Allahyň razylygyny islän zenan ... Rabiyýa hz - Halanlaryma goş
Teswirler:

#Mira
14.06.2019 / 22:36:35
+2
Ämin Allajan siziňem iki dünýäňizi abat etsin agam
1004Täzeje
sulgunjik
15.06.2019 / 00:14:53
+2
Sizi Alla yalkasyn, Çary aga.yenede yetirip duruň
56Gerekli
Asuda_durmush
16.06.2019 / 20:03:31
Oda ŷansañ çürśersin, sana yaramaz bolorsyn. Bir ojagyn odyna ŷanaşma gowsy...

+2

Kinosyny söýup gorerdim. Indi mirasy goremzogam

192Özümiziňki
barca
16.06.2019 / 20:21:42
+2
Asuda_durmush, şugun: " kanal7" kanaldan agşam sagat 1:00 HEZRETI RABIYAnyñ kinosy berer


Gorjek diyseñiz şugun agsham berya
56Gerekli
Asuda_durmush
16.06.2019 / 21:03:37
+2
Sag bol. Kanal 7 skacat edeyin hazir
292Gerekli
.vkus.granata.
16.06.2019 / 21:17:44
+1
Kiçikäk miras kanaldan kinosyny görkezýädi, gowy görýädim. Owadanja gyz oýnaýady Rabiýa bolup.

296Betinden
Chary
16.06.2019 / 22:31:39
+3
.vkus.granata., Vip üçin minnetdar,Allah razy bolsun, bu dünýä gelip biziň iň möhüm wezipämiz öz eýýämiz,bizi bu dünýä getiren,ýaşadan we ýene özüne dolajak Beýik Allahy tanamak we oňa gulluk etmekdir. Bu zatlara aňry ýany bilen göz ýetirip Allaha ybadat etmekde erkek-zenanalar görelde bolup giden Rabyýa hezretleriniň durmuşyny köpe ýaýratmak hem sogaply işleriň biridir.
292Gerekli
.vkus.granata.
16.06.2019 / 23:08:54
+3
Hawa, Rabiýany şol kinodan adynam, özünem gowy görüpdim. Kiçikäk şonuň ýaly beýik adamlar hakda kinolar köp görkezilerdi, Rabiýa kinoda bolsa meý guýdurjak bolup, ellerine ilen zatlary zyňýalar welin, gül bolup üstüne düşýän sahnasy hiç göz öňümden gidenok. Zyndanda saklanlarynda suw akyşy. Şol kinolar gowy terbiýeleýädi ýöne çagalary. Size-de maglumatlary ýetireniňize sag boluň
919Gytyndan
Shapak_A
16.06.2019 / 22:42:21
+2
Beyle güyçli imanly bolmagy münde bir kişi başaraymasa???

296Betinden
Chary
16.06.2019 / 23:02:54
+2
Shapak_A, Ýokla dogan,milýondan biri başar,ýöne bizem başardygmyzdan yhlas bilen ybadat edibermeli,bu gün göreniň,ertir ýok.
214Gerekli
pamyk
17.06.2019 / 10:24:43
Adalatsyzlyk Adalata näçe howp salsada, ahyrynda Adalat hemme zatdan üstün çykar!

+2

Amin aydanyñ gelsin şeyle mowzuklary yetirenide alla yalkasyn sagboluñ cary aga!!!
1058Gerekli
Firuza
17.06.2019 / 10:31:14
Adamlary bilesdiryan-duygular;ayyryan hem bolsa pikirlerdir.

+1

amin..amin. yetireniniz ucn sag bolun
1870Özümiziňki
Akpamyk_Ak
17.06.2019 / 11:15:12
+1
Cary aga okap hezil etdim icim gysyp oturdym yuregime giñlik girip gitdi yene shular yaly gowy mowzuklary yetirip duruñ!

MILANA
17.06.2019 / 12:55:45
+2
"Edebiň düýp özeni dindedir!"

