Tegelek stol: @Edgar bilen söhbetdeşlik... - Halanlaryma goş
Teswirler:
4880Täzeje
MODERATOR
06.02.2024 / 15:29:40
GELER GEÇER!

+3

Perhat dost sana sheyle soragym bar!.:

Ine nesip bolsa oylenenson durmushynda zenan mashgala nache % orun tutup biler?

4682Özümiziňki
Edgar
06.02.2024 / 19:50:01
+2
MODERATOR, kyn sorag. Özümiňem bilesim gelýär şony
82Betinden
Mahri
07.02.2024 / 22:49:58
+1
Men soragymy na gormezden gelyan
82Betinden
Mahri
06.02.2024 / 17:02:42
Öýümiziň jynjagazy :)

+3

Aljak gyzy nahili, hyyalyndaky gyzmy shu soragam mana gyzykly

4682Özümiziňki
Edgar
07.02.2024 / 23:20:35
+1
Mahri, bu soragyň jogaby entek belli däl. Ýagdaý üýtgedi.
2033Betinden
Bayka
06.02.2024 / 17:25:44
ilki arzuwlar soñra adamlar öler...

+1

Sapakjana hacan ocur yetya dos oglan
4682Özümiziňki
Edgar
06.02.2024 / 17:33:21
Всё к лучшему...

+5

Alyp baryjynyň degişme duýgusyna berekella!))

Ilki bilen salam hemmäňize, saýtdaşlar! (Pikirlerde kän bir salamlaşyp ýöremok, bu Sizi sylamaýandygym däl, göni pikire girişip gitmegi dogry bilýän, köplenç) Dogrusy, özümi bir tele-gepleşikde oturan ýaly duýdum, soraglary okap. Tak, başlaly...

1. Adym Perhat, köpüsi tanaýandyr, Seýran hem diýýärler (kaka tarapymyň dakasy gelen ady). 1995-nji ýyl. Aslym Lebapdan, ýöne ýurdumyzyň dürli ýerlerinde işlemek nesip etdi, kakam Balkan tarapdan. Başga näme aýdyp bilerin... Gyzyklanmalarym ýaşyma görä üýtgäp durdy şu wagta çenli, edil häzir-ä bir zady hobby edinere kän wagtymam ýok, belki, gep wagtda-da däldir, öz ýaltalygymam bolup biler.

2. Türkmen ýaşlary däl, köp ýurtda eýýäm kitap okamak kän bir aktual däl. Ýöne käbir ýurtlarda kitap okamalmagy üçin dürli ýaryşlar hem geçirilýär. Adam okamagy azaltdygyça, gözýetimem daralyp ugraýar, sözlemde sözleri ýerlikli ulanmak meselesi, aýdasy gelýän pikirini hemmä düşnükli sözler bilen beýan edip bilmesi kynlaşyp ugraýar. Şoň üçin men-ä kitap okalmagynyň tarapdary. Indi, TOP-3 kitaplara geçsek, aýtjaklarym daşary ýurt kitaplary:
1) "Halallyk kyssalary" Kerim as-Şazili awtory ýalňyşmasam. Rahmet Gylyjow arap dilinden terjime eden bolmaly. Ilki bilen şuny maslahat berýän, sebäbi diňe ýaşlar däl, hemmämizem bilmeli, sapak alaýmaly zatlarymyz bar şu kitapda. Şu kitapda dinimizem bar, biziň ahlak-ruhy kadalarymyza eýerýän we türkmençiligimize gabat gelýän terbiýeçilik ähmiýetli zatlary hem bar. Kime nähilidigini bilmedim, ýöne özüm-ä haladym. Kitapda dogry ýoldan ýöremek, nähili ýagdaý bolanda-da ruhdan düşmezlik ýaly ündewler bar. Meniň pikirimçe, hemmämizem ruhlandyryjy sözlere mätäç.
2) Deýl Karneginiň psihologik kitaplary. Belli bir kitabyny aýtjak däl, poçti hemme kitabynam okadym, öz duýgularyňdaky içki gapma-garşylyklardan nädip baş alyp çykmakdan, köpçülikde özüňi nähili alyp barmalydygyňa, kime nähili ýüzlenmelidigiňe çenli bar şol kitaplarda. Haýsyndan başlamagy bilmän dursaňyz, "Dosty nähili gazanmaly..." kitabyndan başlaýyň, soň diňe şu awtoryň kitaplaryny gözläp ugrarsyňyz.
3) Biznes kitaplar. Genri Forduň "Meniň durmuşym – meniň sepgitlerim", Kawasikiniň "Startap" kitaby, Robert Kiýosakiniň kitaplary, Napaleon Hills bar soňam, Stiw Jobsyňkylar bar, öz saýawyňyza görä gyzyklanyp okabermeli. Dawlatow Saidmurodyň "Dolgi taýut na glazah" kitaby mende hasam gowy täsir galdyrdy, soňky okan kitabym şu. Mekdep bize diňe sowat we orta bilim berýär, durmuşyň finans kynçylyklaryny her kim özüçe ýeňmegi öwrenmeli, şoň üçinem finans taýdan sowatly boljak bolmaly, şolar ýaly adamlar bilen gatnaşmaly, pikir alyşmaly, gözýetimiňi giňeltmeli.

