyň tigrine diň salyp barýarsyň. Mawy gözleriň töweregiňde, ýola seredýäň ganyp bileňok. Ürkül aganyň gürrüňlerindenem ýadama ýok. Purgunam her daşyň üstünden geçende tisgindirip barýar. Purgunçy ýaşuly seniň ulalyp şahyr boljagyňy bilmese-de, seni ýanyndan aýrasy gelmändir. Ýa biläýdimikä?
Adamyň ömründe bilip edýäninden bilmän edýäni köp ýaly. Bildim diýip ýöreniňem nä derejede bilýänini bilýän ýok. Bilmän gürleýäris, bilmän begenýäris, bilmän aglaýarys... Ürkül aga-da purguny bilen özi bilmän Gurbannazar şahyry bu dünýä juda ir höwrükdirip barýar. Goja ony biljek bolup azara-da galan däldir. Etjek işiň netijesi bilinmese, alty tarapy beton jaýdan çykmagam kyn görülýän döwürde obaň sada adamlary gözüňe şeýle eziz görünýär. Olaryň «düşünjesiz» düşünjeliliklerine haýran galýarsyň. Göwnüme bolmasa, adamlary içinden çüýredýän bilip, gaýtargysyna tamakin bolunyp edilýän ýagşylykmyka diýýän. Gurbannazara şu häsiýet ýatdy. Ol biriniň özüne eden ýamanlygynam, özüniň başga birine eden ýagşylygynam gaty tiz
unudýardy. Ol göwnüni tamakinçilik demirine daňyp goýmazdy.

Dowamy bar
355DOST
Elif
24.03.2019 / 09:51:30
Tell the truth and then run.

+1

Eger okamaga hôwesli bar bolsa, dowamyny holodilnigmizi ÿuwup bolaÿyn, son goÿjak )


Александр атлы
24.03.2019 / 11:11:53
+1
Elif, Holodilnikden tok uraýmasyn seresap boluň.
355DOST
Elif
24.03.2019 / 11:45:24
+1
,,holodilnik ÿuwanda tehniki howpsuzlygy berjaÿ etmeli, tokdan aÿrmaly" diÿip okuwçy mahalymyz geçdig-à biz ))

Александр атлы
24.03.2019 / 12:29:39
+1
Onda-da äge boluň mowzuk ýetirmekçi bolup tijenip ýörşüňüze seresaplygy unudaýmaň!

Häzir ýuwup bolduňyzmy? Yzgarlary doly guradymy? Gowy gurandan soň toga çatyň.
355DOST
Elif
24.03.2019 / 10:36:24
Tell the truth and then run.

+2


Mümkin men elli ýyl mundan öň bir garry purgunçynyň bir oglanjygy (goý, geljekki şahyram bolsa) purgunyna mündürenini üýtgeşik bir waka edip, ulaldyp oturandyryn. «Şahyr ýüregi» diýilýär. Şahyryň çaga ýüregini hem göz öňüme getirjek bolýaryn. Onsoň bir gün däl, iki gün däl, tä Gurbannazarlar Büzmeýinden göçüp gidýänçä çaga Gurbannazary purgunyndan düşürmän gezdiren Ürkül aga barada has çuňurak gürrüň edesim gelýär. Göwnüme Gurbannazar: «Sen Ürkül aga hakynda aýdyber men bolsa  onuň purgunyndan asla düşmäýin» diýýän ýaly. Belki-de ol goja, Gurbannazaryň çaga gözleriniň täsin mährine özüniň garran göwnüniň ýüzüni ýuwandyr? Gurbannazaryň gözleri asla ulaldymyka beri? Gussasy artsa artandyr. Onuň gözleri mydama çaganyňky ýalydy diýesim gelýär. Ýöne keýpine bir garry bilen oglanjyk beýle çatlyşaýmaly däl-ä. Çaga-da oýnara oýun kän, uly-da alada. Olar bolsa köneje purgunyň üstünde, garran ýabyny gyssaman RKKA-dan «Stalin» kolhozyna garşy barýarlar. “Ýaşyl” şemalam garry ýabynyň seýreklän ýalyny, şahyryň ýaşajyk başyny, gojanyň maňlaýynyň gasynlaryny sypalaýar… 

Sähra ýyldyzlary öçdi bir eýýäm 
Gyzaryp başlady baglaryň başy. 
Guşlar göçdi meýlisinde bu dünýäň 
Jürküldä öwürip töwerek-daşy.

Bolmanysy boldy garagol serçe, 
Torgaýam hoş bile asmana galdy 
Zeminiň söýgüsi sygmansoň içe 
Tebigat gürläýjek-gürläýjek boldy...


Gurbannazar «Haýyş edýän, üns beriň» diýip okap oturan goşgusyny böldi-de, soňam «Bagyşlaňda meni, bagyşlaň» diýip goşgyny bölenine ötünç sorap dowamyny okady. Ýogsa ol wagt oturanlaryň hemmesem üns bilen şahyry diňleýärdi. 
Oňa goşgy okatmak kyndy. Ol gürrüňi başga ýana sowjak bolardy. «Täze goşgularymy ýatdan bilemok, öňkülerem müň gezek okadym» diýerdi. Emma bir okap başlasa, hezil edip okardy. Ol goşgy okanda aýdym aýdýarmyka diýerdim. Olary aýdym diňlän ýalam diňleýärdim. Manysyna düşünjek bolup azara-da galmaýardym. Goşgynam on sekiz-on dokuz ýaşlaryňda diňläýseň. O wagtlar öz ýüregiňem kir-kimirsiz, ähli kişini – gowy bol sen hala erbet – deň gowy görüp ýören ýaşyň. Gurbannazar «Bar zat, bar zat oňatlykdyr dünýäde» diýende sen onuň şeýledigine çigit ýalam ynanmazçylyk edeňok. Sebäbi hakykatdanam o wagt bar zat oňatlyk. Entek sen içi çüýräniň çüýrük ysyny almadyk, gün-güzeran ugrunda ýüregiň ýüzüni kirşen basmadyk oglan. Belki ol ýaşda goşgyny, hakyky goşgyny aýdym diňlän ýalam diňlemelidir. Indi Gurbannazaryň ýerine ýanymda onuň kitaby. Indi ol tanyş goşgulary okap başlanymda onuň okaýşy gulagyma gelip duranam bolsa, aýdym diňlän ýaly okap bolanok. Sen onuň manysynyň çuňlugyna çümüp gidýärsiň. Indi «Bar zat, bar zat oňatlykdyr dünýäde» diýýän setirini telim ýola okap, soň birden  onuň manysynyň çuňlugyna, giňligine düşünip gidýäň. On alty-on ýedi ýaşda Gurbannazary diňlemegiň nesip edeni üçinem men özümi bagty getiren hasaplap bilerin. Ol owazyň meni soň köp hapa seslerden gorandygyny indi bilýän. Gurbannazar bilen dost bolany üçin, ony öýmüze alyp geleni üçin, ol goşgy okaýarka-da «baryň hany, ýatyň» diýmäni üçin agam Baýramgula ömürboýy taňryýalkasyn aýdyp ýörmeli. Gurbannazaryň özüne gör näme diýmeli. «Teşne çölde teşne dodagyň ýalap» ýörkäň öňünden çykyp suw uzadana näme diýilýärkä? Nädip diýilýärkä?
Ýazýanlaryň hemmesem goşgularyny okap bermäge höwesek bolýar. Şonuň üçin, men kän gezek köp kişiniň goşgusyny, goşgy okaýşyny diňläp gördüm. Näme üçindir elmydamam men olary Gurbannazaryň okaýşy bilen deňeşdirenimi duýman galardym. Ýöne olar ýa juda gurak, ýa ulumsy, ýa ýuwaş, ýa... garaz göwün diýenim bolmaýardy. Bapba Gökleň okanda goşgy diňlän ýaly bolýardym. Gurbannazaryňka meňzemese-de, onuň okaýşynda ullakan gaýrat hemem özünemi ýa töwereginemi ýaňsy görünýärdi. Gaýrat bilen ýaňsynyň bir ýerdediginiň geňligindenmi Bapbaň goşgy okaýşam täsindi. Ýöne Bapba özüniň şahyrlygyny äsgermeýän ýalydy. Gurbannazar welin, özüniň şahyrdygyny, onda-da nähili şahyrdygyny bilýärdi. Bu belki, onuň häsiýetinem, ömrünem, hatda ölüminem kesgitlän ýaly bolup dur. Göz öňüme Ürkül agaň purguny gelýär. Ol «Senden daşlaşýanmy? Barýanmy saňa!» diýip, Pyraga sowal berjek şahyry alyp barýar. Ol bu sowaly gep owadanlygynyň hatyrasyna beren şahyr däldi. Ol bütin ömrüne şu sowaly göterip, şygyr ýazan şahyrdy. Kähalat sowal jogapdanam agyr bolýar, ýülügiňi ýolup barýar. Gurbannazar şeýle sowala ýülügini ýoldurman, ýarpy ýolda ýoluny urdurman soňky gününe çenli şahyr bolup bilen adamdy. Bu sowalyň nähili agyrdygyny ýarpy ýolda galanlar bilýändir.
Ýene bir zada akylym haýran – Ürkül aga-da ýolda ýogalýar, Gurbannazaram... Ýol... Ýol...