Çary agamyzyň bize ýetirýän rowaýatlarydyr, tymsallary, dine degişli terbiýeleýji eserlerini okap bolanymdan soň, şol mowzuklardan lezzet alyp, kuwwatlanyp, süňňüm ýeňländenmi, bilmedim, Çary aganyň ýetirýän mowzuklaryny sypdyrman okaýan we indi ýetirjek mowzugyna-da sabyrsyzlyk bilen garaşýan.  Adatdakysy ýaly ynha, Rabiýa babatda  ýetiren mowzugyny-da hoşallyk bilen okadym. Häzirki biziň döwrümizde-de Rabiýanyň göreldesine eýerip, milliligmize, dinimize birkemsiz uýýanlaryň bardygyna aýratyn belläp, şeýle bir zady gürrüň beresim geldi
Meniň Äşe atly işdeş joram bardy. Ol juda mähirli hem nurana gyz. Ýuwaş gürleýädi. Asylly hem agras, bolan soň oňa ulumsymykanam öýdýädiler. Ýok, ulumsy däldi, ol köp gürlemäni halamaýan, ýuwaş-ýumşak gyzlardandy. Äşe Patmanyň ekiz taýydy. Patma-da Äşe bilen bir häsiýetlidi. Ýöne ol işlemän soň, öýde el işllerine, öý-içerä göz gulak bolýardy.
Gysgaldyp aýdanymda, meniň gürrüň berjek bolýan  Äşämiz başlygymyzyň kätibi (sekretary) bolup işleýärdi. Ol çagalygyndan bäri namaz okap ýörensoň, "öýle namazyny" işde okamaly bolýady. Başlygymyz edarada namaz okamagy gadagan etse-de, wagt tapyp, gizlin okaýardy welin, ýöne namazyny sypdyrmaýady. Ony esasanam, öz otagyma salyp, okap bolýançasyna çenli men gapyň daşynda garawul durýadym. Bir gün şeýle ýagdaý  boldy. Başlygymyz  bu gün Müdirýetlikde bolup, gaty giç geljegini duýduran soň, Äşe arkaýynyrak boldy. Günortandan soň, biziň işimize barlag geljekmiş diýip, habar etdi. Biz taýýarlyk görüp, geljek barlaga öň edilen we edilmeli işlermiziň hasabatyny taýýarlap otyrdyk. Şol mahalam, maňa Äşeden gerek bolan bir resminama (dokument) gerek bolup, onuň ýanyna  bardym. Görsem, Äşe otagynda  öýle namazyny okap oturan eken. Päsgel bermäýin diýip, çykyp gelýäkäm, öz başlygymyz we ýanynda bäş sany barlagçylary  yzyna salyp, otagyna girjek boldular. Başlygyň otagyna bolsa, kätibiň otagynyň üstünden geçilýän bolansoň, Äşe olara başlygyň otagyna  geçmäne päsgel berip otyrdy. Äşe  barlagçylary gözüniň  gytagy bilen görse-de, ol  aljyramady we namaz  okamasyny dowam etdiriberdi. Men bolsam, Äşe üçin, darygyp başladym. Onuň indi işden boşadylmagyndan  howatyrlandym, gynanjymdan ýaňa aljyradym.  Sebäbi, ol öz başlygymyzdan iş ýerinde namaz okaýanlygy üçin öň  iň soňky käýinç hem alypdy . Ýöne Äşe: "Başyma gelenini görerin-dä, işden kowýanam bolsa, men namaz okamamy bes etmerin" diýip ýördi. Gelen barlagçylar Äşäni synlap duruşlaryna başlykdan "Bäş wagtyna-da okaýamy?" diýip, soradylar. Başlyk "Hawa, bäş wagtyna-da okaýamyş. Men-ä şuňa näme diýjegimi bilemok. Ýogsam, käýinjem berdim, ýok edip, işden boşadaýmasam indi muny, bu meni diňlänok..." diýip, Äşä seredip durşuna gaharlandy. Äşe iki egnine salam berdi-de, namazdan turdy. Edep bilen olara Salam berdi. Barlagçylaryň baştutany Äşä golaýlaşdy-da, "Bäş wagtyna-da okaýaňmy, jigim namazyňy? Oraza-da tutýaňmy?" diýip, ilki  amallary soraşdyrdy. Soňundanam, "Tüweleme, tüweleme! Alty wagtyna okalýanam bolsa, namazyňy  sypdyrmagyn, arkaýyn okaber!" diýdi-de, başlyga tarap öwrüldi. Soňam: "Başga-da namaz okaýanlar bar bolsa, bir otagy namaz üçin aýratyn ýörüteleşdiriň. On bäş minut wagt gideni bilen hiç zat bolup bolmaz. Özem Äşäni işinden kemçilik tapmasaň, namaz okaýanlygy üçin, ne käýinç, ne-de işden boşatmak diýlen zat bolmasyn. Edebiň düýp özeni dindedir! Goý, okan bendeler bir okap, ybadat etsinler." diýip, başlyga tabşyrdy. Olar girip giden soňlar, Äşe begenjinden ýaňa gözüne ýaş aýlady...
"Yhlas edip aglasaň, hokur gözden ýaş çykar" diýleni boldy. Äşäniň yhlasynyň ýerine düşenine begendim.
Rabiýa ýaly mähribanymyz ýal-a bolup bilmeris elbetde, ýöne Alla uýup, sežd edýän ähli musulmanlarmyzyň ybadatlary Allah dergägohinde kabul bolsunda hernä!
Mowzuk açsam boljak eken. Teswir uzak bolaýdy. Pursadyňyzy peýdalananym üçin bagyşlarsyňyz, Çary aga!

