"Eneler ölmeýär" - Halanlaryma goş
Teswirler:
771Gytyndan
Awara
19.06.2019 / 09:36:39
+11
Nirvana, goşgynyň doly görnüşini teswiriňde ýerleşdirmäge rugsat edersiň diýen umyt bilen :

Ogul üçin Ene elmydam ýaşdyr.
Ene üçin ogul mydama çaga.
Şol çaga seretseň,ýaşy kyrkbäşdir,
Deň duşlary boldy,atadyr,baba.

“Nirä gitjek balam,köp eglenmegin.”
Şu sözler dilinde mydama Enäň.
Käte gaharlanyp agyr sözleseň,
OL seniň günäň däl,ol meniň günäm.

Bagyşla Ejejan,bagyşla meni.
Men günäkär,her bir saçyň agyna.
Indi düşünýärin,ökünýän çensiz,
Ýetenimsoň,ömrüň orta çägine.

Ýetişmedim,Eje,goşgymy soňlap,
Ýetişmediň diňläp,arman,ýogaldyň...
Barça aýtjak sözüm,kalbymda jemläp,
Eje,bu gün seniň ýanyňa geldim.

Ejemiň ýanyna gelipdim bu gün,
Gum gysymlap gaýtdym,onuň ýerine.
Ejem pahyr menden edende göwün,
Beýle zatlar gelmeýärdi serime.

Ynha,ýatyr Ejemjanyň mazary.
Göze ýaş aýlandy,ýürekden syzyp.
Agyr eken aýralygyň azary,
Başyň dik,janyň sag ýörsediň gezip.

Men ýanyňa geldim,Mähriban Ene,
Ynha,men otyryn dyzyma çöküp.
Geçeni ýatlaýan hyýälda ýene,
Başujyňda goýlan mermere bakyp.

Ol daşyň ýüzüne adyňy ýazyp,
Soňra ýazylypdyr dogulan günüň,
Ondan soň gysgajyk bir keseçyzyk,
Şeýle gysga eken ömüriň seniň.

Soňra ýazylypdyr aýylganç sene,
Bizi aýra salan,ömrüňi üzüp.
Şol gün hoşlaşypdyň biz bilen,Ene.
Baky uka gitdiň,gözleriň süzüp.

Ejeler ölmeýär,men ony bilýän.
Häzir hem gamlansam,ýanyma gelýäň,
Mähir bilen meniň başym sypalap,
Bagtyýar günümde tirsegňe galýaň.

Häzir hem sen meni goraklap ýörsüň,
Başyma geläýjek bela beterden.
Duýýaryn ,sen maňa seredip dursuň,
Ýöne uzagrakda elim ýeterden.

Rahat ýat,Eje,yzyň abadan.
Sarpaňy saklarys,kalbyň päkligin.
Gelin,agtyk,ogul,gyzyň abadan,
Bildirmeris,Eje,seniň ýoklugyň.

Azat Nurgeldiýew.

192Özümiziňki
barca
19.06.2019 / 11:34:24
+4
Awara, plyus goyup bilemok ekenim
+ TÜKENIKSIZ
1130Gerekli
Muşdak
19.06.2019 / 10:29:19
+4
Dünýäniñ ähli baýlygyny bereniñdede men ony tapyp bilmen.
1130Gerekli
Muşdak
19.06.2019 / 10:34:50
+3
Bütin dünýäni elek sok edip aýlanyp çykandada onuñ didaryny hiç wagt görüp bilmen.
56Gerekli
Asuda_durmush
19.06.2019 / 11:26:54
Oda ŷansañ çürśersin, sana yaramaz bolorsyn. Bir ojagyn odyna ŷanaşma gowsy...

+1

Wah Bibim halys ýüregiñe düşýä öýdýän ejesizlik .

771Gytyndan
Awara
19.06.2019 / 14:32:38
+0
Asuda_durmush,

MILANA
21.06.2019 / 17:34:02
+4
Goşgy o diýeniň uzagam däl welin, damagyma düwün gelip, gözüm ýaşsyz okap bilmedim. Juda täsirli eser. Mähribanyň imany hemra bolsun! Alla rehmet etsin! Ýene ýetirip dur!

MILANA
21.06.2019 / 17:35:41
+4
Wah, ýürejik goýasym geldi, ol mende ýok ekendä.
??????

56Gerekli
Asuda_durmush
21.06.2019 / 23:19:41
+0
MILANA, yurejigi mowzugyn eyesi goyup bilya dalmay
771Gytyndan
Awara
21.06.2019 / 22:30:51
+1
Ýenede ýekeje haladym, onsoň tema baş sahypa çykýar. Ýöne agzalar nähili garaýysdaka?
771Gytyndan
Awara
21.06.2019 / 22:44:05
+2
Ura! I Eýtdim -beýtdim baş sahypa çykmagyna ýardam berdim. Goşgy özümiňki bolany üçin däl, Nirvana agzanyň duýgylaryna duýgudaşlyk etmek üçin,saýtyň her bir agzasyny öz maşgalamyň bir agzasy hasap edýänligim üçin edýärin.

