Tegelek stol: @.vkus.granata bilen söhbetdeşlik... - Halanlaryma goş
Teswirler:
4952Täzeje
accountant
08.02.2024 / 19:14:07
+2
Name ucin ulkamizde ylym bilime bolan isleg yok?

292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:48:02
+4
accountant, pul gazandyranok, okanyň bilenem barybir puluň bolmasa aljak galaň ýok - näme üçin okajak
5059Öwreniji
Kleopatra
08.02.2024 / 19:21:41
+3
Adamlar näme uchin ownujak ish etseler hem Alyny goparan yaly uly minnet edyaler?!
Hazirki wagtda nikasy bozulyp azyp dagap gidyan mashgalalaryñ sany juda kop munuñ sebabi name we bu problemany nadip azaldyp ya-da (bashartsa)duybunden yok edip bolar?!(oz garayshyn)
Azgynchylyk bozuklyk meslikdenmi ya-da yetmezchilikden?!

292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:49:53
+2
Kleopatra, minnet meselesinä zat diýip biljek däl, özüm edemok we etdiremok. Soňky aýdan iki zadyňam sebäbi işsizlikden, eli boşlukdan. Şolary aýyrsaň düzeler gider
2233Betinden
Nara [283s]
08.02.2024 / 19:31:05
Salam saytyn garagöz agzalary!

+1

Söyülmek mi söýmek?

292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:50:05
+2
Nara, işläp pul gazanmak
4880Täzeje
MODERATOR
08.02.2024 / 19:34:14
GELER GEÇER!

+3

In halayan gulunizi aydyn Miradan size ugratjak.

Oyun edyan men ony etjek oglan dal.

Durmushda in yigrenyan hasiyetleriniz name?

292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:51:57
+2
MODERATOR, gül halamok pul halaýan (ugratsaň jaý düşer ýaljagyny ugradaý, ýüz öwürmen ;-))

Kiçiligimden bäri aldawçylygy halamokdym, meň üçin gyzyl çyzyk şo, köp zady bagyşlap, geçirip, üns bermän bilýän, aldasalar gatnaşygy şol bada kesýän
292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 19:45:41
+3
Salam hemmlere! Tema açylmazdan öň ýeňilräk soraglar taýýarla diýsem, awtor meň has janymy ýakýan temalaryma üns beripdir eken. Omda jogaplap başlaýyn, öňünden aýdaýyn, şahsy pikirimi ýazýandyryn we men hemme zady bilýän ideal mugallym däl, bärde-de mugallymlyk edemok, diňe çagalaň arasynda köpräk gezýän adam hökmünde pikirlerimi beýan ederin.


1. Bilim ulgamynda işleýnime 10-njy ýyl şu ýyl, üýtgeşik gazanan zadym ýok, ýöne bir oba mekdebiniň mugallymy hökmünde okadan okuwçylarymyň aňyna taryhymyzdan ýönekeýje detallary salyp bilen adam diýip begenibä biljek. Ugrum taryh, durmuşdaky maksadymam hemmäňize belli - jaý almak :-). (Işimdäki maksatlarym indiki berjek jogaplarymdanam belli bolar-la)
292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:01:41
+3
2.
a) Häzir okuwçylar kitapdan daşda, sebäbi hemme adam diňe pul gazansam bolýar diýen düşünje bilen hereket edýär. A bizde bolsa okanyňdan peýda ýok. Käte özümem şolar ýaly diýäýmäm bar. Aýdym aýgmak ýa adamlary iki nakys söz bilen güldirip pul gazanyp bilýäkäň, okamak nämä gerek? Uly synpyň okuwçylarynyň arasynda şu soragyň üstünde durýan, hemmesiniň jogaby bir.

