Hatyñy görüp özüñi tanamak! - Halanlaryma goş
Teswirler:
82Betinden
AyCan
25.01.2019 / 19:51:10
Öýümiziň jynjagazy :)

+0

Owunjak ýazylan hat bolsa, eýesiniň garasözmezdiginiň hem içi pikirlidiginiň alamatydyr.

722Özümiziňki
Sergezdan
26.01.2019 / 05:26:21
+0
AyCan, seniňki hem şeýlemi?
82Betinden
AyCan
26.01.2019 / 13:36:00
+0
Birikdirilen faÿlda öz hatymy goÿupdym,
373DOST
SerVi
26.01.2019 / 04:37:23
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!

+1

Kop sagbol gowy mowzuk acypsyn bilip goyan yagsy bulary
Mená iri-iri edip yazyadym òzá
722Özümiziňki
Sergezdan
26.01.2019 / 05:25:04
FOR YOU

+0

Bir iri, bir ownuk, bir dik, bir-de ýatryp, her gün, her-hili yazardym. Juda uytgap duryan ýazgylam bar. Meniň hat ýazgymy hiç tanamak mümkün däl.


Mysterious
26.01.2019 / 12:10:00
+0
Sergezdan, )) seniň hatyňy tanamak mesele däl. Dikbaşaşak ýazaňda-da tanap bolýar. Bu ugurdan ýörite okaýanlar bar. Seniň beýniňi aýryp, başga beýni goýanlarynda kynçylyk döremegi mümkin, diýjek bolýanym, beýnini aýryp-goýup bolmaýşy ýaly, hatyňy düýpleýin başgaça ýazyp bilmersiň. Hatyňy her gezek her hili ýazmagyň bolsa, seniň durnuksyz häsiýetiňi aňladýar, ýagny seniň bir sözüň, bir ýüzüň ýok, sen çynyň bilen hiç zada ýapyşaňok, sen bil baglap ýa-da ynanyp boljak adam däl, onsoňam keýpi-sapa ýakynrak adamsyň, hapa söz ýa zyýanly endik seň üçin adaty bir zat, çalt gaharyň gelip biler, boýuň orta boýdan (175-den) kiçiräk, psihologiýa boýunça jemgyýetdäki ornuň outsaýder bolup biler... entek bu hatyňy görmänkäm.

Mysterious
26.01.2019 / 12:13:46
+0
Sergezdan, *tanap bolýar saňa degişlidigini
722Özümiziňki
Sergezdan
26.01.2019 / 12:41:04
+0
"Boýuň (175-den) kiçiräk" bu aýdan çaklamaň üstüni çyz! Meniň boýnum 1,75-den kiciräk däl'de, ondan ulurak. Yagny, 1,78. Başga-da kabir çaklamaň nädogry, käbirlerem dogry. Meniň üýtgäp durýan häsyetim, duýgulam bar. Buny boýnyma alýan.

Mysterious
26.01.2019 / 13:10:35
+0
Sergezdan, dogry. Hatyňy göremde has hem takyk aýdardym. Bolýar. Buýsanyp bilersiň häsiýetleriňe.
722Özümiziňki
Sergezdan
26.01.2019 / 13:40:58
+0
Sergezdan, guwanamok, düzedere kemçilik menden näçe diýseň kän. Adamyň haty üýtgemeýänligne görä, onda onuň häsýetem üýtgemeýär diýmek bolýar. Düybünden ylalaşmaýan, adamyň häsyeti duybünden üýtgäp biler.
722Özümiziňki
Sergezdan
26.01.2019 / 13:50:35
+0
Size ýazjagmy, özme ýazypdyryn. Ýalňyşlyk boldy.

Mysterious
26.01.2019 / 14:56:41
+0
Sergezdan, häsiýeti özgerdip ýa-da ters özgerdip (regressiw edip) bolýar, düýpli üýtgedip bolanok, onuň üçin täzeden dogulmaly bolýaň. Ýazuwyň hem şoňa görä özgerýär ýa-da ters özgerýär, ýöne düýpli üýtgänok. Üýtgedim diýeňde-de seniň şol harplary tegeleýşiň ýa burç çykaryşyň, biri-birine birikdirşiň we ýene-de käbir elementler seniň şahsyýetiňi häsiýetlendirmek üçin, şol hatyň saňa degişli däl ýa-da degişlidigini anyklamak üçin ýeterlik. Garaz, ýazuwymyz biziň beýnimiziň işleýşiniň görkezijisi. Haty düşnüksiz, emma intellekti güýçli adamlar-da bar. Bu diýdigimiz, hatyň owadan bolup-bolmazlygy rol oýnanok. Rol başga elementlerde.
722Özümiziňki
Sergezdan
26.01.2019 / 16:21:07
+0
Indi düşnükli boldy. Garşy däl, belki dogrudyr. Ýöne adam häsýeti, bu onyň öz erkindäki zat däl. Hatda iň ýaramaz adam hem, häsýetiniň erwet bolmagynda doly günäli diýip düşünmeýän. Ýer ýüzünde erwet we gowy adamlar baram bolsa, günäli adam ýokdur.
722Özümiziňki
Sergezdan
26.01.2019 / 16:35:41
+0
Zandymda bir nagyş ýaratdyň meniň
mendäki geň gylyk täsiri şonuň
şundan ýagşy bolup bilmerin, çünki
öň şeýle galyba guýuşuň seniň.

Mysterious
26.01.2019 / 16:36:18
+0
Sergezdan, hawa, "Dünýäde erbet adamlar ýokdur, diňe olara düşünmeýänler bar" awtory ýadyma düşenok.
705Gytyndan
Enka
26.01.2019 / 11:31:11
Saplanaryn,kyn günümde solmakdan,Allajanym aýyrmasyn gülmekden...!!!

+0

Meniñkä dogry geldi

3800Täzeje
Nusga
26.09.2020 / 13:26:57
+0
Enka,

Mysterious
26.01.2019 / 11:49:19
+0
Çeşmesini görkezmeli ekeniň. Ýalňyşmasam "Asudalygyň goragynda" žurnalynda okapdym. Awtory Jenaýat agtaryş bölüminiň bir işgäri bolmaly.
834Täzeje
Kerkilimen98
26.01.2019 / 16:39:03
☆ॡﮫﮩﮫऌॡ↑I ١٥٧٤ ყ٥υ↓ऌॡﮫﮩﮫऌ☆

+0

1271Täzeje
Profit
15.03.2019 / 12:33:09
+0
Dogry gelip dir
3208Täzeje
Arzyman
26.09.2020 / 12:50:41
+0
Heýwi, iň biderek zatlar ýazylypdyr-laý meň hatyma. Birhilek, ýaşasym gelmän başlady.

Soňky jogaplar:

Armanly bolan ýeriňiz boldumy durmuşda?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
EYFELs (Düýn, 21:28:01)
Gowy, juda gowy.....Dowamy
Edebiýat | ?
###zMs (Düýn, 18:31:34)
Äpberekella soňky setiri hasam gowy...Dowamy
Edebiýat | ?
###zMs (Düýn, 18:29:49)
:dovolen:...Dowamy
Edebiýat | Ene hakda goşgylar
Gurbanmyrats (Düýn, 18:21:30)
Heeey gardshlar onku dowurler nirede galdy...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täzelik
LIDERs (Düýn, 15:56:58)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023