Gara bägüller (bolan waka 1- nji bölümi ) Awtory: Nowça - Halanlaryma goş
Teswirler:

Akapella
29.10.2018 / 23:55:03
+1
Gara bägüller (bolan waka 2-bolumi

Aý gün tirkeş gurnap geçip durdy.Altyn öz boýdaşlaryň köpisi daşary ýurda okuwa gidýäni gorup oda öýe gelip ,okajaklygyn aýtýar. Muňa ejesi razy bolýar, kakasyny hem yrýar
Şeýdip Altyny baryn ýok edip daşary ýurda okuwa iberýaler.Öweý ejeliginiň Çynary dälde öz gyzyn okuwa ibermegin mamasynyň janyna ýakanok. Çynaryň mamasy olardan azyrak daşda, ýolyň gyrasynda ýeke ýaşaýardy, we gyzyndan galan ýeke dikraryn şeýle bir gowy görýardi. Çynarda mamasynyň öýi işden gaýdanda ýolyň gyrasynda bolansoň ony gunde diýen ýaly eýläk beýläk geçende hokman gorup geçýärdi
Ol
- Çynarjan, guzym senem okuwa gidaý, menem pensiýamdan saňa pul ugradyp duraryn,seniň hem okamagyňy isleýan, şu benzin guýjy bolyp gyz halyňa işlap ýörsiň welin tekiz halamokda, ol bir oglanyň işi ,gyza gelşenokda,ýone natjek aç hem ölmeli dälda, bir iş tapylsa oglan gyzy ýok diýip işlenip ýördä,oňada duşunýan
- Mamajan sen gaýgy etme men gaýbana tabşyrjak ,menem okaryn uly adam bolaryn, ynamyň ödarin
- wah, balam seniň ejeligiň gownemez
- göwnär,göwnär gaýgy etme, okamasam hem işim bara işlar ýorerindä
- wah Allajan saňabir gowja ýigit duşaýadyda
- Mamajan gaýgy etmesene
- bolýa balam
- Mama men gideýin gija galýan
- sagaman işle
- bolýa, hoş gal
Çynaryň yzyndan seredip, geçen gunlere ýadyna salyp pikire batdy
Çynaryň bolşy, gulşi,owadanlygy,ýuz keşbi,edilje ejesidi. Her gezek Çynary gorende gyzyn ýatlaýardy, ýone natjek durmyşda, munda hemme zat bolyp geçip dur
Çynar öz işi bilen başagaý bolyp ýordi
Günleriň birinde kakasynyň karhanasyna uly barlag gelýar, ol gelen adamlar karhananyň hasabat bölüminde tapylan uly ýetmezçilligiň ustuni açýar, ol ençe ýyllap bile tirkeşip çaý çorek iýen dostunyň eden işleriniň barynyň üsti açylýar we karhana döwletiň haýyrna geçirilýar ,ýetmeýän zatlaryň baryn hem töletýaler, şeýdip onyň bar emlägi, bar pul ýasajak zatlaryn elinden alynýar.
Ol basylman zordan sypýar. Elinde uçynda zat galanok
Bu duýdansyz guýçli urgy kakasyna ahyr degýar we şo taýda ol özinden gidýar. Ony hassahana ýerleşdirmeli bolýar
Çynar kakasynyň renimasiýada eltilenni eşdip iş ýerinden, işin ýoldaşlaryň birne tabşyryp ylgap gaýtýar, onyň duşen ýagdaýyn gorup aglamakdan ýaňa gözleri çişip gidýar
Kakasy welin özin bilman ýatyrdy
Lukmanlar barlag geçirensoňlar ony gyssagly operasiýa etmeli, bagyr serrozy, bagryn çalyşmaly diýip aýtýalar ,özam gyssagly etmeli hazir Germaniýadan hunarmenler barka ony etmeli diýip aýtýalar.Şol operasiýa bolmasa onyň uzak ýaşamajaklygyn duýdyrýalar.
Çynar gözlerinden ýaş akdyryp nira urynjagyn bilenok. Öýdaki barja pullaryn jemlesede oňa ýeter ýaly daldi, onyň üstunede ejeligi Altynyň okuwy üçin pul ugratmaly diýip ojagaz pulyň hem ýarsyn alyp galýar...
Şeýle agyr günlerde Altyn hem okuwyna doly gatnamanlygy üçun ,okap ýoren ýerinden iki ýyl okanyndan soň çykarylyp, oda öýine gelýar.Iberlen pulyň barsyna özine ony muny alyp kül edip gelýar
Çynaryň bolsa Altynyň ýagdaýyna duýgudaşlyk bildirmagede eli degenok ol öz kakasynyň ýanda bolýar, lukmanlar bar gitde öýiňde ýat diýsede, kakasynyň ýatan ýeriniň oknosynyň daş ýüzinde ýatýar,ýene lukmanlar ony karidorda ýatmada ruhsat berýaler
Çynar puly jemlejek bolyp hemme garyndaşlaryna aýlanyp çykýar, hiç kimden pul ýok, bary onyň karhanasynyň çokenligi üçin beren pullary yzyna gaýdyp gelmez diýip gorkyp berenoklar
Soralman galan ýekeje kakasynyň dogany bardy, ahyr ondan hem soraýar ol bolsa
- pul ýok bolsa, operasiýa na gerek, berlen ýaşy ýaşarda, gyz halyňa iki baka ylgap pul diläp ýormede jan berýançä ýanda bolarlar
Bu sözi eşdip Çynar o taýdan uly ili bilen aglap gaýtýar, pul bermeseň hoş söziň bir gysganma-da, ýok diýende-de basyp aljak gumany ýok ahyr
Hassahana geldi, kakasy iki gezek tutgaý tutupdyr, lukman hokman operasiýa bolmasa bolanok diýýa
Çynar kellesin tutyp otyrka, bir geýnüwli zenan maşgala
- size zerur pul gerekmi? - diýip soraýar
- hawa, kakam agyr, hiç kimden komek ýok, mendede onça pul ýok
- men komek edip bilerdim, ýone bir şert bilen
- gelneje men ähli şerde kaýyl ,kakam ölmese bolýar,
- onda tur meniň bilen
- bolýa,aýt şertiňi
- onda diňle, seniň islegiň boýunça işlan pulyň beriler,maşyn, jaý hemme zat ,oda ustune, sen bir ýyla golaý öýden daşda ýaşamaly borsyň, öýiňe dogry gelip gidip bilersiň ýone ondan arkaýyn bol
- aýt men name etmeli
- sen, bir tutjar baýyň uly oglynyň 11 ýyldan bari çagasy bilanok şoňa myrasdüşer emeli ýagdaýda ýagny ýanaşyk geçman çaga dogryp bermeli
- Nämeeeeeeeeeeeeeeeee