«Kötül ýollaň külpetin, 
Soň bilersiň Serdarym»

hem diýerdi, Serdaryny görmedik şahyr... 


Dowamy bar
355DOST
Elif
24.03.2019 / 10:37:51
Tell the truth and then run.

+3


Gülnabat daýza, hamala meniň dadyma ýetişjek bolan ýaly, ýene gürrüňini dowam etdi: 
    - Kakasy Gurbannazara ýaňy aýak bitenje wagty iki ýyllyga, «woýennä» gidipdi. Soňam uruş turdy, horluk baryny çekip, alty ýyldan soň, dolanyp geldi. Gurbannazar atasyna – Hümmet aga «kaka» diýýärdi. «Kakam gelýänçä saňa kaka diýäýein?» diýen bordy. Atasy süňksüz gowy adamdy. Atalary ekiz taýydy, bir aýagam keýtigräjikdi. Taýy gyzdy, Maýsa diýýädiler. Hümmet aga hudaýhon adamdy. Gyşyň güni teläriň üstünde kersen goýardy. Oňa-da gar ýagardy. Şo garyň suwuna-da uzyn gije Kur’an okap dem salardy-da, kiçijik çüýşejikde saklardy. Şonam öýünde dälisi bar ýa-da çagasy bolmaýan «demi düşýär» diýip alardy. Haýyr tapýan gaty kändi. Elli dokuzynjy ýylda, 63 ýaşynda ýogalypdy pahyr. O wagt Gurbannazar on dokuz ýaşyndady…

Gülnabat daýzanyň sesini diktofona ýazga geçirýänim gowy zat, ýogsa men eýýäm… 
…Uzak gije garyň arassa suwuna Kur’an okap, dem salyp, “dertlilere derman bolsun” diýip kiçijik çüýşejikde goýýan Hümmet molla bilen onuň agtygy Gurbannazary biygtyýar deňeşdirýärin. Ynha, Gurbannazaram uzak gije söz baryna päkize ruhyny salyp onam kiçijik goşgy setirlerine sygdyryp otyr. Onuňam aladasy dertlilere derman bolmak…
«Men-ä atasyny görmedim. Ýöne Gurbannazar, «Atam ýogalansoňam her gün ýatjak bolamda kulhuallany okap ýatardym» diýip gürrüň berredi» diýip, gelni Halnabat gelneje gaýnynyň aýdanlaryna goşuldy. Gülnabat daýza Hümmet agaň suratyny maňa uzatdy. Meniň gözlerim owadan ak sakgally, eli gülýakaly nurana ýaşulyny – Hümmet mollany synlasa-da, aňym Gurbannazardady. Kiçijik Gurbannazaryň atasynyň aýdanlaryny gaýtalap, näme diýýänine düşünmese-de üýtgeşik täsir edýän kulhuallany öwrenip oturşy göz öňüme gelýär.
Kulhuallahu ahad, 
Allahussamad...
Atasy oňa bu keramatly sözleri her gije ýatmazyndan ozal gaýtalap, onsaň uklamagy tabşyrýar...
Meniň Gülnabat daýzadan, Halnabat gelnejeden «Ol Hudaýa ynanýarmydy?» diýip sorasym gelýärdi. Ýöne dilim diýenimi edenokdy. Göwnüme bu sowal birhili: «Ol ateistmidi?» diýip soran bilen deň ýalydy. Halnabat gelneje Gurbannazaryň Hudaýa ynanýandygyny düşündirjek bolýarmyka, gözüni ýerden galdyrman gürlemäge başlady. Gaýyn-gelin. Bulary şol bir ajy aýralyk, agyr gussa birikdirse-de, näme üçindir aýry-aýrydylar. Halnabat gelneje Gurbannazar hakynda gürrüň berende, gaýny ýaly açylyp bilmeýärdi. Ol ýolunyp, solan gül ýalydy. Ýogsa, guram däldi, ýöne, ýolunan gül direm däldi, elbetde. 

- Kulhuallany daşyndan okaýardy-da: «Şu goşgy bilen ýazylan. Özem şeýle bir täsin formada ýazylypdyr, şuň formasy gaty üýtgeşik» diýýärdi. Soň ýene gaýtalap okaýardy. Kulhuallanyň owazyna diň salýardy. Ýöne kän bir «Hudaý» diýip diline alyp ýörmezdi. «Hudaýyň biziň bilen işi ýok, bizem näme edeli oňa azar berip» diýerdi. Onuň näme diýjek bolanyna häzirem düşünemok...

