Geljegimiz gorkuly - Halanlaryma goş
Teswirler:
373DOST
SerVi
22.01.2019 / 11:57:15
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!

+0

"Ýùz dili òwren,yòne esasy zat òz ene diliñi unytma"
Ì.Borozenes.

Lachyn
22.01.2019 / 12:13:30
+0
Menem goshulyan 2 nji klasda bir oglanjyk dine turkche gurleyar turkmenche dili gowy baranok mugallymyna aytsam shol mashgala sheyle diyyar.

566Täzeje
gozegçi
22.01.2019 / 12:22:48
+1
Lachyn, ana şol gowy däldä (parhsyzlyk)
61Betinden
Oraz_turkmen
22.01.2019 / 12:14:08
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+0

Ene dilimi menä unudaýamok türk serialam görýän, özbek saýtada girýän, ene dilimi unutdugym däl olam, mendäki ösüsh diýen düshünje bar mende.
415Betinden
Urgencli
22.01.2019 / 12:19:48
+0
Öwrensinler, gepleşsinler. Yöne oz dillerini yitirmesinler.

566Täzeje
gozegçi
22.01.2019 / 12:26:17
+1
Urgencli, hawa, şeý diý
61Betinden
Oraz_turkmen
22.01.2019 / 12:22:21
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+0

Birzat diýjek bolsañyz, ,,haýsy dilde ýazsañ ýazyp geç, ýöne garym-gatym etme" diýiñ.

771Gytyndan
Awara
22.01.2019 / 12:44:27
+0
Oraz_turkmen, örän dogry aýdýaň, dili dilden aýyl saýyl edip geplemek medeniýetini gerek, gerek ýerinde gerek dili ulanmaly.
771Gytyndan
Awara
22.01.2019 / 12:32:49
+0
Dil bilmek, öwrenmek aýyp zat däl, ýöne temada aýdyljak bolunýan problema halkyň assimirleşmek gorkusy. Başgaça aýdanyňda bir halkyň beýleki bir halka garyşyp gitmegi, şolaryň dilini we medeniýetini kabul edip almagy we öz ene dilini unutmak gorkusy göz öňünde tutulupdyr. Bu problemanyň esasy sebäpleri nämedeka, nädip şoňa garşy göreşip borka? Elbetde türk kanallarynyň agdyklyk etmegi, şol kanallarda türk diliniň we medeniýetiniň, nahar tagamlarynyň propaganda edilmegi azda kände öz tasirini ýetirýär. Biziň telewideniýamyzyň olar bilen bäsleşmek ukybynyň ýoklugy, taýýarlanýan we hödürlenýän gepleşikleriň hiliniň pesligi bilenem düşündirse bolar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň adamlara nä derejede täsir edýändigini bolsa bilmeýän ýokmyka diýýärin.

61Betinden
Oraz_turkmen
22.01.2019 / 12:36:30
+0
Awara, ola gaty dogry, diñe dil öwrenip oñaýanoklarda, men ýaly
771Gytyndan
Awara
22.01.2019 / 12:49:08
+1
Oraz_türkmen, başga milletiň dilinden başga, medeniýetini, taryhyny öwrenmek gowy zat, ýöne ýokarda öz belleýşiň ýaly garym gatym etmeli däl gerek ýerinde ulanmaly

Tolkun
22.01.2019 / 13:06:24
+2
ENE DIL MODADAN GAÇÝA (Kerim Gurbannepesow)


ENE DIL MODADAN GAÇÝA DIÝÝÄMIŇ?
Hiý, dilem modadan gaçar oguşýan?!
Geň görüp oturmaň, käbir pursatda,
Şolam mümkin eken.
Howwa, bagyşlaň!

Ynha bir edara, kaşaň edara.
Uly ministrlik, edil köşk ýaly
Giräýen ýeriňde ajap kiosk bar
Ýüz dürli kitaply, gazet-žurnally.