Dowamy bar

Akapella
29.10.2018 / 23:56:19
+1
Gara bägüller (bolan waka 3- nji bölümi

Çynar oňa doly düşunse düşunmese ,örän gahary geldi.
Onyň ýüzini it dyrnan ýaly dyrnajaklasy geldi.Ýöne diňe gözine ýaş aýlap yzyna it salyp kowdy. Ol aýal onyň eline telefon nomer tutdyrdyda
- eger gerek bolsa pul şuňa jaň edaýgin, men şertimi aýtdym: - diýdi
Çynar sesin çykarman yuzin elin tutyp aglady.Bir gapdaldan pulsuzlyk, bir gapdaldan kakasy demin sanap ýatyr, bir gapdaldan bu günlerde hiç kimiň komek etmeýşi, goldaw bermeýşi, ony otdan alyp suwa, suwdan alyp oda oklaýardy
Ol onyň aýdan zadyna kaýyl bolyp biljek daldi
Ýerinden turyp kakasynyň ýanyna baryp ,onyň elinden tutyp aglady, özini bileni bari hem eje, hem kaka bolan kakasy elden gidip barýan ýaly berk tutyp aglady, nä aglanyň bilen biri pul getirip berýärmi diýsene ,ol hereket etmelidi, ýone nädip?:-, bu gysga we gyssag arada nadip onça puly tapjak
Gapy açyldy, şepegat uýany yzyna tirkäp gelen lukman
- jigim, aglaba bu keselden üstin çykyp bilmeris,hereket etmeli, sen gitde nirden hem bolsa bir alajyn et, bolmasa da ejeňizi çagyryň: - diýdi
Çynar sesin çykarman, hassahanadan çykyp gaýtdy, ýolda şol berlen telefon nomera jaň etdi
- salam, siz maňa şu nomeri beripdiňiz, men pikirlendim, we siziň ähli şertiňize kaýyl, ýone puly nagt gerek maňa, men ony hokman hassahana tabşyraýmaly: - diýdi
- bolýa pul barada gurruň yok, erte barlaghana gelýaň, başdan aýak barlagdan geçirýas, egerde sende hiç hili kesel ýok bolsa, sagdyn çaga dogurmaga ukubyň bar bolsa edil şo ýerde emeli göwrelige seni taýynlaýas we saňa gerek bolan ähli kakaň keseli üçun çykdajylary artygy bilen eliňe berýas
- bor onda göruşýançäk,
Çynar hoşlaşyp telefony goýdy
Ol o gije iki ýana urnyp ýatyp bilmedi, boýyn bolan işiniň ýoly gaty howplydy,ol şonda-da çydady, sebabi kakasy elden gidip barýardy
Ertesi irden bar aýdylan zatlardan geçdi we olaryň diýen zadyn etdi,kakasyna gerek bolan puly alyp hassahana eltip gaýtdy
Näçe agyr hem bolsa indi bu işniň soňyna çenli gitmelidi
Wagt geçip durdy, kakasynyň ýagdaýy gün geldigije gowlaşýardy,oňa gunde durli dumen zatlardan iýdirip durýardy, ony uzak saklaman hassahanadan çykardylar.
Çynar kakasynyň.öýe gelen gününiň ertesi öýine uzak ýere iş ustunden işe gitmelidigin aýtýar we ol öýden çykyp gaýtýar
Her name bolsada ol kakasy bilen gunde gunaşa jaňlaşyp durýar, olaryň ýagdaýy gowy bolar ýaly ejeligine pul ugradyp durýar
Aý gun bolsa tirkeş gurnap hä diýmänkaň geçip dyrdy.
Çynar indi gowy gabardy. Ol öýiň içinde öýiň işi bolaýmasa hiç zat ellemezdi, oňa ýorute işlerin eder ýaly hyzmatkär tutyp beripdiler.
Ol tutjar baýy welin Çynar bir gezek hem gormedi.
Wagt ýakynladygyja ol darykdy.Indi ol dogjak çagany beresi gelmedi
,şertnamany pozasy geldi, ýone , eger şertnamany pozsam ol aýaldan,ol baýlardan her zat çykar ,:- diýip pikir etdi

Dowamy bar

Akapella
29.10.2018 / 23:57:30
+1
Gara bägüller (bolan waka 4- nji bölümi

Çynaryň pikir edişi ýaly hem boldy. Olar Çynaryň aýy guni dolyp ýakynlan gununden ony doly gözegçilige aldylar we bir hokga çykaraýmasyn diýip ýanynda şol arada duran geýniwli aýal ,onyň bolýan jaýynda ýatyp turdy
Wagtynyň ýakynladygyja Çynaryň çaga bolan enelik mähri oýandy we ol hemme kişi ýatandan soň ol bir hatjagaz goýyp gaçyp mamasynyňka gaýtdy
Irden turyp onyň ýatýan otagynyň gapysyn kakan ol aýal, içerden hiç hili ses üýn çykmansoň içiri girip gorse Çynar ýokdy, zahräsi ýarylan ýaly iki ýana ylgap ony gozledi, hazir ony on onbaş minutdan tapmasa ol baýlar jaň edende name jogap bermeli boljagy barada oýlandy.
Stolyň üstunde duran haty eline alyp haýdap okap başlady
- gelneje naçe kyn hem bolsa men indi çydamok, men çagamy berip biljek dal,maňa beren pullarňyzy men size gaýtararyn, jaýyň,maşynyň açaryn welin stolyň üstundaki kasejigiň içinde goýandyryn. Sagbolyň we bagyşlaň"
Ol aýal haty okap hasyr husyr eşigin geýdide onyň gözlegine çykdy
Onyň bu ýagdaýda nira barjagyny ol aňýardy we goni onyň mamalaryna bardy
Ol taýdan Çynary tapyp zor bilen alyp gaýtdy. Çynar gaýtmajak bolyp aýak dirap dursa-da, çagaň dogulmaly wagty bolansoň ,duýdansyz ýerden döran guýçli agyra çydaman urnyp başlady. Gyssagly hassahana getirildi we çaga bir ýyl bari garaşyp ýoren ol baý aýala jaň etdi
- salam, siziň agtygyňyz sanlyja sagadyň dowamynda dunýa inýar siz gelniňizi alyp gelmegiňizi haýyş edýäris "
Olar kan eglenmän geldiler
Çynar kan urynmaly bolmady onyň çagasy dunýa indi,çaga oglanjykdy.Ol çagany Çynaryň eline berman ol baý aýal öz gelni bilen ýerini çalyşdy we çagany onyň elinden alyp, berilmän galan gepleşilen summanyň galan ummasyz bölegin we jaýyň, maşynyň açaryn konwerte salyp onyň eline tutdyrdyda, elinden çagany alyp gitdiler.
Ozal hem zordan otyran Çynar namaň näme bolany göz açym salymda aňman galdy
Onyň bu ýagdaýda duşenni diňe mamasy bilýardi başga hiç kim hem bilenokdy ,sebabi ol öýlerine, iş üsti bilen uzak ýerlere iş sapary bilen gitmeli diýip gaýdypdy,her aýda hem ummasyz puly öýine ugradyp durypdy
Onyň mamasy Çynary öz öýine alyp gaýtdy. Çynar ilki gunler çagany ýatlap kan aglady ýone edip biljek zady ýokdy, ol çagany kime berenini hem bilenokdy, ol diňe arada duran aýaly tanaýardy, ol baý aýaly, onyň gelnini, we oglyny hem tananokdy,olary görmandi
Şeýdip çagany özi dogurmadyk ýaly etdiler, ol baýlar dokumentini duzeldip alyp gitdiler
Çynar bolsa hiç kime arzyny aýdyp bilmän, bar güýji diňe göz ýaşlaryna ýetýardi, kime aýtjak, kime aýdaňda-da arada gepleşilen ummasyz pul bar ahyry, ony nirden tapyp diklejek
Çynar alaçsyz galyberdi ....

Dowamy bar

Akapella
29.10.2018 / 23:58:46
+1
Gara bägüller (bolan waka 5- nji bölümi

5 ýyldan soň.

