Geljegimiz ýagty.Ene dilimiz goragly - Halanlaryma goş
Teswirler:
415Betinden
Urgencli
24.01.2019 / 22:29:02
+0
Aramyzdaky ruslar kem kemden aramyza siñip yitip gider. Rus dili hem sssr döwrunin adamlary bilen bile beylä gider.
Türk halkyna we diline yigrenjim yok yöne şondada dilimiziñ yitirilmezligini isleyan. We yenede aytmak isleyan zadym sözlugimize taze seretmelimika diyyan. Sebabi öz gadymy sözlerimizin öran kopusini biz hazir türkçe hasaplap ondan yadyrgayas. Bu hem rus agalygynyn netijesi. Dogany dogandan ruhy bagyny goparyp ayyrmaga synandy olar we azda kande başardylaram.
Ahli turki halklar ucin aralyk bir dil doredilip şol dil ahli turki dowletlerin ikinji dowlet dili edilse gowy boljak yaly.

727Gytyndan
another
25.01.2019 / 23:46:49
+0
Urgencli, dogry
838Özümiziňki
SELJUK
24.01.2019 / 22:51:13
+1
Men barik agza bolman shol mowzuk sebab boldy emma mowzuk yazyp bilmeyan ekenim shonyng uchin teswirlerde gysgaldyp jogap yazdym yone sen mening yazmak islan zadymyng hemmesini yazypsyng. Yene bir zat sen Magtymgulynyng hic terjime edilmedik yagny turkmencha terjime edilmedik goshgylarny okasang we turk dilini hem bilyan bolsang shona shuwagtky terjimelerden has manyly we gyzykly geler.
61Betinden
Oraz_turkmen
25.01.2019 / 00:46:25
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+1

296Betinden
Erkin
25.01.2019 / 08:17:12
Garranyňa gynanma,boş geçiren wagtyňa gynan !

+0

Türkleriň halanmazlygynyň iň esasy sebäbi garaşsyzlygyň ilki ýyllarynda köp sanly türk firmalary biziň ýurdymyza işlemäge geldiler.Biziň ýurdumyzda öň olary kän bilýän hem ýokdy. Onsaň olaryň ýönekeý işçileri hem gowy aýlyk alansoň öz aýlyklarynyň ujyndan biziň ýaş oglanlarmyzy gul ýaly işledip özleri hem işlemän biziň gyz-gelinlerimiz bilen gezdiler. Şeýdip özleri halkyň gözünden düşdüler,bu barada Nyýazowa aýdanlarynda ol " Ganjyk guýrugyny bulamasa köpek yzyna düşmez "—diýip ,türkleri goldady. Ýöne,häzirki ýolbaşçymyz döwlet başyna geçip daşary ýurt firmalarynda işleýän öz işgärlermiziň hakyny galdyrdy. Orslaryň içinde hem türkmençe gowy,arassa gepleýänleri bar,şeýle bolanda birhili ýakymly duýgy döreýän ekeni.

838Özümiziňki
SELJUK
25.01.2019 / 09:31:13
+0
Erkin, Aytyanyng dogry yone ol gelenler turk daldi, KURTDI. hakyky turkler hatda ish gozlap gelenler hem kan barde durmady.Duranlaram yokarrakda ishledi. Ishlanlerem turkmenlering arkasyny alyardy shulara yagny kurtlere kan ozunizi ezdirmang bular anyrda geday gezip hic zat gormedikler eger bir ezip bashlasalar depanize chykarlar diyyadiler(ozum shayat). Diyilshi yalam hem boldy. turkiyede ish chorek tapman gezip yoren kurtler, barik gelip jubulerine pul agyzlaryna et girdi. tuweleme bizinkilerem olaryng gotunden galdyryp bildi. Sheyle nadan turkmen oglanlaryng bardygynam men shonda gordum.Onsang name GORMEDIGING OGLY BOLUPDYR GOPARYP YOLYPDYR diyilshi yaly. Bularam ozlerini HAN hasapladylar. Gormedik HANA hem name gerek elbetde nadan, satyjy, goteriji gullar gerek. Tuweleme olar hem shol wagt bol bol tapyldy.
838Özümiziňki
SELJUK
25.01.2019 / 09:42:49
+0
Biram sen kurtleri yigrenyang turklering arkasynda duryang yaly zatlar yazylmasyn. Men hic bir halky yigrenme yaly niyetim yok. Her halkyng gowsam bardyr erbedem yone biz barde gechmishde bolup gechen zatlaryng insanda galdyran tasiri we sosial yagdayy hakkynda gurlesyasmikak oytyan. Yogsa bir halky kemsidip bir halky beygeltmek dal.