296Betinden
Chary
17.06.2019 / 17:13:09
+2
MILANA, Bah,örän tolgunduryjy waka şaýat bolupsyňyz jigim,hawa aslyna seretseň hakyky iman eden üçin bir namaz, bu dünýäň bar baýlygyndan gymmat bolmaly,sebäbi bir namaz okamadygyň üçin 6600 ýyl dowzah jezasy berilýär diýýärler. Mowzugy vıp edip eden kömegiňize minnetdar Allah ýalkasyn,iki dünýäň abat bolsun !
1130Gerekli
Muşdak
01.07.2020 / 21:01:30
+1
MILANA, sag bol paylaşan wakanyza. Sizin nâhili derejede kömek edeniniz sonuna çenli okap göwnüm hoş boldy doganjygym.Siz yaly yagşy ynsanlar bolsun Allajan!
1130Gerekli
Muşdak
01.07.2020 / 21:04:01
+1
Köp köp bolsun!
1915Gytyndan
Myrat555
21.06.2019 / 21:02:24
+2
Ämin! Ýetireniňiz üçin Alla Sizden razy bolsun! Eden ýagşy dileg dogalaryňyzy Alla kabul etsin we köp esse edip yzyna gaýtarsyn!

☪ ATAKAKA ۞
21.06.2019 / 21:39:49
+2
Allah razy bolsun agam, minnetdar
1130Gerekli
Muşdak
01.07.2020 / 20:26:01
+1
Çary aga yetiren gowy mowzugynyza haladymy basmakçydym ters basyldy

296Betinden
Chary
02.07.2020 / 17:18:12
+0
Muşdak, Sag bol mowzuga aktiw gatnaşanyňa, ýalňyşanyň üçin 2 gezek dagyn jerimesini töläpsiňä how Allah razy bolsun ! Minnetdar !
1861Gerekli
BAY-HAN
01.07.2020 / 21:03:48
Ejeleriñ gowusy, erbedi bolmaz. Iñ erbedi ejesiz galmakdyr

+2

Manyly we tasirli mowzuk.
Minnetdar yetireniñize

296Betinden
Chary
02.07.2020 / 17:26:28
+2
BAY-HAN, Sizede mowzugy okanyňyza minnetdar,şeýle mowzugy gyzygyp okamagyň özi adamyň kalbynyň ýumşaklygyny,Beýik Allahyň dinine hormat-sylagy görkezýär,Allah dogry ýoldan aýyrmasyn !
1436Gytyndan
ATAKAKA۞
02.07.2020 / 17:56:45
Allahym, meniň Senden isledigimi däl, Seniň menden isledigiňi ber!!!

+2

Allah sizden rehmetini egismesin agam,

296Betinden
Chary
02.07.2020 / 20:33:37
+3
☪ATAKAKA۞, Amin,ähli musulman ummatyna şeýle bolsun inim !

Soňky jogaplar:

Armanly bolan ýeriňiz boldumy durmuşda?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
EYFELs (Düýn, 21:28:01)
Gowy, juda gowy.....Dowamy
Edebiýat | ?
###zMs (Düýn, 18:31:34)
Äpberekella soňky setiri hasam gowy...Dowamy
Edebiýat | ?
###zMs (Düýn, 18:29:49)
:dovolen:...Dowamy
Edebiýat | Ene hakda goşgylar
Gurbanmyrats (Düýn, 18:21:30)
Heeey gardshlar onku dowurler nirede galdy...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täzelik
LIDERs (Düýn, 15:56:58)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023