b) Okamagy maslahat berýänim, ilkä Hydyr Derýaýewiň "Ykbal" romanyny okadasym gelýär, şol kitabyň 1 we 2nji tomuny okasalaram ýetik, türkmeniň milliligi bar, baýynaň, mollasnyňam erbet däldigi, zenanyna hormat goýandygy barada..... görkezilýär. Meň esasy maksadym, ýaşlarda milliligi oýarmak bolansoň, şu kitaby okadasym gelýär baryna. Şol döwürde gorkman ýazan ýazyjy şol meň gözümde Hydyr Derýaýew şol romanyny.
Ikinjidenem, Atajan Taganyň "Saragt galasy" kitabyny okasynlar, ol ýerde-de taryha, millilige buýsanç oýanar ýaly. Mertlik, garadan gaýtmazlyk, parasatlylyk bar şol kitapda.
Çary Aşyrow "Garry serdar", Atajan Tagan "Keseki", Ýazmyrat Mämmediýew "Şapak" ... - hemmesem özümize buýsanç döretmek isleýänim üçin şu kitaplary saýlaýaryn.
Indi daşary ýurt edebiýatynada geçeýin, bular bilen aram ýok, tanyşlygym indi başlady diýsemem boljak, iki sany kitap aýdybiljek, özümiňem köplere sowgat edenim "Kiçijik şazada" we "Yşk" kitaplar - hökman okalmaly. (Men adamlarda ynanjyň, ynsabyň bolmasynyň tarapdary bolanym üçin şu kitaplary saýlaýan, okamagam maslahat berýän. Okan bolsalar ýene 3-5-10 ýyldan gaýtalap okasynlar diýjek kitaplam şu)



3. Men köplenç ynsabymy rahat saklamaň tarapdary, şoň üçin hökman bir alajyny tapyp adamlara kömek ederdim. Aşaklyk bilen ýaýradardym, samsyga oýnardym, ýöne hökman adamlara kömek ederdim. Maşgalaň näme, eger o wirus ýaýrasa özümem öljek bolup durkam, kömek edip bir öleýin :-)

38Gytyndan
Dark_Wolf
08.02.2024 / 20:19:02
+2
.vkus.granata.,
Molades
2-nji jogapdaky maslahat beren türkmen çeper eserleriňiz çyndanam terbiýeleýji kitaplar. Ýazmyrat Mämmediýewiň "Şapak" eserinde dagy durşuna türkmen maşgalasyny görse bolýar, türkmen maşgalasyndaky aýalyň orny, çagaň orny we onuň terbiýesi (okan bolsaň bilýänsiň, eseriň başynda çagalara göreş tutdyrýandyr), umuman awtoryň söz oýnadyşy gaty ýerlikli...
Bu roman 2 kitapdan ybarat bolmaly. Men diňe 1njisini okadym. Indi nesip bolsa täzeden ikisinem jemläp okamakçy.

Dünýä edebiýaty hakda aýtmaly bolsa, "Kiçijik şazada" mende ýöremedi. Wakaň içinde waka kän. Şeýle bolsa nerwimi gyjyklaýa meň. Ýöne "Yşk" romanyna söz ýok. Esasan sufizme (sopuçylyga) urgy berilenem bolsa, şerigat meselelerem gozgalýanlygy üçin özüne çeken bolmagam mümkin meni..
292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:03:33
+4
4. Men kino düşmezdim, sebäbi özümde artistlik ukyby ýok. Taryhymyzda belli şahsyýeti janlandyryp, oňa söýgi döredip bilmejekdigim belli. Ýöne artisti saýlaşmaga, kino düşürlende kömek etmäge, tekliplerimi aýtmaga goşsalar goşulardym.
292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:13:16
+3
5. Bizde şeýle, "şu zat erbet, etmäň" diýip aýdýas, ýöne özümiz şol zady edýäs. Şu ýerde Kaýum Taňrygulyýewiň "Altyn okara" eserinden bir pursady aýtjak - "kakasy köp çilim çekýän eken, ýöne çagalaryna çilim çekmek erbet, çekmäň diýýän eken. Bir gün ogly "kaka, seň özüň çekýäň-ä çilimi" diýýär. Şol wagt kakam çilimini söndirdi-de, gaýdyp çekmen diýip söz berdi we gaýdyp kakamyň çilim çekenini görmedim". Diýjek bolýanym, dilimizde dälde, hereketlerimizde gowulygy görkezsek, adamlar erbetlikden daşda bolardylar.