Ir bilen şol jaýa sowulýan her gün
Dürli neşirler bar bäş materikden.
Bir gezek zeýrendi, kioskçy Wera
Türkmençe zat alýan, sanlyja türkmen
Käte-de wot Sen.

Iki ýüz işgäriň köpüsi türkmen
Žentilmen, intellgent, papkaly kişi
Emma şol papkalaň içinden
Türkmençe tapmak kyn dermanlyk üçin.

Howwa, Lenin dilin "Internasional
Dostlyk dili"-diýip, okaýar olar.
"Berekella", has köp okasyn olar,
Ýöne, eneň dilin kemsidýän bolsaň
Lenin nädip seniň bilen dost bolar?!

Döwrümiz üýtgedip-gurulýan döwür
Görk goşmaly ýurdumyzyň görküne.
Erk goşmaly adamlaryň erkine
Buýsanç, ynam paýlamaly her kime
Ýöne, eneň dilin bilmýän bolsaň
Kim ynanar gepiňe?!

Bir gezek uly bir ýygnakda boldum
Din - adada garşy, galyňa garşy.
Üýşüpdir eneler, gelinler-gyzlar
Kluba görk berýär, ýakalaň nagşy.

Ýygnakda raýkom wekili hem bar
Ahyry oňa-da berdiler gezek.
Birinji Sekretar, meselem Goçow
Açdy papkasyny, okady uzak.

"Kalym, perežitok, borotsýa nado!"
Okady üznüksiz, gepledi gurak
Iň soňundan bolsa käbir gyzlara
Atlaryny okap, gowşurdy baýrak.

"Gýuzel"-diýdi, Gözel diýmäge derek
"Dýondy"-diýdi, Döndi diýmäge derek
Doklad-a däl, öz adyna düşünmän
Zenanlar boluşdy elek-de - çelek.

Eneler aňk bolup gyzyna bakdy,
Gyzy hem aňk bolup seretdi enä...

Kim günäkär?
Sorag berdim özüme
Hemem jogap berdim:
"Onda-da günä, mende-de günä bar,
Sende-de günä, hemme-de günä!"

606Özümiziňki
Ayzada
22.01.2019 / 17:42:14
+1
Tolkun minnetdar !Gaty gowy goshgy.

Tolkun
22.01.2019 / 13:17:41
+1
@AWARA agzanyň aýdyşy ýaly. Muňa sebäpkär biziň milli teleýaýlymlarmyzyň işiniň pesligi.

Teleýaýlymlary kämilleşdirmek hökmany mesele. Onda oňat, oňat çeper, dokumental (resminamalaýyn) filimleri görkezilmeli. Şonda halk başga milletiň teleýaýlymlaryndan uzaklaşyp biler.

Meselem Daşoguzyň halkynyň 40% uzbek, 20% türk, takmynan ýene 10% hem rus teleýaýlymlaryna tomaşa edýär.

Biz öz ýaýlymlarmyzy özge millet teleýaýlymlaryna bäsleşip biler ýaly etmeli. Şonda başga dilde geplemek derejesi ençe peseler inşallah.
296Betinden
Erkin
22.01.2019 / 13:26:15
Garranyňa gynanma,boş geçiren wagtyňa gynan !

+0

Mowzukda aýdylýan zatlar bilen doly razylaşýan,käbirlerniň aňyna türk sözleri gowy ornaşypdyr welin olar onuň türk sözüdiginem bilenoklar.Hawa şeýdip garyp aňyňa ornaşdyryp otursaň öz dilimiziň ýok bolaýjagy belli. Öňler aýal-gyzlar duşuşanlarynda biri-birini ogşanokdylar,ana şol indi ýoň bolup gitdi. Magtymgulyň goşgusyndaky "Zenanlar bolar bihaýa"—diýýäni boldy. Şolaryň şol endiklerem başga ýerden geldi öň 100 % ýokdy şol.
316Täzeje
Bezzza
22.01.2019 / 13:30:56
+1
Geljegimiz gorkuly diyse nameka diyipdirnay, yuregi yaryanyzat
61Betinden
Oraz_turkmen
22.01.2019 / 13:31:48
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+0

