Türkmen teleserial - Halanlaryma goş
Teswirler:
4839Özümiziňki
Sohoo
27.11.2023 / 15:28:38
+2
Kakam ÿašaÿar! Maladis!
Bilÿäñmi ol Londonda alty ÿyl
ÿašapdyr.
Babageldi: Binamys. Neneñ šu
zatlary bilibem, arkaÿyn ejemiñ
ÿüzüne seredip bilÿäñ.
Šöhrat: Ejemden men näme üçin
utanmaly. Kakam utansyn. Meñ
bu iše näme dahylym bar?
Oñarÿamy gezÿä. Kim bilÿär,
ejemem belki bu zatlary
bilÿändir.
Babageldi: Ÿalan sözleme, ejem
siziñ ÿaly binamys däldir.
Šöhrat: Aÿ, ejemdir-dä.
Babageldi: (Agasyny urjak
bolÿar) Señ...
Šöhrat: Dur-dur-dur, malyš,
morojnañy iÿ. (Babageldi
agasynyñ elinden sypyp turup
gidÿär. Šöhrat yzyndan ÿetÿär)
Dur, how, men oÿun etdim.
Babageldi: Sen oÿun edeñok.
Sen...sen...
Šöhrat: Söz berensiñ. Hiç kime
aÿtman diÿensiñ. Dursana how,
. (Babageldini güÿç bilen
saklaÿar. Babageldiniñ
gözlerinden ÿaš akÿar)
Babageldi: Goÿber... goÿber...
Šöhrat: Dur, köšeš. Sen baryp
ejemiñ ÿanynda gürläÿseñ
baryny bulašdyrarsyñ.
Düšünÿäñmi?
Babageldi: Gümüñi çek.
Šöhrat: Ÿalbarÿan, Babageldi jan.
Gepe düšün. Günümizi bularsyñ.
Babageldi: Bulanyp geçsin.
Mundan beter nähili bulajak.
Batga batanlar...
Šöhrat: Bolÿa, biz batga batan
ÿöne, köšeš özüñe gel. Sen gaš
bejerjek bolup göz çykararsyñ.

Dokuzynjy epizod
Aman: Babageldi! Nirde šo molla?
Šöhrat: O jaÿda.
Aman: (Babageldiniñ oturan
otagyna girÿär. Šöhradam
yzynda) Molla ogul, sen iñlis dili
sapagyña barañokmyšyñ-la?
Näme boldy?
Babageldi: Hiç zadam bolanok.
Aman: Onda näme üçin, bir
hepde bäri barañok?
Babageldi: Okuwyma ÿetišemok.
Aman: Goÿsan-aÿ, düÿn dälmidi
mugallym gowy eken, gowy
öwredÿär diÿip ÿöreniñ.
(Babageldi jogap berenok) Nä
döw çald-ow saña? Ÿa mollañ
iñlisçe öwrenmek günä diÿdimi?!
Šöhrat: Molllasy iñlisçe
öwreneniñden arapça öwren
diÿÿändir. Il-ä oñ ÿaly mugallym
tapanok... (Babageldi ÿene jogap
berenok)
Aman: Näme dymyp otyrsyñ?
Namaz okamaga wagt tapÿañ
dälmi, iñlisçe öwrenmäge-de
wagt taparsyñ. Iñlisçäni
öwrenmeseñ hany göreÿin señ
namaz okaÿšyñy. Zat diÿilmese-
de edeniñi edip ÿörmelidirin
öÿdÿäñ.
Šöhrat: Meñ ÿaly çöññe bolsañ,
hiç, okamasañam bolÿa.
Aman: Šöhrat hany sen öz išiñ
bilen bolsana. Sen adam ÿaly
okap bilimli bolup ÿöreñde šu
çaga-da saña görä bordy.
Šöhrat: Bolÿa how, men-ä ÿok šu
galmagalda. (Babageldä alarlyp
çykyp gidÿär)
Babageldi: Hiç kimem günäkär
däl. Özümiñ okasym gelenok.
Aman: Okasym gelenokdan
gürrüñ bolmaz. Ÿa mugallymyñ
käÿÿedimi? (hošamaÿsyrap)
Göwnüñe degen bolsa aÿt.
Babageldi: Ÿok. Gidesim gelenok.
Hiç zadam öwrenesim gelenok.
Aman: O näme üçin? (Babageldi
ÿene jogap berenok) Terkidünÿä
molla boljak bolÿañmy?
Gitmeseñ menem saña šu öÿde
namaz okamagyñy gadagan
edÿän.
Babageldi: Gitmeli bolsa öÿden
gidäÿerin.
Aman: Oglum düšün-äÿ, kakañ
saña ÿamanlygy ÿokdur.