6. Kleopatraň näme üçin şeý diýeninä bilmedim welin, maslahatym görüp tanamdan soň özüne aýdaýmasam, edil şu wagt kelläme hiç zat gelmedi.


7. Menem öz toýunyň wideosyny bir gezegem doly görmedik adam. Içim gysýar görüp başlasam. Şoň üçin zenanlaryň näme üçin köp görýäni barada pikirim ýok. Doganymam ýaltanman kän gezekler gaýtalap görýädi, bilmedimdä, men özümä beýle däl


8.
a)Durmuşda "üns bermesene", "oňaranyň ogly bolsun", "bu-da geçer", "menemä bir gün jaý alnaryn" (seň ertirdekäk ýazan "biziňem köçämizde kolbasa gatnadýan maşyn awarýa bolar" diýen sözüňem köp aýdýan)
b) ertir açylsa özüme belläp goýan mowzuklam bar, pyşbaga agzaň açýan mowzuklaryny okardym hökman, hemem Matak diýip agzaň geografik atlaryň türkmençe gelip çykyşy diýip mowzugy bolmaly, şony hökman okap, özüme kopýalap alardym. Hemem bir gezek joşup birine uzyyyyyn doglan gün gutlag ýazypdym, şonam kopýalap alardym, häzir olar ýaly joşup bilmn kösenýän
292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:18:05
+3
9. Aslynda men-ä garşymdaka seredýän, jogap berenime degýän adammy ýa dälmi?! Degmeýn bolsa jogap bermeýärin, degýän bolaýanda-da gürrüň gaty uzaberse goýmaklygyň tarapdary. Akyl satma diýýänlerem näme, özünde "akyl köp" bolansoň artyk alasy gelýän däldir diýäýmesem. Onsoň "akyly köp" adamlaň ýanynda dymaýýan men-ä. Akylly bolmaň, sowatly bolmaň aýby ýok, ýöne gürrüňi şahsylaşdyrýan "akyllylar" bilen deňleşesim gelenok, şoň üçin şu soraga "üns bermesene" diýip geçäýmesem
292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:35:04
+3
10. Bilim sistemasyny kämilleşdirjek bolsaň ilki bilimiň gymmatyny galdyrmak gerekmikä diýýän. Meselem, hökmany başlangyç bilim (sowat) mugt bolsun, ondan soňra ekzamenden geçmese ýa okasy gelmese okamasynam. Pul gazansyn ýörsünler çagalar. Bilsin adamlar bilimiň gerekligini, zerurlyk duýsun şoňa. Mugallymlaryň dokumentasiýa işini geçdik, çärelerden azat etsinler. Köçede gai'ň işinem mugallyň edip berýär indi. Ekin ekýär, hasyl ýygnaýar, suw tutýar, dökün dökýär - haçan okatmaly? Şol zatlary mekdeplerden aýyrmaly. Mekdep programmasynda okadylýan temalary çalyşmaly. 10 synp okuwçysy üçin "Zöhre-Tahyr" dessany gyzykly däl, dünýä edebiýaty, türkmen edebiýatynda ýazylan gowy işleri meýilnama goşsunlar. 9njy klasda Mämmetjan ertekisi geçilýär, ýa her ýylda şol bir 7 sany şahyr öwrenilýär, ýaşlara indi bu zatlar gyzykly däl, edebiýata höwes döretmek üçin meýilnamasyny düýbünden çalyşmaly. Ýa ÝDE dersini 10 ýyllap okatmak artykmaç görünýär maňa. Dersler dursun, meýilnamalar çalyşsyn. Mugallymyň ýa okuwçyň eşigine däl (okuwçyň formasy bolsun, ýöne bar ünsümizi şoň ak jorabyna ba gözüne çalan tuşuna üns berip gezmeli däldirsä), bilim berilişine köp üns bersinler. Hemme zady kagyzlaşdyrsaň, bar zat diňe kagyz ýüzünde-de galar, iş geçirmäge wagt ýok. Hemem "hökümet saňa aýlyk berýär" diýip minnet etmeli däl. 45 minut (80 minut) sapaga girip okatmagam halallap bilenok berilýän aýlyk, daşyndan birtopar kagyz talap edilýär. (Hemme zady ýazjak däl, ýaltanýan, bilim elime gelende üýtgederin:-) )