296Betinden
Erkin
25.01.2019 / 13:52:49
+0
SELJUK, Hawa,her halkda gowusy-erbedi bar,men özüm türklerde işläp görmedim ,ýöne şolary naharlaýan kafeň işgärlerini esli wagt gatnadyp gördüm. Türkleri özümä erbet göremok dogrysy,olar hakda pikirim gowy. Şeýle bolansoň bir gezek ol ýere baramda bir türk telefonuňda pul bar bolsa özümiňkä 1$ geçireýin soň bererin diýip,telefonumdan 2$ alyp soňam bermedi,kezzap ekeni.Türklerde beýle adam bardyr öýdüp pikirem edemokdum ýogsa.

Tolkun
25.01.2019 / 14:26:29
+1
Mbäh, siz hakyňyzy alanyň burnundan çykandyr alan puly.

Tolkun
25.01.2019 / 14:30:44
+0
Realist (hakykatçy) agza gowy pikiri öňe sürüpdir.

Dogrydanam Ruslar ýa Türkleriň özleri näme üçin biziň dillerimizi owrenmeýärlerkä? Biziň başgalardan kem ýerimiz barmy eýsem?

838Özümiziňki
SELJUK
25.01.2019 / 14:39:31
+0
Tolkun, Bizing olardan kem yermiz yok yone biz olary ozumiz beyik goryas. mysal uchin sen bir edara barsang otaydaky hem rus bolsa sen ruscha bilmeyanliginden nahili utanyang. Bu herkiming bashyna gelendir. Munung sebabem bizing hussumyzy basdylar. ruhymyzy aslymyzy kemsitdiler. we bize egilmani owretdiler.......

Tolkun
25.01.2019 / 15:12:53
+0
Bizem egilmeklige kaýyl bolup galypdyrys-da, belli bir derejede.

Onsoňam ýene birzady bellemeli. Käbir döwlet we hususy kärhanalar we edaralarynda resminamalar ýakyn ýakyna çenli rus dilinde ýazylardy. Resminamalaryň Türkmen dilinde taýýarlanylmagyna soňurakgy döwürde geçildi.
771Gytyndan
Awara
25.01.2019 / 21:08:26
+0
Tolkun, realist meniň pikirimçe dogryçyl däl-de, öz görýän, duýýan zatlaryna ynanýan, başgaça aýdanyňda geçmişe ynanmaýan ,geljegi ret edýän, diňe häzirki durmuşda ýaşaýan adam göz öňüme gelýär. Häzir bolup geçýän durmuş bilen ylalaşyp ýaşaýan (ýada ylalaşman )adam.

Tolkun
25.01.2019 / 21:43:35
+0
Ýok bu agza megerem öz pikirini bize ykjamlap beýan edip bilmeýändir. Munuň pikiri, milli gymmatlyklary gorap saklamaga bolan islegi ýokarydygy görünip dur.
771Gytyndan
Awara
25.01.2019 / 22:15:50
+0
Tolkun, men seniň diýýänleriň bilen doly ylalaşýan. Men ýöne nik lakamy hakynda aýdypdym. Ýöne men temanyň adyny okamda, özüne optimist lakamyny alan bolsa gowy bordy giýen pikir döredi. Temany okap otyrkam "Size arkaýynlyk bilen hiç alada etmàñ diýesim gelyàr. Dilimiz ýitip ýok bolup gitmek howpundan entek entekler azatdyr.(entek entekler diymegimiñ dùyp sebàbi men geljekdàki boljaklary bilemok, hazirki dòwri gòz òñùne tutýan)"-diýen sözleri dogry lakam alypdyr diýen netijä getirdi. Galybersede temanyň jemleýji sözleri "Geljekde nâme boljagyny bilyân yok, yöne hazirki yagdaýy göz òñüne tutup aytsak, entek entekler ene dilimiz gorag astynda bolarmyka diyyàn"-diýip güžürtik jümle bilen jemlenen ýaly gördüm. Men özümi pessimistem ,realistem, optimistem diýip biljekdäl, men şolaryň üçüsi garylyp ýugurlan palçykdan ýaşalan adam.

