"EDEP EZIZ BOLANDA..." - Halanlaryma goş
Teswirler:

Dilbernaz
09.10.2018 / 09:22:56
+1
2). Biz her bir işde parhlylygy eldenbbermän, edepliligimizi saklasak, maşgalanyň ýüki ýerde galmazmyka diýýän. "Edep" diýen sözde bolsa, ilimiz ajaýyp hüý-häsýetleriň edim-gylymlaryň iň owadanyny jemläpdir. "Gelin edebi" diýen jümlede bolsa, türkmençiligiň iň nepis ýörelgelerini inçeden yzarlaýan, köňül buýsanjy jemlenýär. "Gelin" sözi bilen halkymyz tämizlik, näziklik, owadanlyk, parhlylyk, işeňňirlik, mylaýymlyk, geçirimlilik, üşüklik ýaly sypatlary baglaşdyrýar. Ol häsýetleriň birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däl. Bu häsýetleri bitewilikde özünde jemleýän maşgala gözi düşen adamlar "Gelin gören ýaly" diýýändir. Men bu ýerde ýaş gelinlere igenmegi maksat edinmändim. Men diňe bir zady nygtamakçy. Herki zadyň öz gelşigi bar. Ýaňky aýdan häsiýetleriň geline gezek gelende ençe esse zerurdygyny aýdasym gelýär.
Eli çeper, mylaýym häsiýetli, dili süýji gelinler her bir ojagyň, maşgalanyň bezegi, törleriň gelşigi. Türkmen gelini hemişe-de ojagy abat saklamakda, gün-güzerany dolamakda ýanýoldaşynyň ýakyn hemaýatçysy bolupdyr. On barmagyndan dür dökülýän, tikin-çatyn işleri bilen, maşgalanyň egin-eşigini timarlaýan, sähelçe zatdan her dürli tagam taýýarlaýan, çagalaryna edep-terbiýe berip, adamsydyr, gaýynlaryna hyzmata gaýym gelinlermiz halkymyzyň ýüzüniň tuwagy, öýüniň soltany bolupdyrlar.

Dilbernaz
09.10.2018 / 09:27:46
+1
Kyn şertlerde ýaşasalar-da, çydam-gaýratyny gaýgyrmandyrlar. Her bir işe yhlasly ýapyşypdyrlar. Yhlaslaryndan myradam tapypdyrlar. Sözümiň ahyrynda gülden näzik gözel gyzlarymyza ýüzlenip, şeýle diýäsim gelýär. Ähli gowluklaryň sakasy edep-tertiplilikde we düşünjelilikdedir. Siz ene-mamalarymyzdan miras galan gözel, ahlak sypatlary özüňize nusga ediniň! Gyz maşgalanyň gözelligi, onuň gylyk-häsiýetinde, edep-ekramynda jemlenýändir. Asyllylygy, halallygy, pes pälliligi, parhlylygy ýaran edinseňiz, kalbynda arzuw baryny besläp, geline garaşýan enäniň göwnüniň saýlany, goç ýigidiň ýüreginiň halany bolarsyňyz. "Maşgala baş-gala" diýilýändir. Onuň mukaddesligem, ýylylygam, öý-ojagyň diregi zenanlaryň, ýagny, gaýyn bilen geliniň mähribanlygyna, agzybirligine baglydyr. Goý, zyýarathana saýylýan öý-ojaklarmyz abat bolsun! Goý, sütüni, söýegi berk bolsun! Şeýle bolanda şol ojakda şatlygam bolar, rysgal-döwletem. Goý, agzybirligi hemra edinen mukaddes ojaklarda bala sesleri ýaňlanyp dursun!

(Gynansak-da, awtory belli däl...)

Soňky jogaplar:

Allahym hz Omar r.a-nyň ýüzüni nurlandyrsyn. Sözlerini boýnuňa doga edip dakyp gezseňem az. Döwrümizdäki käbir filosoflaň, pelsepeçileň ýandepderçesine bellik edýän "akylly sözlerinden" müň esse peý...Dowamy
Jemgyýet we Ynsan | Hezreti Omaryň (r.a) pähim-parasatly sözleri, öwüd-ündewleri
Dark_Wolfs (Bu gün, 12:33:29)
Tazelemeli indi bu tekstleri)...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täzelik
Miss Happys (Bu gün, 11:57:28)
źurnalistçiligiñi dowam et, galarsyñ şahyrçylykda galyşyñ yaly....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täzelik
accountants (Bu gün, 11:48:38)
huvva...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #2
Naras (Bu gün, 09:00:40)
Ýetireniňiz üçin minnetdar....Dowamy
Jemgyýet we Ynsan | Hezreti Omaryň (r.a) pähim-parasatly sözleri, öwüd-ündewleri
B.Rexhas (Bu gün, 08:56:32)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023