373DOST
SerVi
21.06.2019 / 22:56:14
+2
Awara,
Uraaaaaa! ajayyp gosgular baş sahypa çykypdyr.
Şeydip mowzuklar Vip edilaymese kop mowzuklar okalman galyar
771Gytyndan
Awara
21.06.2019 / 22:56:50
+3
Ynha gaýdyp geldim,işlerim paşman,
At basmajak ýerne müň sapar basar.
Diýipdiň sen gitme,edersiň puşman,
Şu garyp çatmaňy ýüregiň küýsär.

Emma men diňlemän,çykyp gidipdim,
Howaýy hyýallaň yzyna düşüp.
Behişdi durmuşy arzuw edipdim,
Bagtymy gözläpdim menziller aşyp.

Asyl jennet seň aýagyň astynda,
Galan eken şu garypja çatmada.
Özge bagt ýok eken,ýeriň üstünde,
Kabul et ogluňy,kine etmede.

Ýöne ol çatmadan çykmady seda,
Enede çykmady gerip gujagny.
Aglady sergezdan,ökündi juda,
Görüp ody öçen eziz ojagny.

“Men seniň kalbyňda ýaşaýan ahyr,
Eziz,balam,görmeseňde keşbimi.
Sen,şu garyp çatma siňdirde mähir,
Täzeden alawlat ,öçen yşgyny.”

Ýigit Ejesini ýadyna saldy,
Geldi ýaşlygynda baky galasy...
Ene-de bir salym tirsegne galdy,
Çünki gaýdyp geldi,ýalňyz balasy.

Azat Nurgeldiýew.

192Özümiziňki
barca
22.06.2019 / 08:31:08
+1
Awara, + tükeniksiz
373DOST
SerVi
21.06.2019 / 22:57:49
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!

+1

Kop sagboluñ şygyrlar ücin
1915Gytyndan
Myrat555
21.06.2019 / 23:01:22
+1
Juda gowy ýazylypdyr. Tolgunman okamak mümkin däl.Okap gutarýançam ejemli hem kakamly günler göz öňümden geçip gitdi,şol gysgajyk kese çyzyk ýalyjak bolup.
1915Gytyndan
Myrat555
21.06.2019 / 23:13:29
+1
@Awara galamyňyza bereket.Mähribanyňyzyň imany hemra bolsun! Allajan üstünden rehmet nuruny diňdirmän ýagdyryp dursun!
Nirvana, ýetireniňiz üçin sag boluň!
170Ýaşuly
Durdyeva
21.06.2019 / 23:50:45
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+1

Sag bolun Azat aga śygyrnyz ucin,mahribanym Nirvanam Allah ejenizin yatan yerni yagty etsin Senin
170Ýaşuly
Durdyeva
21.06.2019 / 23:52:54
Я верный друг и страшный враг,смотря кому,когда и как!

+1

Vipde goyjak boldum velin bolmadyla

Nirvana
23.06.2019 / 13:17:05
+1
Sizem sagboluñ mähribanlarym.

2037Täzeje
saxet7
23.06.2019 / 13:54:21
+3
Nirvana, edil ejeň ýaly mähir berip bilmesekde seni şol dereje söýýänler bar gamlanma hijem perişde!
1969Ýaşuly
Nowcha
13.01.2020 / 17:07:38
Özüm bilýän⭐

+1

Azat aga durmyşy gowy ýazýar

puo
08.02.2020 / 08:40:22
+1
Азат Нургелди таналян шахыр.Сада окалышы,окгунлы язяр молодец..Авара агза ким боля ураа дийип сес эдян?)Авторымы?

3065Öwreniji
Janojak
08.02.2020 / 09:01:17
+1
puo, Tanalýan bolsa-da, ilkinji gezek gabat geldim
3065Öwreniji
Janojak
08.02.2020 / 09:16:08
+1
puo, :-)
2629Gytyndan
BaGtlyja
08.02.2020 / 09:30:11
+1
Berekella Nirvana
861Gytyndan
Selena
08.02.2020 / 10:04:05
+1

Soňky jogaplar:

Armanly bolan ýeriňiz boldumy durmuşda?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
EYFELs (Bu gün, 21:28:01)
Gowy, juda gowy.....Dowamy
Edebiýat | ?
###zMs (Bu gün, 18:31:34)
Äpberekella soňky setiri hasam gowy...Dowamy
Edebiýat | ?
###zMs (Bu gün, 18:29:49)
:dovolen:...Dowamy
Edebiýat | Ene hakda goşgylar
Gurbanmyrats (Bu gün, 18:21:30)
Heeey gardshlar onku dowurler nirede galdy...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täzelik
LIDERs (Bu gün, 15:56:58)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023