Näme üçin Gurbannazar kän bir Hudaýy diline alyp ýörmedikä? Bar sebäbi Hudaýyň biziň bilen işi ýok ýaly görünýändigindemikä? Ýa bu-da bir Onuň sarpasyny tutmakdan, Onuň öňündäki jogapkärçiligiňi duýmakdan, müýnüňe akyl ýetirmekdenmikä?
Halnabat gelneje: «Ýöne goşgularynda kändir. «Hudaýa şükür», «Taňryýalkasyn» diýýändir» diýdi-de, sägindi. Onuň bu meselede ýene-de bir zatlar aýtjak bolanyny duýdum, emma aýtmady – ýa maňa düşüner öýtmedi, ýa aýdara, düşündirere söz tapmady.
Ýadyma düşýär, dogrusy hiç ýadymdan çykanok Gurbannazar ýogalansoň onuň mazarynyň başujuna daş goýmagy maslahat bildiler. Ol daşyň ýüzüne-de oýup:
«Käte gökden indim, kä göge galdym,
 Ýöne hiç ýitmedim, Hudaýa şükür!»
diýen iki setirini ýazdylar. Bilmedim nähili, niçik boldy. Ol ýazgyly daş entek onuň mazarynyň baş ujuna barmanka, hökümet işgärleri onuň ýüzündäki «Hudaýa şükür» sözüni halamandyrlar. Indi täzeden, täze daşa Gurbannazaryň «Hudaýa şükür» diýmedik setirini oýdurmalydy. Bu zatlaram pula durýar. Onsoň, uly alada galan dost-ýarlary başga bir bölejik ýuka daşyň ýüzüne şahyryň başga iki setirini ýazyp (onuň Gurbannazaryň haýsy setirleridigi häzir ýadyma düşenok) şol daşam «Hudaýa şükürli» setirleriň üstüne ýelimlesek laýyk bolar diýen netijä geldiler. Şeýdip, şahyryň iki setiriniň üstüni onuň başga iki setiri ýapdy. Adamlaryň edip ýören işine aklyň haýran galýar. Öz setiriň bilen öz setiriň üstüni ýapýarlar, soňam ony eltip başujuňda goýýarlar. Kimi günäkärlejegiňem biler ýaly däl. Aslynda bileňde näme? Edil ol bilinmänem duran däldir-le. Ýöne eger şo-da edilmedik bolsa, ýöne jaýlap dagaşylaýan bolsa nähili bordy? Ýene Gurbannazaryň sarpasy tutuldy. Nähili päsgelçiligem bolsa, onuň mazary ýitmez ýaly edildi. Häzir Mätäjiniň ýatan öwülýäsi bilinse-de, jaýlanan ýeri anyk bilinýändir öýdemok. Ol ýigitler gowy iş etdiler. Şeýdip ýagşylyk bilen ýamanlyk şahyryň «mazaryna büdredi». Kim bilýär, onuň setirleri özlerini döreden ynsandan aýrylyşyp bilen däldir?! Şonuň üçinem biri beýlekisinden galman onuň başujuna gelendir?! Soň wagt o zatlaryň hemmesini gaty ýönekeý usulda ýerbe-ýer goýdy. Sähelçe aýdan daşy-daşa ýelmeşdirip saklaýan ýelim gopdy. Kim bilýär aý-aýdyň gijedir, kim bilýär erenleriň seýl edýän säherindedir, kim bilýär tomsuň janyňa jaý tapyp bolmaýan süýr günortanynyň yssysynda ýüzi iki setirli ýuka daş gopup aşak gaçypdyr. Gaçypdyram, onuň bir gyrajygy jezasyny çeken ýaly döwlüpdir. Ýöne onuň ýüzündäki setirlere zeper ýetmändir. Şeýdip ýapyljak bolunan setiriň üsti açylypdyr. Gurbannazaram:
«Käte gökden indim, kä göge galdym, 
Ýöne hiç ýitmedim, Hudaýa şükür!»
diýip, Hudaýa şükür edip ýadyr. Hudaýa şükür edip ýaşan, neneň Hudaýa şükür edip ýatmasyn?
Hümmet mollaň agtygy, ýigriminji asyryň ikinji ýarymynda ýaşap geçen «sowet» sözi goşulsa-da, türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň dine ynananlygy ýa-da ynanmanlygy hakynda bu gün bolmasa ertir gürrüň ediler. Aladam, dogrusy, o-da däl. On dokuz-ýigrimi ýaşlarynda-da Kulhuallany okap uklaýan Gurbannazar soň Türkmen döwlet uniwersitetinde dialektiki materializmi, ylmy kommunizmi okap, Hudaýdan daşlaşdymyka? Adamyň ynamyny çüýşe döwen ýaly döwüp bolýarmyka? Sowet ideologiýasy zor bilen enelerimiziň başynyň bürenjegini sypyrdanam bolsa, soň uzaklara niýetlenen iş alyp barypdy. Ol namaz okaýanlary «mollasumak» diýip ýigrense-de, çagaňa sünnet etdiripsiň diýip işden aýyrsa-da, hudaýýoly etmegi, nahar iýip bolanyňdan soň töwür galdyrmagy gadagan etmeýärdi. Birini edip beýleksini berjaý etmeýän adamlaryň öz-özi Hudaýdan el çeker diýen ýaly syýasaty alyp barýardy. Adamlaryň Hudaýa bolan ynamy ýuwaş-ýuwaşdan synmalydy. Hakykatdanam, adamlar aç-açan «Men Hudaýa ynanamok» diýenokdylar welin, Hudaýyň ýoluny tutmasalaram gün-güzeranlary geçip duransoň, Onuň bardygyna ynamlaram azalyp barýardy. Ýene bir-iki arka aýlansa, şeý diýjekleriň köpeljekdigi görnüp durdy. Gurbannazar: 


«Ynamsyz ýaşamak mümkin däl, mümkin
 Ony goramaly beýni hem ýürek.
 Ýöne ynamlaňňam synýany üçin, 
Kätä ynamlardan goranmak gerek».


diýýär. Onuň bu goşgusy söýgi hakynda. Ýok, Hudaýa söýgi hakynda däl, gyzlara söýgi barada. Onuň döwürdeşleriniň öňe çykan şahyrlarynyň Hudaý barada, Hudaýa söýgi barasynda goşgy ýazany ýok, ýazaýanam bolsalar köpçülige ýetirmediler. Ýöne näbileýin. O döwürler Hudaý barasynda şygyr ýazmak köne klassyklara öýkünmek ýaly, ol ägirt şahyrlar bu temadan ýazara zat goýmadyk ýaly hasaplanylan bolardy. Ýöne söýgi hakynda welin olaryň ýazmadygy ýokdur. Hamala, söýgä gezek gelende klassyklar asla zat ýazmadyk ýalydy. Hiç kimiň hudaýsyz hökümediň gara kitabyna düşesi gelenokdy. Emma Gurbannazar Hudaýdan ýüz öwüräýen bolsa, ony goşgularynda ýazman bilermidi. Onuň setirlerinden ateistiň sowuk ysy gelmezmidi? Onuň yssy mähri, päli pesligi beýle özüne çekermidi?
Bulat Mansurowyň «Gyrnak» kinofilmi üçin onuň bir gahrymanynyň içki pikiri hökmünde okalmaly goşgusyny ýazyp berende Gurbannazar şeýle setirleri ýazypdyr:


«Men Huda ynandym, Hudany söýdüm, 
Emma ol ters salan ýolum, bu dünýe...»


Ýa-da ol: «Ilki badalar Magtymguly ýöne ölüm, o dünýe, Hudaý diýip otyr, ýüregiňi gysdyrýar diýip halamazdym» diýerdi. Ol bäş wagtynam okamazdy, arak-şerabam erbet görmezdi. Emma onuň Hudaý barasynda kän oýlanandygyna şübhe edemok. Onuň bu dünýesinde ýöredilýän ýoluň tersdigi, Ýaradanyň ýaradan dünýesinde adalatsyzlygyň höküm sürýändigi üçin, Ondan nägile bolan bolmagam ähtimal. Ol döwürler Kur’anyň hatda rus diline terjime edilen kitabynam birinde barmyş diýip eşiderdik. Ondan şol kitaby wagtlaýynça okamaga beräý diýseňem bermezdi ýa-da bermäge gorkardy. Hudaýyň kimdigini düşündirip berere Hümmet molla-da ýok, mekdepden başlap ähli ýerde-de Hudaý derejesine özüni göterjek bolan Lenin babamyz şapbadyny görkezip dur. Gapyňdaky ýerem wagtal-wagtal hapa-haşal otlardan arassalap durmasaň, çaýyr basýar.
Adamyň göwni-hä hasam arassalanyp durulmaga mätäç. Gurbannazaryň ruhy maňa ýene bir gezek «Hudaýyň biziň bile işi ýok, bizem näme edeli oňa azar berip» diýýän ýaly bolýar. Näme üçin? Hudaýa ynanokdy diýmersiň, ynanýardy diýibem başardygyňdan düşündirjek bolarsyň o-da beter zoraýakdan ynandyrjak bolýan ýaly görner diýýärmikä? Ýa-da onuň nurana ruhy: «Men Hudaýsyzmy ýa Hudaýlykly, goý, ony goşgularymdan bilsinler» diýýärmikä? Men bir zada gynanýaryn. Sowet ideologiýasynyň sakçylary şahyra islän zadyny ýazyp, ony halka ýetirmäge ýol bermedi.
Mätäjiden soň türkmen şahyry gutarýar. Türkmen-sowet şahyrlary döräp başlaýar. Eýsem, Mätäjiden şaha ýarman, gaýta şahyrlarymyzyň köküne palta urulmagy kime zyýan etdi? Mätäjimi? Ýok. Türkmen halky şahyrlaryny ýitirdi. Olaryň ýerine türkmeni «azatlyga» çykaran Oktýabr rewolýusiýasynyň waspçylarynyň soňy zordan kapiýalaşýan tagaşyksyz setirlerini okamaly boldy. Şahyrsyz galan halk ýetim. Belki «otuzynjy ýyllaryň şahyrlarynyň» şeýle goşgulary ýazmaklarynda ýazyk hem ýokdur. Gyrylan, imany göçürlen halkyňam bolsa, olar halkyň öňüne çykan adamlar.  Gurbannazaryň günem süýt bilen gaýmak bolmady. Ol Gäwersde suw tutup çykdy. Şu ýerde Gurbannazaryň goşgularynyň tankytlanşy, hat-da onuň dostlarynyň käbiriniňem oňa italýan, rus şahyrlaryndan göçürýär, öz ýoly ýok diýenleriniň bolandygy barada mysallar getiribem gürrüň berse bolardy. Gurbannazary tankytlap ýazylan uly-uly makalalardan böleklerem mysal alyp bolardy. Ony hezil edip okajagam tapylar. Ýöne Gurbannazaryň ruhy ony halamajak ýaly bolup dur. Ol: «Ýöne ulurak bolalyň, söz açsak näme barada» diýip gaýtalap duran ýaly. Bu-da onuň maňa köp zatlar düşündirdigi, özüni düşündirdigi.


