PARS TEBIBI BARZUÝA HAKYNDA - Halanlaryma goş
Teswirler:
547Gytyndan
Ayhan
17.02.2019 / 13:05:06
unknown

+6

Hekaýa

Bir ogry öz ülpetleri bilen bile bir baý adamyň öýüne ogurlyga barypdyr. Öý eýesi aýak sesine oýanyp, öýde ogrynyň bardygyny duýupdyr. Aýalyny ýuwaşlyk bilen oýaryp, oňa ýagdaýy düşündiripdir we şeýle diýipdir: – Men uklan bolup ýataryn, sen bolsa menden bu baýlyklary nädip tapanymy gaty ses bilen soran bol. Eger jogap bermek islemesem, gaýta beter hötjetlenip, menden aýgytly jogap talap et.
Aýaly äriniň aýdyşy ýaly edip, sowal berdi. Äri aýtdy: – Eý, heleý, meni günüme goý, beýle sowallar bilen meniň başymy agyrtma. Dogrymy aýtsam, adamlar eşider diýip gorkýan, biabraý bolup galarys, halk bolsa bizden ýüz öwrer.
Aýaly ondan ýene jogap talap etdi. Äri aýtdy: – Şony bilmek nämäňe gerek? Äriň gizlin syry bilen aýalynyň nä işi bar?
Aýaly aýtdy: – Bilesim gelýär. Aýt derrew...
Äri aýtdy: – Bu dünýä maly ogurlyk bilen tapylandyr. Bir mahallar men ady belli ogrudym. Aý-aýdyň gijeler baý adamlaryň ýaşaýan jaýynyň öňünde doga okardym-da, Aýyň nury düşüp duran öýüň depesine çykardym. «Şöhläm!» diýip ýedi gezek gaýtalardym, soňam şol şöhleden aslyşardym-da, hiç bir päsgelçiliksiz öýüň ortarasyna düşer durubererdim. Ol ýerde-de ýene «Şöhläm, şöhläm!» diýip ýedi gezek aýdanymdan soň, öýdäki pullar, gymmat bahaly zatlar öz-özünden öňüme ýygnanybererdi. Şolardan güýjüm ýetdiginden alardym-da, ýene «şöhläme» ýedi sapar sygynyp, tüýnükden çykar ötägiderdim. Şol doga zerarly men göze ilmez bolup bilýärdim, şol sebäplem menden hiç kim gümanam edenokdy.
Ogrular muny eşidip, syry bilenlerine gaty begendiler. Az-owlak ses-selemsiz oturanlaryndan soň, öý eýeleri ýene ymykly uka gidendirler öýdüp, ogrularbaşy ýedi gezek «Şöhläm, şöhläm!» diýdi, emma aýagyny tekjä goýan badyna o taýdaky zatlar bilen bilelikde şakyrdap aşak gaýtdy. Öý eýesi derhal oýandy hem-de taýak bilen ogrynyň kellesine suňşurdy. Soňra ol «ömrüm boýy ýygnan halal baýlygymy saňa aňsatlyk bilen berer oturyberer öýtdüňmi? Kimligiňi aýt, ýogsam ölersiň» – diýip hemleli gürledi.
Ogry aýtdy: – «Men seniň alyňa çolaşyp, tora düşen nalajedeýin bir nadandyryn».
547Gytyndan
Ayhan
17.02.2019 / 13:06:15
unknown

+5

Mahlasy, anyk bir ýörelgäm bolmany sebäpli hakykaty tapyp bilmedim we ýene-de hyýal deňzine özümi urdum: «ata-babalarymyň dininde galyp, şoňa yhlas görkezsem, ata-babam tüýdükçi bolany üçin menem tüýdükçi bolaýmaly» diýip düşünýän adama meňzärin. Täze bir din ýoluny gözläp başlaýyn diýsem-de, oňa ömrüm ýetmez öýdüp gorkýan, sebäbi ol eýýäm tamama golaýlap ýör».
Bu agyr oýlaryň soňy görünmese, hiç bir sogap işe ýetişmän dünýeden öter giderin. Şo sebäplem men ähli dinlerden geçip, ähli zatdan ýokarda durýan, akyla sygýan işlere baş urmak kararyna geldim.
Şondan bäri men hatda haýwanlara hem azar beremok, mör-möjegi hem öldüremok. Adamlary birahatlandyrmakdan, olara nähilidir bir azap-ejir ýa ikilik etmekden bütinleý geçdim, ýalan-ýaşryk, gybat, töhmet sözlerden dilimi ýygnap aldym, halka jepa bermekden we dünýä baýlygyna göz gyzdyrmakdan, jalataýlyk hem gopbamsylyk ýaly ýaramaz işlerden çetde durdum. Ýamanlardan gaçyp, ýagşylara goşuldym. Hakykata hem ruhy arassalyga elimi berdim. Sebäbi dünýäde hakykatdan gowy dost ýok. Dogrulyk arkaly, eger ol jemgyýetiň özünde bar bolsa, islendik maksadyňa ýetmek mümkin. Dogrulyk hem hakykat şeýle bir baýlyk bolup, ol her näçe paýlaşanyň bilen azalanok, sarp edeniň bilenem kemänok. Dogry gepli adam şadanam gorkmaýar, ot-suw belasy-da, ýyrtyjy haýwanlar we beýleki peläketlerem oňa zyýan ýetirip bilmeýär. Eger, kimde kim dogry ýoldan çykyp, diňe baýlyk toplamak bilen meşgullansa, öz ömrüni biderek işlere bagyşlasa, indiki hekaýada gürrüň ediljek söwdagäriň kysmaty ol adamyň hem başyna düşer.
547Gytyndan
Ayhan
17.02.2019 / 13:07:12
unknown

