Agzalara hayysh - Halanlaryma goş
Teswirler:
419
Милион алыхроз
17.02.2019 / 09:42:22
+7
Ene gosgusy

Mahmal sähram sen bolup,
Bahar maňa bakanda,
Howlukmadym hiç zada,
Sen bar diýip jahanda.

Yrsaradym, näz etdim,
Betdim, Nähili betdim!
Hernä kejiňe gitdim,
Sen bar diýip jahanda.

Näme diýseň tapylýar,
Näme etsem hakym bar.
Boldum saňa hökümdar,
Sen bar diýip jahanda.

Ona ýetsemem çaga,
Ondan ötsemem çaga.
Wagtym ýok ulalmaga,
Sen bir diýip jahanda.

Ellä ýetmän eje jan,
Gözüň ýumlan mahalda,
Özüm aldap kän gezdim,
Barsyň diýip jahanda.

Ýogsam boýun alypdym,
Hemme zady bilipdim.
... A men Dünýä gelipdim,
Sen bar diýip jahanda.

Berdinazar Hudaýnazarow.
355DOST
Elif
17.02.2019 / 11:59:04
Tell the truth and then run.

+4

Gurbandurdy Orazow / Enemdir

Özi çün däl, meniñ üçin,
Hakdan dilegi köp eden.
Howsalasy bilen maña
Gelýän dertleri dep eden.
Hemişe hemme ýerde
Keşbine suwsan enemdiñ.

Ýüregi dert, gözleri dört,
Ýollaryma bakyp galan.
Gaýgydan, gamdan, görgüden
Daña golaý ýatyp galan
Janserek-perwaz enemdiñ.

Göteren, guwanan, eklän,
Yrym edip, çirim etmân.
Bagtymyñ ýolunda beklän
Sen meniñ ryzwan enemdiñ.

Bilbil mysaly biçäre,
Gögerçin deý görmegeýim.
Owlagyñ - ogluñ ugrunda
Keýik kimin keýerjeklän,
Maral dek ylgan enemdiñ.

Galsam dünýâniñ tümünde,
Al şapak kibi lowurdan
Albaýym - elwan belendim.
Men- gam ýurdunda Ýusup jan,

Sen meniñ syrly hazynam,
Gaÿgysy pynhan enemdiñ.
Ýeketäk öz sesi bilen
Gürleýän ynsan enemdiñ.
355DOST
Elif
17.02.2019 / 11:59:40
Tell the truth and then run.

+5

Gurbannazar Ezizow / Eneler


Eneler jomartdyr, giňdir eneler,
Olar kyn pursatyň kömege geler.
Ömürboýy oňa beren jebriňi
Ahyr bir söz üçin bagyşlap biler.


Bagyşlar-da, baky ýumar gözüni.
Agaç ata müner, zemine gider.
Diňe özi gitmez, beren jebriňi,
Sütemiňi ýany bilen äkider.


Sen onsoň aglarsyň. Tutarsyň içiň,
Emma seň gözleriň şol bagta zardyr..
Ene soňky demde günäňi öter,

Ýöne oň ötdügi saňa jezadyr.
355DOST
Elif
17.02.2019 / 12:00:55
Tell the truth and then run.

+4

Gyzylgûl Annagylyjow / Eje

Agyr eken, durmuş ýüki çekerden,
Durmuşdan men juda ýadadym eje.
Durmuş allaryna öwrüm gurardan,
Men juda, men juda sadadym eje.


Sadalygy niçik guýdyñ kalbyma,
Ýa-da meniñ hamyrmaýam şolmydy.
Sadalykdan ejir çekdim her zaman,
Synan göwnim, öñde-soñda gülmedi.


Göwnüm ýaly göwün tapman jahanda,
Urundym, çar ýana galgadym eje.
Ynjytmajak bolup emen ak süýdüm,
Gizlenip kän gezek agladym eje.


Ynandym ýalanlar, allar ýok deýin,
Emma bar ekeni, soñ bildim eje.
Görsene ynanjañ, sada gyzyñy,
Durmuşam keýp edip, aldady nije.

192Özümiziňki
barca
17.02.2019 / 13:15:30
+1
Elif, gowy yazyar gelnejem
355DOST
Elif
17.02.2019 / 12:01:31
Tell the truth and then run.

+2

Mahym Rozyÿewa / Ýaş ekenim ýollaryňda.

 
Ýaş ekenim ýollaryňda
Ýandak össe, gülün gören.
Guş ekenim gollaryňdan
Uçup bilmän, perin döwen.

 Köňül atly döwletiňe
Dünýe maly deň gelmeýär.
Läligiňi öýkeleden
Takdyr saňa meňzemeýär.

 Bagymda guşlar saýrasa,
Aýtman giden sözüňmi ýa?
Ylham edil ynsan ýaly
Ejem seniň özüňmi ýa?

 Gulak salyp çeşmelere,
Tapdym mylaýym owazyň.
Suwlaň sesin salyp şygra,
Seni ýatladar dowamyň.