Dowamy bar
355DOST
Elif
24.03.2019 / 10:39:34
Tell the truth and then run.

+3


Gurbannazar bilen agam Baýramgulynyň arasynda, ol ýogalmazynyň öň ýanyndaky ýyllaryň birinde bir jedel bolupdy. Gurbannazar täze ýazan goşgusyny okap berdi. Goşgyň ady «1841-nji ýyl, Lermontow dueliň öň ýanynda». Megerem, bu goşgyny ol öňem bir-iki ýola okap beren bolmaly. Sebäbi olaryň jedeli ýaňy edilip ugran jedele meňzemeýärdi. Baýramguly: «Şu goşgy diňe Lermontowyň ýa-da Puşkiniň ölümine bagyşlanan däl, ol häzirki şahyrlara-da degişli» diýýärdi. Gurbannazaram «Ýok, men diňe öňki döwür hakynda ýazdym» diýip, bir diýenini gaýtalaýardy. Agam hem gezek bermän diýen ýaly «Ýok, beýle däl» diýip, onuň bilen razylaşanokdy. Meni geň galdyran zat, olaryň hiç birem öz aýdýanlaryny subut etmek üçin mysal getirenokdy. Ahyry, Gurbannazar uly bir günäni boýun alýan ýaly, çala sakawlap «Dagy ýalanmy, ýalanmy?!» diýdi. Bu Russiýa häzirem şahyrlaryny goramagyň kyn düşýäni ýalanmy? — diýildigidi. O döwürler Russiýa diýilse, Sowet Soýuzy diýildigidi. Agam «Ýalan däl-dä, meň diýýänimem şo-da» diýdi. Olaryň ikisem bu gürrüňi uzaldyp oturmadylar. Agam jedelde ýeňenine begendi, Gurbannazar welin, onuň ýalan däldigine gynanýan ýaly esli wagt sesini çykarman keçäň gülüne seredip oturdy. Şol wagt onuň nämeler pikir edenini, nämeleri göz öňüne getirenini bilip bolsady. Ony hiç kim ondan soramady. Ýogsa şonda olaryň ýanynda del adamam ýokdy. Bu gürrüň Daşowuz köçesindäki öýde bolupdy. Gyşyň günüdi. Olaryň ikisem ody pes demir peje gysylşyp otyrdylar. Olar göze görünmeýän duşmandan gorkýan ýalydy. Hasam Gurbannazaryň ýüzi agyrdy, hyrsyzdy. Ony öň beýle ýagdaýda görmändim. Onuň ýere seredip oturşy häzirem göz öňümde. Gürrüň derrew başga zada ýazyp gitdi. Soň men Gurbannazaryň «Gaplaň» goşgusyny Tuhaçewskä bagyşlap ýazanyny eşitdim.
Onuň başga-da bir häsiýeti bardy. Ol gany gyzmalyk edip, töweregindäkilerden üstün görünjek, diňlenmejegem bolsa, özüniňkini subut etjek bolup dyzap oturmazdy. Hatda onuň gaharlanyp, hapa sögüneninem hiç eşitmedim. Gurbannazaryň uly sögünji «Nädýäňiz-aý, nädýäňiz-aýdy». Oturanlar şonda ondan gahary gelip bir zatlar diýerine garaşyp dymardy. Ol bolsa başga bir zat diýip, dawany oýna öwrüp gülerdi. Töweregindäkilerem ala-ýaz bolardy. Mümkin, Gurbannazar göwnündäkini doly ýazsa diňlenilmez ýa-da ters düşüniler öýdendir? Asla, adam göwnündäkini kagyza, söze, setire… doly geçirip bilýärmikä? Göwün başga bir zatdan, kagyz, galam, söz, setir we ş.m.-ler düýbünden başga zatdan ýasalan. Ol ikisi näçe ýakynlaşsalar-da hiç wagt bitew bir zada öwrülip bilmez. 
“On dokuz ýaşynda Kulhuallany okap uklaýan şahyr Hudaý hakynda ýazmadyka?” diýen sowaly bermek (goý, ol näçe çyn ýürekden çykýanam bolsa) gögeleligi ýatladýar. Ilki bilen şu sowala jogap bereliň: “Hudaý hakynda ýazaňda nähili ýazmaly? Her sözlemde diýen ýaly Hudaý, Alla diýmelimi ýa-da onuň “Göwnüm” diýen goşgusyndaky ýaly:


“Özüm däl, dost-ýarym üçin
Seni köpräk öňe tutdum”

diýseňem ýeterlikmikä?
Emma şahyr on alty-on ýedi ýaşlarynda bir kiçijik gülýaka ýasaýar. Onuň ortaky gaşynyň aşagynda Leniniň suratyny çekýär. Soň ol gülýaka Bütinsoýuz sergisine, soň bolsa, Hindistanda Bütindünýä sergisine gatnaşýar. Şahyr ol hakynda «Gülýakam» diýip goşgy ýazýar. Ine onuň soňky bendi:


Leniniň gözi bilen Hindistana sal nazar 
Lenin baran ýerine Döwlet ýagar, nur ýagar.

