Hötjet shägirt - Halanlaryma goş
Teswirler:
61Betinden
Oraz_turkmen
20.01.2019 / 19:35:08
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+1

... Bashga alaç tapmanyndan soñ, hötjet shägirt öñki halypasynyñ ýanyna baryp, özüniñ günäsini boýnuna alyp, küýzelere syrça çalmagyñ usulyny öwretmegi sorapdyr. Halypa ussa:
- Onda sen ýene-de 2 ýyllap öñki ishleriñi täzeden berjaý etmeli bolarsyñ. $ondan soñ syrça çalmagyñ syryny öwrederin we ak pata bererin - diýipdir. Ýañky hötjet shägirt bashga alaç tapman, ol sherte boýun bolupdyr. 2 ýyl geçeninden soñ, halypa ussa ýañky shägirdi küýzeleri gözden geçirýän jaýyna çagyryp, eline bir golçany alyp, arassa mata bilen onuñ içini mäkäm süpürip, iñ soñunda bolsa, golçañ içine ,,Üf" edip üfläpdir we: ,,Bar indi syrça çalaý" diýip, golçany shägirdiniñ eline beripdir. Ýañky shägirt syrça çalynýan ýere gelip, golça syrça çalsa, allanäme bolup ýalpyldap duruberipdir. Ol uludan demini alyp: ,,Be, öz hötjetligim sebäpli bir ,,Üf" üçin 2 ýyllap artykmaç ishlemeli boldum" diýip, kellesini ýaýkapdyr. $ondan soñ ol ak pata alyp, öýüne gaýdypdyr. Öz obasyna gelip, ishlerini urukdyryp, hakyky küýzegär ussa bolup ýetishipdir.

Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziñ atalyk aladasy bilen Ashgabat shäherindäki we welaýat merkezlerindäki döwrebap muzeýlerde taryhyñ belli-belli döwürlerinde ussalaryñ elinden çykan, halkymyzyñ ýashaýysh durmushynda ulanyp gelnen senetleri görüp guwanýarsyñ.

Taryhy wakalaryñ shaýady bolan binagärligiñ ýadygärlikleri syýahatçylaryñ gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Häzirki döwürde ussaçylygy, binagärligi ösdürmäge uly mümkinçilikler döredildi. Olaryñ öz ishlerini kämilleshdirmegi üçin, dünýä ülñülerine gabat gelýän enjamlar we serishdeler bilen üpjün edilýär.

Halkymyzyñ asuda, parahat ýashap, milli medeniýetimizi ösdürmegi barada uly aladalary edýän hormatly Prezidentimiziñ jany sag bolup, alyp barýan tutumly ishleri rowaç bolsun!


Türkmen ruhyýeti. USSALAR.

373DOST
SerVi
21.01.2019 / 02:40:03
+1
Oraz_turkmen, ámin aydanyñ gelsin yurdumyz mundan beylakde has gùllap òtsùn
gowy mowzygy paylasanyna sagbol mowzuklar dowamly bolsun
596Betinden
Gürgençli
20.01.2019 / 20:18:20
+1
Iki aý işlemäge ýaltanyp iki ýyl işlemeli bolupdyrda. Içine bir uflemegiňem uly ähmeýty bar eken, kuýzegärligem näzik işdä onda. Sagbol Oraz açýan örän gowy mowzuklaryň üçin.

Soňky jogaplar:

Dark_Wolf, sag bol...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
BAGANAs (Bu gün, 10:45:38)
Bicak gowy goşgy eken sag boluñ....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Biri öwüt berdi...
Berekets (Bu gün, 09:22:13)
Sagbol...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
Tikos (Bu gün, 07:23:16)
Gutlagyňa sagbol welin.... welini barda şu ýerde Byrader sen köne ýyl senenamasy bilen hasaplapsyň. Aslynda, [b]18-nji maý - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň...Dowamy
Edebiýat | Baÿramñyz bilen..!
Dark_Wolfs (Bu gün, 05:51:15)
Говы тема нусга аларлык.. Йоне бу Магтым бендаде овретмели экени курсдашлар болуп...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
ResulmuhammetHs (Bu gün, 03:38:48)
Dostluk.Ru © 2018-2024