Köýnegiñ içinde plawkaly ýada çýortikli gezip ýörenlerem bar, dyzçanaga çenli eshik ýok, köpelýä özem sho

Topban
22.01.2019 / 17:29:50
+0
Öwrensinler! Özleri üçin, köpçülikde agzyňy wäçjildedip suwjarşmak gerek däl!
838Özümiziňki
SELJUK
22.01.2019 / 23:39:57
+0
Mahriban halkymy geljegi bn gorkuzmak...
Meniñ pikirimçe bu meselä başga hili hem seredip bileris. Biz 70 ÿyldan gowrak rus halky bn hatda rus halkynyñ gol astynda ÿaşadyk. Ÿöne şondada hickim ruslaşmady emma 2 sany türk kinosyny görüp halkyñ ÿarysy türk dilini yada türk medeniÿetini özüne ÿakyn görüp, eÿe çykmasy nämedenka? Ilki bn şu soraga jogap berjek bolalyñ. Men muñ üstünde kän pikirlendim we gözleg işini geçirdim. Başda bu mesele hem meni kän birahat etdi. Ÿöne bu mesele meni başga ÿerik eltdi. Sen islän halkyñy halap yada yigrenip bilersiñ yöne hiçkimiñ meniñ mähriban türkmen halkymy yada oguz milletimi SÜPÜKLIK yada SUMOKLYK bn peseltmäge hakkam ýokdyr, derejesem yokdyr. Geleliñ esas meselä. 70 yyllap ruslaşman 2 kino görup, türk medeniyetini özüne yakyn gormesi TÜRKMEN HALKY BILEN TÜRK HALKYNYÑ DININIÑ DÄBINIÑ DESSURYNYÑ BIRDIGINI ORTA GOÝÝAR.
2-nji mesele dil meselesi. Bunda hem taryhdan azajyk habardar bollalyñ, gayrat edip. Seljukly döweltinde döwlet dili pars dili hem bolsa köşk dili türki dildi yagny gadymy türkmen dilidi. Osmanly döwletihem seljuklydan alan bu dil mirasyny hem köşk dili hem döwlet dili eyledi. Häzirki Türkiye dowletihem Osmanlydan bu dili miras alyp galdy. Yagny geping gysgasy Türkiyede ullanylýan bu dil aslynda orta asýadan Seljukly bn, Ärtogrul bn giden, Türkiyä miras galan bir dildir. Bu mirasda elbetde biziñ hem miras paýymyz bardyr we gerekli ýerinde bu miras paýdan peýdalanmaga hakymyz hem bardyr.
3-nji mesele ady hem ustunde belli bolýan bir yakyn halkyñ dili bn gurleşileni üçin bu mahriban we gahryman halkymy geljegi bn gorkuzmak has dogrysy gorkyzan bolmak mening türkmen halkymyñ türksüpükligini dälde bu gorkuzan bolyanyn bilim sumoklygyny görkezýändir.
4-nji meselede "SOWRAMENLILIK" edil bu mowzugan gelişen bir soz däl. Onyñ türkmen dilindaki garşylygy DÖWREBAPLYK.

316Täzeje
Bezzza
22.01.2019 / 23:49:11
+1
SELJUK, 80% ylalashyan, geljegini howp astynda gorer derejede bir mesele dalmika diyyan. Koplenc turk halkyna yigrencli bakyan adamlardan esitmek bolyar sheylerak gurrunleri. Yigrenmeklerninem sebabi bardyr belki... yone Shukur bagshydaky Yusup wezirinem aydyshy yaly, “Her tiran oz tentegi bar”. Gowam bar , erbedem bar her halkdada
566Täzeje
gozegçi
23.01.2019 / 08:12:04
+1
SELJUK, sizem azajyk ponýataňyzy trenirofga etdiriň! (Hökman).
We ýene bir haýyşym, mowzugy täzeden, üns bn, başga işleriňi taşlap, içiňe salyp oka.. belki düşünmegiň mümkin näme diyjek bolanyma.. Onnaň çekeleşip bileris, isleseň.!