Çynar daşary ýurtdady
Ol ýokary okuw jaýynda okap, onyň iň soňky ýyllarydy,ýene sanlyja aýlardan diplom işlerin ýazybermelidi. Iň soňky ýyly bolansoň ol öz kursdaşlary bilen Rossiýanyň gözel şäherlerine aýlamaga gyşky dynç alyşda planlaşdyrýardy.
Ol öýine eli diplomly gelmegi arzuw edýardi,arzuwyna ýetmegine sanlyja aýlar galypdy
Talyplara gyşky dynç alyşa jogap berlende olar ýörute aýlanmaga gitdiler
Gezelenç gunleri diýseň ajaýyp ýatlamalary içine alyp geçýärdi.
Daşary ýurt talyplary bilýandir, kursdaşlar bolyp aýlamagyň,gezelenje gitmegiň öziçe lezýeti badyr .Adamzat ömruniň iň ajaýyp, iň gowy döwri bu döwri içine alýandygyn hemmämiz hem bilýäris.
Çynar gezelençde wagty gadymy ýadygarlik muzeýlerni gormani howes etdi we ol öz jorasy bilen oňa gitdi
Ol muzeýiň içine aýlanyp ýorka, gözi bir gara gapjyga duşdi we jorasy bilen ony alyp ,bilesigelijilik bilen içini açyp gördi, onyň içinde az owlak pul, daşyna kagyz dolangy wyza kart,we gara saçly görmegeý oglanyň kiçijek suraty bardy
Ol eýläk beýläk aýlanyp, gapjygyň eýesin gözleşdirdi,jorasy
- Çynar, kartynyň kody bilen bir ýerde goýýan akmak yigit kimka, ýa kartyn boşadyp goýalymy: - diýip kikirdedi
-Goýaweri joram birniň zadyn alyp bolmasa, ol hem özimiz ýaly talyp öýtýan, öziňi onyň ýerinde goýyp gör hany, janyňa ýakarmyka
- oýun etýanle gyz
- beýle oýun etme, turkmen ýigde meňzeş bu ýigit
- ohoooo, janalaý bu gözel gyzlar, bu gapjyk menki, tapana sowgat hem bar diýip, gapdalynda duran bir güli eline alyp, ýylgyrjaklap bir ýigit bulaň ýanyna geldi
- toba,lakgylygyn munyň
- gapjyk menki, ynanmasaňyz, içindaki suratym bilen deňeşdirde göraýiň:- diýip eýläk beýläk ýöredi, içinde-de 150$ 3000 e golaý rubl, birnaçe sanyny bilemok teňňe we wyza kartym bar
Gyzlar dymyp durdy. Ol ýigit bulara gezek berer ýaly daldi
- gyzlar geplaňdä, ýa ýalanmy meniň hasabym
Çynar
- mee dogan gapjygyň, bizem seliý ohranniý edip eliňe gowşyrýas
- minnetdar öz ilimiň sonalary
- lakgyllamada alda gapjygynda şu ýerden, tozaa
- gaharlanma gözel gyz, tozadym: - diýip ýöräp ugradyda birden yzyna öwrülüp
- men Parahat siziň adyňyz kim
Ol barmana Çynaryň jorasy
- bizem Ülçe we Gülçe indam ýore ýolyň bilen Çynar duryp bilman
- men Çynar bu Aýtaç
- tanşanyma şat öz ilimiň sonalary belki sizi çorege çagyrmalydyr,ana şojagaz ýerde naharhana bar, natýar razymy
- yooooooooook
- bolýaaaaa, bolýaaa gulagyma deşdiňiz, bet ekeniňizle, çorege çagyrsam dagy şular meni tutyp urjagam
- gidaý indi lakgyldap durman
- gitdim gyzlar, pokaaa
-Dälimi namemi nähilaý toba
- yokla gyz, alasamsyk,kiçijekgä sallanjakdan köpürak ýere gaçypdyr: - diýip gülşüp bu iki jora gaýtdylar
Çynar bolýan ýerlerine gelip gije ýatjak bolanda ýene şol ýigdiň ýylgyrşy, gepleýşi, şadyýanlygy hiç ýadyndan çykarmady ol ýuwaşjadan
- Aýtaç
- hä name boldy
- hälki ýigit
- aşyk boldyňmy
- ýokla gyz
- onda nä
- birhili ýaman alçajykda, şadyýan,görmegeý, gara saçlary göziniň birine duşen wagty kellesini silkip goýberşi özine gelişýar, bezeg berýar
- eýwaa, söýgiiiiii
- goýsana gyz söýgi name işlesin ýone özime çeken zady aýtdymgyz
- söýgäm şeýdip başlaýarda
- aý ýoga
- howa
Çynar dymdy. Ol o gun duýşinde Parahat bilen kän gepleşdi, onyň bilen aýlamaga gitdi,onyň bir zatlar gurruň berip gepleýşini, gülşüni synlap durdy, onyň şadyýan gülküsine tisginip turdy
Ol ýatan ýerinde öz gören düýşünden özi utandy.Göýä Parahat bilen açan açan gurruň eden ýaly duýdy. Ýakymly duýga özini aldyrdy. Ol öz özinden öz kalbynda dörän bu duýgyň lezzetinden aýňalyp bilman kellesin ýaşşyga berip kan ýatdy
Aýtaçiň
- tur gyz aýlamaga gitýas diýen sözinide eştmedi
- Giwwww agyzzz sen aşyk boldyň a ,boýnyňajyk alaý
- bilmedimdä, ýone meniň bilen ýene şol muzeýe gidip bilmersiňmi
- name biz baranymyz bilen onyň barjagyny bilýamiň,onyň bizde telefon nomerama ýok,okaýan ýeriniň adresam ýok
Çynar ol oglanyň özelenip telefon nomer soraýşyn ýatlady,ýeri şo wagt beräýdä nomeriň,indi ony nädip bu uly şaheriň içinden tapjak
Çynaryň şol wakadan soň kan gezelenç bilen höwesi bolmady ,naçe çalt gaýtsa şonça gowy gördi.
Ol ýanyndakylary hem gyssap alyp gaýtdy
Umumy ýaşaýyş jaýyna gelip hem onyň ugry bolmady
Öýlerine jaň etdi, öweý ejeligi, uýasy bilen gepleşdi soň.kakasy, mamasy bilen gepleşdi. Şondada ýüregindäki gyssany aýryp bilmedi.
Ol indi doly öziniň şol ýigdi söýenligin aňdy....