Şu kitaplar her kimde özbaşdak dogry ýoldan ýöremegi, kynçylyklary ýeňip geçmegi terbiýelärmikä öýdýän.

3. Ejizleseler, durmuşdan nalynýan gürrüňler edilse durup bilemok. Goşulanymy bilmän galýan, näçeler özümi saklajagam bolsam. Käte başardýaram özümi saklamak. Men adamyň mümkinçilikleriniň, onuň pikir edişindenem has giň, edip bilmerin öýdýän hereketlerinden has güýçlidigine ynanýan. Yhlas, tutanýerlilik, oýlanşykly hereket bolup dursa, başaryp bilmejek zady az her kimiňem. Öz ruhumyzyň kesellemegine, ejizlemegine ýol bermeli däl, biz ruhumyz belent bolanda güýçlüdiris.

4. Meniň edýän zyýanly endigim – çilim. Şu zady başlamagy hiç kime maslahat beremok. Öň bir taşlapdymam, ýene başlanyp gitdi, ýene taşlamagyň ugruna çykjak nähili ýol bilenem bolsa. Stress ýagdaýda kömek edýändir öýdüp, ýalňyş pikir bilen başlanyp gitdi asylam, ýöne aslynda psihologik taýdan alaňda şo çilimiň tüssesini däl-de, arassa howany edil şolar ýaly birnäçe gezek içiňe çekip goýberseň, rahatlap bilýär adam. Bu zat öz-özüňi aldamak. Spirtnoý ugry barada indi, hawa, günde däl, tiz-tizdenem däl, sebäplere görä içýän. Içip görmedik erkegem azdyr (ýöne şol azlygyň hatarynda bolasym gelerdi). Bu ikisem ýalňyş we zyýanly endik, ikisem abraý getirjek zat däl, daşda duruň başlamadyklar, meň-ä maslahatym şu. Içgi, çilim sebäpli dargan maşgalalar bar, abraýdan düşen abraýly adamlar bar. Men bu zatlary garşyma nähili garaýyş dörejegine garamazdan açyk aýtdym, çekinýän ýerim ýok, men şeýle, ine. Tak, indi başga neşäm – kino görmek. Men taryhy kinolary, detektiw, bolan wakalara esaslanan kinolary görmegi halaýan. Näme-de bolsa, bir zada gyzyklanyp ýörseň gowy zat, esasy zyýanly bolmasyn. Galyberse-de, kitap okamak.

5. Bilmedim, 2050ý.-a ýeteli, hany, göreris, pylan diýip bolmaz.

4682Özümiziňki
Edgar
06.02.2024 / 17:38:14
+5
Edgar, blondinkalar soragy babatda, men brýunetkalary halaýan aslynda, gara göz, gara gaş, gara saç. Blondinkalara-da simpatiýam bar, umuman, aýtjagym, haýsy bolsa-da zenan özüne seredipjik ýörse, tapawudy ýok, ikisem göze ýakymly owadanlary bar. Men başga sebäplere görä saýlaýan ýa gowy görýän gyz babatda, blondinka ýa brýunetkadygynyň ähmiýeti ýok meniň üçin
2233Betinden
Nara [on]
08.02.2024 / 19:54:36
+0
Edgar, Daşary yurda gidip yaşamak isleyañzmi? isleseñz nirde?
4682Özümiziňki
Edgar
08.02.2024 / 22:27:56
+1
Fransiýada ýa-da Günorta Koreýada
4682Özümiziňki
Edgar
06.02.2024 / 18:09:11
Всё к лучшему...