Mergen
23.01.2019 / 08:59:10
+1
SELJUK, Seljuklylar döwlet dilini pars dili edip name gazananyny görmeýärmiñ? Maşatda uly bir mähelle seljuklylar ýaşaýar. Edil hazira özleriniñ seljukdyklaryny bilyaler (ýaşulylary), yöne geljekde onam bilmezler, unudarlar. Sebabi parsça gürleyarler, türkmen dilini asla unutdylar (nesiller çalyşdy, yogsa-da bu bir iki ýylda bolyan zat däl). Türkler barada aýdanyñ bolsa ugrynda bar. Hazirki Türkiyañ ýerlerine baran kynyklar dilini sakladylar. Olarda köne türkmen sözleri bar, ulanýalar (ýagny türkler). Biziñ ýadymyzdan çykaran, orslaryñ sözleri bn çalyşan sözlerimizi alsak bolar. Yöne bütinley ene dilimizi çalyşsak bolmaz. Ol eýýam awtoryñ aýdyşy ýaly gorkuly. Mysal un: "dakyka" (minut) sözi türkmen sözi eken. Irki döwürlerde (gaty irem dal, Gökdepe söweşinden soñam) ulanylýan eken. Biz bolsa ony unutdyk (tekelera dakyga diyyan ekenler). Şuña meñzeş unudylan sözlerimizi ulanyşy girizjek bolmaly.