Tolkun
25.01.2019 / 22:28:12
+0
Howwa menem siziň ünsüňüzi çeken hut şu nikk adydydyr diýip oýlapdym. Mowzukdaky bir birine garşy gelýän pikirlerine gelsek entek bu agza sap pikir ýöretmäni öwrener, şonda açjak mowzuklaryny ilki oňat edip akyl eleginden geçirmelidigine düşüner.
838Özümiziňki
SELJUK
25.01.2019 / 23:14:47
+0
Tolkun, sen yel haysy tarapdan guclirak esse shol taraba owusjek bolyang. Bashdaky pikiring bn galan bolsang gowy bolardy. sebabi sen bu agzang name diyjek bolyanyna dushunding. Barde hichkim ylmy gollanma yazanok ya sozleri owadanlajak bolp edebiyadam ya harplary dogry yazmak uchin diktandam yazanok. Esasy zat ak yurekden cykan duygulary pikirleri. Hana shona seretmek gerek. Sen bashda seretdinem yone birining dil bilgisi guychlirak diyip bu agzanyng duygularyny depelemek gerek dal.

Tolkun
25.01.2019 / 23:57:27
+0
Hormat goýýan men muňa.

Bu ýeri iliň öňi şonuň üçin has anyk edip pikir ýöretmeli.Duýgy depelejek bolmadym.

(bir kişiň duýgylarynyň depelenmegi bütin milletiň duýgysynyň depelenenilenden ýagşyrakdyk)

Tolkun
25.01.2019 / 14:32:36
+0
Daşoguzdaky uzbekleriň türkmençe keşpde geýinýändikleri welin biziň üçin ýakymly.
541Täzeje
Ayymm
25.01.2019 / 15:09:38
Ilki bilen Adamçylyk:)

+1

Meñ iş yerime bir azerbeyjan gyz geldi yörite gatnap türkmen dilini öwrenipdir..yagny öwrenyänlerem bar


Tolkun
25.01.2019 / 15:43:21
+0
Ayymm, gutlaga mynasyp ýagdaý bu bir söz bilen aýtsak üstünlük

Tolkun
25.01.2019 / 15:48:21
+0
Biziň dilimizi öwrenisi gelmese bu Rus we Türk adamlaryň özleriniň pesligini görkezýär (ýagny öwrenesi gelmeýän kişiniň)

Günorta Koreýa we Ýaponlar Hytaýlylar beýle däl. Olar Rus we Türk adamlaryna seredeniňde biziň dilimizi öwrenmäge höwesek.
566Täzeje
gozegçi
25.01.2019 / 16:04:10
+1
Ruslar bn utgaşdyran ýeriňi haladym..!
Dogurdanam, şumat islendik edara işe bar, hökman obyektiwka doldurmaly.. şondada girizilen
Haýsy dilleri bilyäň: ? diýip.
Eger, sen şo ýere bilmeyänem bolsaň, hökman "rus dili" diyip ýazmasaň, kalhoz, tupoy, yzagalak hasaplanmasaňam, bärsinden gaýdarlar (1 nji bn odel kadr).
Hatda, özümem 80% hem bilemok rus dilini, ýöne utanmana mejbur bolyan kä wagt( ýokardaky görkezilen sebäpler üçin).
Biz näme üçin gepimizi orsça düşündirjek bolmaly?! Goy, ol bize türkmençe jogap bersin..
Bir organ işgärinden eşdipdim bir näçe ýyl mundan ozal.. mysal üçin,eger sen magazyna baran bolsaň, satyjy ors bolsa, şol hökman seniň bn türkmençe gürleşäýmeli (jemgyýetçilik ýerlerinde) diyipdi. Ýagny, sen günäkär däl ors dilini bilmeyänligiňe, yersine ol, rus işgäri bolup türkmen dilini bilmese günäkär diydi..

