"DOST YZASY" - Halanlaryma goş
Teswirler:

Dilbernaz
08.10.2018 / 19:07:02
+1
2

Joralarym bilen gyzykly gürrüñler edip, giñ köçäniñ gyrasyndan haýaljakdan ýöräp gelşimize mekdebe nädip ýetenimizem duýman galdyk. Obanyñ beýleki jaýlaryndan saýlanyp duran mekdep jaýymyz diýseñ owadandy. Töwerekdäki donuny täzelän agaçlar onuñ gözelligine has-da gözellik goşýardy. Güýzüñ mylaýym ýelleri ýüzüñi sypap geçýärdi...
Jañ kakyldy we okuwçylaryñ hemmesi synp otaglaryna girdiler... Bu gün alty sagat sapak okamalydyk. Bäşinji geçýän dersimiz beden-terbiýedi. Dört dersimizem okadyk...
Beden-terbiýe dowam edýärdi... Tema ýokary startdan 60 metre ylgamakdy. Mugallym temany düşündirdi we yzdan gelen üç sany okuwçynyñ bahasynyñ üçlik boljakdygyny aýtdy. Synpdaş oglanlarymyz ýokary stardan durup ylgadylar. Gezek gyzlara ýetdi. Hemmämizem ýokary startda durdyk.
Gulagyma diñe mugallymyñ:"Yzda gelen üç sany okuwçynyñ bahasy üçlik bolar!" diýen sözleri eşidilýärdi. Näme etmeli?! Tapdan düşseñ düşmeli welin, Prezident partasyndan düşmeli däl... Ähli derslerden gowy okap, Prezident partasynda otursam-da, beden-terbiýe dersinden bäşlik baha ýetişmek meniñ üçin gaty kyn düşýärdi. Bu dersden gowşagrakdym. Köp zatlary başaryp bilemokdym. Ýöne şonda-da başarmaklygyñ açary synanyşmakdan ýüz öwürmeýärdim. Şeýle höwesimiñ bardygy üçinmi nämemi mugallym maña ikinji sapar synanyşmak üçin rugsat berýärdi. Synpdaş ýoldaşlarymyñ birinji gezekde başarýan zadyny men mydama ikinji synanyşygymda edýärdim. "Aý näme birinji sapar bolmasa-da, ikinji saparda başaryp bilýän" diýip, hemişe özüme göwünlik berýärdim. Bu günem mugallymyñ aýdan sözlerini gaýta-gaýta ýatladym. Näme etseñem etmeli, ýöne yzdan gelen üç sany okuwçynyñ biri bolmajak bolmaly...
Mugallymyñ jürlewik sesini eşidip, ylgap başladyk. Şeýlebir batly ylgadym. Bu ylgaw meniñ ömrümde ilkinji we iñ soñky iñ batly ylgaw boldy. Belki-de şu ylgawda saklanmadyk bolsam birinji gezek ilkinji bolup çyzykdan geçip bilerdim...
Gözüme tozañdan başga zat görünenokdy. Birden aýagymyñ güýçli damary çekdi. Agyrlara üns bermän ylgawy dowam etdim. Gaty güýçli depginde ylgap barýardym. Kimdir biri meni yzymdan itdi... Gözlerimiñ aly garañkyrap gitdi... Göwrämiñ ýüzün ýere tarap gaýdýanyny duýup, zordan çep elimi goýup ýetişdim... Çep tarapymda güýçli agyry döredi. Bu agrydan başga hiç zady duýamokdym. Hatda şol wagt özümiñ ýerde ýatanymy-da bilemokdym. Kirpiklerime kirpiklerim berk ýapyşdy. Gözlerimem açasym gelmedi. Ylgap barýan gyzlar saklanyp, meni ýerimden galdyrjak boldular. Ýöne ýerimden galyp bilmedim... Gözlerimem açylmady... Çep tarapymyñ yzasy bolsa barha artýardy. Mugallym ýanymyza geldi:
-Näme bolýar? -Kirpiklerimden dür monjuklar sallandy we kynlyk bilen gözlerimi açdym. Agyrydan ýaña gürläsimem gelmedi. Mugallyma kynlyk bilen jogap berdim:
-Ine... ine... şu ýerim agyrýar...-mugallym seretdi we şeýle diýdi:
-Ýaýjyk süñki döwülipdir...
Muny eşdenimden soñ gözlerimden paýyr-paýyr ýaş döküldi. Meni bu ýagdaýa salan özüme ýakyn saýýan, ýürekdeş dostlarymyñ biridi. Gamyñ ötgür tygy kalbymy kesip geçdi. Kesilen kalbymyñ yzasy döwülen ýaýjyk süñküniñ yzasyndanam güýçli geldi... Synpdaşlarymam aglaýardylar. Kesilen kalbymda umytsyzlyk döredi... Ýöne dost yzasyndan ten yzasy has agyrdy. Lukmanlar meniñ ýaýjyk süñkimi operasiýa edip dogurladylar. Emma joramyñ maña bolan gyşyk niýeti hiç-haçan dogurlanmady...

Soňky jogaplar:

Gyzykly täsirli eken👍👍👍👍...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Salam dostlar bu mowzuk ertir.com-yñ arhiwinden. BAÝLYGA GYZAN GYZ bolan waka
B.Rexhas (Bu gün, 10:20:57)
Orhideya, TDU žurnalistika...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Gunays (Bu gün, 10:12:53)
13 aý 4gün...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Gunays (Bu gün, 10:11:57)
Salam Çary aga bagyşlaň bolýa....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Gunays (Bu gün, 10:11:26)
Sowet döwründäki Hudaýsyzlaň tapan örän nädogry we gorkunç sözi "Ikinji Hudaý" sözi. Iň uly we geçilmejek günä Allaha ortak goşmaklyk ýene birini ýa bir zady Allah bilen deň derejä ýetirmeklik. Lä ilä...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Charys (Bu gün, 06:51:51)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023