Bu ugurda iş alyp barmasañ bolmaz. Hökman ýaýlymlary kämilleşdirmeli. Çagalardan başlamaly ilki bn. Gowy multifilmleri öndürip bilmesegem terjime edip bilerisa...
Terjimeçilik işlerine uly üns bermeli. Kitaplary terjime etmeli. Iñ taze edebiyatlaram türkmençe terjimelerini çykarmaly.
Taryh nusga bolup dura. Ençeme Türkmen döwletleri dargap, türkmendigini yitirdi. Sebabi resminamarynam, gepleýişlerinem başga dilleriñ aşagyna düşürdiler we şol millete öwrüldiler. Ýekeje mysal getireýin. Türkmenleriñ Owşar taýpasy gidip Eýrany, Hindini, Dagystany basyp aldylar, hökümini yöretdiler. Yöne baran ýerini özüne öwürman özleri olara öwrüldiler. Ýagny şu wagt Owşar men, türkmen men diyyan ýok, yogsa şolar eýranda ýaşap yörler we pars men diyyaler...
566Täzeje
gozegçi
23.01.2019 / 09:30:41
+1
Mergen, düşünjäňe döneýin..(respekt)
838Özümiziňki
SELJUK
23.01.2019 / 10:11:57
+0
Men sen yada bashga biri bn barik çekileşmage gelemok, ponýatamy trenirofga etdirmek hem mesele dal.
Hatda men seniñ bu mowzugyñy beyleki mowzuklardan has kop haladym sebabi beyleki mowzuklar ya shol bir söygi hakynda yada copypaste (eger seniñki hem copypaste bolmasa) iñ azyndan öz pikiriñi yazypsyñ.
Yöne gynansakda yazyş şekliñ yalñyş, sebabi PANIKA çykaryp halkyñ gorkysyndan peydalanyan panikaçylara meñzeyäñ. Men seni tanamok şonyñ üçin panikadan peydalanmak isleyansiñ diyip biljek dal.Diñe bu öz gorkyñdyr diýip jogap bermekçi yagny 70 ÝYLLAP JAN EDIP RUSLAŞDYRYLMAK HATDA DARWINLAŞDYRYLMAK ISLENEN BU HALK NE DININI, NE DÄBINI, NEDE DESSURYNY IÑ ESASY ZAT HIÇHILI DILINI YITIRMEDI. Bir mahallar rus dili moda bolyşy yaly erte burgun english seriyallar gorlup enlish dili hem moda bolmagy ahtimal. Yagny 1,2 kino göreni bn asla we asla meniñ turkmen halkym dilini, däbini yitirmeyar.
838Özümiziňki
SELJUK
23.01.2019 / 10:14:57
+0
Mergen, Ýok awtoryñ aydyşy yaly hic hili gorkyly dal muna yokarda awtora jogap yazdym okap bilersiñ. Seljuklylar meselesinda bolsa yalñyş edipdirlermi, dogry edipdirlermi biljekdal. Sebabi sol wagtyñ sosial we siyasy yagdayyna göz aylamak gerek. Namede bolsa öz dillerni unudup köşk dillerni hem parsca etmandirler, geljek nesle miras goyupdyrlar.Eger bu yalnysh hem bolsa yokarda aydyshym yaly Osmanly dowleti mundan nusga alyp, dowlet dilini hem turki dili edipdirler. Galan zatda bolsa pikirimiz deñ gelya biz hem miras payymyzdan payymyzy alyp her ugurda dilimizi kamilleshdirmegimiz gerek. Biderek yere panika cykarmak yada panika goldaw bermek gerek dal.
274Gerekli
Sabryna
23.01.2019 / 12:13:55
+0
SELJUK, o nahili ruslashmadyk?! Biziñ ruslashmadyk ýerimizi görkezsene?! Bir namaz okamak bn Oraz tutmak bolaymasa galan ähli zat bize ruslardan miras bolup galmadymy.ilki köpculikde oglan gyzyñ gol tutushyp aýlanmasy,yada ile jar cekil sòyushmesi ata babadan galan zatmy?! Yada aýallaryñ jemgiýetcilik ishlerinde ishlemesi yada alañ -acyk geýinmesi ata-babadan galan zatmy?! Yada turkmen bolup ene dilini bilman rusca gurleyanler bular ata babadan galan miras daldira.Hudaýa shukur Musulmanlygymyz shondan Oraza,Namazymyzy unutmanlygymyz.Ruslar nace jan cekmesede bu zatalry goýduryp bilmedik.a galan ahli edyan hereketlerimiz rus halkyndan galan miras,ruslashan halkymyz,añymyz berýan Baýramlarymyzam sholaryñky.sanasañ sanap oturybermeli
274Gerekli
Sabryna
23.01.2019 / 12:29:02
+0
SELJUK, edil meñ öz gözum bn göz yetiren mysallarym öz ishdeshlerimden bar turkmen bolup turkmenca dushunmeýanleri.öz bolan welaýatlarymy aydaýyn Mary welaýaty obasyny biljek dal shaherindeha hemmesi orsca gurleshyar.edarasyna bar,magazinine gir,cagalary hem rusca habarlashýar.Dashoguz welaýaty obalarynda beyle dal yone shaherinde haýsy edara bar turkmen gyzlary oturandyr rusca gurlap.ana ruslardan galan miras bize.ryslar gelip garyp halky hökumet edarasyna cekip ugranda rusca öwrenmek we rusca gūrlemek ýoñ bolupdyr.rusca gúrlan adama sada halk gaty geñ nazar bn seredipdir.olaryñ nazarynda rysca gurlan adam intelgent,uly ishgar ýaly görunipdir we shundan bize miras galan bu zatlar
838Özümiziňki
SELJUK
23.01.2019 / 12:54:57
+0
Gayrat edip kone taryhy hem bilmesek yakyn taryhdan habardar bolalyñ. Biz hic hachan ruslashmadyk RUSHLASHDYRDYLAR(ikisinig arasynda dag ýaly tapawut bar). Sen rus dilinde gürläp bilmeseñ seni kemsitýärdiler (mesl :kolhoz diyyardiler). Yada yokary bir wezipede ishlejek bolsañ hokmany yagdayda rus dilini bilmeñ mecburydy. Sen nace oz halkyña watanyña hyzmat etjek hem bolsañ oña serdenokdylar. Sen ilki rus dilini bil onsañ gel hyzmat ediber diyyadiler. YAGNY MEJBUR ETYÄRDILER. Yone hazir hich kim saña turk dilinde gurlemeseñ ustunden gülup kemsidenok yada Turk dilini bilmeseñ işe aljakdal diyenok. Halkyñ bir dili yada milleti özüne yakyn görup gürleşmesi SÜPÜKLIK yada basga zat bolanok. Türkmen halkymy beýdip hichkim kemsidip bilmez. Düýn rus dili, bugun türk dili moda bolan bolsa belkide ertir english dili moda bor. Yene bir zat halk nace kan yashasa mirasam, miras payam kopeler. ruslardan miras galan zat hem kandir, yslam dini hem bize araplardan gelip miras galshy yaly. Soñam rus dilinde gürlap we taze yyl gutlandyklary ücin hickime sen ruslaşan diyip bilmersiñ, SAÑA HICKIMIÑ NAMAZ OKAP, ORAZA TUTANYÑ UCHIN ARAPLASHAN DIYIP BILMEJEGI YALY.
481Betinden
Olýa
22.01.2019 / 23:47:25
Sabyrly ynsan hemise bagtly durmusyn eyesi bolýandyr

