Öli aýatdan doýmaz... - Halanlaryma goş
Teswirler:
38Gytyndan
Dark_Wolf
22.01.2024 / 18:30:08
[Dünýede ýaman işdir, gury gelip boş gitmek]

+6

Geçen aý Gämi obasynda bir pataçylyga gatnaşdym. Uly ýoluň gyrasyndaky Gäminiň öz öwlüýäsine jaýladylar. Men 1nji gezek ol öwlüýä baryp görüşim. Gaty takyr ýer eken. Nädip gazdylarka diýdim içimden.
Soň gyzyklansam gabyr gazýançylar bir gabyry 50 manada gazýan ekenler. Gulagym galdy. Şol ýerden bir adam boýulyk gabyry hiçiňizem 50 manada gazmaýaňyz. Ýöne şol ýerde 2 erkegiň hüňür-hüňür edip "50 manat bolsa gymmat ekenaý" diýenlerini eştdim...
Ynsap ölenlaý köp adamda.

4354Özümiziňki
ATAKAKA۞
23.01.2024 / 18:44:30
+3
Dark_Wolf, dogrymy aýdaýyn, birinji gezek eşidýän Gämide pula gazýanlaryny, ýanlaryna üç dört sany oglan berseň bolýafy öňä... Magtymguly obaňka hä diýeýin... sebäbi özüm şaýat boldym pula gazanlaryny.
4687Täzeje
Şaperi
22.01.2024 / 19:00:50
+4
owa ýerlerde şuny ahmal edenoklar wara, şol ölen adamyň bala çagasyndan ta agtygynyň deň duşlary hem gelýäraý, ejem pahye ýogalanda, okuwçylaram gaty kändi ululy kiçili köçe doly adam, gelen maşinlar köçäň ýaryna çenlim barjak garaz nä,e dijek bolýan owa ýerlerde bular ýaly zatlar ahmal edilenok, bara olam kemeler ýöne assa ýuwaş ýitibä barýa

4354Özümiziňki
ATAKAKA۞
23.01.2024 / 18:46:12
+2
Şaperi, Allah rahmet etsin
38Gytyndan
Dark_Wolf
23.01.2024 / 19:56:49
+3
ATAKAKA, agam senden soraýyn diýip ýördüm.
Jynaza duranlar, okap bolýança, şolaryň köwşüniň her taýyna 1 manatlyk pul salýalar. Şunyň hikmet näme?
Senän bilmeli şony agam
4354Özümiziňki
ATAKAKA۞
23.01.2024 / 23:27:59
+1
dogrymy aýtsam bilmedimdä...gyzyklanmadym, her ýerde birhili bir obada gonamçylykdada paýlap ýörler
296Betinden
Chary
24.01.2024 / 09:32:57
+2
Sadaka diýip berýäler. Kä wagt köp ýaşan adam bolsa köpüräkden hem berýän wagtlary bolýar,ýöne biz töwerek obalarda olar ýaly köwşe pul goýmak ýok.
38Gytyndan
Dark_Wolf
24.01.2024 / 09:49:56
+2
@Chary, aýdanyňa sagbol agam. Şumada çenli bilemokdym.
Ahal-Aşgabat töwerekleriniň hemmesinde bar şol dessur.
4687Täzeje
Şaperi
24.01.2024 / 10:45:09
+2
Ämin InşaAllah
296Betinden
Chary
22.01.2024 / 20:50:21
Garranyňa gynanma,boş geçiren wagtyňa gynan !

+5

Ölmek näme—hasap depderiň, amal depderiň ýapylmagy. Hasap ýeriňe tarap ýolçulygyň başlanmagy. Biri aýdypdyr " Sizi ölüni jaýlamaga gideňzok, öli size baryljak ýeriňizi görkezmäge alyp barýar "—diýýä. Esasy ölmänkäň amal depderiňi haýyrly amallar bilen doldurmak. Amal depderim boş bolsa jynazama näçe milýon adam gelende näme peýda,amal drpderim doly bolsa sähel adam jaýlasada aňry ýany bilen ýetik. Jynaza namazy parzy kefaýa ýagny birnäçe adam şony okasa beýlekilerden günä sowulýar,hiç kim okamasa bary günäkär bolýar. Esasy 5wagt namaz, oraza,hüşür-zekat , haramdan gaçmak möhüm. Allahyň esasy buýran zatlaryny etmän ýöne jynaza baryp,soň ony jaýlamaga gatnaşmak çäresine gatşmak ýeterlik däl.