+5

6. haha toçno bilmedim haýsy ýaşdadygymy, edil şony haçan bilenim-ä ýadymda ýok.

7. Onuň aýdanyny hiç wagt eşitmändim, ýöne belli bir derejede dogrudyram. Bagt – meniň üçin janymyň sag bolup durmagy, ýakyn hasaplaýan adamlarymyň ýanymda bolmagy, maksat edinen zatlaryma ýetip bilmegim, elimden gelýän zat üçin birlerinden alkyşyny almagym, ýylgyrmaklaryna sebäp bolup bilmegim, kömege mätäje kömek edip bilmäge ýagdaýly bolmagym, hemmesem bagt şular meniň üçin.

8. Hawa, häsiýet tarapdan özüme meňzäp bilse, men arkaýyn gözümi ýumup gidip biljek o dünýä.

9. Nahar bişirmek bilen aram gowy. Elim boşasa boldy, höwesime-de taýýarlaýan kuhniýada aýdym goýup, "çemodanymam" ikiýana çaýkap tans oýnan bolup. Özüm halaýan nahar bişirmegem, yzyny ýygnamagam, uborkasynam, eşiklerime serenjam bermegem.

10. Adamy öwmek gerek, öwmegem bir hoş söz, köpimiz mätäçdiris şoňa, bu-da bir özboluşly stimul döredip bilýär adamda, motiwasiýa bolup biler. Öwmäge mynasypmy-dälmi diýen soraga, ö wen wagtyň bildirýär, eger bat alyp ýere-göge sygman ugrasa, bu adamy kän bir öwmegem howply. Öweňde ýüzi gyzaryp aşak seretse ýa çala sessiz ýylgyrsa, ine, şu adam mähire-de mätäç, öwülmäge-de.

11. Boljak işe çäre ýok... Hakykatdanam, boljak işe çäre bolman biler. Ýöne çäre ýok ekeni diýip, boljak zadam boldurman oturmagy nädogry bilýän. Eger Alla boldurmajak bolsa, şol boldurjak bolýan zady gursagymyza guýmazdy. Sende pikir döredimi, saňa gerekmi şo zadyň bolmagy? Onda – ÖŇE!!! Eger ýokarky oňlamadyk bolsa, seniň kelläňe-de salmazdy şony. Esasy, men-menlik etmeli däl, hemişe özümizden ýokarda Biriniň bardygyny, özümizden güýçliniň bardygyny unutmaly däl. Kalbymyz, niýetimiz arassa bolsa, boldurjak bolmaga hökman çalyşmaly biz.

12. Gaýgysyz Atabaýewiň heýkelini. Şu şahsa hormatym uly, men türkmen hökmünde minnetdar şu şahsa.

13. Hor çekmek barada tema tapmaly bold-ow onda))

14. Indiki "tegelek stoluň" myhmanyny şu günüň dowamynda aýdaryn.

38Gytyndan
Dark_Wolf
06.02.2024 / 19:51:17
+3
Edgar,
Kitap hakynda aýdanlaryňyz göwnejaý. Özümem şeýle jogap beräýseler diýip goýýan şo soragy.

Hor çekmek hakynda-da mowzuk açmaly bolýaňyz.)
4682Özümiziňki
Edgar
06.02.2024 / 20:48:36
+1
nesip bolsa)
292Gerekli
.vkus.granata.
06.02.2024 / 18:21:53
+3
Şu tema diňe dark-yň soraglary üçin geldimdä

