Durmuş hakdaky pikirlerden nähili peýdalanyp bileris?
Bu sowalda üýtgeşik zat ýok we ol göwnüçökgünlige getirjek şum pikirleri oýaranok. Men diňe şeýle sowalyň üsti arkaly gazanyp bolýan peýdalara we manylara ünsüňizi çekmek isleýärin.
Şek-şübhesiz bu kitabyň awtory ýa-da bu setirleri okap oturan adam günleriň birinde zeminiň ýüzündäki syýahatyny kesip, täze durmuşa başlar — elwan nygmatly jennete ýa-da azaply tamuga düşer.
Akyly goýalyşan adamlaryň ählisi hem haçandyr bir wagt ýaşaýyş, durmuş we ölüm hakda çynlakaý pikir edendirler. Hatda dünýäniň zer-zynatyna, ter gunçasyna, meýlisdir gyzygyna meşgul bolanlar hem bu hakda pikir öwren bolmaly. Kalby we akyly oýa adamlaryň ýaşaýyş we durmuş hakda hersiniňözboluşly garaýşy bardyr. Ömrüň paýawlamagy hakda hem pikir etmeli, emma berlen ömri manyly ötürmek hakda has çynlakaý oýlanmak gerek. Ömürboýy bir niýete gulluk edip, pille paýawlan çaglary ähli edenleriňe ökündirjek, ahmyra goýjak amallara irgözinden akyl ýetirmek döwletlilikdir. Durmuşdaky gözellikleri görmegi başarmaly, gözel işleri etmeli we özgelere hem şatlyk paýlamagy maksat edinmeli. Eýsem, sen adamlara şatlyk umytlaryny çaýýarmyň ýa-da tukatlyk duýgularyny paýlaýarmyň?!
Tanymal nemes filosofy Gýote tukat we diýseň gamgyn durmuş sürüpdir. Ol her gün agşam uka batanynda ýassygynyň aşagynda hanjar goýup ýatar ekeni. Dünýä durmuşyndan irenligi üçin, bir gün oýanyp, şol hanjar bilen dünýewi durmuşynyň soňuna nokat goýmak niýetinde eken. Ýöne özüne kast etmek islegi başa barmansoň, bu gözgyny durmuş hakda gürrüň bermegi, hasratly ýaşaýşy eserlere siňdirmegi ýüregine düwýär. Her ýazan hekaýasynyň soňunda gahrymanyny pajygaly ýagdaýa uçradýar.
Ýazan gaýgyly eserleri bilen müňlerçe adamy agladan Alam Werter segsenden gowrak ýaşady. “Hemmeler meni bagtly adam hasap edýärdi. Ömrümiň bir pursadyndan nadyl bolan ýerim ýokdur, emma boýnuma alýaryn, muňa garamazdan bütin ömrümiň dowamynda adamlara diňe gaýgy-gam, gynanç, alada, agy we agyr duýgulardan başga zady paýlamadym. Ömrüm boýy bir aý rahat ýaşandyryn öýdemok. Meniň durmuşym bir agyr daşy depä iterip çykarmaklyga meňzeýärdi — her gezek şol daşy depesine çykardym diýenimde, ol ýene-de aşak togalanyp gaýdýardy. Men ýene-de şol geçen ýolumy gaýtadan geçýärdim, täzeden synanyşýardym” — diýip ýazýar.
Arasynda ajaýyp pursatlaryň, gönençlikleriň kändigine garamazdan — olaryň pikiriçe, ýaşaýyş diňe görgi we kösençlik. “Ýaşlygymdan başlap garrylygyma çenli her geçen menzilimi göz öňüne getirýärin. Ýaşlyk döwrümde ýanymdan aýrylmadyk dostlarym bireýýäm panyny terk etdiler. Şol zatlar hakda oýlanyp oturyşyma, bu dünýä tomusky dynç alynýan wagtlaýyn myhmanhana ýaly görünýär” — diýip, Gýote ýazýar.
Gýotäniň bu durmuşy tomusky myhmanhana meňzetmesi hakynda oýlanýaryn. Ol bu ýerde bolýan adamyň asuda, arkaýyn gezmejekdigini, basym gitmeli boljakdygyny bilýän ýaly görünýär. Ynsan basym bir otla ýa-da uçara münüp, bu ýerden gitmeli ýolagçy kysmy. Ol ýantorbasyna zerur gerekli esbaplaryny alyp, ýol şaýyny tutup, taýýarlykly oturmaly. Bu wagtky ornaşan ýeri bolsa, arkaýyn oturyp boljak ýer däl. Ol diňe basym ýola düşmeli ýolagçynyň sähel salymlyk demini dürsemek üçin düşleýän menziline meňzeýär.
Meşhur musulman alymy Muhammet al-Gazalyda hem hut şeýle pikirler bar. Ol sapar-syýahatlary mahalynda bir myhmanhanada düşläpdir we öz oturan otagy hakda pikirlenip: “Menden öňem bu hüjrede, otagda, gör, näçe adam düşläp ötendir. Menden soňam ençeme adam bu otagda bolup gider, meniň ornumy hem biri alar. Bu otaga meniň dahylymyň ýokdugy, bolsa-da örän gowşakdygyny diýsene. Bu otag, aslynda şu myhmanhana maňa dünýä durmuşyny ýatladýar. Wagtlaýyn bolunýan menzil- düşelgä meňzeýär”.
Dogrudanam, bu ýerde her kim öz aladasy bilen başagaý. Myhmanhanada düşlänler her kimsäniň öz işine gümradygyna göz ýetirerler. Olary diňe birek-birege mähirli ýylgyryşlar we salamdyr baş atyşlar birikdirýär diýmeseň, başga baglanyşygy bara meňzänok. Ine, her täze nesil şeýdip bu saraýa düşleýär we wagty-pursady dolanda, göçüp gidýär.
Bu subut edilmezden düşünip bolýan hakykat bolsa-da, oňa görä edýän hereketlerimiz, özümizi alyp barşymyz juda parhly gelýär. Çünki biziň edýän işlerimiz, ýerine ýetirýän amallarymyz bu zatlara bolan ynam-imanymyzyň ölçegini, derejesini delillendirýär.
Dünýä lezzetine gereginden artyk çümmek, nebis meýline artykmaç imrinmek, maksatlarymyzy hasyl etmek üçin hapa-haram müň dürli usuly, ýoly ulanmak... biziň bu düşünjelerden gapyl gezip ýörendigimizi görkezýär.
Durmuş bir sapar-syýahatdyr. Ädimleriňi haýallatjak, ýüküňi agraltjak ýa-da seni aşak dartjak amallary, pygyllary etmezlige çalyş.
Kerim aş-Şazili
Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary
Arap dilinden terjime eden Rahmet Gylyjow