38Gytyndan
Dark_Wolf
23.01.2024 / 08:06:10
+2
Chary, agam, seň aýdýanlaň samo soboy edilmeli zatlar. Saga ýat, çepe ýat, özüňe musulman diýýän bolsaň bilmeli we amaly etmeli zatlar.
Men ýöne mowzugyň başynda-da 'soňky döwür ýoň bolan adat' diýip başladym. Birhili patalarymyzam ýasama ýaly bolup başlady. Ýeri gelende aýdaýyn diýdim.

Barybir indi siziň döwrüňiziň pokalenýasy azaldy. Bolanjalaram kerweniň öňüni çekip bilenok. Esasy orta ýaş we şoňa golaý ýaşlylar gatnaşýar hemme ýere. Olaram bilenok diýjek boldum.
Ýaşulam ýok indi-hä. Jynazanam metjitdiňkiler gelip okap berýär. 5 sany aksakal.
296Betinden
Chary
23.01.2024 / 08:56:03
+3
Men bolsa tersine şol biri ýogalsa adam bary barýa, (biziň obada we töwerekdäki obalarda şeýle) metjide namaza barmaýanlar jynaza namaza barýalar şony uly zat hasalap,ýogsa 5 wagt namaz möhüm. Adamlar şol biri ýogalsa hökman barmak ýa gonamçylygyň başyndan geçeňde el galdyrmak diniň 90% işidir diýip düşünýä ýogsa bular beýleki amallar ben deňeşdireňde möhüm zatlar hem däl.
296Betinden
Chary
23.01.2024 / 08:56:04
+2
Men bolsa tersine şol biri ýogalsa adam bary barýa, (biziň obada we töwerekdäki obalarda şeýle) metjide namaza barmaýanlar jynaza namaza barýalar şony uly zat hasalap,ýogsa 5 wagt namaz möhüm. Adamlar şol biri ýogalsa hökman barmak ýa gonamçylygyň başyndan geçeňde el galdyrmak diniň 90% işidir diýip düşünýä ýogsa bular beýleki amallar ben deňeşdireňde möhüm zatlar hem däl.
38Gytyndan
Dark_Wolf
23.01.2024 / 09:03:11
+2
Chary, hawa, metjitlerä boş. Wagt namazlaryna degerli adam barmaýa diýen ýaly.
61Betinden
Orazjan
22.01.2024 / 21:48:51
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+3

Gerekli tema
4804Öwreniji
A.G.A
23.01.2024 / 08:13:24
+2
Dogrymy aýtsam her pataçylykda ölüni ýuwup soñky ýoluna ugratýan gelnejelere çynym bilen Alladan gaýrat-kuwwat dileýän.
612Özümiziňki
###zM
23.01.2024 / 14:27:57
sallanchakdan gachan

+2

Biziň ýanna wölü gabyr gazmana ýörüte berkidilen adamlar bar, ýanlaryna kòmekleşmek üçin dost ýarlar gidýär
4720Öwreniji
Hajym
23.01.2024 / 21:51:57
+3
Tärediñ bolmasada namaza dur diýipsiñmi?! Tärediniñ ýokduguny bilibem namaza duran kişi käfir bolar diýýä ulemalarymyz. Men tema açamda gapdalyndan sokulýançañ, özüñe jogap bererler. Döwrüñ täze mollalary goşgym sen we sen ýalylara degişli, sen molla bolmasañam...

38Gytyndan
Dark_Wolf
23.01.2024 / 22:55:17
+4
Hajym, beýbäää.. indi ýetip bardymy kelläňe ol. Hemme aýdyljak bolýanlary bir gyra goýup, içinde şo sözi belläp, düýnden bärem aýtsammykam/aýtmasammykam diýip, nebsi bilen çekeleşip gelen diýerler saňa...

Sen haçan tema açdyň? Patraky goşgumy? 5 köpüge gymmat-how onuň. Ol goşgujygyň-a gowy jogab-a taýýarlapdym welin, emma teswir ýazmadym. Sebäbi goşgyň mazmuny aýdyp durdy "düşünjek mahluk" däldigiňi.

Indi saňa näme üçin täretiň bolmasada jynaza durmaklygyny öwredeýin, mollalaň tankytçysy. Şu teswirimem gidip "ulamalaňa" okap ber.

