Gurbannazar Ezizow . - Halanlaryma goş
Teswirler:

Umman
24.02.2019 / 10:40:46
+2
Bilbilim

Aýdymyňdan derde derman gözleseň,
Ýüzüň düşmez,
mylakata, iýme kän,
Gaty beletdirin bu zatlara men,
Çünki menem özüň ýaly bimekan.

Bimekanym,
saňa göwnüm açaýyn,
Tagapyl et, daňa çenli saýrama.
Aýtdym-a häli men,
ykbaldaşlar biz,
Men öwgä mätäç däl, senem baýraga.

Birmahallar kändi meniň syrdaşym,
Ýeke gezip ýörün, bilbilim, indem.
Başym çaşdy,
okuwdanam kowuldym,
«Ikilik» aldym-da dil biliminden.

(Dil nämedir ýüregiňde söz bolsa,
Garaşýarkaň hyrydara ýeterne.
Kalby sazly şehit bolsa kaýyldyr,
Duş bolsa-da belalaryň beterne).

Şondan soň mugtuna saýrap başladym,
Şoldur biziň ömrümiziň ýalňyşy.
Göwün diýenimem tersine boldy,
Bar ýaly ykbalyň mende algysy.

Men, barybir, henek etdim ykbala,
A, ol welin, düşünmedi, eýesiz!
Nätjek-dä, bilbilim, ýazgytda bolsa,
Doganyň neýlesin, dost-ýar neýlesin?!

Meni aý-ýyllar däl, günüm garratdy,
Indi zeýrenmegem görünýär çemsiz.
Ynansaň, gözlerim ýumdurjak ýokdur,
Bir gün iýnim sowap, ýykylsam demsiz.

Ýeri bolýar, mähribanym, gynanma,
Janymyz sag,
düzüw niýet-pälimiz.
Bolmajak zat barmy ýagty jahanda,
Şatlyga-da sataşarys häli biz!


ÇARY ÝEGENMYRAT


«Obada»

Ýazýan diýsem, arzaçydyr öýdenler,
Düňle görýän adamlaryň käsini.
Emma, gelen çagy, kowman öýden men,
Ýetirýärin gürrüňlerniň häsini.

Men barsamam, ýer berýärler töründen,
Bu obada hemmämiz bir nebere.
Başymy dik tutup, ýaşap ýörün men,
Dogry, sebäbem ýok başym egere.

Göwnüme jaý bu obanyň däpleri,
Men olary turuwbaşdan haladym.
Bärde uly-kiçi bary edepli,
Paýyş sözler aýdylmaýar mala-da.

Bir gysym çöpleme bermesemem men,
Ýa oduna nepýag damdyrmasam-da.
Ýol bilen barýarkam, duz hödürleýär,
Nan ýapýan zenanlar tamdyr başynda.

Şonda duz dadýaryn, «Sag boluň!» diýip,
Ýogsam, zar dälem men döwüm çörege.
Bilýän, iliň halal duzuny iýip,
Aňsat maňa, ýollarymda ýöreme.

Men öz obam bilen bir tenu-bir jan,
Bu ýerdekäm ýüregimde gam durmuz.
Bagtymyz güllesin,
Güllemesin nan,
Hem hiç haçan sowamasyn tamdyrlar!

Çary Ýegenmyrat


Dostlar bähbit gözläp gitdi tirkeşip,
Sag gitsin de aman bolsun goý, olar.
Barybir günlerim garañkyramaz,
Gijelerin altyn şöhlä boýalar.

Heniz gynanamok meniñ adymdan,
Öz peýdasy üçin geplänlerine.
Men gaýta: "Hormatdan nyşandyr" diýýän.
Naharyma zäher sepmänlerine.

Bähbit bolsun, doslar gitdi terk edip,
Sähel zat üstinde bolduk agzala.
Her kim her zatlara deñeselerem,
Durmuş diýlen meñzeş eken wokzala.

Aýlygynam telim sanap alardy,
Olar biçak zordy hasap hesibe.
Gel gowsy goýaýyn bu gürriñi,
Adam gider çeken bolsa nesibe.

