[i]4. Bir adama beren sözüňde tapylmaklyk näderejede wajyp? Söz berip, sözüňde tapylmadyk ýagdaýlaryň bolup görüpdimi?[/i] Wajyplygyna söz ýok. Geçmişde lebiz - jan bilen hasaplaşylypdyr. Öz serkerdäňe, halypaňa, ýurt patyşasyna bir zady söz berip, soňrada sözüňde duryp bilmeseň, kelläňi alýan ekenler. Häzirki döwürde-de adamlaň biri-birine işi kän düşýär. "Saňa gerek bolsa taparys, mesele däl" diýip, zym-zyýat bolan tanyşlar bar. Sen bolsa umyt edip garaşýaň, ynanýaň. Emma, soňra syçan-pişik oýnap başlaýalar. Ne özi jogabyny aýdýar, ne jaň göterýär. Gaty we gaty göwnüm geçdi şolardan. Oňaraňokmy? Boýun almada. Özüme gelsek. Ýokarda aýdyşym ýaly biriniň ynamy bilen oyun eder derejede, söz berişip göremok entegä. Ylaýym, bermelem etmesin. Ownuk-uşak işi düşýänler, ýüz tutýanlar bolýar. Oňarsama, bitirip göýberýän. Başarmajak zadym bolsada, gaty görsede "ýok" diýýän. Käwagt ÝOK diýmänem başarmaly. Ýogsa iki oduň arsynda galýaň. *** [i]5. Bilşimiz ýaly döwüri ýaşlar düzýär, döredýär diýsek hem bolýar. Häzirki wagtda iň köp gabat gelinýän mesele "Men ynandym, ol oglan meni allady", şular ýaly ýagdaýlarda günä kimde? "Gyz özünden görsün, ynanmaly däl eken" diýmersiň diýip umyt edýän, sebäbi döwrüň bu wagtky üýtgeýşi bilen ony diýmek örän ýerliksiz boljak ýaly.[/i] Yslam dininde gyz bilen oglanyň arasynda (eger durmuş gurmajak bolsalar) limit goýulan bolsa, diýmek bir emmasy bardyr. Günä ikisinde-de bar. Biz gowsy boljak iş bolonsoň, günäkäri gözlemäliňde, başdaky tanyşlyk guruş döwründäki ýalňyşlyklary belläp geçäýeliň?! Köp oglan pikir edýär, birine lak atsam, olam känbir näz çekdirip durman resgo yrylsa, şol gyz gowudyr öýdýäler. Esasanam telefonda, internetde şeýle. Gyz diýeniň garşydaş jynsyny görende, onda-da keseki bolsa, ondan ürkmeli aslynda... çalt yrylýan gyz nireden gowy bolsun. Bir gyz garşydaş jynsy bilen söýgi gatnaşygynda bolanda diňe fiziki taýdan bolonok, ruhy taýdanam bozulýar. Olar ýaly gyzyň duýgulary eýýäm birnäçe kilometr geçen bolýar. Maşyn alanyňyzda plança kilometr geçen diýilýärä. Olam gyzy belli bir derejede zaýalaýar, tejribe gazandyrýar. Namys meselesi dine gyzyň gyzlygy bilen ölçenenok, ol ýeketäk faktor däl-de, iň möhüm faktor. Aýdaly, aljak bolýan gyzyňyz gyz, ýöne nastraýeniýasyna görä 3-4 oglan bilen halaşan ýa bolmasa şoňa menzeş birzat. Durmuşa çykmazyndan öň sallah oglan sortlap ýören bolsa, durmuşa çykanyndan soň är sortlamajagyna garantiýa barmy? Eger-de bir gyz 4-5 oglan bilen intim ýa-da has hususy duýgularyny paýlaşyp gören bolsa, onda durmuşa çykanyndan soň siz bilen paýlaşjak zady kän ýok. Oglanlara gelsek... Eger öýlenjek gyzyňyzyň fiziki hem ruhy taýdan gyz - [b]gaytalaýaryn, hem fiziki taýdan gyz, hem ruhy taýdan gyz bolmagyny isleýän bolsaňyz,[/b] onda internetde öňüňizden çykan gyz bilen kilçilleşip, ruhy taýdan gaýmagyny pozman, gündelik durmuşda-da fiziki taýdan gaýmagyny ellemäň. Dostluk - mostluk diýilýär, ýöne biziň medeniýetde gyz bilen oglanyň arasyndaky dostluk çäkli bolýar. Okuwy, işi we ş.m barada gürleşip bolar. Ýöne şahsy durmuşy barada gürrüňe girmek, emosional pikir alyşmaga başlamak biraz riskliräk - hem oglan üçin, hem gyz uçin. Men näme üçin esasan bärde gyzlara urgy berdim. Sebäbi "karar" saňa bagly. Sen islemeseň, sen şahsy zonaňa golaýlatmasaň, wagşy ýaly topulýan ýok. Tanşyp gör. Ýöne serhediňiz bolsun. Soňra bolmadyk ýagdaýynda geçmişiň arassa durar ýaly. Täze tanyşlyga ýüzüň bolar ýaly. - Halanlaryma goş

Soňky jogaplar:

Bu bir erteki bolaymasa aslynda bir zat diyende iki edip jogap berolara bu gelin diyenlen ichine salyp yoreni yok yone gowy pikir eken shunsy tuys erkeklere gerek maslahat...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
MODERATORs (Bu gün, 01:44:05)
Ýylana öwrülÿädimi agsham dushende, sho tymsala garashdym...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
Mahris (Bu gün, 01:05:01)
IMG şuna dusunmedim...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
MMBs (29.04.2024 / 20:37:30)
aymurat, Beýtmeli däldä dost, senden tama ulydyda...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:25:15)
Şeýtan diýýä, islendik sypata girip düşümize girip bilýä diýýä...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Mazarystana zyýarat etdim
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:23:00)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023