Gurbannazar agşam Kulhuallany okap ýatyp, ertesi ýasan gülýakasynyň ýüzüne Leniniň suratyny çekýär. Ýene-de, kim bilýär, elli ýyldan «Şahyryň dünýesinde Kulhualla bilen Lenin nädip ýerleşdikä?» diýen soragy bererler. Häzir welin, bu sowal gaty ýöntem, türkana görünýär. Sebäbi biziň köpümiz häzirem aňymyzda olary bir ýerde ýerleşdirýäris. Ýöne mesele başga ýerde. Gurbannazar ne Lenine ne-de Kulhualla doly düşünmedik bolaýmasyn? Biz häzir Leniniň eden işlerini gazet-žurnallardan okap, ýakamyzy tutýarys, «Çynmykaberi?» diýýäris. O döwürler bolsa «Leniniň işi baky ölmez-ýitmezdir!» diýseler: «Bar, tur-a. Onuň nähili bakydygyny görüp otyrys» diýip jogap bermek kimiň ýadyna düşýärdi? Bize hakykatdanam Lenin baky başymyzy alyp durjak ýaly görnerdi. Biz-biz, ýöne Gurbannazar, şahyr biz däl ahyryn. Hawa, ýöne onda Gurbannazaram Annasoltan Kekilowa bilen dälihanada bile ýatmazmydy? Belki onuň ykbaly Annasoltanyňkydanam aýylganç bolardy. Soňra Annasoltana edişimiz ýaly, döwrümiziň pidasy diýip gazetlere ýazardyk, oba bolup sadaka bererdik, ýygnaklarda gürlärdik. Onuň düşen halyna hakykatdanam gynanardyk. Ýogsa gynanylmaly biz. Adam başy ölümli, dälihanada bol sen, hala, öýüňde – başyňy aljak şol bir ajal. Annasoltana näme üçin gynanjak, ol gaýratly öldi.
Indi näçe ýyldyr dälihanada ýatan görgüliň şo taýda-da amanadyny tabşyranyny eşden garyndaşlarynyň iň doňýüreginiňem şol gün ýüregi gyýylyp gitdi. Olar bir-birlerini görenlerinde hasam gynançlaryny güjeňlediler.
«Wah, wah, görgüli, görgi üçin ýaradylaýan ekeni...» «Ýaradan ýaradanyny görgi üçin ýaratmaýar. Biz özümiz bir-birimize görgi baryny görkezýäris» diýip olaryň hiç biri göwnüne-de getirmedi. Indi o görgüliň jesedini ýygnamaga gitmelidi. Çigit satyp gününi zordan aýlap, ahyram ölüp giden enäniň dälihanada ýogalan gyzyny getirmäge gitmelidi. Garyndaşlarynyň bu günki «ah-wahlary», çytylan gaşlary Annasoltanyň öňündäki müýnlerini ýuwmak üçin edilýäne meňzeýärdi. Ýa-da olar şu günki gynançlary bilen düýnki doňýüreklilikleri üçin ötünç soraýardylar. Ötünç nire, gynanç nire, ýöne kim bolanda-da adam-da, hemme kişiň dünýeden ötene nebsi agyrýardy.
Şol töweregiň ýaşululyragy ýanyna-da birini alyp, işini goýup, dälihana Annasoltan Kekilowanyň jesedini getirmäge gitdi.
Ýolboýy ýaşulyň aňynda «Ajalyň ýetse gidibermeli-dä» aýlanýardy. Ol sözlem onuň kellesine gelýän pikirleri ýetişibildiginden kowjak bolýardy. Ýöne agyr pikirler boş söze eýgertmeýärdi.
«Pahyr, göwnüne gelenini göni aýdardy. Ýöne bir gödek töhmet bolsa, hiç kim gatam görjek däldi. Ol dogrusyny aýdardy. Aýbyňy ýüzüňe aýdyp dursalar kime ýakýar?»
Ýoly ýarpylaberenlerinde ýoldaşy ýaşula: «Uly il ýaly gezibermeli-dä, ters eden bilen nä işiň dogry eden bilen nä işiň» diýdi. Ýaşuly oňa jogap bermedi. Onuň öleni ýamanlykda ýatlasy gelmedi. Ýaşuly diňe içinden «Onuňam zat bilen işi bolman geziberse, gününiň gowy geçjegine akyly ýetendir-le» diýip pikir etdi.
“Isa pygamberem adamlaryň bolşuny-bolşy ýaly aýdany üçin agaja çüýläpdirler” diýýär hristianlar. Ynha, iki kişi ýörite onuň özüni däl, jesedini ýygnamaga barýar – merjen daşyny däl, onuň boşan gapyrjagyny ýygnamaga.
«Dirikä bir ýerde tiredeşi bolsa barymyz: «Şo däli bolsa, onda barymyzam däli, bizem dälihana salyň» diýip, hökümediň jaýynyň agzyna ýygnanaýan bolsak...» Ýaşuly daşyndan «hmm» etdi. Ýanyndaky onuň näme üçin beýdenine düşünmedi. Ýöne onuňam bahymrak dälihana ýetesiniň gelýäni görnüp durdy. Ýük agyr bolsa, adam pahyr ýoluň gysgarak bolanyny isleýär. Ahyry dälihananyň diwarlaram göründi. Halasgär diwar. Ýumşak oturgyçda, kondisionerli kabinetde arkaýyn oturyp, arkaýyn aýlyk alan, arkaýyn edenlerini eden adamlary ondan, aýal maşgala bolsa-da dogrusyny aýdany üçin howply elemente öwrülen adamdan goran halasgär diwar. Şonda-da kellesi kadaly işleýän hasaplanýan adamlar ol diwary alkymlap baranlarynda kelleleri kadasyz işleýär diýlip içine dykylanlara nebsi agyrýardy. Ýöne Annasoltan ol «kadaly» işleýänlerdenem, «kadasyz» işleýänlerdenem däldi.
Sag halyna dälileriň arasynda on iki ýylyny geçirip, şo ýerdede jan bereni üçinem bu adamlar onuň jesediniň öňünde baş egäýmelidi. Muňa olaryň ikisniňem akyly ýetýärdi. Annasoltany saklan diwarlaram eýmendiräýmelidi. Häzir welin, bu diwarlar demir derweze hiç zat. Olaryň dirä güýji ýetýär…  
Ýoldaşy ýagdaýa belet – dälihanaň içine girip gidensoň, daşynda garaşyp duran ýaşulyň pikirleri hasam agralýardy.
«Indi sen çagaň galdyran haýatjygyça-da ýok. Sen o pahyryň tenini saklasaňam ruhuna erkiň ýetenok. Onuň ruhy bir wagtdan bäri biziň ýokarymyzdan ýylgyryp seredip durandyr. «Dirikäm çykarmaga gelmediňiz, indem azara galyp durmaly däl ekeniňiz, orsuň özi ýygnardy-da» diýýändir...»
Ýaşuly serpmeden gaýdan ýaly boldy. Ruhy ýylgyrýandyr diýýäniniň özi ýoldaşy bilen tirkeşip, ýylgyryp göründi.
— «Garyndaşlarym ölemsoň bir meni ýygnarlarmyka beri?» şony biläýeýin diýdim. Ýygnajak ekeniňiz, taňryýalkasyn!
Maşyn yzyna dolandy. Onda Annasoltanyň jesedi ýokdy. Ýöne olaryň ikisem dymyşyp barýardy. Hiçisiniňem ol arzylanan jesediň ýoklugyna begenmek ýadyna düşenokdy. Olaryň ikisinem gahar bilen utanç bogýardy.
Soň sähel wagtdan Annasoltan Kekilowa – köpleriň böwrüne sanjy bolan naçar – hakykatdanam, dünýeden ötdi. Ony getirmäge ýene gitdiler. Ýok diri getirmäge giden bolmady, ölüsini getirmäge ikinji gezegem gitdiler. Bu gezek maşyn jesetli dolandy. Ýaşulyň aňyndan onuň yzyndan birinji gezek gidişleri aýrylmady.
«Ol dirikä diri ýakdy, ölensoňam-a ýene masgara biz bolduk».
Ol häzirem turaga-da «Men diri» diýäýjek ýalydy. Hakyky dirilik adam ölenden soň başlanýan bolaýmasyn, eger dirikäň diri ýaşan bolsaň?..
Musulmançylykda iň erbet görülýän zat, öz janyňa kast etmek. Ol geçilmeýän üç günäniň biri. Näme üçin beýlekä? Eger bu dünýe beýle ajaýyp, Gurbannazaryň aýdyşy ýaly «ýaşanyňa juda degýän» bolsa, onda özüňi öldürmegi çürt-kesik gadagan edýän düzgün musulmançylykda bolmazdy. Sebäbi ajaýyp dünýeden gitjek bolmak hiç kimiň kellesine gelmezdi. Eger ýaşanyňa degmeýän çüýrük dünýe bolsa, onda beýle ýowuzlyk, zorluk nämä gerek bolduka? Ýowuzlyk, zorlyk nireden geldi? Öldür-öldürme – öz işiň, ýöne saňa Bilýän “Günä” diýýär. Senem onuň sogap däldigini bilýäň… Bigaýrat hemişe-de haýýar bolýar. “Ýowuzlyk”, “zorluk” diýip, nadaralyk edýär.   
Annasoltanyň ýaşap geçen hupbatly ömri hakynda gazetde makala çykanda ömründe gazet okamaýanlaram ony gözläp okapdy. Näme üçin? Näme üçin adamlary biçäre naçaryň düşen güni şeýle gyzyklandyrdyka? Göwnüme bolmasa, her kim Annasoltanyň ömründen özi üçin zerur bir zady gözleýän ýalydy. Gazet sahypasynda, aňyrsy-bärsi sähel salymyň içinde seniň göz öňünden bir adamyň tutuş ömri geçip gidýär. Kim oňa bimany dünýäniň manysyz ömri diýýär. Kim bimany dünýäniň manyly ömri diýýär. Kim manyly dünýäniň manyly ömri diýýär. Haýsysy dogruka? Gurbannazar ilkinji kitabyna «Ynam» diýip at goýanda ony tersine okasaň «Many» bolýar diýerdi. «Ynam» bilen «Many» bu dünýäniň sütünleri, derýaň düýbüniň düri ýaly. Dälihanada geçen ömürden dür gözlemegimiz nämäni aňladýarka? Biziň dälihananyň daşynda, sag diýip geçiren ömrümiziň manysyzlygynymy? «Gurbannazaryň il içinde ýoň bolup okalýany onuň ir hem şeýle tragiki ýogalmagynda» diýleni ýene ýadyma düşýär. Annasoltanyň biçäre ömrüniňem il içinde ýoň bolup okalmagy şonuň üçinmikä? Hakykatdanam, Annasoltanyň adaty adamlardan bar artykmaçlygy onuň on iki ýyllap sag halyna dälihanada saklanany, şol ýerde-de ýogalanymy? Ýa-da adam ýogalansoň ony gowy görmek häsiýetimiz Annasoltandan üýtgeşik şahsyýet ýasajak bolýarmy?
