ENELER (hekaýa) - Halanlaryma goş
Teswirler:
596Betinden
Gürgençli
20.01.2019 / 19:51:30
+1
diiýmesine gelni razy bolmady. Berkeli barlaga äkidende-de ýaýda-ýaýdana
giderdi. Häzirem içinden: „Annagözel ejäň mylaýymlygy o taýdakylarda
barmydyr, ýokmudyr” diýip ikirjiňlendi. Üstesine-de şäher lukmanyna gidibem eli
boş geldi diýdiresi gelmedi. Öz ýanyndan, olaram biabraý edäýjek ýaly,
päkliginden gaýdýan sadalygy bilen adamsyna: „Öýi gowy görýän” diýdi. Dogry,
şol wagt Berkeli „Gidersiň” diýse, ýogam diýmezdi. Mundan bihabar Berkelem
içinden: „Özi göwnemese bolmaz” diýdi. Tuwak eje ýene Annagözel ejäň üstüne ylgamaly boldy.
Biriniň kömege çagyraryna garaşyp oturan ýaly, bilindäki ýasy, düýe ýüň
guşagynam aýyrmadyk Annagözel eje Tuwak ejäni görenden ýerinden turdy.
- Bolaweri jora jan, gelniň haly üýtgändir.
Iki ene çybşydyklap ilerki hatara tarap ýola düşdüler. Berkeli Amansoltanyň
ýanyndan aýrylyp bilmän penjrä garap otyrdy. Ejesi bilen göbekenäň gelýänini
görüp, ol ýerinden turdy. Amansoltanyň ýüzüne soňky gezek seredýän ýaly
naýynjar bakdy. Göbekene içeri girenden Berkeli öýden çykmak bilen boldy.
Bosagada ogly bilen pete-pet gelen Tuwak eje içeri girmän ogluny çete çekdi.
- Berkeli, şu gün hepdäň näçinji güni?
- Ikinji güni.
- Ýalňyşan bolaýma?
- Ýok eje, şu gün sişende. Hä näme?
- Aý mendirindä. Öňküjeleriň ikijigem sişenbe gününiň gijesi gidipdiler.
Dilinden sypan soňky sözler bilen syryny açanyna süňňi gowşap giden Tuwak eje
zordan yzyna öwrülip öýe girip gitdi.
Berkeli içinden „Haý menem, ýokary bilimli lukman halyma şu oba aýallaryna
Amansoltanyň janyny ynanyp çykdym gaýdyberdim. Ejem bolanda näme,
Annagözel eje bolanda näme, olaň düşünjelerine seredä” diýdi. Yzyna girermen
boldy. Bu gezek ony ejesi gapyda garşylady. Ejesiniň „Hä, näme oglum?”
diýmesine jogabam bermän Berkeli gözi ýok ýaly içeri girdi. Gele-gelmäşe
Amansoltanyň elinden tutup „Şähere gidelimi?” diýdi. Ggyssaga düşen
gelniBerkeliň jaýdan çaltyrak çykanyny isläp başyny ýaýkady. Öýden çykan
Berkeli ur-tut maşyny otlap şäherdäki lukmanlaryň üstüne gitdi. Ol gelnini alyp
gidip bilmese-de, bolmanda lukmany getirmekçidi.
Gelniniň baş ujunda oturyp, derini sylyp berýän Tuwak eje zol-zol: „Şu gijäni
gaýrat etde geçir gyzym, daňy atyr” diýýärdi. Amansoltan ahyry çydaman: „Enesi,
men nädip gaýrat edeýin, janymy alyp barýar” diýdi. Emma sanjylary gowşap ýene
özüni dürsände-de, gaýnyndan näme üçin daňa çenli garaşmalydygynyň sebäbini
soramady. Ol öz ýanyndan enesi aýtdymy diýmek şeýle-de bolmalydyr diýene
meňzeýärdi. Gözüni daşaryň garaňkysyna gaýta-gaýta aýlap „Wah daň ataýsa”
diýýän Tuwak ejä ahyry çydaman göbekenäň özi: „Aý gyz, daňyň näme dahyly
bar, alaýdyň ýöne?” diýdi. Tuwak eje bu gezek diline berk boldy: „Mendirin-dä,
gijäni ätläýsin diýýän-dä” diýip jogap berdi. Annagözel eje Amansoltanyň ýüzüniň
reňkini halaman: „Sen gowsy ogluňy tap. Şähere äkitsin, bäbegiň gelşi düzüwem
bolsa, gelin bizi aljyratjaga meňzeýär” diýdi. Onýança gapydan ak ýektaýly
lukmanlary yzyna tikäp Berkeli girdi. Olar Amansoltany maşynlaryna mündürip
şähere alyp gitdiler. Annagözel eje „Allaň özi abraý bersin” diýip olary ýola saldy.
Berkelem ejesini öz maşynyna mündürip olardan galmady Şähere getirip Amansoltany bäbekhanaň iki gat jaýyna saldylar. Tuwak eje ogly
bilen daşarda galmaly boldy. Olaryň bu gapyda ilkinji gezek durup görüşleridi.
Tuwak eje bäbekhanaň şeýle uly binasynyň bardygyna ilki geň galyp bakdy. Soň
welin gözüni gündogardan aýyrmady. Eneli ogul gijäni çirim etmän geçirdiler.
Berkeliň gözi bäbekhanaň gapysyndady, Tuwak eje-de zol-zol daňyň agarmaly
ýerine bakýardy. Ine-de jahan ýagtylyp ugrady. „Ne beýle eglendiler” diýip ogly
zowzuldaklap ýörkä, Tuwak eje pyşyrdap „Gijäni ätledi gaýratly gelnim” diýip
alada-da galman, bag suwarylýan krandan suw alyp täret kyldy. Otlugyrak ýerde
pürenjegini ýazynyp namazyny okady. Alla şükür etdi. Onýança-da
„Bäbekhanadan ogluňyz boldy, buşluk” diýip çykdylar. Tuwak eje içinden: „Atan
daňym, Daňatarym. Ýaşyň uzak bolsun” diýdi.
Şeýdibem enem pahyr adyma Daňatar dakypdyr...
Soň Daňatar agaň iki oglan bir gyz jigisi bolupdyr. Häzir olardan önenler obada bir
hatar bolup otyrlar. Onuň aňyrsynda ene gaýraty ýatyr. Hakykatdanam eneler
nähili jomart, nähili giň...