+1

Her yurdun oz enedili yagsydyr.Sen nirde bolanda-da oz enedilini yatdan cykarmaly daldir.
61Betinden
Oraz_turkmen
23.01.2019 / 00:06:00
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+0

Bu mowzuga Nasreddin Ependiñ ,,señkem dogry" diýeni boljagow hmm döwrebaplyk
851Täzeje
Iskenderoff
23.01.2019 / 22:10:06
+0
Sho turk serial gorup turkcani owreneninden rusca kinolary gorup rusca owrenenin gowy

Topban
23.01.2019 / 23:00:25
+0
Şeýle gulaga ýakymly,
Sözledim gözel 25.
Niçe owazy çekimli,
Yzladym gözel 25.

7-sinden owaz çykyp,
18-in tar-tar çekip,
3000 ýaşda ömrüñ ýakyp,
Geçirdik gözel 25.

Şeýdaýy diýr, bar beterler,
Seniñ üçin ýas tutarlar,
Bu wagt kem-käs tutarlar,
Ýiter sen gözel 25.


Shunyaly bolar ahyry
306Täzeje
180390
24.01.2019 / 22:57:03
+0
Umuman shular yaly cekeleshikli temalar koprak bolsa biz yaly kor zehinlilerin gozleri cala cularak acyljak.

838Özümiziňki
SELJUK
24.01.2019 / 23:05:31
+0
180390, bir alyma sorapdyrlar sen hemmezady bilyangmi diyp alymam jogap beripdir YEKEJE ZADY BILYAN ODA HICH ZADY BILMEYANLIGIM diyp.
Sen kor zehin dalsing sebabi kor zehining yazjak.zady dal bu yazanyng

Soňky jogaplar:

Sagbol ýatlanyňa janyň sagbolsun...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 09:16:34)
Sagbol Mahri, arzularyňyz hasyl bolsun :)...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 09:15:12)
Sagbol Cepbekey, jora arzuwlaryň hasyl bolsun...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 09:14:08)
Sagbol LIDER, dost arzuwlaryň hasyl bolsun...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 09:13:19)
Gutlayas, Pikirlen!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahris (Bu gün, 08:58:08)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023