Gelsek, türk diline.. (geljegimiz gorkuly diyip näme diyjek bolanyma)..
Geljek sözi diyilende, göz öňüňize 1 nji bn näme gelyär? Nesil dälmi eysem? Nesil kim? - nesil biziň ýaş ogul gyzlarymyz, jigilerimiz, (tapawudy ýok islendik ýetginjek ýaşa ýeten ýada ýetmedik).
Men gozgan meseläm bolsa, şolarda agdyklyk edýär.. (nesili goramak maňa galmandyr, meň güyjümem ýetenok), emma aýdanymyň hem zyýanyny çekjek bolsam, aýdylmady diyip hasap edäýiň...

Çaganyň, hemme islegini kanagatlandyrmaklyk soňuny bulaşyp zatlara eltyär, (lälik, diyen etmezlik). Dil öwretmek, terbiye bn baglanşykly ýeri ýokmy eysem..
Umuman, mysal kän.. Özüňiz belleýşiňiz ýaly, öwrenmeli.. emma ony, öz ene diliňi ýatdan çykardar derejede aňyňa guymaly däl..

838Özümiziňki
SELJUK
25.01.2019 / 16:27:31
+0
gozegçi, "KGB" diyip bir kitap bardy yazaryng adyny bilemok yone yazan sssring kgb ishgarler
ining bashyndan gechenlerini yazyardy. Shonda bir kgb Latva yaly baltika dowletlerine barynda ozlerining rusdygyny bilseler yuz bermeyandiklerini magazyndada gurleshmeyandiklerini aytya. We ilki bn garassyzlyklaryny alanlaram talap edenlerem shol 3 dowlet we hazir hem shol 3 dolwet ewropanyng ekenomika we sosial tarapdan ing osen dowletlerinig arasynda. Yagny geping gysgasy sanga milletinge dowletinge oynaljak bolyan oyny bilip hushhar bolmaly hussungy basyp ruhungy peseltmeli dal.Eger guchun yetmeyan hem bolsa DIKLESHMAN DIK DURJAK BOLMALY yogsa butun halkyna zyyan yetirersing.
Shahsy pikirine geljek seni barde hickim yazgyranok hatda men gow gordim begendim ing azyndan pikiringi yazanyng ucn yone yazysh shekli azajyk birahat etdi. Biram bu nesli goramak sening guyjing yetmese mening guyjim yetmese onung guyji yetmese kiming guyji yetsin. Biza sizler bar diyip begenip yorus senem eyyam baydagyny tashladyng. Beytmanow bu watana bu halka siz yaly nesiller gerek geljegimiz sizsiniz.

Tolkun
25.01.2019 / 17:14:50
+0
"Magtymguly ilki özüň düzetgil,
Soň özüňni özgelere göz etgin"


Atamyzyň şu sözlerini bir adam bir işi, bir pikiri öňe sürjek bolýanyň ýüzüne ýerliksiz we çenden aşa basýandygyndan ýaňa köp kişi baýdagyny taşlady.
838Özümiziňki
SELJUK
25.01.2019 / 18:18:11
+1
Tolkun. Shutaydaky mowzuklaryng kopusi ya soygi hakynda yada copypaste arasynda bir gowja mowzuk yazylsada ya "dogry diyyan" yada "gollayan"dan basga teswir yok. Sheydip gul yaly mowzuklaram gomulip gidipdir. Belkide men shu mowzuga teswir yazmadyk bolsam buda beyleki mowzuklar yaly gomulip giderdi. Herekete bereket diyilshi yaly mowzuk ustune mowzuk acyldy munda baydak tashlar yaly zat yok gaytam begenmesi gerekdi. Baydagam tashlandyr oydemok yone eger tashalanam bolsa tazeden baydagy goterjek tapylar. Her topragyng bir goch yigidi bardyr.

Tolkun
25.01.2019 / 19:41:09
+0
Howwa hiç kimiň egninden basmasynlar.

Diňe bir ruhy we medeni gymmatlyklary gorap öňe çykýan adamlary, eýsem Ykdysady tarapdan hem jemgyýete halka peýda getirjek pikirleri öňe sürýänleri hem goldamaly.
274Gerekli
Sabryna
25.01.2019 / 20:28:01
+0
Öñki ertir.com shonsy bn gyzyklydy.cekeleshikli mowzuklar kan acylýardy.her kim öz pikirini orta atýardy.sheýle mowzuklar kan bolsa saýt özune cekiji bolýar.