Mugallymyñ seni öwdi. Zehinli
diÿdi, bir zat çykjak diÿdi. Men
namazyña garšy däl. Namazy
ÿašyñ altmyša ÿetensoñom
okasañ bor-a. Ynha pensiÿa ÿaša
ÿetsem menem okajak. Görÿäñ-ä
indi döwür üÿtgeÿär. Sowadyñ,
bilimiñ, hünäriñ bolmasa hiç kim
seni iše almaz. Gazetleri gör, näçe
firmalar iñlis dilini bilÿän,
kompüÿuter bilÿän išgär gerek
diÿip ÿazÿar. Özem dollarda
aÿlyk töleÿärler. Mollaçylygy öñ
öwrenen bolsañ bordy. Indi
molla ÿetig-ä. Bolÿa. Šeÿle namaz
okasyñ gelÿän bolsa oka. Ÿöne
iñlis dilinem bile öwreniber.
(Babageldi ÿene sesini
çykaranok) Gürlešdik dälmi?
Babageldi: Ÿok.
Abat: (gelÿär) Size näme boldy?
Aman: Bular üçin gijäñi gündiz
edip, etmejegiñi edip,
diÿmejegiñi diÿip ile meñzeš
etjek bolup ÿörsüñ, bularam gör-
ä... Kim üçin men maÿmyn
bolÿan. Siziñ üçin. Sizi ilden kem
ÿašatmazlyk üçin...
Abat: Näme bolÿar, oglum?
(Babageldi ÿene jogap berenok)
Aman: Iñlis dilini öwrenjek
dälmiš, namazhon.
Abat: Näme üçin oglum, sen
mugallymym ökde, gowy
öwredÿär diÿip ÿördüñ-ä?
Aman: Näme, diliñi
ÿuwutdyñmy? Señ bilen ejeñ
gürlešÿär. Bular kiçijikkä gowy,
niçik murtlary garalyp
ugradymy, onsañ problema.
Düšün-ä mekdebi gutarañsoñ bir
ÿere okuwa girmel-ä. Ÿa namaz
okaÿan diÿeniñ bilen okuwa
alÿalarmy, iše alÿarlarmy?
Babageldi: Namazymy bir
gününe goÿuñ-sana... (Ÿüzüni
tutup çykyp gidÿär.)
Aman: Edil at dakylan babasy-da,
diÿdi gutardydyr. Señ mollañy
bir görsem... Šunym adam bolar,
zehinlije, edeplije diÿip ÿördüm-
dä.
Abat: Ol öÿe, bu öÿe ÿetjek
bolup ÿörmän öz öÿüñ bilen
bolsañ ogullaryñam senden
görelde alardy.
Aman: Ÿene bašladyñmy? Men
näme edÿän-ow. Iÿjegiñizi
tapÿan, geÿjegiñize berÿän. Içip-
entäp, azar berip ÿöremok.
Abraÿly ÿerde išleÿän. Boldy-da
how. (otagyñ gapysyny ÿapÿar.
Sesini ÿuwašadyp) Näme kä
wagt gyzyl-çyzyla gitmeÿän
barmy? Men erkek kiš-ä...
Abat: Ogurlyk eden uÿalmaz,
üstüne gelen uÿalar diÿileni-dä.
Bilÿän-le, bar kimiñ ÿanyndan
gelen bolsañ, šoñ ÿanyna git
diÿiljegiñi bilseñ oklaw ÿalam
borduñ-la.
Aman: Hany biderek gürrüñleriñi
goÿ-da, ÿañky molla ogluñ bilen
özüñ gürleš. Il-ä oñ ÿaly
mugallym tapanok. Aslynda šoñ
mollasynyñ kimdigini bilmeli.
Abat: Aman... sen... indi šo
heleÿiñ ÿanyna gitmäñi
goÿaÿañda bolanokmy?
Aman: Kim aÿal? Men saña
biderek gürrüñleriñi goÿ diÿdim-
ä...
Abat: Men bilÿän-ä, at oÿnadyp
näme etjek. Babageldem
ešdipdir.
Aman: Oña kim aÿdÿar. Off!
(oturÿar)
Abat: Šu çagalañ üçin, señ
abraÿyñ üçin, ojagyñy saklajak
bolup hakly halyma šeÿdip
kiçelip šu zatlara-da kaÿyl bolup
ÿörün...
Aman: Nähili bold-aÿ bi? Šu
Šöhradyñ dilini sogursañ. Menem
šeÿdip, mydam ÿalan sözläp
ÿörmekden ÿadadym. Oglanlyk
edilipdir, gatnašyk açylypdyr,
indem näme men oñ
gapysyndan barman
oñaÿynmy? Ÿamanlygy ÿok, señ
çagalañ diÿip ölüp ÿatyr. Jany-
teni bilen ogluña iñlisçe
öwredÿär. Ÿöne bu zatlary
Babageldiñ bilmesi bolmandyr.
Abat: Näme ondan çagañam
barmy?
