NEBIS, NEBSAGYRYJYLYK, NESIBE - Halanlaryma goş
Teswirler:
61Betinden
Oraz_turkmen
20.01.2019 / 22:55:46
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+2

NESIBE - Bu sözüñ manysyna ähli kishi düshünýärmikä?! Hyrydar bolup söwdalashyp, islendik harydy satyn alanymyzda, satyjy bize: ,,Nesip etsin!" diýýär. Biz hem: ,,Sag boluñ, söwdañyz showly (oñ) bolsun!" diýip, öz hoshallygymyzy bildirýäris.

... Derman satyn alanymda, satyjy gyz dermanlary we gaýtargy pulumy yzyna uzadyp: ,,Em bolsun!" diýdi. Diýmek, her kim öz kärine mahsus sözleri öwrenip, gaýtalap duran ýaly bolup dur. Eýsem, nesibe näme?! Nesibe ynsana berlen paý, ülüsh, rysgal. Nesibe ähli kishä deñ derejede berlenok. Nesibä adamlaryñ düshünjesi-de birmeñzesh däl. Bolup geçen wakalara ýüzlenýäris.

Gadym döwürde bolup geçen bir waka. Gara öýüñ içindäki ojakda ot ýanyp dur. Oduñ üstünde goýlan taganyñ üstündäki gazanda palaw bugaryp dur. Öý eýesi: ,,Keýwany, hany palaw getir, palaw iýeli" diýýär. Aýaly: ,,Kakasy: ,,Nesip etse iýeli" diýeweri". Adamsy: ,,Keýwany, shon-a nesip etse-de iýeris, nesip etmese-de" diýýär. Aýaly naharly tabagy äberen badyna gara öýe iki sany nöker kürsäp girip, onuñ adamsyny tutup alyp gidýärler. Gijäniñ bir mahaly dasharda biri ardynjyraýar. Öý bikesi: ,,Kimsiñ" diýip gygyrýar. Gapydan kakýan: ,,Nesip etse ýanýoldashyñdyryn" diýen ses eshidilýär.

Ine, has öñräklerdi, sheýle bir waka boldy. Münüp barýan ulagymyz duralga ýetmän durdy. Düshjek adamlar düshdi, emma münmeli ýolagçylar münüp bilmedi. Sebäbi yzymyzdan gelýän awtobus duralgada garashyp duran ýolagçylaryñ ýanyna baryp durdy. Ol awtobusdan düsjek adamlar düsheninden soñ, garashyp duran ýolagçylar hem oña mündi. Gapdalymda duran ýigit: ,,Biziñ awtobus sürüjimiz nebsini bilmeýän adam ekeni" diýdi. Men: ,,Aýdanyñ dogry, ýöne her kim nesip edenini almaly" diýdim. Onda ol: ,,Awtobusyny garashyp duran ýolagçylaryñ ýanynda saklan bolsady, nesibe biziñ sürüjimiziñki bolardy-da" diýdi.

Bu wakadan bir hepde soñ ol ýigit gabat geldi. Meniñ bilen salamlashdy-da: ,,Agam, seniñ aýdanyñ dogry ekeni. Nesip etmedik zat seniñki bolmaýan ekeni. Öz dilim öz nesibäme böwet boldy" diýdi.


Dowamy bar
61Betinden
Oraz_turkmen
20.01.2019 / 23:11:48
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+2

... Men nebsagyryjylyk bilen: ,,Beýle näme boldy, inim?" diýip soradym. Ol: ,,Men shol gün öýe bardym, kisäme elimi sokdum weli, pully gapjygym gaçan ekeni, gözläbem tapyp bilmedim. Nesibäniñ nämedigine indi düshündim" diýdi.

Beýan edilen wakalardan belli bolshy ýaly, bilmeýän, göz ýetirmeýän zatlarymyz babatda durmushyñ özi bize sapak bolýar. Nesibe Ýaradanyñ bize beren peshgeshidir, rysgalydyr. Biziñ nesibämizden kem ýa-da artyk alyp bilmejegimiz hakdyr. Pederlerimiziñ aýdyshy ýaly, ,,Ýuwdan çöregiñ özüñkidir, çeýneýäniñ bolsa gümana".


Söz manysy.
39Özümiziňki
Yslam9546
21.01.2019 / 12:53:59
+1
670Öwreniji
CharyDeejay
21.01.2019 / 16:39:55
+0
sagbol gowja mowzugyna
61Betinden
Oraz_turkmen
19.02.2019 / 10:42:51
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+0

Okanlara minnetdar

Umman
19.02.2019 / 11:12:04
+1
Gowy Mowzuklary açýaň @Oraz_turkmen dost!!! Sagja bol. Sen saýytdaky iň gowy blogerlerdensiň gardaş.

Umman
19.02.2019 / 11:23:59
+0
Bu makalanyň awtory kimkä dost?
61Betinden
Oraz_turkmen
19.02.2019 / 11:28:12
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+0

Ýadyma düshenokda
61Betinden
Oraz_turkmen
19.03.2019 / 23:04:55
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+0

Test surat ün

Soňky jogaplar:

Mahri, samglawny yumurtgany yuwyañ dami :ah:...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
raymonds (Bu gün, 12:37:06)
Dz ili süýtli çaý bolsa öňlerinde palow goýsaňam ilki çaýy içip onnaň palow iýýäler dp eştdim...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
Arzuw.s (Bu gün, 07:16:27)
Manyly eken...Dowamy
Umumy bölüm | ýagşylyk et derýa at
Kevins (Bu gün, 07:12:52)
Mokujin, Da.Guyçliler yone yere aglayan daldir!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:17:34)
Medikama, sen name soygumi?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:13:05)
Dostluk.Ru © 2018-2024