Dowamy bar

Akapella
29.10.2018 / 23:59:33
+1
Gara bägüller (bolan waka 6- njy bölümi

Ine- de garaşylýan pursatlar gelip ýetdi. Her bir talybyň,her bir ene ataň arzuwy hasyl bolmaly pursatlarnyň durmyşa geçýan döwridi.
Her kim diplom işin tabşyryp, dowlet ekzämenleri bilen başagaýdy.
Döwlet ekzamenlerin üstunlikli tabşyran Çynar indi diňe eline diplomy alyp, nirde sen ata watanym diýip gaýdybermelidi
Ol gunler hem indi daşda däldi
Talyp ýoldaşlary gutaryş agşamyny geçirmegi meýilleşdirýärdiler
Sanlyja günleriň içinde bular diplomlaryn eline alyp, ähli kursdaşlary bilen jemlenip otyryşyk etdiler. Ýaşlyk ýyllarynyň ajaýyp pursatlary talyplyk ýyllarynyň ýagşy ýatlamalarynyň hatyryna girip ,ýuregiň bir çunkünde ornaşdy
Diplomlaryn eline alyp her kim öz öýine howlykly.Ýol petegin alyp, uçar meýdanjasynda gabatlaşmagy dilleşip,nirde sen watanym diýip öz yurtlaryna gaýtdylar
Aeoroportda Turkmenistanda uçmaly wagtlaryna ýarym sagat toweregi barka, garaşylýan ýerde otyrkalar birden Aýtaç
- Çynar: - diýip pyşyrdady
- hä näme
- aňyryňa seret
- name bar
- lakguldawuk ýigit
- Nämeeeeeeeee
- howa, Parahat
- waý, Allajanlarym göräýdi öýtýan ,Aýtaç ol gonilap biziň ýanymyza gelýar
Ol barmana
- Wot,westreça, salam gyzlar,sizäm görmek bar ekeni,ýere giren ýaly ýitdiňizle,
- salam, bizäm görmek badyr, görseň
- Aýtääääääç, ýuwaşa
- waý nämeeeee
- gyzlar bu gezega telefon nomersiz sizi hiç ýerik hem goýberjekdäl
- sizäää nomer ýok, arkaýyn bolaý
- Aýtaç beýtmedä,onda Çynarjan sen beraý
Ozal hem galpyldap geplap bilman duran Çynar zordan baş atdy
- ýenede Çynarjan gowydyrla
Sizem dynyp gaýtdyňyzmy?
- howa
- onda gutlaýan,diplomňyzy, çoreklisi bolsun
- aýdanyň gelsin
- Parahat, sizem dyndymyzmy
- howa dyndym,indi tassyklatmaly, iki hepde uç hepde Aşgabatda bolýas, şonda aýlanmaga çykarsa
- nesibedir bilmedim
- nesibedir diýmedä Çynarjan, bolýa diýaý
Ol barmana uçara münmeli wagtlary hem doldy. Parahat Çynara duşup jaň ederin, agşamlyk imo hokman girgin, hat ýazjaklygyn pyşyrdap duýdyrdy
Çynar sesin çykarman diňe baş atdy,oda bolýa diýdigidi
Bular bir uçarda ýurda gaýtdylar.
Çynaryň otyran ýeri äpişgäniň agzyna düşdi.Ol äpişgeden seredip uçaryň ýuwaşjadan bulutlaryň arasyna siňip barşyny synlap pikire batdy. Tebigatyň ähli ýerde gözelligin synlady. Akja bulutlary elini uzadyp tutyp göresi geldi.
Olar bilen naçe ýakyn hem bolsa elini uzatmaga onda mümkinçilik ýokdy. Ýöne şonda-da olardan gözini aýyrmady. Birden ol bulutlaryň içinden Parahaty gördi,tisginip gitdi, gowja synlady, onyň keşbi ýitip gitdi,ýylgyrdy,öz ýylgyrşyndan özi utandy .
Parahatyň otyran ýeri daşdady,bir uçaryň içi hem bolsa biri uçaryň o başyna biri bolsa bu başyna duşipdi.
Çynar şonda-da darykmady. Indi onda onyň telefon nomeri we imosy bardy. Telefonda gepleşmäge mumkinçilik bolmaýan wagtynda hem ol gije arkaýyn Imoda ýazşyp biljekdi
Çynar pikirlere çümüp uçaryň gonmaga aşaklandygyn hem duýman galdy
Sagaman uçardan duşyp her kim ,biri taksi tutsa ,daşyrakda ýaşaýanlar bolsa tazeden welaýat içre uçara perek aldylar. Bile gelen talyp ýoldaşlary bilen aeoroportda aýrylyşdylar
Çynar taksi tutmak üçin daş çykany hem şoldy welin birden
- Çynar diýip biri adyn tutyp gygyrdy, seretse Parahat
- Çynar ugryň nirä
- Mara
- Maryň nirsinden
- Garagumdan
- menem Wekilden, yzymdan maşyn geldi, ýör biziň maşynmyza, özim elin taşlaýyn
- ýok azar edinmaň
- ýogy bolmaz
- ýok özim giderin
- Çynar beýdiýmesene, hany ýör, diýip onyň ýogy-borna garaman el goşylaryn alyp ýörap ugrady.
Çynar hem sesin çykarman yzyna duşiberdi
Olar bir maşyna munip gaýdylar.
Parahat Çynaryň ýanda yzda otyrdy. Yol boýy okan gunleri, her hili ýagdaýlar, kynçylyklar, şatlykly gunler barada Çynara gurruň berip geldi. Özi barada welin hiç zat aýtmady Ol diňe iki oglan doganlygyn, ejesi,kakasy, birde enesi balygyn aýtdy
Kakasynyň kesbini dowam etmek üçin ekenomykany gutarandygyny aýtdy. Ol gezek berman geplap oturşyna Çynar ank bolyp diňlap otyrdy, ony naçe diňlesede az ýalydy.
Birden Parahat
- Çynarjan,senem öziň bilen tanyşdyrda
Çynar ýuwaşjadan
-mendede ejem kakam,uýam birde mamam bar başga ýok
- sen ulylarymy ýa körpe
- men uly, uýam hem deň,ýöne ejem men kiçi wagtym ýogalan, bu ejem meniň ejeligum ýone men oňada eje diýýan, uýam diýýanim bolsa ejeligimiň gyzy, ony hem gaty gowy gorýan
- sen haýsy ugyrdan gutardyň
- menki himiýa
- mollym boljakda
- hawa diýip baş atdy
Parahat
- Çynar şahsy ýeneje sorag sorasam gaty görmersiňmi
- ýokla soraber
- seniň halaşýanyň, ýa göz öňine tutýan ýigdiň barmy
-ýok, entek şahsy durmyşym barada oýlanmandyryn,işe zada bir başlaly soň.pikirlenerisda
- halaşýan ýigdiň ýok bolsa, birden men söz aýtsam name diýersiň
Çynar gyzardy
- dymmasana, aýdaýda
- bilemok
- a men bolsa bilýan
- namani
- seniň meni gowy görýäniň
- ony kim aýdyp ýör saňa
- ýuregim
- nameee
- eliň ber, ýuregim ustunde goý, duýýarmy ýüregimiň urşyny, ol diňe seni gözledi, ýone tapmadym,şol wakadan soň men doly üytgedim, gunde muzeýe baryp gaýtdym,goýa sen bir ýerden, meee gapjygyň diýaýjek ýaly bolyp durdy,men ol ýerde otyryp otyryp gaýtdym,men muzeýe baryp seniň bilen gepleşýan ýaly duýdym,ne iýdim ne-de içdim, ugrym bolmady
Çynardan seni ýuregim bilen söýdim,meniň söýgumi jogapsyz goýma
Çynardan welin ses çykmady. Parahat Çynaryň dymyşlygyn onyň razylygyn duýdy we elin onyň arkasyndan egniniň üstunden çalaja gujaklap özine çekdi, saçlaryndan ogşap elini aýyrdy...


Dowamy bar

Akapella
30.10.2018 / 00:00:18
+1
Gara bägüller (bolan waka 7- nji bölümi

Aý gün tirkeş gurnap geçip durdy. Çynar diplomyny tassykladyp ýörkä Parahat bilen gunde gunaşa görşüp durdy. Bularyň bir birine bolan söýgusi gun geldiçe hasda berkeýardi. Indi olary hiç kim bir birinden aýryp bilmejegi hakdy.
Bular goşa gumry ýaljak bolyp mydama bile gezerdiler
Sagaman diplomlaryn tassykladyp hersi bir ýere işe ýerleşdi. Çynar obadaky mekdebe himiýa mugallyma bolyp, okuwçylary okadyp başlady. Indi ol Parahaty öňkisi ýaly kän görup bilenokdy, ikisiniň hem işi bardy, işden gunde jogap hem almak bolanokdy, soň olar diňe hat alşyp jaňlaşyp başlady
Bu aýralyga Parahat uzak çydap bilmedi, ol Çynary ejesine aýdyp olara gudaçylyga gitmegini haýyş etdi
ejesi bolsa öz deňimiz dal, men garyp ýeriniň gyzyny duluma gelin edip getirip bilmen diýdi. Parahatda hiç hili çykalga bolmansoň, ejesiniň diýenni Çynara nadip aýtjagynam bilmedi.
Çynar bolsa garaşyp goreli belki razy bolar diýip Parahata gowünlik berdi
Bir gun Parahat öýe gelse ejesi
- oglym seni indi öýermeli wagt boldy şu gyzlardan birin saýla men olara gudaçylyga gitjek diýip 4 sany natanyş gyzyň suratyn gorkezdi
ejesi
- ine şu saryýagyz gyz prokroryň gyzy, ine bu gyzyň kakasy banka hojaýyn,bu iki gyzyň kakasy uly söwdegär,: - diýip gyzlary dälde gyzyň kakalarny tanyşdyrdy
- eje men gyza dalde onyň kakasyna öýlenmelimaý, bularyň içinde sada öý hojalykjy gyz ýokmy, meniň Çynarym ýaly mugallyma-da bolsa bolýar, elbetde ýok sebabi saňa ejejan gyzlar gyzyklandyranokda olaryň puly gyzyklandyrýar, men bularyň hiçisinam alman mende Çynarym bar bolar şo maňa, ol mensiz ýaşap bilmez mende onsyz, egerde siz gownemeseňiz men öýlenjegem dal, ýone Çynarda durmyşa çykmaz, alsama şo gyzy alaryn bolmasada mužerret ötaýjek, bu meniň iň soňky sözim,indam Çynarlara gudaçylyga gitmeseňiz men onyň.elinden tutyp goni öýe getirýän
Oglynyň çyny bilen darygyp aýtýany ejesi duýdy we niýetin goýbolsun edip nirdesiň Çynarlar diýip saçagyn alyp ýola duşdi
Gudaçylyk işleri kan bir uzaga çekmeli bolmady. Bar zady göz açyp salymda bolyp geçen ýaly boldy. Toý saheti alyp toýa başladylar
Parahat uçaýjak bolýady, indi ol Çynary gunde öz ýanda görmeli boljagyna begenip ,begenjiniň çagi ýokdy
Bularyň toýlary uly dawara bilen uludan tutyldy, çar ýandan gelen myhmanlar, kursdaş joradyr dostlary, tans oýnap hezil etdiler.....

