BetindenMylayym 21.09.2020 / 19:59:54+2Gowy ýazylypdyr goşgy.
"Ejem eken..."
Etmişim kän, ötmişem sen çagalygmyñ ýeñlesligni,
Öwredipdiñ has kiçikäm gyz görküniñ agraslygny,
On ýyl geýdiñ bir geýeniñ, maña tikip köýnekligñi,
Joralarma güjeñlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deñän, görüp ejem eken.
Günler geçýär, göçüp barýar başymdaky çagalygam,
Köpelýärdi durmuş hakda saña berýän soragymam,
Günler geçdi, soñ ýat boldy, şol çägeli Garagumam,
Talyp boldym, men özime diýipdim-le "Bagty çeken",
Ah, bu bagty gije-gündiz Hakdan dilän ejem eken.
Gara saçlañ aklygyna düşünmedim ilki bada,
Jowrandy-da ýürek şonda atygsady düşdi oda,
Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada
Maña goýman günälermi bagry bilen süzip çeken,
Indi bilýän.
Ejem eken...
Söýen ýigdim goýup gitdiñ, ýat bolduk biz bir-birege,
Men ýüregñe ýol salsamam gapy tapmadym girere,
Alynmadyk myhman ýaly duýgym tazykdy bir ýere,
Meñ seni söýşümden beter menem biri söýýâr eken,
Şol ynsanam ejem eken.
Men özümi ýalñyz duýýan şu märekäñ arasynda,
Ne alamat bu duýgulam, Tañryñ özi gorasyn-da,
Jandan geçip söýjek barmy?! Tapylarmy dyza çöken?!
Bagra basdy bir tanyş el,
Ol ýene meñ ejem eken.
Jan beren sen şonsuzam-a, ýene janyñ gurban etjek,
Gynap bildim onsuzam-a, sen şonda-da günäm ötjek,
Harlansa-da ilki söýgi, ynsan ýene söýjek eken,
Bir ýiten soñ tapdyrmajak ýekeje zat ejeñ eken.
Gyssanyber däli könlüm, wagtyñ şo bolşy, tizlänok.
Ah, bu durmyş ejeñ däl-dä, ejizleseñ ezizlänok,
Hemme kişi bagt isleyär. Güzaby ýok, azaby ýok.
Köp aýdardyñ diñlemezdim, soñam boldum derde çöken,
Awunybam arzyñ aýtsañ ejeñ seni diñlär eken.
Ýeñil işe tiz ýapyşdym, kynlarynam soña goýdym,
Şänik ýaryp mañzyn iýdim, gabygynam saña goýdym,
Çaýlamana jorañ gelse sen ýene-de gyzyñ öwdüñ,
Gör-â durmyş niçiksi zat, ýörän ýoluñ hile, gapan,
Ýagşyñ ýaýyp, kemiñ ýapýan ýekeje zat ejeñ eken.
Ogulnur Ataýewa
Şu goşgynam näçe okasaň ýadatmaýa. Gaýtalap, ýat tutup gidipdirin )
BetindenГулжан 21.09.2020 / 20:05:57+3Mylayym, gaty gowy uyam
Öwrenijibegmyrat. 21.09.2020 / 22:12:45+1Mylayym, menem gosulyan gaty gowy gosgy eneler hakda nace yazsakda nace aytsakda azdyr
BetindenMylayym 21.09.2020 / 20:03:13+2"Goýberme meni!"
Tümlük tutsa meniñ töwerek daşym
Aladalar bilen çytylsa gaşym
Hünji deý düzülse gözlerde ýaşym
Käbäm,gys elimi,goýberme meni.
Göwrämi gujaklap,durmuşdan sowap
Soñsuz soraglara tapmasam jogap
Böl ünsümi,gara başymy sypap
Ýa-da bas bagryña, goýberme meni.
Ugrum öwrüläýse saga ýa sola
Golum tutup äkit sen dogry ýola.
Söýgä mätäç çagym mähriñe dola
Mähre baýym, asla goýberme meni.
Käte sabyrsyzlyk meni gynasa,
Ýa-da ykbal oýun bile synasa,
Ýalñyz goýup, meni daşdan synlama,
Goldaw ber ejemjan, goýberme meni.
Gonsa bir gün başymyza bagt guşy,
Düýpgöter özgertse, ýagty durmuşy.
Süýji günümde-de bolup syrdaşym
Ezizle, söý, süpür çygly gözlermi
Haýyş, käbäm asla goýberme meni.
Jennet ÇARYÝEWA
BetindenГулжан 21.09.2020 / 20:06:06+2Mylayym, +++
BetindenMylayym 21.09.2020 / 20:12:12+1Güljan, 🌹