+3

Hekaýa

Şeýle gürrüň berýärler: bir söwdagäriň gymmat bahaly daşlary kän ekeni. Söwdagär olary deşdirmek üçin ýüz dinar tölemek şerti bilen bir adamy öýüne getiripdir. Ol adam öýe gelip, işe başlaýyn diýip durka, onuň nazary bir burçda duran saz guralyna düşüpdir. Saz guralyna höwes bilen onuň seredýänini gören söwdagär: – Çalyp bilýärmiň? – diýip sorady. Hyzmatkär: – Onda-da nähili! – diýip jogap berdi. Dogrudanam, ol ony çalmaga diýseň ökdedi. Söwdagär: – Çal! – diýip, oňa buýruk berdi. Hyzmatkär saz guralyny eline alyp, gulaga ýakymly ajaýyp bir mukamy çalyp ugrady, şirin labyz bilen aýdym aýtdy. Söwdagär ony keýp edip diňledi, gowy dynç aldy. Göwherler welin deşilmän galdy. Gün gijigeni sebäpli hyzmatkär hakyny sorady. Söwdagär aýtdy: – Göwherler öň nähili duran bolsa, şonuň ýalylygynda galdy. Edilmedik işe hak berilmeýär. Hyzmatkär gaharlanyp, söwdagäriň üstüne gygyrdy: «Men seniň buýran işiňi etdim, hakymy bermezlige hukugyň ýok».
Söwdagär hyzmatça şertleşilen puly tölemäge mejbur boldy.
547Gytyndan
Ayhan
17.02.2019 / 13:08:09
unknown

+5

Mömin-musulman bolmagy niýet edinip, ybadat bilen meşgullanyp başladym. daşky görnüşimiň içki dünýäm bilen, işim bilen hereketimiň biri-birine laýyk gelmegini Allatagaladan diledim. Sebäbi möminlik hem dogrulyk günäden saplanmagyň üçin polat lybasyňdyr.
Dogrulyk hem möminlik netijeleriniň biri şü: ömrüň ötegçidigi, dünýäniň panydygy seni aýňaldyrmaýar. Dindar adam bu ötegçi dünýäniň işlerine içgin nazar aýlasa, ondaky hapalyklary hut öz gözi bilen görer we dünýäden gury gitmezlik üçin ýagşy işlere baş goşar. Şöhratparazlyk etmez, köňül rahatlygy üçin takdyryndan razy bolar. Dünýäniň azaplaryndan dynmak hem-de günälerinden saplanmak üçin özüni ýalňyzlyga salar, barçanyň muhabbetine eýe bolmak üçin hiç kime bahyllyk kylmaz. Mal-dünýäsinden aýrylyp galmak teşwişinden halas bolmak üçin sahylygy özüne lazymat biler, puşmana gelmezlik üçin, bir iş tutsa, akylyna öňünden ýaýraw berer, kanagatly bolmak üçin o dünýä azabyny ýadyndan çykarmaz, ýalňyşmazlyk üçin herki zadyň soňuny saldarlap-ölçäp görer, dynçlykda, rahatda ýaşamak üçin adamyň raýyny ýykmaz.
Dine gulluk etmegiň ýeňil-ýelpaý iş däldigi hakynda oýlandygymça, şonça-da oňa göwnüm galkynardy. Emma bu dünýäniň eşretinden geçip, nagtdan galyp, nesýäniň yzyndan ýüwürmegiňem kyn zat ekenligini bildim. Bu ýolda nähilidir bir hata goýbersem, bu dünýäde-de, o dünýäde-de rahatlyk tapyp bilmejekdigimden, haýyr işlere baş goşup, ahyrynda ýene puşmana gelerimden gorkýardym. Şeýle bolaýsa, men agzyndaky süňki suwda görüp, ony-da almak üçin özüni suwa taşlan, netijede, agzyndaky süňkünden binesip galan itiň ahwalyna sataşardym.
547Gytyndan
Ayhan
17.02.2019 / 13:09:08
unknown

+2

dowamy bar...

13Gerekli
Hako
26.07.2019 / 07:48:21
+1
Ayhan, Bagyşlarsyñ, hany dowamy?)
1155Täzeje
mithun
26.03.2019 / 16:29:35
+1
Gaty gowy diysen yarady. Dowamyna garashyarys! Yetirnine hem uly Tanryyalkasyn aydyaryn!

Soňky jogaplar:

Çilimle ze best :kul2:...Dowamy
Umumy bölüm | ÝYLGYR BU MUGT
Mahris (Bu gün, 15:40:41)
Uzak ýaşa!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Gurbanmyrats (Bu gün, 15:32:22)
Sagbol raymond, gardaş arzuwlaryň hasyl bolsun...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 13:49:59)
Uzak yaşa gardaşm...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
raymonds (Bu gün, 13:47:45)
Sagbol arzuwlaryn hasyl bolsun. Gurbanlykda kim boljagy bellidäl :D...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 13:46:38)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023