Jynaza - farzy kifaýa. Ölen bendäň obasyndan, töwereginden bir musulman berjaý etse, başga şol ýeriň musulmanlarynyň üstünden aýrylýar.
Jynazanyň 5 wagt namaz şekilli, aýratyn hökümi ýok. Sebäbi ölüm gaýyby zat. Haçan, nirede başyňa geljegi belli däl. Hat-da Bedr, Uhud söweşlerinde jynazasyz gömülen şehitler bar.
Bu saňa 1nji subut.

2nji urup-adata ýüzlenýäs. Men mowzukda oňarsaňa täret alyp gel diýdim. Her kime her hilek wagt "ölüm" habary barýar. Hemmede täretli baranok jynaza!
Täretim ýok diýip jynazadan galma, barybam sömmelip gyrada durma diýdigim...

Ol-a tanşyň ekeni... käwagt ýolagçylyk bolup, başga obanyň, şäheriň içinden geçip barýakaň, aýdaly, nätanyş biriniň jynazasy okaljak bolup dur. Ana şonda biperwaý geçip gitme, jynazanyň hormaty we sogapdan mahrum bolma diýip, hat-da täretiň ýok bolsada ylgap baryp jemagata goşul diýen ulamalarymyz bar.

Aslynda jynaza bolsun/bolmasyn, musulmana mydama täretli gezmek nesihat edilýär.

Seniň uklan beýniňe ýetip barmagy üçin ýene aýdýan. Bu nesihat üçin aýdylan "ýatlatmalarym" berjaý edilmesi parz bolan amallara girenok.

We şol "ulamaňdan" öwren. Birine käfir diymek üçin, diýýän adamyňda tapylmaly birnäçe şertler bar. Eger şolar tapylmasa, şol höküm özüňe düşip, özüň "şol" bolýanyňam aýdaýyn ine...
4720Öwreniji
Hajym
24.01.2024 / 04:40:03
+3
düýnden bärem aýtsammykam/aýtmasammykam diýip, nebsi bilen çekeleşip gelen diýerler saňa...

Nirden bilýäñ düýnden bäridigini? Men şü gün gördüm...


Sebäbi goşgyň mazmuny aýdyp durdy "düşünjek mahluk" däldigiňi.

Ogram özüne osar, meni özüñ bilen deñeme...

Indi saňa näme üçin täretiň bolmasada jynaza durmaklygyny öwredeýin, mollalaň tankytçysy. Şu teswirimem gidip "ulamalaňa" okap ber.

Jynaza namazy hem beyleki namazlar yaly taretli okalyar. Yone jynaza yetişmezlik howpy bar bolsa, şonda teyemmum edilyar. Yogsa asla hem taretsiz okamak bolmayar.

Seniň uklan beýniňe ýetip barmagy üçin ýene aýdýan. Bu nesihat üçin aýdylan "ýatlatmalarym" berjaý edilmesi parz bolan amallara girenok.

Uklan beýniñ? Jahyl bilen sogusmeli daldigini onem bilyadim weli, neyse indikime bek bolaryn.

We şol "ulamaňdan" öwren. Birine käfir diymek üçin, diýýän adamyňda tapylmaly birnäçe şertler bar. Eger şolar tapylmasa, şol höküm özüňe düşip, özüň "şol" bolýanyňam aýdaýyn ine...

Gowja oka tazeden, sana o tayda kafir diymedim. Kim şol işi etse kafir bolya diydim. Men ulema diyyanim, gadymy dowrun beyik fykh alymlary, sen pikir edyan jynazany taretsiz okamana fetwa beryan "ulemalandan" dal...

Sen haçan tema açdyň? Patraky goşgumy? 5 köpüge gymmat-how onuň. 

Yogsada gyzylyñ gadryny zergarci biler. Sen ucin 5 kopukdir...
4683Öwreniji
ViTASS
24.01.2024 / 00:54:58
+1
KOPRAK, YENE KOPRAK PAYLASHYLMALY TEMA INE SHULAR YALY MOHUMI UNDEYAN MASLAHATLAR. SAGBOL!
4720Öwreniji
Hajym
24.01.2024 / 04:45:47
+2
Ehhh, diyyara turkler:
yarım doktor candan eder,
yarım hoca dinden eder.

İşini bilmeýän dogtor janyñy alar diýýä, ýarym mollada dinden çykarar diýýä.