Aman: Men šeÿle dyr
öÿdÿäñmi? Senden bolanlary
eÿgersemem az däl.
Abat: Onda näme?
Aman: Bolÿa-laÿ, šu gürrüñleri
goÿaly-la. Men gitdim.
Men gitdim. Sen ogluñ
bilen özüñ gürleš-dä. (gidÿär)
Abat: (Babageldiñ ÿanyna
geçÿär) Oglum, çaÿ içjekmi?
Babageldi: Ÿok.
Abat: Näme boldy oglum saña?
Babageldi: Hiç zat.
Abat: Kakañ diÿseñ kakañ,
Šöhrat diÿseñ Šöhrat baryñyz
ÿyl-ÿyldan maña ÿat ÿaly bolup
barÿañyz. Men ÿeke galyp
barÿan-la. Bir gepimiñ alyšÿany
sendiñ, senem dommarlyp
bašladyñ.
Babageldi: Eje, men
dommarylamok. Ÿöne sen näme
üçin šo mugallymyñ ÿanyna
gidesimiñ gelmeÿänini sorama.
Bašga näme et diÿseñ edeÿin.
Abat: Men-ä begenip ÿördüm,
oglum hem namaz okaÿar, hem
iñlis dilini öwrenÿä diÿip...
Babageldi: Eje sen bileñok...
Abat: Men düšünÿän oglum. Sen
ony ärsiz ÿeke ÿašansoñ halaÿan
dälsiñ. Kän bir kelç-külç bolmasa...
(Babageldi jogap berenok) Her
kimiñ dünÿä düšünši bardyr-da.
Sen sapajygyñy alarlar-da,
bašgasyna kän ünsem bermezler.
Ÿa okadyšynyñam ugry ÿokmy?
(Babageldi jogap berenok)
Näme-de bolsa, gaÿrat et-de
okaber, oglum. Ÿogsa, kakañ bar
zady namazyñ üstüne atÿar. O
saña namazyñy goÿdurar. Iñlis
diliñe gatnasañ, namazyñy
arkaÿyn okarsyñ.
Babageldi: Namazymy
okatmasañyz... (zordan aÿdÿar)
öÿden gidäÿerin.
Abat: Beÿdimäweri oglum.
Kakamyñ at dakylanjasysyñ.
Kakamsyñ. Ÿüregimiñ bagy
sensiñ. Kakañ bilen Šöhrat
ikisiniñ ÿeri bašga, señ ÿeriñ
bašgadyr. Senem gidäÿseñ,
maña bu öÿde durarlyk galmaz.
Oñ ÿaly zat diÿmäweri. Iñlis
dilem gursyn, menem guraÿyn.
(aglaÿar)
Babageldi: Aglama eje.
Abat: Šeÿt, kakam jan. Ejeñi
gynandyrma. Ynha depderjikleñ.
Šu iñlis diliñ dälmi?
Babageldi: Hawa.
Abat: Šeÿt oglum, ejeñi
gynandyrma. (çykyp gidÿär)
Babageldi: Baba, sen meñ ÿerime
bolan bolsañ näderdiñ? Men
näme etmeli? Siziñ döwrüñiziñ
synaglaram ÿeñil bolan däldir
welin, häzir nähili kyn. (gözüne
ÿaš gelÿär)

* *Onunjy epizod*
Bagdagül: (gapy kakylÿar) Hawa,
geliberiñ. Hä, senmi Babageldi?
Geliber, giriber. Men häzir. Näme
görünmediñ-le ÿaramadyñmy?
(Babageldi jogap berenok.) Näme
beÿle keÿpiñ ÿok?
Babageldi: Geliñ gowsy sapaga
bašlalyñ, men howlugÿan.
Bagdagül: Bolÿa, ÿöne men
senden bir zady soraÿyn-la. Näçe
wagt bäri geläÿseñ soraryn
diÿip ÿördüm. Allanyñ öñünde iñ
uly günä haÿsy günä?
Babageldi: Näme etjeksiñiz? Šo
günä-nä etmändirin diÿip
özüñizi köšešdirmek isleÿäñizmi?
Bagdagül: Babageldi seni beÿle
gödeksiñ öÿtmeÿädim. Bu gün
saña bir zada bolupdyr.
Babageldi: Maña hiç zadam
bolanok. (Bagdagül onuñ
gödekligini gaty gören šekilde
geplemän kitaplaryny
agdaryšdyrmaga bašlaÿar. Esli
wagt hiç kimden ses çykanok.)
Ÿalñyšmasam širk öÿdÿän.
Dogrusy anyg-a bilemok welin...
Bagdagül: Širk diÿÿäniñ näme?
Babageldi: Alla šärik gošmak.
Köphudaÿlylyk.
Bagdagül: (birden gülüp
bašlaÿar) Men bolsam... men
bolsam... Hudaÿa šükür.