 Başyn sypap baglarymyň,
Öwsen şemal elleriňdir.
Seni gözläp aldanýaryn,
Geçip giden ýerleriňdir.

 Ruhuň gelende ýanyma
Asman bilen birleşdim men.
Azaşyp ýörmezim ýaly
Ýüregime ýerleşdiň sen.
355DOST
Elif
17.02.2019 / 12:02:20
Tell the truth and then run.

+4

Daňatar GALPAKOW / Ejeme hat.

Didäme siňdirip didäň nuruny,
"Sag aman bar" diýip salaňsoň ýola,
Ak pataňda ýitirmedim ugrumy,
Dilegleriň ýetirendir wysala.

Meň üçin tiz geçer talyp ýyllarym,
Bilýärin, seň üçin ömre barabar.
Diýersiň elmydam: "Neneň günleriň,
Ýat ýerlerde habardarrak bolawer".

Eje, töweregim däl maňa del  il,
Ynjydanok howpam abanyp, meni.
Sen gama batmaga edinme delil,
Deň-duş gyzlarymdan gabanyp meni.

Düşünýärin, kalbyň tapanok karar,
Gursagyňda aladalar gör, nije.
Ynan, men öňkümden ulaldym biraz,
Bu ýylam doldurdym ýene bir müçe.

Çagadyryn seniň gözüňde häli,
Gama batma hemme saglyk, salamat.
Ak pataňy alyp, düşülen ýoly,
Men hemişe hasaplaýan keramat.
355DOST
Elif
17.02.2019 / 12:02:53
Tell the truth and then run.

+2

Çary Ÿegenmyradow / EJEME.

Bilýäň eje ,dost-ýarym kän, goýmazlar öýde meni,
Tä gelýänçäm garaşyber ,gaýbana söý-de meni.

Ogul gider , galar ene ,aýralyga döz geler,
Az ýatlanar mährem ene, arzylanda özgeler.

Är işin boýna alan , ejizlemez-nalamaz,
Il özüniň şat gününde ejizläni halamaz.

Çydamlydyr ogluň eje , göwünleri awlaryn,
Ejizlesem ir-giç gelip seň gapyňda aglaryn.

394Özümiziňki
Yunus
17.02.2019 / 14:10:58
+1
Elif, bu goshgy Atajan Annaberdiyewińkidir. Goshgular un kop sag bolun
355DOST
Elif
17.02.2019 / 12:03:25
Tell the truth and then run.

+2

Ogultáç Oraztaganowa / Meniň tutuş dünýäm, süňňüm elener


Bu gün geňsi don geýipdir ene ýer,
Ýapraklardan sary köýnek tikinip.
Güýzde hergiz-hergiz ýörülýän däldir,
Ýürekdäki yşkyň üçin ökünip.

Giňden açyp älem sygan gujagyň,
Olary bagryňa basasyň gelýär.
Hemem söwer ýaryň adyny ýazyp,
Ýüregiň üstünden asasyň gelýär.

"Bu sarylyk ýüregimiň dermany"
diýen sözlerimi baýdak edinip.
Goýä durmus guran täze gelin deý,
Men salam berýärin güýze egilip.

Salam güýzüm, salam sary meňizlim,
Sensizlikden ýadadym men azajyk.
Kän ysganam bolsam ýazyň güllerin,
Del gujaga düşmerin men azaşyp.

Sende meniň giňäp gidýär ýüregim,
Yşkymam berenok o diýen ejir.
Öz-özüni gorap ýören adama,
Diýilmez hiç haçan "Dikdüşdi, kejir"

...Ýapraklardan geňsi koýnek tikinip,
Bu gün sary don geýipdir ene ýer.
Bu ýapraklar, sary güýzüm ynjasa,
Menin tutus dünýäm, süňnüm elener.
355DOST
Elif
17.02.2019 / 12:04:06
Tell the truth and then run.

+2

Ogultáç Oraztaganowa / Śu mahal ýanyma ejem gelsedi!

"Öçür çyralary, ýat indi!" diýýäň,
Käşgä meniň, wah, ýatasym gelsedi!
Dünýäm, seniň barlygyňa döneýin!
Ýöne maňa diýip: "Saňa döneýin!",
Şu mahal ýanyma ejem gelsedi!

Şu mahal ýanyma ejem gelsedi!
Görsedi, silkinip aglaýanymy.
Bilsedi, "Näm bolýa?" diýen çagynda,
"Ýok-la!" diýen bolup aldaýanymy.

"Öçür çyralary, ýat indi!" diýme!
Uklap bormy, heýem beýle gijede,
Şeýle bir bagtly gün bolup bijede,
Bolmasady hasrat, gözýaş didede...
Şol mahal ýanyma ejem gelsedi!

Şu mahal ýanyma ejem gelsedi!
Duýsady, rahatlyk tapanok ýürek.
Teýahyry toba gelerim ýaly,
Diýsedi: "Munça ýaş nämäňe gerek?!".