b) pedagog täzeçillik elbetde girizmeli, men-ä tanaýan okatmakda täze usullar ulanýan ýaş mugallymlary. Özümem sapagy ýa temany şeýle gury geçmäň tarapdary däl. Ýöne bizde diňe pedagoglary däl, umuman ähli professiýany taýýarlanlarynda-da säwlik bar. Öň ertirde bir agza pikirde ýazypdy, kimdigi ýada düşenok "bizde näme okasaň okaý, mugallym bolýaň" diýip. Menem öz esasy ugrumdan işlmok, mugallym boldum :-)

4736Täzeje
Hiçkim_hic
08.02.2024 / 20:51:35
+2
.vkus.granata., 10 ýyllyk tejribäň bar eken, tüweleme. Şu ýerde saňa kiçiräjik bir soragym bardy. Şu 10 ýylyň içinde okuwçylaňdan olimpiýadalarda ýer alanlar(welaýat, merkeze çykyp) we 10 ýylyň içinde eliňde bilim alyp, şol bilim bilenem şo ugruň boýunça ÝOJ giren barmy?!
292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:56:26
+3
10 ýylyň hemmesi mekdepdä däl, ýöne taslamada etrapda welaýatda ýer alan okuwçylarym bar, okuwa girenlerimem bar - edil öz ugrumdan däl, ýöne okadanlam bar, girdiler okuwa-da.
292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:38:36
+3
11. Kiçikäm maňa-da "ylym urar" diýenlerinde ejemiň, "urjak zat ylym bolsun, hudaý urmasa bolar" diýenini bilýän. Ylym urar diýlen gep okamajaklara bahana, ylym hiç kimem uranok, okan zatlaryny aňynda seljerip bilmeýän adamlar dälirärdä soňundan. Onsoň ana ylym urdy diýerler.
292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:45:12
+3
12. Biziň töweregimizdä ogul bolýança 10 gyz bolsa-da çaga dogrup ýatanlar kän. Bar-la köp çagalylar. Men özümem gülýädim "ogul islänleň maşgalasy" diýip. "Çaga rysgy bilen geler" diýýäler, eklenç hijem alada däldirle (posobiýa üçin ýasalanlar diýip atlandyrylýanlaram bardyr :-) 2007-2012 aralyklarda doglanlara diýilýär), ýöne terbiýe berip oňarmajak bolsalar ol- a 3 çaga eken, ýekeje çaga-da dogurmasyn adamlar. (Aýdyp galaýyn, terbiýäni mugallym berenok, mugallym sowat, bilim berýär, teribe salýar)

13. Banky talardymaý, jaý pul edinerdim. Ertesem gidipjik täze gurlan 6 etaždan 4 komnatly jaý alnardym :-)
292Gerekli
.vkus.granata.
08.02.2024 / 20:47:09
+4
Şertiň birinjisine degişli mowzugym bardy öýdýän. Ýöne tema edip açaryn bazar gün boşrak bolamda. Agzanam pikirleneýin hany
316Täzeje
Bezzza
08.02.2024 / 23:48:40
+2
Karini uytgedip bolyan bolsa uytgederdinmi, hawa bolsa haysy kare ?

292Gerekli
.vkus.granata.
09.02.2024 / 01:18:41
+2
Bezzza, asyl isleýän kärimde işlämok, eger mümkinçilik bolsa üýtgederdim, agent ýa detektiw bolardym, kň bolmanda öz okan ugrumdan işläsim gelýär, om ugram bizde mümkimçilikleri az ugur, islegsiz
4682Özümiziňki
Edgar
09.02.2024 / 00:13:32
Всё к лучшему...

+3

Adamda gen üsti bilen zehin, häsiýet geçip bilýänine ynanýaňmy? Hawa bolsa-da, ýok bolsa-da delillendir-äý.

Adam garşysyndaka hiç zat düşündirip bilmejegine gözi ýetende, ýüzleý jogap berip başlaýar, ýa-da umuman jogaplanok. Düşünesi gelýär, ýöne düşünmäge aňy çatanok, sen şoňa düşündirjek bolup jan ederdiňmi?

