Teswirler:
GytyndanAyhan 24.02.2019 / 10:44:42unknown+5
JAŇ ETME!
Haýyş edýän, indi maňa jaň etme,
Pyşyrdadyp al öwüsýän lebleriň.
Näzli gürläp, ümsüm kalbym ýaň etme,
Gül roýuna beýhuş eýlän dilberim!
Jaň etme!
Eretme doňan kalbymy,
Döretme köňülde täze bir heser.
Meniň ömrüm – yşkyň otly salgymy,
Meniň yşkym – bir lezzetli derdeser.
Ýok, duýmasyn hem bilmesin özgeler,
Päk duýgyňy gursagyňda syr eýle.
Sen hakdaky süýji-süýji sözlerim
Gül ömrüňe ýadygärlik, dür eýle.
Goý, bu söýgi dolanmasyn öwrülip,
Pynhan galsyn,
Ony ile jar etme.
Ýaşa-da ýör hyýalymda ömürlik,
Ýöne haýyş,
Indi maňa jaň etme!
Bäşim Ataýew
GytyndanAyhan 24.02.2019 / 10:47:58unknown+5
Duşuşyk
Bu söýgüni düşündirmek kyn maňa,
Ýetenok waspyňa bu saýrak dilim.
Yşkymyz çalymdaş arassa daňa,
Sen tämiz säherde açylan gülüm.
«Dost bolup galaly, sen meni söýme»,
Bu sözleň kalbymy daglaýar çensiz.
Dostlugyň çäginden çykypdyr söýgim,
Sen mensiz, men bolsa oňmaryn sensiz.
Diýdiň: «Tapla aýralyga özüňi,
Unut meni, gyýylma-da sähel-de.
Çekip ýörşüň görüp seniň näzimi,
Gyýa gözli garamasyn mähelle».
Abraý, mertebe bar zatdan beýik,
Söýgümi şoň üçin ederin gurban.
Ýöne synan göwün tutarmy seýik,
Ýürekler ýanmazmy çekipler arman.
Hoş gal, gülüm, seň bagtyňy isleýän,
Ömrüňe nur saçsyn täze bir yşyk.
«Ah, saklan, dur, gitme!»
Gujagma dolýaň,
Aýralyk ýerine ýene duşuşyk.
Bäşim Ataýew
Arzuw., hakyky)...
DowamyUmumy bölüm | Tentek | Bolan waka
garaburcs
(Bu gün, 13:27:53)
Mahri, samglawny yumurtgany yuwyañ dami :ah:...
DowamyUmumy bölüm | Tentek | Bolan waka
raymonds
(Bu gün, 12:37:06)
Dz ili süýtli çaý bolsa öňlerinde palow goýsaňam ilki çaýy içip onnaň palow iýýäler dp eştdim...
DowamyUmumy bölüm | Tentek | Bolan waka
Arzuw.s
(Bu gün, 07:16:27)
Manyly eken...
DowamyUmumy bölüm | ýagşylyk et derýa at
Kevins
(Bu gün, 07:12:52)
Mokujin, Da.Guyçliler yone yere aglayan daldir!...
DowamyGürrüňdeşlik | Sorag :)
Dowranns
(Düýn, 23:17:34)
Dostluk.Ru © 2018-2024