Babageldi: Näme siz zynadyr
öÿtdüñizmi?
Bagdagül: Hih. Diliñe alÿan zadyñ
näme? (Ÿene-de erbet ümsümlik.
Babageldiñ elleri titreÿär. Turup
Babageldiñ arkasyna geçÿär)
Babageldi men seni oglum ÿaly
görÿän. Men elmydam señ
arassalygyñ, arassa pikirlenšiñ
öñünde utanÿan. Sen meni ärsiz
diÿip, ÿeke ÿašaÿar diÿip
aÿplama. Sensizem maña kese
seredÿän ÿeterlik.
Babageldi: (naÿynjar)
Sapagymyzy okaÿalyñ-la.
Bagdagül: Men syzÿana. Señ
maña seredišiñden duÿÿan-a.
Babageldi jan. Señ maña beÿdip
ÿöreniñden birine garamatyñy
atsañ gowy bordy diÿjek
bolÿañ. (esli wagt sesini
çykarman oturÿar)
*Meñ bašgaça pikirlenesim,
bašgaça ÿašasym geldi.
Döwürdeš gyzlaryma, aÿallara
meñzäsim gelmedi. Meni owadan
matalar, gyzyl šaÿ-sepler
gyzyklandyrmady. Dašary
ÿurtda išledim. Šeÿle bir ÿigide
dušsam, onuñ hyzmatynda
kebelek bolsam diÿdim. Ÿöne
dušmadym. Dušanymam... Wah...
Bilÿäñmi näme agšam bir gošgy
ÿazdym. Isleseñ okap bereÿin.
Asmandaky Aÿ ÿagtysyn
Ÿigrenme.
Ÿerdäki dašyñ gatysyn
Ÿigrenme.
Ÿigrenme ÿigrenjini,
Ölüm diÿlen ünjüni,
Gözüñden daman hünjüni,
Ÿigrenme.
Aÿlanar gündizi-šamy,
Biri derwüš, biri šamy,
Adam diÿlen betnyšany,
Ÿigrenme.*
Bagdagül: Näme sesiñi
çykarmadyñ. Gošgyny
halamadyñmy?
Babageldi: Erbedem däl, ÿöne...
birhili men gowy-da adamlar
betnyšan diÿiljek bolunÿan ÿaly
boldy.
Bagdagül: Wah, menem señ ÿaly
pikir etsemdim. Ÿöne meñ
ÿašyma barañda senem adamlañ
betnyšanlygyny görersiñ.
Bagdagül: Sen indi menni
mundan artyk horlama.
Sapagymyzam baša barjak däl
öÿdÿän. (Kitap depderleri
ÿygnašdyryp Babagldiñ eline
berÿär)
Babageldi: Näme indi men
gelmäÿinmi?
Bagdagül: Ÿok. Ertir sagat sekiziñ
ÿarynda men saña garašaryn.
Hökman gelgin. (Babageldi
gidÿär.) Wah, bu hapa dünÿe señ
perišde ganatjyklaryñy
ÿakaÿmasa.
4839Özümiziňki
Sohoo
27.11.2023 / 15:35:10
+2
*Onbirinji epizod
Bagdagüliñ ÿanyna Šöhrat
gelÿär.*
Šöhrat: Bagyšlañ, Siz meni
tanaÿan dälsiñiz. Men Amanyñ
uly ogly Šöhrat.
Bagdagül: Hä, geliñ geçiñ... Siz
Babageldiñ doganymy?
Šöhrat: Ÿok, Babageldi meñ jigim.
(Bagdagül ÿylgyrÿar) Bagyšlañ
Siz maña näme üçin geldikä diÿip
pikir edÿänsiñiz. Hiç. Ÿöne
keÿpine. Kakamam Sizi öwensoñ,
Babageldem dilinden düšürmän
ÿörensoñ, gel menem göreÿin-le,
tanyš bolaÿyn-la diÿip
gaÿdyberdim. Bagyšlañ, eger išli
bolsañyz...
Bagdagül: Ÿok, ÿok. Men...
Šöhrat: Dogurdanam görk-
görmegiñiz hiç neneñ däl eken.
Bagdagül: Utanañyzokmy men
siziñ deñ-dušuñyz däl ahyryn.
*Šöhrat: Utanç diÿilÿän zat
hakynda Siziñ maña bir zatlar
düšündirjek bolmagyñyz geñ
dälmi?!
Bagdagül: Saña näme gerek?
Šöhrat: (gülÿär) Näme üçin
adamlara aÿbyny aÿtdygyñ
derrew gaharlary gelÿär. Adam
aÿbyny ešdende pikir edäÿjek,
bolmanda ÿüzüni sallaÿjak ÿaly-
da welin, derrew girrerlip
bašlaÿar. Bagyšlañ, bu diñe Size
däl, maña-da, hemme kišä-de
mahsus häsiÿet. Šoñ üçin näme
etmeli. Adamlañ gaharyny
getirmejek bolmaly, oñ üçinem
aÿbyny ÿüzüne aÿtmaly däl.*
Bagdagül: Bašga aÿtjak zadyñ
ÿok bolsa... Meñ šu gün išim kän.