Biri saňa derdini, arzyny aýdýar, ýöne söz baýlygy pes. Ahyryndan başlaýar, soň başyndan bir zatlar aýdýar, ortasyndan bir zatlar aýdýar. Sen wakany aňyňda diklemeli. Şol derdini aýdýana ýalan hem bolsa, eşdesi gelýän zady aýdyp köşeşdirerdiňmi ýa dogryny dogry aýdardyňmy ynjytjagyňy bilseňem?

Söz bermek we sözüňde durmak düşünjä nähili garaýaň?

Şu günlükçe jübiňdäki iň soňky 5 manadyňy sadaka hökmünde pul sorap gelen çagajyga bererdiňmi?

292Gerekli
.vkus.granata.
09.02.2024 / 01:21:11
+3
Edgar, hawa, ynanýan, häsiýet atadan, zehin eneden diýen söz bar - özümdenem mysal, edil şu aýdanyma, ýöne hemme häsiýet atadan geçenokž ejedenem geçýär. Oýnamaga "ganda, damarda" diýýän däldirler-le
292Gerekli
.vkus.granata.
09.02.2024 / 01:29:13
+3
Düşündirmeli adamym kimdigine bagly, eger okuwçhma tema düşündirmeli bolsam düşünjek bolup düşünmese şoňa temany düşündirmäge jan ederin, ýöne şeýle bir adam bolsa, düşündirmeli bolsa ýaltanýan men-ä.

Derdini aýdan adamyň meň üçin ýakhnlygyna serederin, aslynda men halaýan adamlaryma, ýakynhm hasaplan adamyma kim bolsa-da ýalandan ýasamadan zat geplämok, gödegem bolsa içimden geleni aýdýan.

Özümä başarmajak zadyma söz beremok, söz berselerem sözünde durmasyny talap edýän, eger sözünde durmasa ol adam bile salamdan aňry gatnaşyk goýamok

Meň gyzyl çyzgylarymyň biri, çaga bolsa ynanmak. Edil soňky 5 manadyma däl welin, şeýle ýagdaýa düşüp çaga maşennige taksi pulumdan galan pulymy beren gezegim bar. Pulumyň gidenine dälde, çagaň maşennikligine gynanyp uklabilmändim, bolsa 13-14 ýaşlarynda oglanjykdy.
38Gytyndan
Dark_Wolf
09.02.2024 / 07:28:30
[Dünýede ýaman işdir, gury gelip boş gitmek]

+2

Näme üçin adamlar psiholog gözleýäler? Meň pikirimçe bize psiholog däl-de, ökde pedagoglar gerek. Pedagog terbiýeläp oňarsa, ol psihologo mätäç bolmaýar.
Psiholog esasan - psihologiýasy bozulan, nädogry terbiýe alan adamlara gerek diýip pikir edýän.
Şu hakda näme aýdyp biljek?

292Gerekli
.vkus.granata.
09.02.2024 / 08:56:31
+3
Dark_Wolf, adamlara psiholoham pedagogam gerek däl - ýürekdeş söhbetdeş gerek aslynda. Häzir adamlar biri-birinden üzňe ýaşaýalar, gürleşenlerinde-de telefonda, onam jaňlaşyp dälde ýazyşyp düşünşýärler. Bizi kanagaylandyrýan ýaly bolsa-da ruhumyzy kanagatlandyrmaýar. Onsoň bir ýerlerden möwç almala, diňleýji bolsa tapmak kyn, a psiholog diňleýär we şoňa görä gepleýär.