Dowamy bar

Akapella
30.10.2018 / 00:01:02
+1
Gara bägüller (bolan waka 8- nji bölümi

Aradan iki aý geçdi.
Çynar bu öýe gelin bolyp gelen gununden kan bir gelinsirap kop otyrmady.
Derrew işine çykdy
Işden gelip öýiň işi bilen bolyberdi.
Ol bu öýe gelen guninden başlap özine çeken zady, oda gaýynagasynyň 5 ýaşlyja ogly Perhatdy
Perhatjyk gelnejesi işden gelenden onyň yzyna duşup onyň ýanda bolýardy.
Täze gelin wagty baý o çagaň tans edip begenşini toý wideosynda görende Çynar haýran galdy
Öýde başga çaga bolmansoň ,öýiň bar agzasy Perhatda, Perhat diýşip gaty gowy görýärdiler
Bularyň çaga saklaýşyny gorup Çynar haýranlar galdy
5 ýaşynda hem bolsa, onyň üçin ýörute tutylan iňlis dili ,rus dili mugallymlar, öýlanden soň Perhat çagalar bagyndan gelenden soň iki üç sagat öýde dil öwrenmek üçin taýýarlaýardylar
Çynarda ony tokarja bolanyndanmy name hiç kim görmankä tutyp , bagryna basyp ogşap, ogşap alýardy.
Perhata bolsa gelnejesi bilen bile bolmak ýaraýardy Perhatyň Çynaryň ýandan gaýtman, onyň ýanda bolyp ýorşi, onyň bilen oýnaýşy, Çynaryň Perhata seredişi, Çynara irmän goşgy baryn ýatdan aýdyp berşi, eltisiniň janyna ýakmady.
Ol Perhata Çynaryň ýanyna barmany gadagan etdi.
Ýoldaşyna bolsa, bu öýden başga öýe göçeli diýip başlady Çynar birhili boldy, ol Perhata çalt öwrenşipdi, we ony gaty gowy görýardi
Howlyň içi giň iki plan uly jaý gapba garşy salynan ,aýak uça çenli ýene ýatak goşmaça hojalyk harytlary salar ýaly jaýlar barka eltisiniň, başga jaý alyp göçeli diýmesini geň gordi
Ol eltisi goçaýse ýeke özi bu giden jaýlary ,işinden daşary öýe gelip , arassa saklap hem biljek daldi
Olaryň goçmegini hiç islemedi.
Aralarynda uryş ýok soguş ýok,ýene iki üç gelin saklara jaýlary barka nameüçin göçjek bolýanyna hiç duşunmedi
Eltisiniň beýle edenni Çynar agşamlyk Parahat işden gelende oňa aýtdy
- Parahat, nameüçin gelnejeň menden Perhaty gabanýarka, ol meniň ýanymda aglaman oýnaýaram, meniň hem ol ýanymda bolsa ýuregim gysanok,men ony gaty gowy görýan,öýde çaga, bolmandanmy name işden gelemde öňumden, ana gelnejem geldi diýip ylgap çykanda, bar ýadowlygym aýrylýar, tuweleme gaty mahirlije, ömri bolsunda herna
- ezizim, sen gelnejemden ýaman görme, gelnejem doganym bilen 11 ýyl ýaşaşyp ,hiç çagalary bolmady, we olar Perhaty , ogullyk aldylar,ýaňy doglan badyna ,bir gyza dogryp taşlap gaçyp gidipmiş,ýeňilkelle gyzlar kanda, söýga aldanyp, göwreli bolyp, soň hem dogryp zyňyp ýören, soň ol çagany agam özine ogullyk edip aldy....
Bar dokumentleri gelnejem bilen agamyň adyna goýlan, hiç ýerde taşlanan çaga ýa ogullyk berlen çaga diýip ýazylmadyk, çaga bolan badyna ol alasamsyk gyz halyna dogran gyza ummasyz pul berip, çagasyny bize satdy, agam dagy, ondan satyn aldylar,ol gyz çagasyny pul üçin olara satdy
Çaga dograna dal seredene, terbiýe berene bagly diýiläşi ýaly Perhat hem edil agama meňzap dur, häsiýetiniň kopisi agama meňzeş, kopisi maňa, eneme meňzeş, soň biza oňa alnan çagadyr hem öýtdemizok, öz çagasy ýaly garaýas...
Çynaryň gulagy gapyldy, ondan soňky gürrüňleriň hiçisinam ol eştmedi
Ol Parahatyň
- Çynarjan ,name boldy ezizim, diýen sözine tisginip gitdi
- hää, yok,yok hiç zadam bolmady, arkaýyn bolaý,pikire batypdyryn
- sen haçan meni, begendirjek, bizem oglanjyk ýa gulpaklyja gyzjagaz alalyda
- bolar, işalla nesip bolsa wagt bir bera, toý edenmize iki aýam doly bolanoga heniz
Parahat Çynaryň hiç zat bolanokla,diýen sözine ynanjagynyda, ynanmajagyda bilmedi...