Awtory: Ylýas Amangeldi
596Betinden
Gürgençli
20.01.2019 / 19:54:27
+0
http://dostluk.ru/users/profil ... d=596

596Betinden
Gürgençli
20.01.2019 / 19:57:58
+2
Siz ýene-de gyzykly hekaýalar, gowşgylar okamak ysleýärsyňyzmy? Onda şol ýaşylja hata basyp meniň mowzuklaryma mugt ýazylyp bilersiňiz! (Mahabat)
373DOST
SerVi
21.01.2019 / 02:32:20
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!

+0

Beh mundan gelip çykdow indi gosgy hekaya okajak bolsanam ýaşylja hataa basyp otyrmalymy??yeri bolya birden yalnyslyk bilen gyzylja hata basylsa menden dâl..
Sagbol mowzuk ucn

800Gerekli
12kimkime
21.01.2019 / 07:15:32
+0
Hm
596Betinden
Gürgençli
08.02.2019 / 00:56:09
+1
Siz ýalňyş düşünipsiňiz ýaşylja hat diýip men plýusy aýdamok. Mowzuklara ýazylmagy aýtdym ahyryn.
596Betinden
Gürgençli
08.02.2019 / 00:56:55
+0
SerVi, Siz ýalňyş düşünipsiňizýaşylja hat diýip men plýusy aýdamok. Mowzuklara ýazylmagy aýtdym ahyryn.
596Betinden
Gürgençli
08.02.2019 / 00:59:13
+1
SerVi, ýöne link bilen plýus goýulýan düwmäň reňki bir ekenda
596Betinden
Gürgençli
08.02.2019 / 01:01:08
+0
SerVi, http://dostluk.ru/users/profil ... d=596 birinji teswirdäki şu linki aýdypdym ýaşylja hat diýip
670Öwreniji
CharyDeejay
21.01.2019 / 16:41:13
+0
dunyanin bar gorki Enedir ene

Soňky jogaplar:

Dark_Wolf, We belliklerini göwnume almokda minnetdarlygymy beyan edyarin...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
ResulmuhammetHs (Bu gün, 13:27:41)
Dark_Wolf, Dogry Seyle diyjegin tapyljagyna bilyadim.. yone Bagyshlan Yone kone endige gora Magtymgulyny yatlaydym.. onsanam Magtymgulyny gunde dal seluntda yatlasanam azmyka diyen niyet bilen...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
ResulmuhammetHs (Bu gün, 13:26:27)
Dark_Wolf, sag bol...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
BAGANAs (Bu gün, 10:45:38)
Bicak gowy goşgy eken sag boluñ....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Biri öwüt berdi...
Berekets (Bu gün, 09:22:13)
Sagbol...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
Tikos (Bu gün, 07:23:16)
Dostluk.Ru © 2018-2024