Pedagogly mesele - pedagog terbiýelemeýär, ol tertibe salýar. Ine deňeşdirme - ulyny sylamagy, gürleşmegi .... çaga diňe öýünde öwrenýär, öý çagany terbiýeleýär, sadiga gelende arassaja iýmäni, agzybir oýnamany, hatar bolup ýöremäni ....ilkinji okuw hakynda düşünjäni öwrenýär, terbiýe ýok, türkler eğitim diýýär-ä - tertibe salynýar, düzgüne girizýär çagany, ýa mekdepde üňsüm oturmak, mugallym gelse ýeriňden turmak .... hemmesi diňe tertip, terbiýe däl. Hapa sögünmegi jemgyýetden öwrenýär diýýärler-ä, ýok, şol öýünden öwrenýär ýa öýünden goldaw tapýar. Kiçjik çaga köçede eşden sözüni öýüne gelip aýdýar, ejesi gülýär çagasynyň şo sözüne, çaga ejesini güldürmek üçin ýene gaýtalaýar, birinji gezekde diýmeli däldigi düşündirilse, çaga diýmez, ejesiniň göwnini ýykmazlyk üçinem diýmez (nirden nirä geldimaý) - umumam tertibe çagyrýar pedagog, terbiýe ene-ata bagly. Ýöne pedagogam çagaň ugruny tapmaly diýýär-ä, ana ony goldaýan, ugruny tapmaly (ugry bar bolsa, terbiýe görmedik ýa ruhy ynjan çagalaryňa ugram ýok) gürletmäni, gürleşmäni başarmaly.
2033Betinden
Bayka
09.02.2024 / 11:18:28
ilki arzuwlar soñra adamlar öler...

+3

Eline dusenje puly dollara owrup goyyanmy ya gyzyla?

292Gerekli
.vkus.granata.
09.02.2024 / 19:59:33
+2
Bayka, hiç zadam edmmok şu wagta, dur durşuna
307Gerekli
PANDA
09.02.2024 / 11:36:11
Kesämden at daksalarda maña meñzemek isleýänlerini bilýän

+3

Nace komnatly jay aljak

292Gerekli
.vkus.granata.
09.02.2024 / 19:59:58
+1
PANDA, nesip etse 3
307Gerekli
PANDA
09.02.2024 / 20:04:47
+2
Hayyrly bolsun
4669Täzeje
Kosmos
09.02.2024 / 12:36:43
+2
Raddomda "sizin ekiz chaganyz boldy" diyseler, ikisininem haysy jynsda bolmagyny islardiniz we sebap name ucin

292Gerekli
.vkus.granata.
09.02.2024 / 20:02:36
+1
Kosmos, 1 ogul, 1 gyz bolsun islärdim. Eger ikisem bir jyns diýseler gyzym bolsun diýerdim. Gyz çagany gowy görýän aslynda
4669Täzeje
Kosmos
10.02.2024 / 15:47:43
+1
Niyetin hasyl bolsun
292Gerekli
.vkus.granata.
10.02.2024 / 18:20:06
+1
Kosmos, amin. Sag bol
56Gerekli
Asuda_durmush
14.02.2024 / 19:53:00
+0
Kosmos, bir oglan bir gyz bolsa Allajan 😊
4648Täzeje
Audit12
09.02.2024 / 20:22:26
+2
Wkus bagtly bol. Uzak yasa. Doglan gunun gutly bolsun. Menem yokardaky gutlanlara gosulyan

292Gerekli
.vkus.granata.
09.02.2024 / 20:45:48
+1
Audit12, pul ber sowgat diýde, jaý alnar ýaly
4648Täzeje
Audit12
09.02.2024 / 22:09:10
+1
Artykmac bolup ugranda hokman bererin)
292Gerekli
.vkus.granata.
09.02.2024 / 22:10:28
+1
Audit12, senden artasy ýokla

Soňky jogaplar:

:D:D...Dowamy
Umumy bölüm | ÝYLGYR BU MUGT
Naras (Bu gün, 07:29:00)
Bu bir erteki bolaymasa aslynda bir zat diyende iki edip jogap berolara bu gelin diyenlen ichine salyp yoreni yok yone gowy pikir eken shunsy tuys erkeklere gerek maslahat...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
MODERATORs (Bu gün, 01:44:05)
Ýylana öwrülÿädimi agsham dushende, sho tymsala garashdym...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
Mahris (Bu gün, 01:05:01)
IMG şuna dusunmedim...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
MMBs (29.04.2024 / 20:37:30)
aymurat, Beýtmeli däldä dost, senden tama ulydyda...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:25:15)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023