Dowamy bar

Akapella
30.10.2018 / 00:02:00
+1
Gara bägüller (bolan waka 9- njy bölümi

Şol barmana Parahatyň telefonyna jaň geldi
- dost gyssagly bir ýerik gidip gelmelidä
- aý natdiňaý, işim bardyda
- ýoldaş bolsana sen söwda ökde, goňşy kolhozda gowy bakylýan ökuz bar diýýar, gyssagly satmaly bolypdyrlar, şoňa el urşyp gelelile
- bolýa, bir zat tap senem, eklap bilmeziň badyr ,mal jellaby
- diňe aýlyk bilen ýaşap bolanok dost, senem köpeliber, entek göräýeris
- bolýa bolýa bolýa:- diýdide Parahat telefony goýdy
- Çynarjan gülüm,köp eglenmän gelerin,dost oglan özelenip otyrda bile gidip geleli diýip, gitmesem ondan maňa gun ýokdyr
- kan egleme, nahara ýetişjek bol,seniň halaýan naharyň etdik
- bolýa, hoş onda ýöredim
- bolýa sagaman gidip geliň
Parahat çykyp gidensoň,Çynaryň ýuregi howlygyp başlady, ol ýurek kükrege sygman örän çalt çalt işleýardi, ýuregi agzyndan çykyp gelýane dondi
Ol ýerinden turyp goni daş çykdy .
Daşlaryň howasy salkynjakdy, guýziň howasy diýer ýaly däldi.
Daşaryk düşek ýazyp keýpine suýjulap çaý içaýseň diýdirýan howaň biridi
Çynar uzum teläriň aşagyndaky tapçana, örüp otyran jorabyn alyp ,daşaryk çykyp otyrdy.
Ol joraba guýmenip pikire batyp otyrka
- wähhhh,diýip iki eljagazyny bilen iki gözlerin tutyp
- tanamasaň elim aýyrjakdal,: - diýip eli bilen gozin tutyp duran Perhatyň haçan ýanyna geleni hem duýman galdy
- waýýý, bujagaz oglanjyk kimka ,mena şuny tanamadymla, wah bu kimka: diýen boldy welin Perhat
- gelneje bu mena, diýip ýylgyryp durşyn gorup özin saklap bilman garsa gujaklady.
Çagajygada şo ýaran jykyr jykyr gulkuleri howlyň içine ýaňlanýardy
Ol barmana
- Perhatjan oglym: gor men saňa name getirdim diýip gaýynagasy howla girdi
Çynar hasyr- husur ýaşmagyna ýapyşyp kellesin çalaja egip salam berdi
- hany Ogulsuraý ýokdymy :- diýip sorady
Çynar eltisiniň goňşylaryň halat geçdisine gidendigni Perhatyň üsti bilen aýtdyrdy
- onda bir çaý goýsana gelin,öler ýaly suwsadym, birem aptekçadan analgin alyp ber
Çynar işin goýyp derrew gaýynagasyna çaý demlap berdide Perhatyň elinden tutyp otagyna ýöredi
- Perhatjan oglym, arkamy bas, otyrgynçda otyryp oňyrgalar dimdik bolandyr
- at bolaýynmy kaka
- aý sen at bol, eşek bol, arkamy basyp berseň bolýar
- bolýa
Çynaryň ýeke özi öz otagyna girip ýene pikire batdy
- Allajanlarym, Perhat meniň oglymyka ýa, nameüçun bu çaga maňa beýle mahremka,eltiň çagasy beýle mahrem bolasa ýok, şula name diýseň.hem meniň oglym bolmaly, 5-6 ýyl mundan öňki gunleri ýatlap gözlerinden ýaş dokdi. Alaç ýok bu hakykat bolaýandada bu syry Parahat bilse nahili kabul ederkä, ondan bu syr açylman galany gowydyr,oglym gozim alynda önüp osde men arkaýyn ,ony bagryma basyp bilmesem, diri ölim ýaly boş göwre bolyp galmanmy, näme etmeli, Parahata baryn aýtmalymy, yok oglymy yzyna aljak bolmaýyn, ol indi öz ejesine kakasyna doly öwrenşen hazir men alsam çagaň geljegine zeper ýeter.
Ondan goý gožim alynda ulansyn
Men ony ilki Parahata aýdaýyn, ony meniň agzymdan dalde başga birniň agzyndan eştse nahili boljagy belli dal, ondan men bar zady özim aýdaýyn,aýtmazymdan öň men Perhat hakykatdanda öz oglymmy ýa ýok ony doly derňaýin
Parahat gelse bir iki gun mamamy gorjek, onyň onsyna-munsyna komekleşjek diýip öýden gideýin we bu wakanyň soňyna doly göz ýetireýin,şondan soň Parahata aýdaýyn diýip,
Çynar pikirin jemlap Parahatyň gelerine garaşdy .....

Dowamy bar

Akapella
30.10.2018 / 00:03:01
+1
Gara bägüller (bolan waka 10 - Njy bölümi

Daşaryň howasy salkyndy. Ol howlynyň içini syryp supureýin diýip Perhaty ýanyna alyp daşarda howlyň içini arassalamaga daş çykdy
Ol howlyň içiňde oňa muňa guýmenip ýorka , ýanda oýnap ýören Perhatyň birden
- wa-aý-ý ejääää diýip gygyran sesine zähresi ýaryldy.
Ol ylgap baryp Perhaty üzim teläriň aşagyndan ,ýykylan ýerinden galdyrdy we
- tapjandan bökup oýnamaly däl,üzüm teläre nameüçin çykdyň ,ol beýik ahyry bir ýeriň döwduräýseň nameetjek :- diýip onyň üst başyny kakyşdyryp gujaklady.
Ol eňsesinden gelip, batly eli bilen iteklap Perhaty onyň elinden alan eltisin ,welin görmedi
- Çynar ,saňa zat diýmejek boldym welin hiç bolmady, ýurjumiň başyn gozin aýlap meniň elimden çagamy alaryn diýýan bolsaňa sen ýalňyşýaň,men bilmeýandir öýtme, men çagany almaga baramda seni görman gaýdanyma hazir hem ökünýän, sen o mahal menam gormediň, emma ,bu heleý bolsa seni ,meni görendir, senä bu çaga üçin,buda arada durany üçin, bizden ummasyz pul alansyňyz,aljagyňyzy alyp indi çaga dawa etmek üçin ,bu öýe gelen bolsaňa ýalňyşýaň: - diýdide özi bilen bile gelen, şol arada duran geýnüwli aýaly görkezdi.
Ol aýal
- Çynarjan, sen çaga üçin pul aldyň, bu çagada seniň hakyň ýok
Nämäň nameligine heniz duşunmedik Çynar ank bolyp olara seredip durdy. Eltisiniň nadip ,bu geýnüwli aýaly tapanny bilman galdy.
Görup otyrsa Çynar gelen gununden bari Perhatyň oňa has öwrenşip, ýapyşyp ýormesin halaman, ol gizlikde şol çagany alan hassahanasyna baryp, arhiwi dördurup, bar zady anyklap,ol aýaly hem şaýat tutyp alyp gaýdypdyr eken
Gele gelmäge hem bar dokumentleri onyň öňine zyňyp, şu ýerde seniň adyň ýokdyr, bir girdi diýen ýere ýazlypdyr,çykdy diýen ýerde bolsa meniň adym bar,nahili ugry bolsada ýüridiçeski çaga meniň adymdadyr, çagamy bermen saňa, duşundiňmi ,özäm şu öýden Parahat gelmaňkä göteril, garaň görunmesin,Parahat gelse bar zady özim oňa aýdaryn:- diýip ,Çynar bilen eltisi garpyşyp aldy
Çynar
- men, çagamy aljak diýemok,ýöne gözim alynda bolsa onyň mährinden ganyp bilemok,meni öýden kowma, Parahata aýtmaň oňa özim aýdaryn
- hany, dur,dur Parahata name aýtmaly dal, biz ony bilelile diýip Parahat howla, içerik girdi
- Gohyňyz yola eşdilýar, bu na boluş bar bolyp bilşiňizmi indi, üstuňize ejem kakam geläýse gowymy, hany aýt bol maňa ,menden name gizlin syryň bar
- Parahat, men,men men: diýip Çynar sakawlap başlady
Ol barmana eltisi
- Parahat, Perhaty bize pula satyp, giden gyz ol Çynar, ynha ynanmasaň, onyň resminamalary ,çagaň onuň dogranynda ýanda bolan aýal hem şu aýal diýip, ýanyndaky aýaly gorkezdi
Çynar duran ýerinde til agaç ýaly doňyp durdy, onyň hiç hili geplemage sesi çykmady, özini nadip aklajagyn bilman, dymdy.
Ol barmana Parahatyň
- Çynar, gelnejemiň aýtýan zatlary dogrymy, Perhaty sen dogryp gaçyp gitdiňmi, sen ony zyňdyňmy, sen ony pula satdyňmy,bol geple bir zat, seniň dymyp durşyň, bu aýdylýan zatlaryň hakykatlygyn alamatydygyn aňlatýar,bol geple diýýan saňa:- diýip eliniň tersi bilen batly onuň yuzine ýelmap goýberdi.
Çynaryň gözlerinden ot çykara geldi, iki eli bilen ýakasyndan tutyp Parahatyň guduzlan it ýaly özine topylyp durşyndan ,ol gaty gorkdy we öňkije barja sesi hem içine gitdi
Parahat ony uryp uryp,ýadandan soň hazir men gelýanjam şu öýde seni görmäýin, heý akyla sygjak zatmy, agasyna çaga dogryp berýar, insi bilen bolsa ar aýal bolyp ýaşaýar, şu öýde saňa orun ýok, gozim görmesin,men saňa ynandym,hatda birinji gijamde gyz çykmaňdada ynandym, şol wagt kime aldyrdyň diýip soramandyrnam,saňa bolan söýgum meniň gözümi kör etdi,gözli kör bolypdyryn, körlugim sebapli men hiç zat görmandirin:- diýdide
- gelneje şunyň yzyna it salyp öýden kowyp goýber, men gelemde şu ýerde görmäýin: - diýidide howlyň gapysyn batly ýapyp öýden çykyp gitdi


