Ussat şahyr Gurbannazar Ezizowyñ ömri we döredijiligi - Halanlaryma goş
Teswirler:
373DOST
SerVi
01.03.2019 / 02:31:33
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!

+4

Durna, jümjümeli, älemgoşarly,
Ūlkäme toý bolup gelen ýazlarym.
Edepli-ekramly gunduz goşarly,
Bäs edişdiñ gyzlar bilen yazlarym.

Çaga bolup ýaýlalañda oýnadym,
Ýigit çykyp görmegiñden doýmadym.
Kämillikde Şygyrystanda ýaýnadym,
Ýylda ussat bolup gelen ýazlarym.

Diriliş sen, galkynyş sen, durmuş sen,
Guşa ganat, bize ylham bermiş sen.
Elwan köpri gelejege geçmişden,
Çyn aşyga döwran bolan ýazlarym.

Göz aýladym bu gün ýakyn-daşlarym,
Begenjimden gök diredi başlarym.
Söýenim, sylanym, deńi-duşlarym,
Aman eken ilen-çalan yazlarym.

Sen bir jadygöý sen, giden bir many,
Özūñ bilen ýazlaşdyrdyñ ynsany.
Maña il-günümiñ şöhraty-şany-
Nesip etsin seniñ bilen, ýazlarym.

G.Ezizow / Ýazlarym.
940DOST
TNT
01.03.2019 / 02:55:46
Мечтай смело!

+4

Ajayyp shahyr, sps awtor))

373DOST
SerVi
01.03.2019 / 07:47:33
+0
TNT,
Kop sagbol su yuregi nadip goyyanyzay öwretsenizlan manada kopden bari gelmanson bilemoga
940DOST
TNT
01.03.2019 / 09:03:35
+4
Yurejigin ustune basyp gor))
170Ýaşuly
S.Durdyeva
01.03.2019 / 10:48:51
+1
Vay senem men yaly yurek dp gygyryp otyrmyn gyz ony haysy tesvir govy bolsa sona basmaly ekeni
170Ýaşuly
S.Durdyeva
01.03.2019 / 10:51:02
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+3

Bilyan,yyl dolanyp,asyrlar gecer,
bulutlar gocerler,coller-de gocer.


Shonda damja donsem,bolar bir karim:
men elmydam teshneleri gozlarin.



Eger baga donsem,bolar bir karim:
men ynsana saya salmak islarin.


Yyldyz bolup aralashsam aleme,
sheyle ykbalymdan sahel nalaman.


Yasharyn uzakda bir arzuw bilen,
ynering adamlarna garasharyn men!

Gurbannazar Ezizow
170Ýaşuly
S.Durdyeva
01.03.2019 / 10:52:17
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+2

Maňa seniň gözleriňden gitme
ýok
Maňa seniň gözleriňden gitme
ýok.
Maňa seniň sözleriňden gitme
ýok.
Düşün, bu dünýäde soňky güne
çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly
men .
Seniň ýüpek gijeleriňden gitme
ýok .
Seniň aýdyň gündizleňden gitme
yok.
Bu garagol jahyllykdan giderin.
Ol hasaly gojalykdan giderin .
Çünki men olardan gitmän
bilemok .
Emma seniň ykbalyňdan gitme
ýok .
Men zemin .
Sen bolsa ullakan asman .
Saçyňy nur edip üstüme
dökýäň .
Emma ,düşün ,läläm, şeýle gün
dogar:
Saçlaryň gar bolup üstüme
ýagar .
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň
ýüzüne .
Men bir gyzda gözleriňi görerin .
Men bir gyzda sözleriňi görerin .
Şapakda görerin-ýaňagyn alyn .
Gijede görerin –ýaňagyn halyn .
Synlap ýapraklaryň ýüzünde
deriň ,
Onda seniň gözýaşyňy görerin .
Zemin aylanyp dur ,
Oňatlyk örän !
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma
ýok .
Dünýäň her gülünde men seni
görän ,
Şonuň üçin bu dünýäden gitme
ýok.
419
Милион алыхроз
01.03.2019 / 12:46:32
+2
Ýašlyk

Gazaply kazy deý, mydam başymda
Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.
Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.

Bir zada düşünýän, şowhunly günler
Al atymy çapyp ýören haladym,
Öňümden çykana gül ýaşlygymy
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.

Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek dostlara
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.

Öwgülerden humar bolup, gijeler
«Alyň!» diýip, kişiň gapysyn kakdym.
Ýaşlygmy gül edip, jomartlyk bile,
Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym.

Men ony boş gijelere paýladym.
Men ony
Boş gürrüňlere paýladym.
Ine, bu gün uly döwletden galan
Köpüklermi ahmyr bilen sanadym.

Neçün beýle bolýar? Ilki ýalňyşyp,
Soňra ökünç bile egilip ýörüs!
Jaýymyzy çilim çekip, tüsseläp,
Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!

Ah, bu gün säherem şeýle bir çytyk,
Bolaýmagy mümkin tüýs ýagyşly gün.
Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady,
Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...

Gurbannazar Ezizow.
373DOST
SerVi
01.03.2019 / 14:13:38
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!

+1

Berekella joralar ajayyp gosgylarnza tuys yurkden sagbolsun aydyyan okanynyza
okamadyklaram sagbolsunlar

419
Милион алыхроз
01.03.2019 / 14:38:49
+1
SerVi, Sen sagbol joram

Umman
01.03.2019 / 14:26:46
+2
Ozal okalmadyk goşgulary hem bar ekeni.

Soňky jogaplar:

Shu her gezek "joram" sozuni okap, men birhili bolyan-lay. Sizin ozara gatnashygynyz kopchulikde Tiko zyyan bermeyarmi? Jora diylip gyza aydylya diyip bilyan men-a. Gutlanyn gowy zat yone sonundaky "j...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahris (Bu gün, 17:53:45)
Çilimle ze best :kul2:...Dowamy
Umumy bölüm | ÝYLGYR BU MUGT
Mahris (Bu gün, 15:40:41)
Uzak ýaşa!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Gurbanmyrats (Bu gün, 15:32:22)
Sagbol raymond, gardaş arzuwlaryň hasyl bolsun...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 13:49:59)
Uzak yaşa gardaşm...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
raymonds (Bu gün, 13:47:45)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023