Täretsiz namaz okamagy owredyar. Bolya jynaza taretsiz bardyn, yone baryp taret almak kyn daldira...
4720Öwreniji
Hajym
24.01.2024 / 04:53:20
+3
Men muna tartesiz namaz okamak bolanok diyyan, bu bolsa basga zat dusundiryar. Bolya bilmandirin, aydanyn ucin sagbol diyaymeli weli, (100 yyldanam gerek dalley bular yaly terbiyesizlen sagbolsuny), gaytam hakaret edyar... Yogsada, dil kalbyñ aynasydyr. Kalpda name bolsa, dilden şol çykar.
4720Öwreniji
Hajym
24.01.2024 / 06:20:07
+4
Dowrun taze mollalary gosgymy beyle halamadyn weli, gep eyesini tapypdyr oydyan. Azabymyn yerine dusenine begenyan. Entagem siz yalylara Din ýykyjylar diymeli, taze molla barden gaydyar. Taret gylmak parz. Siz parzy aradan ayyrjak bolyanyz. Niyetiniz belli, dini yykmak. Bu gun taretsiz jynaza okasalar(okayalaram), ertir wagt namazlarynam taretsiz okap başlasalar geñ gormeli dal. Soñ wapşe gusulam gerek däl diyip başlarlar.

38Gytyndan
Dark_Wolf
24.01.2024 / 07:49:55
+1
Hajym,

Dini ýykyjy? ana dini ýykyjam bolduk.

Olar ýaly diniňe bagryň köýýän bolsa, amal et. "Amal etmeýänimi nä bilýäň" diýmegiň mümkin. Ony şol patraky goşgyň aýdyp dur. Goşgy ýerine düşdimi, çukura düşdimi, ony bahym jogap ýazamda bilersiň... nesip bolsa.

Dini ýykjaklaram (dini ýykyp bolonok aslynda, ýykyljak din on dört asyr bäri dowam edip gelmezdi), pitne döretjeklerem, şol seň ýaly bokuň içinden şänik gözleýänler. Hat-da ýokarky jogabyň içindenem ýene köwläp-köwläp gerekli ýerleriňi jogaplapsyň. Hany ynsap nirede?
Kim fetwa beripdir? Fetwaň nämeligini bir bilýäňmi?

Men ýykyjy, çapyjy bolsam döwrüň ýönekeý bir meselesini göterip çykmazdym.
Maňa täret hakynda takal okapsyň. Men nirede ýazypdyryn täret almaly däl diýip. Namaza akyl ýetýäniň kişiniň, täret-gusulada akyly ýetýär. Ony aýdyp oturmagyň geregi ýok. Sebäbi mowzuk ol hakynda däl.

Baran ýeriňde täret alaýmaly diýýäňmi? Nä mamaňlaň öýi barmy hemme ýerde. Ine ýene subut saňa, aýat-patalara barmaýanyňa, gatnaşmaýanyňa.
2-nji subut, türkçe bir zatlar-a samrapsyň. Buda delil, sen materialy türkden çöpleýäň, türkiň özi nirä ýörejegini bilenok bumat. Seň IQ derejäň aýdyp dur, nämeler bn gyzyklanýanyňy..
Bolýa, bular owarram...

Sözümiň ahyry.. men müň prosent ynanýan. Şu mowzugy okan adam "jynaza täretsizem barsaň bolýan ekenow" diýen netijä gelmejegini. Ol bir priwiçka. Ýokarda delillerinem ýazdym. Meň mowzugym jynazaň täretini hakynda däl sebäbi.
Jynaza namaz bn wagt namazlarynyň tapawudyny öwren.
4720Öwreniji
Hajym
24.01.2024 / 09:23:28
+2
Jynaza namazy parzy kifaye bolsada, taret parzy aýn. Indi heley gurrun edip başladynmy, aydan sozuni boyun alañokmy?

Oňarsaň-a täret alyp bar, emma täretiň ýok bolsada dur. Gyrada duranyň peýdasy ýok. Hany sen ulemalarynam sogapdan galma, taretin yok bolsada namaza dur diymedimi?

38Gytyndan
Dark_Wolf
24.01.2024 / 10:00:45
+1
Hajym, ilki bilenä jynaza gatnaş, gatnaşjak diýip baransoňam gyrada seredip durma goşul diýdim, şeýdip-şeýdip okamaklyga, gatnaşmaklyga çekjek bolýan pöwhe kelle... men onuň täretine jogap berip bilmeýän. Almadyk bolsa, ýa-da almany bilmeýän bolsa meň etjek zadym ýok. Ynsap özünde.

Jynazanyň edeplerini bilmeýän adam täreti näbilsin.?
Jynazanyň edeplerini bilýän adam, täretem bilýändir. Oňa aýdyp oturmagyň geregi ýok.

