×
Ähli Mowzuklar
Kimler saýtda
Online: 8 / 6
Reklama
Agzalar
4012 /
+1
Pikirler
Saýt dükany
Meşhurlar
Medallar
Telewizor
Teswirler
☰
Saýta gir
|
Agza bol
Bathyz
Halanlaryma goş
Täzeje
Sayman
28.02.2021 / 09:49:02
Dost,seýran edeli gözel Bathyzy,
Her ýerden seýrana gelen bar munda.
Al-ýaşyl öwser bahary-ýazy,
Gülälek goş basan alaň bar munda.
Alysdaky akja tozan jerendir,
Laçyn özün al- asmanda gerendir,
Oklukirpi pisse çöpläp ýörendir,
Ajyny-süýjini bilen bar munda.
Gaýçydyr gulagy,misli gyýjakdyr,
Jülge kesip atylyşy biçakdy,
Ýiti toýnaklary gyýçak-gyýçakdyr,
Daşy döwnäp ýören gulan bar munda.
Tilkijik yz çalyp,ýollara bakar,
Hamy besse-besse gaplaňlar seker,
Şir balasy adam deýin ah çeker,
Haýwanat soltany -peleň bar munda.
Bürgüt şeýle güýç toplandyr bedende,
Ganaty görinmez gazap edende,
Gara daş dek arkan-ýüzin gidende,
Gaýdyrlyp-gaýdyrlyp galan bar munda.
Hümmetli ärleriň daman deri bar,
Gammar babaň ýylky bakan ýeri bar,
Setanda-seýranda tawus peri bar,
Meger,Hindistandan gelen bar munda.
Ak bulut dek sürä garşy gidäli,
Çopan oglan ýylgyryp dur edaly,
Döşüni bezeýä altyn medaly,
Hormata mynasyp bolan bar munda.
Ýogyn saçy bäs edendir çomuja,
Çöle meňzeş geriş-geriş towy-da,
Sähranyň soltany çopan ýigide,
Hyrydar nazaryn salan bar munda.
Uklap ýatan boz maraly oýadan,
Dag goçlary başşak böker gaýadan,
Bu ýerler owadan,örän owadan,
Gamakly,gyýakly öleň bar munda.
29
8
0
4
0
Mowzugy VIP edenler:
Teswirler:
Soňky jogaplar:
Мяхрибан
, sagbol...
Yzy näme?
Edebiýat | Ýarym
Ylymly
s
(Today, 13:03:06)
Bagtyñ bolsun...
Yzy näme?
Edebiýat | Ýarym
Мяхрибан
s
(Today, 12:57:25)
HAYAT..
, Ämin!:)...
Yzy näme?
Gürrüňdeşlik | Bir zat aýtjak agzalar!:)
Zumerrett
s
(Today, 12:41:24)
Mundan gelip cykdow...
Yzy näme?
Edebiýat | Hüwdi
Cepbekey
s
(Today, 10:27:07)
Ämin hemmamiziñki kabul bolsun ! sag minnetdar....
Yzy näme?
Gürrüňdeşlik | Bir zat aýtjak agzalar!:)
HAYAT..
s
(Today, 10:23:11)
Ähli hukuklar goragly