Synçy adamlaryň biri türkmende bir ýaramaz häsiýet bardyr: Ol molla aga, molla aga diýer, saňa uly sylag eder, gidersiňem welin yzyňda «aklygyny az gördi» ýa-da «düýnem arak-şerapdan gaýtman ýörendir, bu gün allanäme molla bolan bolup ýör» diýip gybatyňy eder diýipdir. Mollasynyň gybatyny edýän türkmen aýal maşgala gezek gelende nähiliräkdir?
Şu setirleri ýazýan welin, şahyr aýalyň ruhuny bimaza eden ýaly bolýan. Hamala ol maňa «Sen meni aklajak bolup dert-azara galma, meň ýek ýigrendigim özüňi aklajak bolmak» diýýär. Meniň bolsa, Gurbannazara düşünjek bolşum ýaly saňa-da düşünesim gelýär. Bilýän, kondisionerli giň kabinetde haýsydyr bir žurnalyň ýa-da gazetiň baş redaktory bolmaly halyňa «Gapurow eýle, ýene biri beýle» diýip Brežnewe hat ýazsaň, akylyň ýerinden üýtgedigi bor” diýenler şu wagt hem şol pikirdedir. Bu gün bize Brežnew diýilýäniň kimdigini tanadansoňlar, hakykatdanam ol adama hat ýazmak akmaklyk bolup görünýär. Şol döwürde-de olar ýaly iş etmegi kemakyllyk hasaplanlar öňdengörüjilik bilen ol adamy tanap bilipdirler. Şonuň üçinem dälihana girmän giň kabinetleri, lezzetli möhürleri eýeläpdirler. Olara düşünmek kyn däl. Saňa düşünmek kyn. Şu gün seni direldip getirseň ýene saňa düşüneris öýdemok. Sen mümkin öňküdenem çökder hereketler edersiň. Biz saňa ýene haýran galarys.
«Seniň maksadyň näme? Adamlary haýran galdyrmakmy? Magtymguly: «Bu dünýe mülkünde soltandyr-şadyr, Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat» diýýär. Seniň «şa-soltan» bolasyň gelmedimi? Sen näme üçin Annasoltan bolup dälihanada ölmegi saýladyň?
 Kitaphana ýörite baryp gözleseň-ä tapdyraýýan (onda-da hemme kitaphanalarda däl) ýogsa asla duşmajak iki sany kiçijik kitapçaňy bir sgadyň içinde okap çykdym. Seniň ähli çeken jebriň gören görgüň ýekeje sagada sygypdyr. Men ony şeýle bahym okap çykanyma utandym. Kellämde welin ýene soraglar. Bimany dünýäniň manysyz ömrümi?.. Ýa-da adam bu dünýeden many däl, bähbit gözleýärmi? Kim onuň bähbidini tapsa, manysyna akyl ýetirdigimikä? Aslynda bu dünýäniň bähbidi nämede? 
Honha, öz doglan obaň golaýynda Hoja mazarda bir tümmejik toprak bolup ýatyrsyň. «Men şeýle owadan, adamym bolsa görmeksiz, goý, ol öz ýanýoldaşyndan kemsinmesin, özüni maňa mynasyp däl saýmasyn» diýip, Alladan görmeksizligi dilän ejeňem şol ýerde ýatyr. Heý, akyly ýerindäki admam «meni ýanýoldaşym bilen deň et» diýip ýüzüni dyrjanaklarmy? Ýa eli döwülse, seýigini açarmy? Hudaý seň ejeň dilegini kabul edipdir. Ol pahyr ýogalanda ýüzi-gözi görmeksiz, bir eli döwük dünýeden ötüpdir. Pahyr dirikä welin, Köşi obasynda ýekeje toýam şonsuz geçmändir. Onuň degişenligini, töweregini ala-ýaz edip oturşyny, ýüzugra goşgular goşuşyny obaň aýallary gürrüň berýär. Magtymgulynyň: «Sud haýsydyr, zyýan kaýsy bilmedim» diýen setirini eşitmedigimiz azdyr. Dogrudanam Magtymguly peýdasyny zyýanyny bilmedik biridimikä?
Muhammet pygamber ömri paýawlaberende «Men pygamberlik borjumy berjaý etdim. Adamlara nähili ýaşamalydygyny, nähili ýaşamaly däldigini doly beýan etdim. Indi hiç kim kyýamat-magşar güni: «Bilmezlikde günä iş edipdirin» diýip bilmez» diýipdir. Hakykatdanam hristianlara Isa, musulmanlara Muhammet, dinsizlere Marks... Injil bile, Kuran bile, moral kodeksi bile «bilmedim» diýere ýagdaý goýmandyr. Şonda-da ne bir Hudaýa uýup, ne-de dinsize ynanyp iki arada hijisinem bilmeýänlerden bolup ýaşasyň gelýär. Belki, şonuň üçindir, adam özüni öldürse geçilmeýän günä hasaplanylýany?!
Adamyň teninden başga ruhy bolýar. Geliň, musulmançylygy, o dünýäni, magşar gününi beýlede goýalyň. Sen dindar bol, hala ýok, her kim bolsaňam seniň ynamyň, manyň, begenjiň-gynanjyň, wyždanyň-haýaň... bolýar. Şular ýaly düşünjeleriň bary birigip, dirileriň ruhuny düzýär. Ruhy baýlyk, ruhy göýdüklik, ruhybelentlik diýip kän eşdipdim, emma ruhy ölülik bardyr öýtmezdim. Biz näçe gezek öz-özümize «bu zatlaryň soňy puç, etdiň-etmediň parhy ýok, ýeke özüň edip biljek zadyň ýok, bu dünýe saňa düzetdirmez» diýendiris. Bu dogry görünýän pikirleriň aňyrsynda ruhumyzyň boýnuna halka bolup aýlanyp, bogup öldürjek tanabyň ýatandygyny aňsat-aňsat görüp bolmaýar. Şer işleriň öňünde dyz epen günümiz hem biziň haýyr-sahawata zar ruhumyz ölýär. Annasoltan belki şoňa düşünendir?
Maňa wezipe-de, personal maşynam, haýbatly möhürem, ýalan şöhradam gerek däl diýende, belki ol ruhunyň diriligini ähli zatdan ileri goýandyr? Öz-özüňi öldürmegi ret edendir? Dälihanada amanadyny tabşyran Annasoltany Hoja mazara eltip jaýlaýarkalar ölüler dirini jaýlaýardylar ahyryn. Onda Gurbannazar Annasoltan bolup bilmänligi üçin müýnlümi? (Men bu ýerde hökman Annsoltan bolmagyň däl, ýüregindäkini çekinmän aýdyp bilmegiň gürrüňini edýärin). Aýtsaň diňlenmese, aýtmasaňam müýnli bolsaň? Şahyr diňlenmese-de, aýtmalylaryň hataryna girýän ýaly. Onda...
Meniň Gurbannazaryň tarapyny tutasym gelýär. Eger Gurbannazaram nebir goşgular ýazmaly halyna Brežnewdir Gapurowlaryň hapasyna bulaşyp ýören bolsa gynanardym. Emma Annasoltanlaryň aramyzda juda az bolanlygy üçin halaly harama çykaranlaryň, garany ak, ýalany çyn edip gezenleriň bolandygam hakykat. Onda-da tutuş türkmen diýilýäniniň öňüne düşüp, onuň gün-güzeranyny, ykbalyny kesgitlänler... 
Ýöne Annsoltan bilen Gurbannazaryň hamyrmaýalary başga-başga bolsa gerek. Mümkin Gurbannazar has pähimli, şol pähim sebäplem kä ýerde sesini çykarman oturyp bilen şahyrdyr. Maňa deňeşdirip bolmaýan adamlary deňeşdiripdir diýmäň. Annasoltanyňam, Gurbannazaryňam daşky örtügini aýyrsaň – ikisem şahyr. Olaryň biriniň aşa edepli bolanlygy ýa-da beýlekiniň edebiniň, mümkin, gurt daran ýaly daralanlygy sebäpli, gyz halyna jinsi geýimli gezeni – olary deňeşdirip bolmaz ýaly etmeýär. Ýöne aslynda adam bilen adamy deňeşdirmegiň ýalňyş bolmagy mümkin. Emma ýalňyşmajak bolup ýa-da çekinjeňlik edip düşünmeli zadyňa düşünmän galsaň, o-da göwnüňe jaý däl. Niçigem bolsa, niýetimiň arassalygyny öňüme tutup, ol iki şahyryň ruhunyň öňünde şu deňeşdirmäm üçin özümi aýply saýamok. Olar gitdiler, biz galdyk. Bizem gideris. Ýöne gitmänkäk kimdigimizi, kim bolmalydygymyzy, diriligimiziň manysyny biljek bolsak ýagşy. Yzymyzda alasarmykly, alagaraňkylygy galdyrmasak… Ol iki şahyryňam baş maksatlary şol dälmidi?
“Gülnabat daýza gürrüň bersene, azajygam bolsa, hapalardan aýagymy üzmäge kömek etsene”.  Bu sözlerimi eşitdirmesemem, Gurbannazaryň ejesiniň gürrüňini çyn ýüregim bilen isledim. Gülnabat daýza, hamala, meni horlaýan sowallara jogap tapyp berjek bolýan mysaly, elimden tutup, Gurbannazaryň çagalyk ýyllaryna alyp gitdi…