Dowamy bar

Akapella
30.10.2018 / 00:03:46
+1
Gara bägüller (bolan waka 11- nji bölümi

Çynar sesin çykarman, öýden, hatda eşiklerin hem çalyşman şo durşyna öýden çykyp gaýtdy. Oňa hatda saklan dur diýen hem bolmady
Ol mamasynyň öýine gelip özini düşege oklady. Nämäň nämelihine duşunman mamasy ony gepletjek boldy oda bolmady, ol diňe aglady otyrdy.Içine salyp sessiz gözünden gözýaşlaryn dökdi

Öçmejek hasratlar siñdi durmusa
Baky yzlar galdy durmus ýollarda
Aýralyk alawy basýar duýgyma
Baky yzlar galdy durmus ýollarda

Gahar gazap durmusa böwet boldy
Gara bägüller deý solup gurady
Sönen çyragymdan ömrüm garaldy
Baky yzlar galdy durmus ýollarda

Ajy göz ýaslarym durup bilenok
Çykýan sözlerimem dymyp bilenok
Ýagsy dilegerim kabul bolanok
Baky yzlar galdy durmus ýollarda

Zalym aýralygy gördüm durmusda
Ysk heseri oýun etdi kalbymda
Kalbymda od goýdy ýürek söýgimde
Baky yzlar galdy durmus ýollarda. . .

Çynar gelen gununden başlap ýaraman ýatdy, onyň düşekden turasy gelmedi,hem gyzdy hemde kellesi agyrdy, guýçlije ahyr dumewledi, onyň bokurdagyndan hiç zat geçenokdy.
Diňe bir ogurt suw bilen gun geçirdi.
Onyň ýagdaýynyň agyrlaşmagyndan gorkyp mamasy lukman çagyryp oňa ukol etdirip başlady.
Ol indi bedeniniň gyzgyny galdy diýsek, gaýtaryp gusyp gury ögap başlady.
Lukman oňa
- sende göwreligiň alamaty bar, sen telefizora duşup gel, hasaba goýaýyn, gan azlyga derman bermeli, duňewden doly açyldygyň ,gidip gel diýdi
Çynaryň bolsa hiç ýere gidesi gelmedi, ol diňe ýatdy
Aradan 15-20 gun ýaly wagt geçdi.
Ol aralykda ne Parahatdan ne-de onyň gaýynlaryndan, birden biri onyň yzyndan gelmedi, mamasy Çynaryň duşen ýagdaýyn özi hiç zat aýtmasa-da onyň bolşundan aňdy we
- Çynarjan, guzym Parahata aýt diýip saňa naçe aýtdym, beýle boljagyn aňýardym,bu gun bolmasada erte üsti açyljagy köre mälimdi,bolmasa maňa ruhsat ber men gepleşip goreýin
- Mamajan ol indi adamy diňlemez, onsyz men ýaşap bilemok,men ony söýýan, duşun, ol meniň janym, dem alýan howam, indi ýekeje arzuwym bar, gowreli bolaýadymda erte lukmana gidip geljek, eger gowreli bolsam onda, men bagtym şol çagadan gozlap otyraýmasam
Mende başga umut galmady
Mamasy Çynar bilen ylalaşdy...

Parahat barada aýtsak,
aradan bir aý towerek wagt geçipdi
Parahat şol öýden çykyp gidendensoň gijaň bir wagty agyr içgili öýe geldi, gelşinede Çynary sorady
Çynaryň gidenligin bilip, gaharyna eden işlerin göz öňine getirdi, ol ony şonda-da soýýardi,onsyz durmyşyny göz öňine getirip bilmedi
Gunlerde bir gün, ol öz otagynda wagty ejesi gelip
- Parahat, şu gun bazarda Çynaryň mamasyn gordim, Çynar bilen aýrylyşjak diýip beren dokumentleriň,hemde arzaňy yzyna al oglym
- o nameüçin, meni aldany üçinmi ,ony men janym tenim bilen söýdim ahyry , ýone bu aldawyn welin hiç men bagyşlap bilemok, men ony häzirem söýýan ýone ejejan onyň eden zady bagyşlardan geçendir,näme etjegim bilemok, men name edeýin
- sen hiç zadam etme,arzaňy yzyna al, Çynar göwreli, şu gun mamasy aýtdy, çagany aýyrdaýmasak diýdi, gelni getir, aýrylyşjak bolsaň çagasy bolsun soň aýrylyş ýone çaganyň aýrylmagyna ýol berme, ol seniň nesliň, seniň çagaň: - diýdide öýden çykdy
Parahat ejesiniň Çynar senden göwreli diýen sözine ýerinden bokup turdy we goýa Çynar özinden ar alýan ýaly çagany aýyrtmaga gidip barýan ýaly göz öňine geldi we maşynyna munip goni olara gitdi
Barsa öýde diňe mamasy bar eken, Çynar işine giden ekeni.
Ol onyň mamasy bilen salamlaşyp ,Çynaryň iş ýerine baryp onyň bilen gurruňiniň barlygyn mamasyna aýtdy
Çynaryň mamasy Çynary görmaňkaň ilki bir öýe gir ,saňa meniň aýtmaly zatlam bar oglym, ondan soň sen name etseň edaý
Şeý diýdide ony öýe saldy, bir käse çaý guýup berip
- Parahat, oglym,Çynarjan seni söýýar, onyň söýýani öziň hem bilýaň,maşgalaňy dargatma oglym
- agama emeli çaga edip bereni bagyşlap bilemok,hiç aklyma gelenok
- ýalňyşma oglym, ol agaň bilen bile bolanok,hatda bir birinam görmedik
- bagyşlap bilemok, hiç bagyşlap bilemok
- sen çagam,kakaňy gowy görýämiň,ine meselem seniň ejeň sen iki üç ýaşyňdakaň kesel sebapli aradan çykdy, seni 20 ýaşaýanjaň kakaň eklap saklap seretdi, soň birden kakaň ahyr ölum ýassygynda ýatyr, ölmegiňde edil öňi syrasynda,hany indi sen aýt, kakaň üçin näme edersiň
- şeýle bolsa kakam üçin öz janym bermeli hem bererin,meniň janym onyň janyna jan goşjagyn bilsem, janymy bererin
- ana görduňmi oglym, Çynarjan hem şeýle ýagdaýa duşdi, kakasy agyr keselläp operasiýa edilmeli boldy,oňa ummasyz pul gerek boldy, ol pul bolsa bizde ýokdy,öweý ejeligi iň soňy hem öljek bolsa pul harçlajakdal diýip, Çynarjana pul bermedi.Dogan garyndaşlardan bolsa ýeke teňňede çykmady,soň ol iki ýana urnyp name edendir öýtýaň, öz janyny orta goýyp bialaç kakasyny ölümden halas etmek üçin razy bolmaly boldy
-Nämeeeeeeeeee
- howa, oglym,Çynarjan şeýtdi. Onyň sadadan açyk gowni bar, pikir etme her bir çaga öz ene atasy üçin şeýle urga çydam edip biler öýdüp
Her bir çaga öz kakasy üçin masgaraçylyga kaýyl bolyp bilermi?
Kakasy üçin gyz halyna çaga dogurmaga kaýyl bolyp bilermi?: - ýok, ýok ony her bir çaga başaryp bilmez, kakasy üçin janyny orta goýjak perzent dunýede çyda azdyr
- waaaaah, men nämeler etmedim,indi meni Çynar bagyşlarmyka
- sen, onyň iş ýerine git, ol şu gun işden soň, lukmana gidip göwresindaki çagany,kakasyz önüp ösenden häzirden aýyrtjak diýip gitdi,egerde sen hazir tijenmeseň gijä galmagyň gaty ahmal,ol çaga senki, nikaly ,ene atasy belli,bar çagaň,onyň dunýa inmeginden magrym etme, ýetişjek bol
- Allajaaaaaan,beýle bir bolmaýmanda: - diýip Parahat hoşlaşman howludan atylyp çykdy..