Tolkun
25.01.2019 / 22:56:11
+0
Howa: Emma Gurbannazar agaň aýdyşy ýaly hiç hili

《Gijeki peýdasyz oturlyşyklar,
Maňyzsyz jedeller, manysyz sözler,
Edilýän gybatlar — «opurlyşyklar»,
Akyllysyraýan akylsyz gözler, — 》

Bolmaly däl!!!
274Gerekli
Sabryna
25.01.2019 / 16:56:58
+0
Pikiriñiz bn ylalashýan.hasda soñky ýazanlaryñyzy menem kan pikir edýan öz ýurdumyzda ýashap gabadymyzdan rus cyksa hökman rusca habarlashýas.name un olar gaýry ýurtda ýashap arkaýyn nira barsa öz dilleri bn gurleshýar.sen orscany bilmeseñ sen gunakar,turkmencani bilmeýanligi un ol gunakar dal.shu edaralardan,hususy karhanalardan rus dilini butinley alyp goýsañ bolardy we öñler öz edishleri ýaly rusmyñ turkmenistanda ýashaýañmy turkmen dilini bilmeseñ ishe okuwa kabul edileñok diyseler olar hem mejbur bolardylar öwrenmage.
596Betinden
Gürgençli
25.01.2019 / 19:21:43
+0
Meniň bir ors goňşym bar türkmen bilen türkmençe gürleşýä özbek bilen özbekçe gürleşýä, dogrusy şoň rus dilinde gurlänine kän gabadam gelemok. Garaz menä şu wagta çenli rus bilen rus dilinde gürleşip göremok (biziň dilimize ornap galan problema we ş.m sözleri hasaba almasaň) başgada bärdäki meň gabat ruslarym türkmen diline düşünýä türkmen dilinde gürläp bilmeýälerem özbekçe jogap berýä. Garaz düşünişse bolýa

596Betinden
Gürgençli
25.01.2019 / 19:46:29
+0
Özbek we gazaklaram şolar ýaly ýek-tük duýäýmeseň ählisem türkmen bilen türkmençe gepleşýä
566Täzeje
gozegçi
25.01.2019 / 19:36:56
+1
Gürrüň baýdak ýatda ýetdimi mbääh

771Gytyndan
Awara
25.01.2019 / 20:32:36
+1
gozegçi, men dogrymy aýtsam şular ýaly dawaly, jedelli tema goşuljak däldim. Ýöne şu Türkmen agaň biri biriniň baýdagny ýatyrmak gyzygy ganyna guýulan ýaly, bir bitewi baýdak götermek nesip etmedik ýaly, özleriniň durmushyny düzetmän, beýleki milletleriň dilini düzetmek isleýärler, öz halkynyň aladasy şoňa bagly ýaly. Esasy problema bolsa unudyldy. Temany täzeden, gaýta -gaýta okap görüň, öz pikirine gapma garşy pikirler bilen utgaşyp gidýär,oňa üns berýän ýok, bar ünüsleri biri biriniň baýdagny ýatyrmak.
566Täzeje
gozegçi
25.01.2019 / 20:43:45
+0
838Özümiziňki
SELJUK
25.01.2019 / 20:48:29
+0
gozegçi, gayrat edip bu awara ozung jogap ber. Men name diyyan dutarym name diyaninka bardy buda.
566Täzeje
gozegçi
25.01.2019 / 20:52:05
+0
iň esasy düşünişdik.. bul maňa düşündi, men saňa düşündim.. garaz şeýleräk

Tolkun
25.01.2019 / 22:50:52
+0
Menem mowzuga o diýen üns bermändirin oňat okamandyryn. Awtor biraz alňasapdyr.
150Täzeje
Wirus
25.01.2019 / 21:17:06
+1
Şu mowzuk boýunça biz öz özümizi sylap bilemizok öz mertebämizi öz milletimizi iň esasam öz özümizi we öz edýän işimizi.