“ …O wagtlar Tejende oturýadyk. Gurbannazar bolaýsa alty-ýedi ýaşyndady-da. Bir gün öýe girsem, ýaňky ýarym-ýaş aglap otyr. «Näme boldy, Gurbannazar jan?» diýsem, «Hommat kör, ýalan sözleseň kyýamatda oda ýakýalar diýdi» diýýär. Hem aglaýa, hem hynçygyryp gepini düşündirjek bolýar. Hommat köp diýýänem özünden sähel ekabyrrajyk oglan-da. Ynha, şoň gürrüňine ynanyp, gözünden döküp otyr. «Gurbannazar jan, sen ýalan sözläňog-a. Ullakan oglan bolupsyň, aglamaly däl-ä indi sen» diýip, esli salymdan zordan köşeşdirdim. Şeýle ynanjaň, sadady-da...

Meniň göz öňüme Gurbannazaryň agam Baýramguly bilen eden jedelinden soň, aşak bakyp oturşy gelýär. Belki, ol şo wagt Annasoltan ýaly bolup bilmändigi üçin ondan ötünç soraýandyr? Annasoltanyň goşgusynyň bir küplediniň gapdalyna Gurbannazaryň «Tfu!» diýip ýazan ekendigini gürrüň berdiler. Gurbannazar juda edeplidi. Edepli adamyňam ýek ýigrenýän zadynyň biedeplikdigi belli. Ýöne gep bu ýerde gönisözlülik barada. Mümkin, şol wagt Gurbannazaryň gözöňüne nähak ýere dälihana-da ejir çekip ýatan Annasoltan gelendir? Onuň arkasyny alyp bilmänligi üçinem aşak bakyp örtenendir. «Oňa geregem şol-da» diýmäni-hä – belli. Belki, hak şahyrlar özüni aýply saýyp ýere baksalar, bu onuň halky üçin uly betbagtçylykdyr?! Ýüpsiz daňylgy, ýesir halkyň nädip doly azat şahyry bolsun?! Özüň-ä şahyr bolup, özüňem doly azat bolmasaň, nähili agyrdyr. Onsoň neneň ol «Öz köňlümem ahy-zarda» diýmesin?! Bir gezek Ahmet Gurbannepesow Gurbannazaryň şu setirine «Bäh, zaňňar bildirmänjik diýýär-aý» diýipdi. Şeýle döwürde hakyky şahyr bolmak üçin, belki, döwründen ep-esli ýokarda bolmak gerekdir. Ýok, şeýle döwürde däl, ähli döwürde… Gurbannazar özüniň «Görogly» operasyna liberetto ýazýandygyny aýdan-da men oňa «Pýesa etseň bolmaýarmy? Operany kim görýär?» diýipdim. Şonda ol: «Türkmeniňem operany uly sungat hökmünde görjek döwri geler» diýipdi. Ony şol wagtlar-a beýle-de dursun, şu wagtam göz öňüňe getirmek kyn. Bu bir öňden görüjilik ýa-da çemeçillik däl. Megerem, Gurbannazar wagtlaýyn zatlar bilen baky zatlaryň arasyny açjak bolan adam. Ol Gapurowyňam, Brežnewiňem bakylyk bilen deňeşdireniňde çigidiň gabygyça-da ýok bir zatdygyna düşünen bolmaly. Annasoltan görgüli şoňa düşünmäni üçin dälihana ötägitdimikä? Ýa-da ol: «Näme bolsam şo bolaýyn ýöne keçäň gülüne seredip müýnli ýaly bolup bir oturmaýyn» diýdimikä? Göwnüme bolmasa, dälihana düşeni üçin Annasoltanam özüni aýply duýýan ýaly bolup dur. Özüni günäsiz duýýanlar, megerem, asla şahyr bolup bilýän däldir. Gülnabat daýza «Ýalan sözleseň kyýamatda oda ýakýarlar» diýip içi-içine sygmaýan Gurbannazary zordan diňdirdim diýýär welin, ol henizem aglap oturan ýaly. Hakyky şahyryň agysynam diňdirip bolmaýan bolsa gerek. Neresäň özi diýmeýärmi:


Il-günüň hasratyn ýüregne çekip, 
Soňra ýürek agyrsyndan ölýärler.


Men birinji gezek Gurbannazary ejiz, biçäre halda göz öňüme getirýärin. Onuň arassa ruhy mydama gelip meň başymy sypalaýardy. Bu gün men onuň şol howandar ruhunyň başyny sypalasym gelýär. Ol:


«Eger deňze gerek bolsa hemaýat, 
Onda adam ogly näme işlesin?!»


 hem diýerdi. Şu goşgusyny okaýarka ol özüni göz öňünde tutýandyram öýütmändirin.





2. «Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam…»




Biziň hemmämizem «ýalan sözläniň üçin kyýamatda oda ýakaýarlar» diýip aglamasagam, çagakak sada hem ynanjaň bolýarys. Adama berlen bar ömür-ä ýetmiş-segsen ýyljyk, onuňam ýarsyna golaýyny mana düşmez çaga bolup geçirýärsiň. Niçikmi aga-gara düşünip ugralýaram welin, garrylyk ajaly yzyna tirkäp gelýär. Garrap ölüp bilseňem şükür edýäň, Gurbannazaryňky ýaly diýen wagtyň ölüp ötägitmegiňem mümkin. Onsaň şu çagalyk diýlip biderek geçýän ýyllara gynanardym. “Adam dünýä ineninde gyzyletene dogulman güýçli, kuwwatly, akylly-paýhasly dogulýan bolsa bolmaýarmy” diýip pikir ederdim. Ýaşadygymça-da Hudaýa şükür edýän, çagalyk diýip, şeýle ajaýyp ýyllary beripsiň, o ýaşymyzda ýüregimiz arassa, kalbymyz päk ýaşapdyrys. Şindi-şindem çagalygyňy ýatlanyňda ýüregiň durlanan ýaly bolýar. Radio komitetde işlän wagtlarym, golaýynda «Çagalar dünýäsi» diýip uly magazin bardy. Günortan nahar wagty her gün diýen ýaly şol ýere aýlanardym. Hiç zadam satyn almazdym. Ondaky oýnawaçlar dynjymy bererdi. Sary diş adamlardan soň, o dükana giremde başga dünýä düşen ýaly bolardym. Eger çagalygymyz bolman göni şu köpbilmişligimizde dünýä inäýen bolsak dagy, gör, nähili betbagt bolardyk. Kiçijikkäk aldyran suratymyzdan gözümizi aýyryp bilmän oturýarys. Wah, şojagaz ýaşym gaýdyp gelsedi diýýäs. Aýnadan öz ýüzüňe gözüň düşäýse, öz-özünden utananyňy duýman galýaň. Çaga diýlen perişde ýaly arassa zat-da. Ýöne biz ulalýarys. Öz arassalygymyz, ynanjaňlygymyz üçin awunan gezeklerimiz üçin wehimli bolup başlaýarys. Mekirleşýäris, dünýä düşünýäris, aldanan gezeklerimizi ýerine saljak bolup, başga birini has beter awundyrýarys. Biz edil ýitiren çagalygymyz üçin ar alýan ýaly. Käte ony aňry ýany bilen başarýarysam. Gurbannazar näme şol çagalygyna galaýdymyka? Ol şeýle bagtlydymyka? Şeýle Hudaýyň halan adamsydymyka? Meniň oňa gözüm gidýär. Dirikäde onuň bilen sähel salym gürleşen adamyň oňa gözi giderdi. Gyz-gelinleriň-ä oňa aşyk bolmadygy ýokdur.