Šöhrat: O! Söÿÿän adamyñyzyñ
ogluny kowup goÿbermek
bolarmy? Beÿtmek gelšiksiz.
Isleÿäñizmi men sizi ejem bilen
tanyšdyraÿyn. Indiki gezek
gelemde bileje geleÿin.
Bagdagül: Hawa, ÿene näme
diÿjek? Aÿdyber. Men beÿle
sözlere çydamajak bolsam,
kakañy gapydan içerik
goÿbermezdim. Söÿgüni senem
günäkärläp bilmersiñ, ejeñem.
Šöhrat: Ÿeri bolÿa-la. Özüñizden
gahryman ÿasajak bolmañ.
Aslynda kakam bilen
gatnašmagyñyza garšylygym
ÿok. Bu kakamyñ öz iši. Men Siziñ
gaharyñyzam getirmek
pikirimde ÿokdy. Ÿöne birden
gürrüñiñ özi šeÿläk çekildi-de
ötägitdi. Dogrusy... men Size
nähili ÿüzlenjegimem bilemok,
ikinji ejemmi, gelnejemmi, aÿ
bolÿa...
Bagdagül: Sen nä içgilimi?
Šöhrat: Ÿok-laÿ, ÿöne... Meñ bir
haÿyšym bolansoñ, bašga-da
kime diÿjegimi bilmän geläÿdim.
Bagdagül: Hä, näme?
Šöhrat: Aÿ, maña bir azajyk pul
gerekdi. Bergim bardy-da, šol
gyssaÿar. Bolsa 200, bolmasa
100 müñjük...
(Telefon jyññyrdaÿar)
Bagdagül: Hawa, näme?
Düšnükliräk gürlesene. Hih!
Bagtym ÿatdy. Meretmi? Nirede?
Keselhana... Häzir bardym.
(Šöhrada) Meñ doganymyñ
mašyny agdarlypdyr. Men
keselhana gidÿän... Saña-da bir
köpügem ÿok. Bol çyk jaÿdan...

On ikinji epizod
Bagdagül ÿasly. Onuñ dogany
dünÿeden ötüpdir. Doganynyñ
kyrkyny sowup, obadan ÿañy
gelen Bagdagüle Aman göwünlik
bermäge gelipdir.*
Aman: Bu dünÿe bir çüÿrük
dünÿe-dä. Biziñ barymyzam ahyr
bir gün öleris.
Bagdagül: Çüÿrüklig-ä çyn.
Doganymyñ ÿogalanyna eÿÿäm
iki aÿ bolup barÿar. Dünÿede
çüÿrük, ömürem çüÿrük, keÿpem
çüÿrük, bizem çüÿrük...
Aman: Ölmejeg-ä ÿokdur welin,
her kim öz gezeginde, öÿündejik
çagalarynyñ arasynda ölse.
Merediñ men diÿen ÿašydy.
Nätjek, gaÿrat etmeli. ÖLENIñ
YZYNDA öLüP BOLANOK.
Bagdagül: Öz öÿüñdejik...
çagalaryñ arasynda... Men nädip
ölerkäm? Öÿli bolup öÿli
boldugym däl. Yzymda aglajak
ne gyzym bar, ne oglum.
Aman: Ÿok zatlañ gürrüñini
etmesene. Ÿör, Pöwrizä gideli.
Bagdagül: Aÿ, hawa, gowsy
Pöwrizäñ, keÿpi-sapañ gürrüñini
edeli.
Aman: Sen göwnüñe getirme.
Men-ä göwnüñ açylar diÿjek
boldum.
Bagdagül: Ÿok, hakykatdanam
ölseñ gum, toprak, gurçuklar...
Onsañ sen dirikäñ keÿpi-sapadan
bašga nämäñ pikirini etjek?
Bašga zatlañ pikirini köp
ediberseñ, ÿa Babageldi ÿaly
namaza durarsyñ, ÿogsa-da
akylyñdan azašarsyñ. Keÿpi-
sapada bolmak bulañ
ikisindenem gowy dälmi? Ÿöne
bilmedim. Sen bu dünÿäñ
nämesinde keÿp, niresinde maza
görÿäñ bilmedim.
Aman: Bagyšla, Bagdagül. Señ
gowy doganyñ bardy. Bolÿa,
men gideÿin. Šu wagt bir zat
gürlesem ters bolup dur.
Bagdagül: Bolÿar. Sag bol.
