Sýuzan bilen Riçard. - Halanlaryma goş
Teswirler:

Tolkun
22.01.2019 / 17:12:49
+1
- Eheý jenap Kapitan aýdyň bize näm bolar? Bir zat bolsa ýaşyrmaň ýogsam hemme tolgunar!

Diýdi hemmä Kapitan:

- Hemme zatlar ýerbe-ýer. Sizler asla darykmaň bolan zat geçer gider.

- Hemme zatlar ýerbe-ýer. Sizler asla darykmaň bolan zat geçer gider - diýse-de ol Kapitan, uçardaky belany gizländi etmän aýan. Uçar barha çaýkanýar iki ýana howada, ýolagçylar çyrpynýar gorka düşüp gowgadan.

Ýolagçylar diýdiler:

- Ahmal indi öleris.



Käsi umyt etdiler:

- diýip diri galarys.

Gaýga batdy bar ynsan gorkup beýle beladan. "Gonaý" diýse Kapitan - ýer tapanok ummandan. Depesinde gök asman ol pesinde gök umman arasynda kän ynsan jan howruna zarynlar. Hany nirde umyt bar?! Ne gapdalda? aşakda? Diňe umyt Şondan bar goldaw berýän Aryşdan. Emma medet bolmady Aryşdanam şu gezek,
Uçar gökde durmady gaýtdy göni baş aşak. Uçardaky adamlaň gaçdy bary ummana. Diri galan bolmady ölen bary şo bada. Uçar gaçanda suwa alow bolup ýanýardy, üç gün geçenden soňra bu gep dünýä ýaýrandy. Muny aňan Sýuzan gyz ynanmady huşuna. Eşidenin gürrüňsüz şo wagt ýoýdy düýşüne. Dünýäň duýan habary düýş hem däldi, ýalanam. Gyzam ýakyp bagryny diýdi:

- Menem öleýin.

Agyr degdi Sýuzana ýaryň ölüm habary. Riçard gelen badyna toý boljakdy ahyry. Sýuzan hiç zat diýenok ala-sarmyk halatdan hiç bir zadam iýenok ne ysmanak, salatdan. Ol özüne gelenok Riçard sebäp gussadan günler öňki bolanok näçe wagt ötse-de. Riçard görner gözüne Sýuzan çyksa köçäge.

- Senmi - diýer, ýüzüne meňzetse bir kişige.

Sýuzan gitmek isledi New-Ýorkundan alysa. Ýogsa çöp dek igledi gussasyndan halysa. Syýahata çykdy ol Atlantika gämide. Soňa baka çökdi ol Riçardynyň dagyndan. Palubadan serdýär Sýuzan çäksiz ummana, şol wagt şemal öwüsýär saçyn oýnap her ýana. Onuň sary saçlary parlaýardy şemala. Suwdan onuň şool ýary çarlaýan deý hamana. Sýuzan bakdy asmana güldi soňam çalaja. On soň bakdy ummana, diýdi:

- Borus bileje.

Kalbyndaky gopguna çäre tapmaklyk üçin, ýüzlenýärdi tolkuna birle akmaklyk üçin. Şeýdip aýagyn basdy ergenege bir-birden, soňam özüni atdy milt etmäni ölmeden. Onuň diri görnüşi nepisdi hem gözeldi. Ýöne suwa çümüşi ahyretne zeleldi. Atlantika ummany artyk ony ezmedi, Titannigiň dessany biraz muňa meňzedi.


Tolkun
373DOST
SerVi
22.01.2019 / 19:10:39
Doganyñ dost bolsun, dostuñ dogan!

+1

Uly gówrùmli eseri okap diyseń haladym,
Okanymda yatlatdy,"Titannigiñ"wakasyn.

Yazyp yetireniñe minnetdar sana Tolkun,
Şular ýaly eserler, mydam dowamly bolsun.

Soňky jogaplar:

Gowy yazyar Allanur...Dowamy
Edebiýat | "Dünýam senden göwnüm galdy, bilýamiň..?!"
Dogruçyls (Düýn, 23:24:38)
👍👍👍👍👍...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #1
B.Rexhas (Düýn, 22:11:12)
Soňky bendini has haladym...Dowamy
Edebiýat | ****
Auroras (Düýn, 21:09:42)
aymurat, türkmen dilinde bolmasa düşünemok....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #1
Gerceknazars (Düýn, 20:14:43)
20+ алса ыене 10 сурат гоыян...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Manyly suratlar #1
aymurats (Düýn, 16:26:09)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023