— Halnabat gelneje, birhili gelşiksizrägem welin, Gurbannazary gyzkaňam tanaýarmydyň?
— Ýok.
— Öýlenmänkä görjek dagam bolmanmydyr?
— Görjek diýipdir. Kerim aga bilen barypdyrlaram welin, görübilmändir-dä...

Meniň ýüregim jigläp gitdi. Onuň gyzka Gurbannazara görnüp bilmänine gynanjy görnüp giden ýaly boldy. Türkmenim seniň edebiňe döneýin. Hudaýym, şu bir senden aýrylmasyn. Görüşmän, bilişmän durmuşa çykan bu gelniň telim duşuşyp durmuşa çykanlaryňkydan kän çuň duýgusyny gözüň bilen görmeseň, näçe ýazsaňam bärden gaýtjak. Şonda-da, ýene hemmesi täzden başlanýanda-da, onuň durmuşa çykjak oglanyna görünmek üçin daşaryk çykmajagy aýan görnüp dur. Goý, ol Gurbannazaram bolsa bolubersin. Şeýle edebiň bolmasa, şeýle söýgi sende nädip ýerleşsin?! Sögiň gaby edep ahyryn. Ýogsa bary-ýogy on ýyljyk bile ýaşaşan gelin Gurbannazary ýekeje sagat artyk görüp bolýan bolsa görsem diýýär. Ol ony ýigit çykansoň däl, çagalygyndan göresi gelýär. Mekdebe bile gatnasy, bir partada oturasy… Ýazgyt diýýärler. Bir-birlerini ýeke gezegem görmedik, ýöne şeýle bir bir-birlerine taý adamlary iki dünýe ýoldaş eden şol ýazgydyň ýazylan pursady nähili ajaýyp, täsin pursatdyka? Megerem, şol wagt periler-perişdeler begençlerine hakykatdanam guş bolup uçandyr. Käte ýeriň ýzüniňem şeýle täsin owadanlanýan salymlary bolýar. Mümkin, şol sähelçe salymlarda şeýle üýtgeşik ýazgytlar ýazylýandyr. Men Halnabat gelnejäniň gözlerinde näçe gussa görsemem, Gurbannazara sataşanyna gynanç görmeýärdim. Ýogsa näçe islemese-de, Gurbannazar ony ýaňy otuza ýetende ýeke goýup gidipdi. Biz hemme zady ýyl bilen ölçemäge endik edipdiris. Ýöne ýanyndaky bilen tükeniksiz ýyllar bäri bile ýaşap ýören zenanlaryň içinde Halnabat gelnejäniň şol on ýyljagazyna zar bolup ýörenleriň bardygy belli. Onsoň oturýan-oturýanda adam ýyl diýlen, wagt diýlen zady özüni aldamak üçin oýlap tapaýan ýaly görýän. Adamyň doglan güni bäbek bolup zemine gelen gününden däl-de, has başgarak günden başlanyp, ölen günem deminiň sogrulan gününden däl-de, has başgarak günden başlanmaýarmy eýsem?! Asla dogulman ölüp gidýänlerimizem aramyzda bar ýaly. Edil şonuň ýaly, asla ölmeýänlerem aramyzda. 
Halnabat gelneje gussaly gözlerini diktofonyma çala aýlap goýberdi. Hamala: “Sesimi ýazarsyň, galanyny nätjek?” diýýän ýaly gördüm. Niçigem bolsa, ol gürrüňini dowam etdirdi:

— Çaga ýalydy-da, birhili. Hamala ol meni aýal hökmünde kabul edenokdy-da kiçijik, lälijek çaga ýaly özüne öwrenişdirjek bolýardy. Öň jigilem kän bolansoň, köplügräk ýerden gelemsoň, ýeke özüm çolasyraýandyr öýderdi, goňşularynyň çagalaryny çagyryp getirerdi. Dutar çalyp, olara aýdym aýtdyrardy. Özem olara goşulyp hiňlenen bolardy. Maňa ýüregi gysmasyn diýip şeýdýänini bilip durdum. Edil çaga ýalydy-da. Ýogsa öýlenende ýigrimi bäş ýaşyndady.

«Aýaly ýaşdan, çagany başdan diýipdirler» diýip bir tanyş oglanyň täze gelen gelniniň ýanyna sakgalyny ösdürip barşyny gürrüň bereni ýadyma düşýär. Onuň başga-da gelni bile «terbiýeçilik işlerini» geçirşi ýadymda. Şu wagt, Halnabat gelnejäniň gürrüňini bölüp olary gürrüň bermäýin. Onuň öz ýadyma düşenine-de nälaç.

- Görmegeý, syratly ýaş oglan. Ne gözel, ýokary bilimli gyzlar bilen tirkeşipdir. Iň soňunda-da ýedi klas bilimli oba gyzyna, görmän-bilmän, bir samsyjak gyza öýlenip oturberipdir diýýän kä wagt öz-özüme. Hem haýran galýan. «Men nire, sen nire eziz Pyragy?» diýmeýärmi özi. Şoň ýaly, men nire, Gurbannazar nire?! Ýazgyt diýlen çyn boldugy-da. Alty ýaş dört aý men ondan kiçi. Atasy pahyr elli dokuzynjy ýyl ýogalypdyr-da. «Ölmänkäm öýereýin, öýleneniňi göreýin» diýse, Gurbannazar etmändir. “Şonda sen etmediň, öýlenmediň” diýýä-dä ejesi"...


Soñy.

355DOST
Elif
24.03.2019 / 10:59:27
+4
Elif, Hydyr Amangeldiÿew.
201Täzeje
Sepil
24.03.2019 / 14:48:03
+1
Sag bol!
170Ýaşuly
Durdyeva
24.03.2019 / 17:09:50
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+1

Hezil edip okadym kop sagbol Elif ellerine su guller menden sana
481Betinden
Olýa
24.03.2019 / 22:16:12
Sabyrly ynsan hemise bagtly durmusyn eyesi bolýandyr

+1

Tuweleme hemmesini yaltanman yazypsyn sag bol paylasanyn ucin elin gozun dert gormesin.

355DOST
Elif
24.03.2019 / 22:24:03
+1
Olýa, bu elektron gòrûnûśde bar. Eger isleseñ gidip okap bilersiñ. ekizler2.com
355DOST
Elif
24.03.2019 / 22:25:05
+0
Olýa, her bir ÿazan zatlary halarlyk derejede...

Soňky jogaplar:

Bu bir erteki bolaymasa aslynda bir zat diyende iki edip jogap berolara bu gelin diyenlen ichine salyp yoreni yok yone gowy pikir eken shunsy tuys erkeklere gerek maslahat...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
MODERATORs (Bu gün, 01:44:05)
Ýylana öwrülÿädimi agsham dushende, sho tymsala garashdym...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
Mahris (Bu gün, 01:05:01)
IMG şuna dusunmedim...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
MMBs (29.04.2024 / 20:37:30)
aymurat, Beýtmeli däldä dost, senden tama ulydyda...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:25:15)
Şeýtan diýýä, islendik sypata girip düşümize girip bilýä diýýä...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Mazarystana zyýarat etdim
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:23:00)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023