BOÝUŇA DÖNEÝIN - Halanlaryma goş
Teswirler:
596Betinden
Gürgençli
25.01.2019 / 10:52:33
+0
Barsam ynanmaz

Iş salyşdym bir biwepa ýar bilen,
«Ýarym» diýip, ýanyna barsam ynanmaz;
Süýekden syzdyryp ygtybar bilen,
Oda düşsem, bişsem, ýansam, ynanmaz.

Leýli—Mejnun kimin çöllere çyksam
Arzy—Ganbar deýin derýada aksam,
Perhat—Şirin deýin daglary ýyksam
Daşlaryň teýinde galsam, ynanmaz.

Gör, ne işler etdi Wamyku–Uzra,
Saýathan diýp goýdy ýaryny Hemra,
Depderde ýazylan Ýusup—Züleýha,
Olaryň hemrasy bolsam, ynanmaz.

Garyp bolup, Halap-Şirwana gaçsam,
Ýarym Şasenem diýp, örtenip-bişsem,
Şolar kimin ýedi ýylda gowuşsam,
Yzynda sargaryp-solsam, ynanmaz.

Men söwer ýarymy alabilmedim,
Şum rakyp tagn etdi, gülebilmedim,
Näzli ýaryň ugrun bilebilmedim,
Aglasam, aldanmaz, gülsem, ynanmaz

Kemine diýr, arzym ýara ýetirsem,
Köňlümdäki syrym tile getirsem,
Iýmesem, içmesem, gözläp otursam,
Ajygsam, suwsasam, ölsem, ynanmaz.

Kemine
596Betinden
Gürgençli
25.01.2019 / 10:53:34
+0
Maňa garşy

Söwer ýaryň tarypyny aýdaly,
Gitme, ak maralym, gel maňa garşy;
Altyn-kümüş zümerretden şaýlaly,
Ak goluň boýnuma sal, maňa garşy.

Men arzymy söwer ýara ýetirsem,
Tutsam ak mämeden, oýnap otursam,
Göwnümde bar maksat–işim bitirsem,
Emsem lebleriňden bal, maňa garşy.

Meniň arzym söwer ýaryň goýnunda.
Agzym ýaňagynda, elim boýnunda,
Assa-seýkin basyp, oýnan oýnunda,
Her jaýy-her jaýy, gel maňa garşy.

Kemine diýr, sen-sen wepaly ýarym,
Al-ýaşyl geýipdir towfyk nigarym,
Gözeller içinde sen intizarym,
Sen — Leýli, men — Mejnun, çöl maňa garşy

Kemine
373DOST
SerVi
25.01.2019 / 14:00:31
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!

+1

Malades bu gezegem şahyryñ gowy gosgylaryndan paylasypsyn

861Gytyndan
Selena
26.01.2019 / 20:01:16
+0
Sirin aydymlar harika

Soňky jogaplar:

Ýüziň ak bolsun...Dowamy
Jemgyýet we Ynsan | Hezreti Omaryň (r.a) pähim-parasatly sözleri, öwüd-ündewleri
Hemedanys (Bu gün, 00:28:46)
Sessizlik, dogry aydylan eken, men on eshitmandim. Gyz wagtyn ejen-kakan sayasynda alada gaygyny bilenok, jogapkarchiligin yok, shona gorade ozuni alyp baryan. Toydan son gelin bolyan, gayynla...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Miss_Happy bilen söhbetdeşlik...
Miss Happys (Bu gün, 00:13:33)
###zM, Maýkl Hart: ... Jogsada Maýkl Hart kim? Maýkl Hart meşhur taryhçy we matematikdir. Bir wagtlar käbir taryhçylar taryhda ýaşan 100 sany beýik şahsyýeti ýygnapdyrlar. 32 gezek ýerleşdirilj...Dowamy
Umumy bölüm | ...
zver1s (Düýn, 19:32:30)
Mahri, Linede.Ýöne ol biziň maşgalamyzy realny tanaýan biri bolup çykdy soň....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Gunays (Düýn, 18:50:35)
Nadip tanyshdynyz?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Mahris (Düýn, 18:37:46)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023