Bagyšla welin, Aman, indi men
señ azyrak geleniñi kem
göremok. Dogrusy sen indi bärik
gelmäñi goÿ. Gül ÿaly mašgalañ
bar. Men šu kyrk günüñ içinde
köp zatlaryñ pikirini etdim.
Hemmesini ölçerip dökdüm. Sen
indi gelme.
*Aman: Hmm... Gör-dä... Men ahyry
bir gün šeÿle gürrüñiñ boljagyny
bilÿädim. Hemme zat ÿaly
söÿgem ölÿär.
Bagdagül: Gep oÿnatmasana. Sen
söÿgüni nä bilÿäñ. Sen diñe
keÿpi bilÿäñ.
Aman: Beÿ diÿme. Men... men...
Bagdagül: Bolÿar, sakawlap
oturma. Šöhrat ogluñ aÿdyšy
ÿaly özümizden söÿgüñ
gahrymanlaryny ÿasajak bolup
oturmaly.*
Aman: Šöhrat señ ÿanyñda näme
išläp ÿör? Haÿwan.
Bagdagül: Oñ meni öz ejesi bilen
tanyšdyrmak pikiri bar. Puly
gutarypdyr.
Aman: Bagdagül, men ol
haÿwanyñ bellisini ederin. Sen
ondan gaty görüp, meñ bilen
arañy üzjek bolma. *Barybir ikimiz
birimizi görüp durmasak ÿašap
bilmeris.
Bagdagül: (Gülÿär) Takga
janymyz çykaÿarmyka? Käšge
šeÿle bolaÿsa, Allañ öñünde-de
günäkär bolmazdyk. Söÿgümiz
hakdy, hak ašykdyk diÿerdik. Biz
nire hak ašyklyk nire?!*
Aman: Allanyñ diÿÿäñmi?! Men
Šöhrady günäkärläp otyryn
welin, belañ körügi Babageldi
molla ÿaly-la...
Bagdagül: Bu ara Šöhradam,
Babageldinem gošma. Indi çen
boldy. Ony özüñem bilÿänsiñ.
(Gapy jyñyrdaÿar. Babageldi
gelÿär. Ol Bagdagülüñ ÿanynda
kakasyny görüp birhili bolÿar.)
Babageldi: Men... Salowmaleÿkim.
Bagdagül: Hä, gel, geç.
Babageldi: Men obadan geleniñizi
ešitdim-de...
Bagdagül: Sag bol.
Tañryÿalkasyn. Kakañam šoñ
üçin gelipdir.
Esli wagt näme gürrüñ etjeklerini
bilmän oturÿarlar
Babageldi: Men hem indiki
sapagyñ haçan boljagyny
biläÿeÿin diÿdim.
Bagdagül: Haçan gelseñ geläÿ.
Aman: Bolÿar, rugsat berseñ, biz
gideli.
Bagdagül: Bolar. Tañryÿalkasyn,
sylap geleniñize. Babageldi bir
aÿat okap beräÿ. (Babageldi
Kuran okaÿar. Olar gitjek
bolanlarynda) Babageldi sen
howlukmasañ bir azajyk galaÿ.
Aman: Galaÿ. Men öñräk geldim.
Bagdagül: Ÿeke özümi bu jaÿ
gysyp-gowrup barÿa.
Aman: Galaÿ... (Babageldi galÿar.
Bagdagül Amany ugradÿar)
Bagdagül: Bagyšla men seni zor
edip kakañdan alyp galaÿdym.
Babageldi: Ÿok, meñ gyssag bir
išim ÿok... Siz obadan šu gün
geldiñizmi?
Bagdagül: Ÿok, düÿn. Kyrkyny
sowman gitme diÿensoñlar
galmaly boldum. Ejem görgülem
çašyp-üÿšüp otyr. Oñam
ÿanyndan aÿrylyp bilmedim.
Nähili manysyz dünÿe. Hany señ
Allañ, Babageldi jan?! Öldürjek
bolsa, garry-gurtam gyt däldir-
ä?!
Babageldi: Siz ÿalñyšmañ.
Allanyñ bardygyna ynanÿan
bolsañyz, Oñ išine garyšmañ.
Ynanmaÿan bolsañyzam,
bardygyna ynanmaÿan
zadyñyza günä ÿapyp oturmañ.
Bagdagül: Ynanÿanymam
bilemok, ynanmaÿanymam.
Dogry aÿdÿañ, Alla adamlar ÿaly
däldir, edÿänini bilÿändir.
Babageldi: Siz adam ölenden soñ
bar zat gutarÿandyr öÿüdÿäñiz.
Bagdagül: Dagy näme?
Gömersiñ-de çüÿremezmi?
Çüÿrär-de direlermi?
Babageldi: Ÿere gömülen
šänigem çüÿreÿä. Ÿöne hiç kim
oña direlmek üçin çüÿreÿändir
öÿdenok.