Dowamy bar

Akapella
30.10.2018 / 00:05:10
+1
Gara bägüller (bolan waka 12- nji jemleýji bölümi

Parahat ylgap diýen ýaly göni Çynaryň iş ýerine bardy. Ol mugallymlar otagyna kürsäp girdide göni baryp Çynary gujaklady
Işdeş ýoldaşlarynyň ýanynda özini oňaýsyz diýan Çynar
- bu nä edişiň Parahat, goýber meni
- yok goýbermen
- goýber diýýan
- Çynarym meniň hem kakamy öz kakaň ýaly görermiň
- berýan soragyň dagy nähiläý
- howa ýa ýok diý
- name kakaň menden nagiledimi, menem-ä seniň ejeň kakaňy öz enem atamdan kem görman, şolaň diýeni bilem boldym
- janyma sen,seni almaga geldim, ýör öýe gideli,meni bagyşla, nämäň nameligine duşunman eden işimi geçir
- dur Parahat, mudurden jogap alaýyn,arkaýyn gepleşeli
Ol barmana işdeş ýoldaşlary
- siz gidiberiň Çynar Myradowna,ýoldaşy ýzyndan geldi,diýip özimiz aýdarys mudure
- bolýa sagbolyň, minnetdar,diýdide Parahata garap ýör gideli diýip, bileje mekdepden çykyp gaýdylar
Mekdepden çykanyna mähetdel Çynar
- bu na bolyş saňa name boldy diýip sorady
- hiç zadam bolanok, ýone men seni ýurekden söýýänimi bildim
Çynar ýör ilki lukmana baraly, men onyň nahili ýatyşyn göresim gelýar, diýip Çynaryň garnyna seredip ümledi
Çynar sesin çykarman Parahatyň yzyna düşüberdi.
Olar goşa gumry ýaljak bolyp anyklaýyş we maslahat beriş bölümiň USB- gyna geldiler
Çynar ilkinji barlagdan geçip bolan badyna,lukmanyň
- ekizjeleriň ýatyşy kadaly,ýoldaşynyň suwy norma,duwunjek iki, ýatgyň dartgynlygy beýik, tonysy kadaly,ýurek urşy bar,
duwunjegiň ulylygy 10-11 hepdä deň gelýar, diýip kagyza bellap berdi
Çynar daş çykan badyna Parahat
- meniň oguljygymyň ýagdaýy nahili, ösüşi gowy diýdimi
- o nahili oguljygyň bolýara,
- name gyzjagaz diýdimi,aý oguljygym bolmasa gyzjagazym borda, tapawudy name maňa ikisam gerek
- name ikisam gerek bolsa, lukman hem maňa Parahata ikisam gerek bolaýmasyn diýdide, ola maňa ekiz diýdi
- Nämeeeeeeeee ekiz, aý ýoga, ekizmi,waý, goý-a, ekiz diýdimi,çynyň aýtýamyň ekizmi, çynym diýaýdä
- çynym
- ynanamok
- ynanmasaň bar girde soraý
- garaş:- diýdide atylyp lukmanyň otagyna eline kagyzy alyp girip gitdi.
Baş on minutdan ol gapydan çykanda Parahat doly başga adama öwruldi
Adamyň şatlygy, adamy tutyş ösgertýar ekeni,ol ýerde dälde asmanda uçup barýan ýalydy.
Ýol boýy aýdyp aýdyp, ýolda dukan sowlyp, lukman gök önüm kop iýdir diýdi, diýip gök önüm alyşdyrdy, öýdakiler agzyny suýjetsin diýip suýji köke aldy
Parahatyň guş ýaly uçup öýe gelmesi gelnejesiniň janyna ýakmady
- ony nameüçin getiriň diýip sorady
- gelneje, Çynar meniň gelnim,onyň öýiň içinde öz orny bolmaly, sylanşyk iki taraplaýyndyr,men şu öýde ýaşajak bolsam onyň gownine ýekejäňiz hem degmersiňiz, özäm gelneje Çynara lukmanlar gowredakiň ekiz bäbek diýip aýtdy, gaýtam sen oňa komek et, goltgy ber
- dogry aýtýaň oglym: - diýip Parahatyň ejesi olaň ýanyna geldi
- gelin senem, Çynar bilen bir göz iýen ýaly bolma,seniň şu durmyşda maşgalaň doly bolmagyna şo gyz sebap boldy, ýagşylygy bil,Allaň onyň ýagdaýyn gorup ekiz çaga ýolandyr,her bir zenanyň ekizçe çaga dogurasy gelýandir ,ol bagt her kişä ýetdirip durýan däldir,egerde Çynar bolmadyk bolsa, sen bu öýde hazir bolmazlygyň hem mümkindigni unutma,oglyma çaga dogryp bermejek bolsaň, men seni kowup ,ony tazeden öýlendirerdim,men beýtmedim,oglym hojalygynyň dargamagyn islemedim,we emeli ýagdaýda çaga alyp siziň maşgala ojagyňyzy il hataryna goşylmagyna ýardam berdim ,sen ýene Çynardan nagilemi
Çynaryň eltisi sesin çykarmady.
Ol barmana Perhatjygyň
- uraaaa gelnejem geldi,gelnejem geldi diýip ylgap gelşin gorup ol ýumşady, çaga aňyrdan gelşine goni Çynaryň gujagyňa doldy
Parahat
- injik, gelnejeň.saňa iki jigi getirýar
- waý haçan
- ýene şunja aýdan diýip barmaklary bilen çagaň dogulmaly aýyn hasaplap gorkezdi
- waý men oňa çenli mekdebede gitýan,men jigime mekdepden gunde suýji getirip berjega: - diýip jidirdedi ....

Maşgala ýene jem boldy.
Indi bu öýde hiç hili geçmişiň gara tegmillerin ýatlaşup durýan gunlerin ,hiç kim ýatlamady
Maşgala bolyp indi dunýa injek ekizjeleriň dogulmaly gunlerine garaşdylar

Masgalamyz bu gün satlyga barýar
Bagt söýgimiz açyldy gül güllerden
Josup ýüreklermiz heýjena galýar
Bagt söýgimiz açyldy gül güllerden

Agzybirlik höküm sürer durmusda
Ajy söýgim galdy indi gamlykda
Söýgülimi goýman agyr hasratda
Bagt söýgimiz açyldy gül güllerden

Güm boldy durmusda gyzyl ýangynlar
Ýakyp barýardy müñ jansyz duýgunlar
Kalbymyzda indi satlyk baýramlar
Bagt söýgimiz açyldy gül güllerden

Ekiz çagalarmyz geler jahana
Her kimler sat bolar ýürek tapana
Arzuw isleglerim diñe bagtyma
Bagt söýgimiz açyldy gül güllerden. . .

~~~Soňy~~~
188Gytyndan
erklije
07.01.2019 / 13:19:16
Perisdejik

+0

Akapella, Uly sag bolsun aydyan yene yetirip durun gyzykly eken bolyamy

Soňky jogaplar:

Diymek yylynyz 89 ekenow. Basga bir mowzukda-da halayan karime okuwa giremde ejem begendi diyipsiniz.nameka ol kar?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Eger yüze çykayanda-da...
Hms (Bu gün, 17:31:37)
Bah. Yylynyz 89 eken-ow....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Eger yüze çykayanda-da...
Hms (Bu gün, 16:55:24)
Gynandyryjy...Dowamy
Gürrüňdeşlik | SÖÝGÜM NIRDE BOLAN WAKA
B.Rexhas (Bu gün, 13:12:49)
Халадым...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Men ýeke däl ýeketäk
aymurats (Bu gün, 13:09:12)
Dogrysy mena ayrylanyna begendim eger baran bolsa gynanrdym...Dowamy
Gürrüňdeşlik | SÖÝGÜM NIRDE BOLAN WAKA
Jenapxs (Bu gün, 10:39:04)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023