Ýok olar ýalñyşjak adamlar däldi,
Hökman ýedi ölçäp bir kesendirler.
Belki, çyn bahamy añlamak üçin
Şunça ýyl bialaç tirkeşendirler.

Dostlar gitdi, bulaşypdyr hasaby,
Emma dünýäm altyn şöhlä boýalar.
Tabagyma zäher sepmäni üçin,
Sag gitsinde aman bolsun, goý, olar!..

Çary ÝEGENMYRAT

Umman
24.02.2019 / 10:44:40
+1
YLHAMSÖÝÜN_GOÑURLY

Geliñ kemsitmäliñ birek-biregi

Geliñ, kemsitmäliñ birek-biregi
Olar bizi görip ýylgyryp bilsin
Ölesi gelmesin hiç kim biz üçin
Tersine, biz üçin ýaşasy gelsin

Zeminde birini kemsitsek bu gün
Ertir bizi asman kemsider, ahmal
Şoñ üçin köñlümiz söýgä beslensin
Şonuñ üçin bolsyn, dilimiz mahmal

Geliñ, kemsitmäliñ ýakyny-ýady
Olaryñ kiçijek göwnin döwmäliñ
Onuñ haky dälde özümiz üçin
Ýörite ýazgaryp ýalan öwmäliñ

Geliñ, kemsitmäliñ söýenimizi
Bir ömürlik söýsin Zöhresin Tahyr
Synagam gurmalyñ sy:ndyrmak üçin
Ömür örtenerden gysgarak ahyr

Geliñ, dost bolalyñ birek-birege
Duşmanlyk düşünjä nokat goýalyñ
Bize gözi gitsin bütün dünýäniñ
Bir-biregi Türkmen bolyp söýeliñ
Bize Arşdan Allah bereket guýsyn
Bir-biregi dogan ýaly söýeliñ


YLHAMSÖÝÜN_GOÑURLY

Ýol Ýitmez

At basar, it basar bu ýollañ boýyn
Bu ýol ýyllar boýy basylar durar
Kem-kem täze yzlar peýda bolarda
Köneler kem-kemden kesiler durar

Aýak yzlar ýiter
ýöne ýol ýitmez
Ýüz, müñden bir merde garaşar durar
Egninde mertebe daşamak üçin
Ýollar ýyllar bilen göreşer durar

A:l tapar, ha:l tapar, sa:l tapar adam
Ýollarda bir ömür jemlär ahyry
Eýýamlar, heññamlar, endamlar bilen
Hökman dörär durar köçe şahyry.

Ulagy, gulagy, ýalagy bilen
Keramat hadysa, keramat eser
Ýolda aýlar ýörer ykbal şemaly
Kimleriñ başyna melamat heser

Bir öýe toý barar ýolyñ üstinden
Bir öýe ýa:s geler ýolyñ üstinden
Ikisem deñ i:ner syrly başlara
Beýnide jemlenen päliñ üstinden

...dowamy bar

kocesahyry

21.10.2017.ý. 12:12
615Täzeje
honor
24.02.2019 / 12:39:57
+0
Yazyber okars yzynam


Umman
24.02.2019 / 12:50:11
+0
honor, Dowamyny awtor bilmäýmese mende dowamy ýokdy. Men diňe şeýle görnüşde bardy.

Soňky jogaplar:

Bagtly yigitlen biri bol jan saglyk bn uzak yasha...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Ter stegens (Bu gün, 07:05:35)
Tiko diýip tanalýar, Aktiwlik hem gazanýar. Arzuw edýäs Dostlukdan Ýaşasyn ol bagtyýar !...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Charys (Bu gün, 06:43:56)
Sagbol Gurbanmyrat, dost arzuwyň hasyl bolsun...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 06:23:53)
Mahri, govy gorusyan dost oglanym su satyda edil joram yaly şoñ ucin yazdym gyz bolanok beyle diyleni bilen Makgijan...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Dogruçyls (Düýn, 21:38:27)
Shu her gezek "joram" sozuni okap, men birhili bolyan-lay. Sizin ozara gatnashygynyz kopchulikde Tiko zyyan bermeyarmi? Jora diylip gyza aydylya diyip bilyan men-a. Gutlanyn gowy zat yone sonundaky "j...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahris (Düýn, 17:53:45)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023