Eýýäm 5nji gezek ýazýan. Mowzuk ol hakynda däl diýip.
4720Öwreniji
Hajym
24.01.2024 / 09:27:23
+2
Teliňi liçka okla, kimiň mamaňlarynyň öýi bar aýdaýyn.....

38Gytyndan
Dark_Wolf
24.01.2024 / 10:01:56
+1
Hajym, telimi däl, öýümiň adresinem oklaryn. Gaýratyň çatsa.
4720Öwreniji
Hajym
24.01.2024 / 09:29:59
+0
Bir gün şeýtan boş otur diýýär. Öwülýalardan biri şeýtandan sorapdyr: Näme üçin gidip adamlary azdyraňok diýip? Şeýtan aýdypdyr: Din adamlary halky ýoldan çykarmakda maňa şeýle kömekçi bolýalar weli, maňa işem galanok diýipdir. Senem şeýtanyň şahy, kömekçi.

38Gytyndan
Dark_Wolf
24.01.2024 / 09:55:28
+1
Hajym, "din adamlary" däl-how men maňa dinden çykan diýip, ýene-de näme üçin din adamdygymy ykrar edýäň?
Ýa özüňi şeýtan bn gürleşip ýören öwlüýä hasap edýäňmi.
4720Öwreniji
Hajym
24.01.2024 / 09:32:41
+0
Sen hiç haçanam Yslama kömek edip bilmersiň, birinjidenä ýumşak bolmaly, sen ýaly şermende, balaksyza nesip etmez bu işler. ikinjidenem sen sowatsyz, birine ýalňyş zat öwredip dinden çykarsyň.

296Betinden
Chary
24.01.2024 / 09:47:07
+1
Hajym, Özüňki dogry bolsa gygyryp oturmagyň hajaty ýok diýipdirler, biderek goh-galmagal gerek däl. Dark Wolf agzany öňüräkden bäri tanaýan gowy oglan, namazly-orazaly. Täretsiz okasaň bolanok, teýim etmeli gyssaga düşseň ýarym minutda edip bolýar, tärede we gusula derek geçýär jynaza namaza ýetişmek üçin rugsat berilen.
38Gytyndan
Dark_Wolf
24.01.2024 / 09:48:07
+2
Hajym, kellesini kesek gysan "maňňy-maňňyňy" azalt. Yslam meň kömegime mätäç däl, seňkä asla-da...

Ol köçe sözleriňem ýaňraber. Syrtyňda gaýrat ýok bolonsoň ýazýaň olary. Eýderin-beýderin diýip gürleýän adamlar boş, yraň atyp duran adamlar şolar. Etjek adam sessizje etjegini edýär.

Kellesinde bir zada üşügi bar adam üçin ýeterlik delil, maglumat ýazdym ýokarda. Diýmek jogap berilipdir.
Başga-başga zatlar gürläp, köçe gürrüňleňi ýazyp, rowaýat aýdyp, mowzukdan daşlaşyp oturanyňa näme diýjegimi blmk şumat. Söz tapamok.
38Gytyndan
Dark_Wolf
24.01.2024 / 10:06:33
+4
Hajym,
Şol özüň ýaly hemme zadyň içine köwläp, öz nebsine ýakýan ýerlerini saýlap jogap berýänlerden çykýa, näme çyksa. 100% kepil men şuňa. Göre-göre gelýän.

Bir säwlik tapsa, hamala hazyna tapan ýaly, özüni ýitirip, dumly-duşa jar edip, "käfir", dinden çykan ýaly iň soňky sözleri, 1nji aýdyp ýörenlerden çykýar.

Soňky jogaplar:

Bu bir erteki bolaymasa aslynda bir zat diyende iki edip jogap berolara bu gelin diyenlen ichine salyp yoreni yok yone gowy pikir eken shunsy tuys erkeklere gerek maslahat...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
MODERATORs (Bu gün, 01:44:05)
Ýylana öwrülÿädimi agsham dushende, sho tymsala garashdym...Dowamy
Umumy bölüm | GYZYŇ ŞERTI (Tymsal)
Mahris (Bu gün, 01:05:01)
IMG şuna dusunmedim...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
MMBs (29.04.2024 / 20:37:30)
aymurat, Beýtmeli däldä dost, senden tama ulydyda...Dowamy
Umumy bölüm | Manyly suratlar #3
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:25:15)
Şeýtan diýýä, islendik sypata girip düşümize girip bilýä diýýä...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Mazarystana zyýarat etdim
Atsyzatlys (29.04.2024 / 20:23:00)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023