Bagdagül: Hawa. Tebigat öz ÿoly
bilen aÿlanyp dur. Biri ölÿär,
ÿerine bašga biri dünÿä inÿär.
Kerwensaraÿ. Hany many? Ölüm
gelÿär, dünÿäñ manysam biçäre
adam üçin gutarÿar.
Babageldi: Siz mugallym adam
ekzamenlere köp gatnašansyñyz.
Heÿ, "bol, gel" diÿmeseñ,
soraglaryny doly özlešdirmedik
okuwçynyñ mugallymynyñ
öñüne barasy gelÿärmi?
Adamyñam bu synag dünÿesini
tašlap, hasap soraljak ÿere gidesi
gelenok. Alla imany bar adam
hasapdan eÿmenÿär, ölümden
çekinÿär. Imansyz üçin hasam
erbet. Ol ölümde diñe tümlügi
görÿär, tümlüge-de barÿar. Ol
dirilikde-de bir many bardyr
öÿdenok. Keÿp çekmek, lezzet
almak ine, imansyzlaryñ köpüsi
üçin bu dünÿäñ manysy.*
Bagdagül: Nähili sada düšündiriš.
Babgeldi jan, çaga akylyña
döneÿin, näme üçin ekzamen
bermeli? Kime ekzamen bermeli?
Allamy?
Babageldi: Ÿok, özüñe. Özüñi
tanamagyñ üçin, kimdigiñi
bilmegiñ, gaÿratyñ çatsa šu az
pursat ömürde arassalanmagyñ
üçin.
Bagdagül: Ejem tä, gaÿdynçam
"señ hemme zada aklyñ ÿetip
durka, namaz okañok" diÿip
goÿmady. Aÿ, namaz
öwrenäÿmegem añsat däldir-le?
Babageldi: Ÿok, oñ kyn zady ÿok.
Isleseñiz men namaz öwredÿän
kitap getireÿin. Özüm
görkezerin.
(Babageldiñ kellesinden
gujaklaÿar)

On üçünji epizod
Babageldi okuwdan gelÿär. Öÿde
kakasy, ejesi ÿüzleri salyk
otyrlar.*
Abat: Geldiñmi, oglum.
Babageldi: Hawa. Näme boldy?
Ÿüzüñiz salyk?
(Abat jogap bermän aglap o jaÿa
geçÿär. Kakasy hem oña jogap
berenok, kellesini tutup otyr.
Babageldi kakasy özüne üns
bermänsoñ, ejesiniñ giden
otagyna gidÿär) Eje, size näme
boldy?
Abat: Šöhrady tutupdyrlar.
Babageldi: Šöhrady? Näme üçin?
Abat: Bilmedim, kakañ aÿdyšyna
dostlary bilen üÿšüp otyrkalar
tutupdyrlar. Ÿanyndan tirÿegem
çykypdyr.
Babageldi: Ÿa, Alla. Haçan bolan
iš?
Abat: Bilmedim. Öten agšam
öÿdÿän. Kakañam išden
bošadypdyrlar.
Aman: (o jaÿdan gygyrÿar) Men
bir salymdan gelerin.
Abat: (ylgap çykÿar) Nirä?
Aman: (geÿinip dur) Häzir geljek.
Bir salym dašarda aÿlanjak.
(Plašynyñ ÿeñine elini sokup
bilenok) Nirä gidemde näme?
Men jaÿa sygamok. Düšünÿäñmi,
sygamok. Haramzada, käšgä
dogmadyk bolsady... (Ol çykyp
gidÿär.)

On dördünji epizod
Aman Bagdagülüñ gapysyny
jyñyrdadÿar.*
Bagdagül: (gapyñ añyrsyndan)
Kim?
Aman: Men, Aman.
Bagdagül: (gapyny açÿar) Men
saña indi gelme diÿdim-ä.
Aman: Šöhrady tutupdyrlar.
Bagdagül: Haçan? ( Amany jaÿa
goÿberÿär)
Aman: Öten agšam. Ÿoldašlary
bilen keÿp çekip otyrkalar
tutupdyrlar. Šöhradyñ
jübsünden tirÿek çykypdyr.
Bagdagül: Köp zatmy?
Aman: Esli bar öÿdÿän. Menem
išden aÿyrdylar, sülçilerem
görere ÿüzüm ÿok. Tanyš
oglanlar bir zat edäÿmese.
Bagdagül: Meñ tanajygym
ÿokmuka?
Aman: Sen bir gošulma. Hakyna
seredeñde šoña geregi-le. Ÿene
öz çagañ bolaÿÿa.
Bagdagül: Darykkma bir alajy
tapylar.
*Aman: Kyn günler bizi hem
aÿrylyšdyrÿar, hem birlešdirÿär.
Ÿöne men indi gelmen. Göwünlik
berdiñ, sag bol. Šöhradam
nesibesinde bar bolsa bošar.