4682Özümiziňki
Edgar
06.02.2024 / 20:02:19
+2
.vkus.granata., indiki sen. Azat, 14-nji soragyň jogaby @wkus
38Gytyndan
Dark_Wolf
06.02.2024 / 20:06:49
+2
Oukey, maňa tapawudy ýok. Özi razyçylyk beren bolsa bolýar.
Ajaýyp saýlow!)
292Gerekli
.vkus.granata.
06.02.2024 / 20:38:24
+2
Gowja ýalbar, yrmaly ilki sen
4682Özümiziňki
Edgar
06.02.2024 / 21:01:44
+1
men ýalbarmalymy?
292Gerekli
.vkus.granata.
06.02.2024 / 21:02:59
+1
Hawa, şerti bara, özüň yrmaly indiki söhbetdeşi
4669Täzeje
Kosmos
06.02.2024 / 19:17:01
+1
1. Maskalada pul kimde durmaly we name ucin
2. Hic hili kitap okamanam dile ceper, hemme bilen calt cykysyp(dil talysyp) gityan adamlar bar otyrsmalarda zatda gabat gelyansin. A tersine kop kitap okayyan akylly diyip hasap edyanlerimiz kan kopcilige gosulsyp bilenok. Sebabi namede diyip pikir edyan?

4682Özümiziňki
Edgar
07.02.2024 / 13:02:35
+1
Kosmos, Maşgalada pul birinde durmalydyr öýdemok, umumy kassa bolmaly, zerurlyk ýüze çykanda her kim aýdyp alsa ýerlikli bolar. Pul geljek üçin hökman ýygnalmaly.
4354Özümiziňki
ATAKAKA۞
07.02.2024 / 13:15:12
+3
kassa aýalda dursa ekenomiçnyý bolar... sebäbi olar gysyk
292Gerekli
.vkus.granata.
07.02.2024 / 18:49:16
+1
Şu günjik şu barada ejeme aýtdymda, maňa puly berk saklaýan biri duşup, elimden almasa pul durmaz diýip. Öýde kakam ikimiz pul görsek sowýasda. Juda sowmaga ýer tapmasak biri-birimize hödürläp başlaýas:-D pul görkdzmeli däl bize kän garaz
4354Özümiziňki
ATAKAKA۞
06.02.2024 / 21:49:40
𝑴𝒆𝒏 𝒚𝒂𝒍𝒏𝒚𝒛 𝒅𝒊𝒚𝒎𝒆𝒌 𝑨𝒍𝒍𝒂𝒉𝒚 𝒖𝒏𝒖𝒕𝒎𝒂𝒌𝒅𝒚𝒓!!!

+1

rus kriminal seriallaryny gowy görýäňizmi?

4682Özümiziňki
Edgar
07.02.2024 / 08:24:59
+1
☪ATAKAKA۞, hawa
2033Betinden
Bayka
08.02.2024 / 17:43:52
+1
Yewtopa meledramma kinolarny?
240Öwreniji
Ter stegen
07.02.2024 / 09:00:13
Söýen gyz ýoluña bakar söýmedik---goluña!!!

+1

Bir ishe bashlamakanyz dostlar bn mashlahatlashyanyzmy ya yuregi dinleyanizmi

4682Özümiziňki
Edgar
07.02.2024 / 14:55:41
+1
Ter stegen, maslahatlaşýan, haýsyny dogry hasap etsem, şonam edýän
4952Täzeje
accountant
07.02.2024 / 11:15:31
+2
Biznes hakynda bir nace kitaplary agzapsynyz, ozun shu gunki yagdaya nahili baglanshykly yerin bar ?( telekeci, partnyor yada indi ishe girishmekci we.shm)
Cagalykda multifilimlerde gahrymanlarymyz bolushy yaly hazirki wagtda durmushda barmy gahrymanyn? Kim we name ucin shol adamy gahrymanyñ hasaplayan?

4952Täzeje
accountant
07.02.2024 / 13:00:22
+1
accountant,
4682Özümiziňki
Edgar
07.02.2024 / 15:06:32
+2
accountant, hawa, gyzyklanýardym, okaýardym. Işimiň daşyndan konselýariýa harytlarynyň kiçiräk söwdasyny ýöredýän, kömek etdimikän-ä diýýän kitaplar.
Gahryman babatda, durmuşda öz güýji bilen köp zada ýetip bilen adamlaryň hemmesem gahryman meniň üçin. Gatnaşýan dost oglanlarymyň arasynda bar şeýleleri.
38Gytyndan
Dark_Wolf
07.02.2024 / 19:01:46
+2
Minusa elim degipdir
4682Özümiziňki
Edgar
07.02.2024 / 19:02:55
+1
zyýany ýok
5059Öwreniji
Kleopatra
07.02.2024 / 23:46:06
+2
Näme uchin koplench gara fonda gezyañ.Erkek reñk seryozny reñk yaly jogap bolmasyn konkretni sebabi name bu garalyklaryñ we birem oyleneñsoñam ozuñ kir yuwup ozuñ utuk etjekmi.
Iñ sonky soragam name uchin owadan gyz gozleyan?!)