Tolkun
25.01.2019 / 21:53:56
+0
Wirus, "özümüzi sylap bilemizok" şu ýerine goşulýan.
550Öwreniji
Realist
25.01.2019 / 23:06:35
+0
Men asyl ha çekeleşikli meselelere giryân adam daldim welin,şu sapar sesimi çykarman oturyp bilmedim.Mowzugyñ başynda gayta gayta yañzydypdym,hiç kimi ne yazgarmaga,ne de tankytlamaga geldim diyip,hic kimiñ düşünjesini de kemsitmek niyetimde yokdy,kemsitmedimem.Kesâ çeker yaly gyşyk sözlerem ulanmandym.Muña garamazdan,Gòzegçiniñ menden gòwni galan yaly duyulyar.Biziñ hemmamizem kàn gabat gelendiris şu tayda ya başga internet saýtlarynda adamlaryñ òz pikirleriniñ dogrulygyna ya da dogry hasaplayan pikirlerine ynandyrmak uçin,beylekileriñ duygy düşünjeleriniñ ùstùnden gùlùp,kemsidip,biri birinden üstün boljak bolup,pikirleri dàl de şahsyýeti tankytlap,yersiz yere çekeleşyanlerine.Mende ,hey,bulara gabat geldiñizmi?Aytsañ aydara zat kan welin...Men mowzugymy gaty seresaply yazypdym diyip bilyadim.Onsoñam meñ nigim ya lakamymyñ barde name dahyly bar,duşünmedim.Dahyly yok zatlary name uçin orta goşyañyz.Awara men geljegi ret edyan adam dal,düybunden,yalñyş pikir edyañiz.A gùmurtuk jùmle bilen jemlemà gelsek(yagny bu siziñ pikiriñiz),men palçy dal,geljek 100 ýylda boljaklaram bilip bilemok,şoñ uçinem şeyle yazdym,hazirki döwrumizi göz öñune tutdum,bar bolany şol

771Gytyndan
Awara
26.01.2019 / 09:11:03
+0
Realist, meniňem Siziň göwnüňize degmek niýetim ýokdy, eger göwnüňize degenok bolsam onda Sizden ötünç soraýaryn.
771Gytyndan
Awara
26.01.2019 / 09:14:38
+0
Realist, göwnüňize degen bolsam ötünç soraýaryn
771Gytyndan
Awara
26.01.2019 / 09:17:31
+1
Realist, göwnüňize degen bolsam ötünç soraýaryn
550Öwreniji
Realist
25.01.2019 / 23:23:07
+0
Tolkun,men ykjamlap yazmak uçin pikirimi teswirde dal de,yörite mowzuk açyp,şahsy duşunjami beyan etdim.Onsoñam açjak mowzugymy ilki.akyl eleginden geçirip,pikirlerimem sayhallap bolamsoñ yazdym,sahel salymda orta atylan pikir dal bu ya da howul hara yazylan.Pikirlerimi.halaman ya garşy gidip,makullaman bilersiñiz,o başga gep,yöne meñ hakyky içimdaki duygy dùşunjelerimi bilmezden,adymdan òzùñizçe gùrlemañ.Realist lakamam meñ bilşim,sözlukden öwrenşim boyunça hakykatçy diyen manyda.Eger siz muñ.yalñyşdygyny subut etseñiz,men siziñka hà diyjek,haysy zat dogry bolsa şony goldajak.

Soňky jogaplar:

Mokujin, Da.Guyçliler yone yere aglayan daldir!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:17:34)
Medikama, sen name soygumi?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:13:05)
Arzyman, uzak yyllardan soñam yene gaytalanan teswir oza......Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:10:43)
1) Durmuşda iñ gorkyan zadyňyz? -----eskalatordan gorkýan---- 2)Söygi bilen gowy görmegiñ aratapawudy name?----özimi söýýan ,özimi gowy görýan--- 3) iñ uly bagt näme?---bu dunýede barlygym-- 4) Durmu...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Medikamas (Düýn, 22:49:43)
Спорт каналлары бардыра? Индики ай саглык болса Футбол .. Евро чемпионат башланяр. Сонам августа томускы олимпия оюнлары башламалы. Гараз дерревжик бир затлар этмели. Нира бармалыка ,, Алем карт " алм...Dowamy
Umumy bölüm | Комек.
Kwadrat kelles (Düýn, 21:42:44)
Dostluk.Ru © 2018-2024