Ÿogsa-da adam bolup geler-dä.*
Bagdagül: Men saña çaÿam
bermedim.
Aman: Ÿok, sag bol men öÿe
baraÿyn. Öÿdäkilerem näme
edip, näme goÿÿanlaryny bilÿän
däldirler. Ÿöne, ÿekeje haÿyšym,
Babageldini entejik okadaweri.
Šony bir adam edeli.
Bagdagül: Bor, ondan arkaÿyn
bol. (Aman gidÿär. Öÿüne
dolanyp gelÿär)
Abat: (öñünden çykyp,
adamsynyñ ešiklerini aÿyryšÿar)
Nahar iÿjekmi?
Aman: Äberäÿ. Holodilünikdäki
çüÿšänem al. (Nahary öñüne
çekip, bulgury dolduryp içÿär.
Birdenem Babageldä gözi
düšÿär) Hä, molla ogul. Gowumy?
Sen-ä tirÿek bilen tutulmarsyñ.
Sen bu mollalygyñ bilen iñ
bärkisi ministrem bolup
bilmersiñ... Äÿ, sen bu zatlara
düšünmersiñ. Bolsa Šöhrat
bolmalydy welin, onam hiç
okadyp bilmedim-dä. Lälik
sakladym, diÿenine ÿok
diÿmedim. Haÿ, dünÿe...
Babageldi! Nirä gitdiñ. Gel, otur
ÿanymda.
Abat: Babageldini näme etjek?
Ine, men oturÿan-a ÿanyñda.
Aman: Men Babageldä gel
diÿÿän. Mollam! Näme kakaña
köp diÿdirÿäñ.
Babageldi: (nälaç gelÿär) Näme?
Aman: Näme, näme? Gel, otur
ÿanymda diÿÿän-how.
Babageldi: Men iñlis dilimi
taÿÿarlanmaly.
Aman: Hä, iñlis dilimi?
Bagdagülmi? Bolÿa, bar
taÿÿarlan. (Babageldi goñšy
otaga geçÿär. Bir salymdan
ejesem gelÿär)
Babageldi: Eje bilÿäñmi, ol iñlis
dilini öwredÿän mugallymym
namaz öwrenjek bolÿar. Maña
öwret diÿdi.
Abat: Meret neressäñ ÿogalmasy
oña agyr degipdir.
Babageldi: Šondanam bolsa
bilemok. Okajag-a diÿÿär.
Abat: Okajak diÿse öwret oglum.
(škafdan bir düwünçek çykÿar)
Oglum, šu señ at dakylan babañ
Kurany.
Babageldi: Kuran?!
Abat: Ölmeziniñ öñ ÿanynda
maña "Men ölemsoñ yzymda
ogluñyz bolsa, meñ adymy
dakarsyñyz. Olam ulalyp, adam
bolup okajagyna gözüñ ÿetse, šu
Kuran šoñky bolsun. Okasyn,
babasynyñ ÿalkanmagyny diläp
doga etsin" diÿip wesÿet etdi.
Tüweleme, edil perišdeler
"omyn" diÿen ÿaly, senem
namazly ogul bolduñ. Sen šu
Kurany harlamajagyña gözüm
ÿetdi. Goÿ, kakamyñ Kurany
señki bolsun. Men kakamyñ
wesÿetini berjaÿ etdim, senem
berjaÿ et...
Babageldi Kurany alÿar. Könelen
sahypalaryny agdarÿar.
(Goñšy jaÿdan kakasynyñ sesi
gelÿär. Ol Babageldiñ adyny
tutup gygyrÿar.)
SOÑY.
8Ýaşuly
BAGANA
27.11.2023 / 21:26:35
Şu dünýäni bagt saýma özüñe...

+2

Aý sag bola gyzykly kino ekeni

2146Täzeje
𒅒 GɑxrYmɑN 𒅒
29.11.2023 / 10:51:54
+0
BAGANA, cykarylmadygy govy bolupdyr, sebabi sony manysyz gutarypdyr, zyna in agyr gunä, eden etdiliklerine degerli, many cykarar yaly jeza almandyrlar

Soňky jogaplar:

Dz ili süýtli çaý bolsa öňlerinde palow goýsaňam ilki çaýy içip onnaň palow iýýäler dp eştdim...Dowamy
Umumy bölüm | Tentek | Bolan waka
Arzuw.s (Bu gün, 07:16:27)
Manyly eken...Dowamy
Umumy bölüm | ýagşylyk et derýa at
Kevins (Bu gün, 07:12:52)
Mokujin, Da.Guyçliler yone yere aglayan daldir!...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:17:34)
Medikama, sen name soygumi?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:13:05)
Arzyman, uzak yyllardan soñam yene gaytalanan teswir oza......Dowamy
Gürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns (Düýn, 23:10:43)
Dostluk.Ru © 2018-2024