"Öçür çyralary, ýat indi!" diýýäň,
Käşgä şu wagt, wah, ýatasym gelsedi!
Dünýäm, seniň barlygyňa döneýin,
Ýöne diýip maňa:"Saňa döneýin!",
Şu mahal ýanyma ejem gelsedi!
25Özümiziňki
ГДЕ ТЫ
17.02.2019 / 13:11:29
+5
Ýetimiň nalasy!

Bagyşla ejejan, edäýdimmi bimaza, 
Mazaryňa gelmän gitsem bolmaza. 
Her gün säher ýer başyňa gelýänme, 
Gelýär diýip hiç kes azar bermezä. 

Howwa menem oňat, penalap ýörňä, 
Ýürek gysýar, beýdip gysmazdy oňa. 
Senem ýanymda ýok, diňe ýanymda, 
Derdim bar şoň bilen geçýär her günim. 

Sen barkaň Ejejan görenim şatlyk, 
Sen gitdiň öýüň içem gum-gukluk. 
Indi meni oýarmaýar seň sesiň, 
Gideniňe ynanamokda men asyl. 

Ejejan, jan ejem her säher geljek, 
Pata berseň menem ýanyňa barjak. 
Arkaýyn ýatyrmyň Jennet jaýynda, 
Göyberseler baryp mähriňi görjek. 

Bor eje, aglamaýyň diýmerin gaýdyp, 
Diýaýdima ruhuňyz galkynar öydip. 
Aýdaýyňda baka ýakyna beýge, 
Kösemesindä ol bendesin beýdip. 

Şükür edýän eje razy Alladan, 
Özüň aýtdyň, Allaň guludyr adam. 
Kaýyl edenine boýun bar zada, 
Ejizlemen eje, etmerin jyda. 

Oglum diýip bakýar maňa müň eje, 
Sen mähriňçe ýokda olar jan eje. 
Seň mähriňde özge mähre garaşman, 
Bir ýylgyrşyň müň ömüre çalyşman. 

Ýogsada eje, 
toý bar şu gün eziz obaňda, 
Şol toýa baraýsa ýalňyz balaňda. 
Şatlanjak, şatlanmagyňa garaşjak, 
Agladyňa geçen sapar aglamda. 

Bor onda ugraýyn hoş gal jan eje, 
Şatalamda, şatlanmagňa garaşjak. 
Dostlarym ejeleri bilen bilen tans etse, 
Seni görjek şol wagt göge seretjek. 

Gel eje, gel eje hökman gelginiň, 
Bärde ýalňyzlygym sen bir bilginiň. 
Hemme adam maňa gussaly garap, 
Diýmesinlerdä ýetim barmagyn uzap. 

Öňem şol sözi maňa diýýän kän, 
Emma ýürek diýýär, sen ýetim däl. 
Elmydam ýanymda senem bar ýaly, 
Ýatlaýan Siz bilen Beýik Hudaýy. 

Ejejan, 
Gitmänkäm öpäýin bir mazaryňdan, 
Ganan dek bolýan-da o didaryňdan. 
Sag bol, hoş gal eje gelerin ýene, 
Derdimiň dermany iň mährem ýere. 
Hoş gal jan Ejem, hoş gal Käbäm




Awtoryny bilemok.

192Özümiziňki
barca
17.02.2019 / 13:17:43
+3
ГДЕ ТЫ, Yagshy Goshunow aydya. Wideosy bar. Agladya
419
Милион алыхроз
17.02.2019 / 14:31:46
+2
Enaniñ ýaşy

Günämizi bagyşlaýar eneler.
Sebäp – eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...

Ene balasyna buýurdy ýumuş,
Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!»
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam..»
Ogly bolsa enä çenedi daşy.
«Wah, nätsemkäm?»
Emma günäsin ötdi.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.
Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul.
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.
«Indi ata bolduň,
adam bol, oglum!»
Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.
Ene dişin gysdy otuzki gezek,
Her gezek gysanda
gaçdy bir dişi.
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp,
Gaçdy bir ýaşy...

Kerim Gurbannepesow.

Soňky jogaplar:

Bu bir erteki bolaymasa aslynda bir zat diyende iki edip jogap berolara bu gelin diyenlen ichine salyp yoreni yok yone gowy pikir eken shunsy tuys erkeklere gerek maslahat...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
MODERATORs (Bu gün, 01:44:05)
Ýylana öwrülÿädimi agsham dushende, sho tymsala garashdym...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
Mahris (Bu gün, 01:05:01)
IMG şuna dusunmedim...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
MMBs (29.04.2024 / 20:37:30)
aymurat, Beýtmeli däldä dost, senden tama ulydyda...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:25:15)
Şeýtan diýýä, islendik sypata girip düşümize girip bilýä diýýä...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Mazarystana zyýarat etdim
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:23:00)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023