4682Özümiziňki
Edgar
08.02.2024 / 15:58:07
+2
Kleopatra, gara reňke "erkek reňk" diýilýänini senden eşidýän, kärdeş)) Özüm halaýan gara reňki, ýapyk goýy reňkleri. Näme üçin halaýanymam bilemok, göwnüme laýyk şol reňk. Gaty bir ýagtylygam halamok daže, gijäni gowy görýän, ýazy halamok, gyşy gowy görýän. Şeýleräk...

Tak, ikinji soragyň, Ýagşy Goşunow aýdýar-a: "Naharam özüm bişirýän, kirlerem özüm ýuwýan, öýde uruş bolmasa bolýar" diýip)) Degişýän-le. Eşikleri häzirem kir-maşyn ýuwýar, bir ütükleýän diýmesem. Men aljak aýalymy gul ederin diýip aýdamok, ýöne öýüň gelini şol zatlara seretse gowy. Maşgalada her kimiň öz orny bolmaly. Ol kanunda erkek bilen aýalyň hukuklary deň, ýöne kanun diýen zat çykmanka-da bizde "türkmençilik" atly ADAT diýip bir zat bardy, häzirem bar, maşgala şoňa görä gurulsa, berk bolar şol maşgala. Adatymyzy unudyp, aýrylyşyp, soňam durmuşy bulaşyp ýörenler az däl.

Soňky soragyň babatda, owadan gyzy kim gözlänok?) Meniň göwnüm Kap dagynda däl, ýöne ýanyňdakynyň gözüňe ýakymly bolmagyny her kimem islärmikä diýýän. Onsoňam, diňe owadanlyk däl gözlegim, sylanşyk, häsiýetem göz öňünde tutýan.
612Özümiziňki
###zM
08.02.2024 / 09:59:21
sallanchakdan gachan

+1

Kä bir soraglarňyza inni kelläm işlejek bolýa

38Gytyndan
Dark_Wolf
08.02.2024 / 10:29:18
+1
###zM, haýsy?)
612Özümiziňki
###zM
08.02.2024 / 10:32:44
+1
Jynsy gatnaşykdan soň öň çagaň ejesiniň içinnen çykýanyna şok bolmak we kellä asla gelmedik pikirler.
5214Täzeje
Sessizlik
11.04.2024 / 04:48:30
+2
1. "Erkek eşek" diýlen aýtgy bar. Bu ýöne ýere aýdylan zat däldir belki-de. Geçmişiňde özüň bilip ýa-da bilmeden ynjydan bir ynsanyň bolupdymy? Şol ynjydan ynsanyňdan ötünç sorap gördüňizmi?

4682Özümiziňki
Edgar
16.04.2024 / 15:11:46
+0
Sessizlik, Hawa, özüň ynjaman, ynjytman ýaşap bolanok, durmuşdyr, her zat bolup dur. Ötünjem sorap gördüm.

Soňky jogaplar:

Sagbol bolýa ###zM, genje...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 10:29:54)
Uzak ýaşa gyz özüňe gowja seret berkje bol kakş-kukş etjeklerden häzir bol oglan jigleň ýüzüni ýere salaýmagyn...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
###zMs (Bu gün, 10:23:03)
Verdana, sagbol arzuwlaň hasyl bolsun...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 09:39:58)
Sagbol Naragözel, arzuwlaryn hasyl bolsun :roza:...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Mahfones (Bu gün, 09:39:14)
Uzak yasaa ,gowy yasa ✌️...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Uzak yasa Tiko joram 🎂
Verdanas (Bu gün, 09:32:07)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023