Eje, ýylgyrşyňy ýadyma saldy... - Halanlaryma goş
Teswirler:
547Gytyndan
Ayhan
06.03.2019 / 08:45:34
unknown

+9

Öwrederdiň gözelligi söýmäni,
Öwrederdiň ýigrenmäni galplygy.
Ugradardyň säher bilen mekdebe,
Torbajygma salyp depder,
«Harplygy».


Ýollarymda ýoldaş edip nazarňy,
Durarsyň sen şol yzymdan gararda.
Dursuň sen güýzlerden bäri seredip,
Dursuň baharlarda, ýagyşda, garda.


Ýyllar geçip, Boýum geçip boýumdan,
Ädimime gysga gelse-de ýollar.
Dursuň indi weli okuwçy däl-de,
Mugallym ogluňy mekdebe ýollap. ...
Garašÿarsyñ käbäm... on bäş ýyl bäri,
Şu pursatda bir zada göz ýetirýän.
Meger, durmagyňdyr ýoluma garap,
Sag-amanja meni öýe getirýän.

Seÿran SEŸITMÄMMEDOW

355DOST
Elif
06.03.2019 / 14:31:06
+2
Ayhan, gośgulary ôzûme aldym, sag boluñ yetirenñize.
547Gytyndan
Ayhan
06.03.2019 / 08:57:55
unknown

+6

Şapak öçer,
Öçse öçsün ýöne ol
Közünden gözümi gandyryp gitsin.
Gije geçer,
Geçse geçsin ýöne ol
Patrak ýyldyzlaryn galdyryp gitsin.


Ýyllar geçer,
Geçse geçsin ýöne ol
Iň gowy günleri gitmesin alyp.
Söýgüliň bir zadyn sora diýseler,
Oň nazaryn alyp galjagym anyk.


Kä günler ýalňyzlyk bolýar
myhmanym,
Ýekelikde käte keýpim bozulýar.
Dostlar gidibersin (işleri kändir),
Dostlugmyzy alyp gitmese bolýar.


Baharlardan näme galsyn diýseler,
Sorardym oň mahmal, elwan çeçegin.
Belli bir zady hem sora diýseler,
Ömürlik islärdim mährin ejemiň.

Seÿran SEŸITMÄMMEDOW
940DOST
TNT
06.03.2019 / 09:16:44
Мечтай смело!

+5

Ajayyp goshgylar
39Özümiziňki
Yslam9546
06.03.2019 / 12:45:35
+1
Ejelerimizi söýelň, ezizläliň

355DOST
Elif
06.03.2019 / 14:28:01
+0
Yslam9546,
355DOST
Elif
06.03.2019 / 14:29:31
+0
Yslam9546, yalnyshlyk)
670Öwreniji
CharyDeejay
06.03.2019 / 17:42:22
+1
Gowja yazylypdyr
1033Özümiziňki
Lalejik96
06.03.2019 / 22:18:05
Mashgalam-bash galam!

+0

manyly gosgylar yenede yetirip durun sular yaly gosgylary

Soňky jogaplar:

Arzuw., hakyky)...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
garaburcs (Bu gün, 13:27:53)
Mahri, samglawny yumurtgany yuwyañ dami :ah:...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
raymonds (Bu gün, 12:37:06)
Dz ili süýtli çaý bolsa öňlerinde palow goýsaňam ilki çaýy içip onnaň palow iýýäler dp eştdim...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
Arzuw.s (Bu gün, 07:16:27)
Manyly eken...Dowamy
Umumy bölüm | ýagşylyk et derýa at
Kevins (Bu gün, 07:12:52)
Mokujin, Da.Guyçliler yone yere aglayan daldir!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:17:34)
Dostluk.Ru © 2018-2024