FUTBOL TÄZELIKLERI (1) - Halanlaryma goş
Teswirler:
240Öwreniji
Ter stegen
22.01.2019 / 16:38:51
Söýen gyz ýoluña bakar söýmedik---goluña!!!

+0

Germaniýanyň “Bawariýa” topary “Ştutgartyň” fransiýaly sag gyraky goragçysy Benžamin Pawary düzümine goşdy. Münhenliler 22 ýaşly Pawar üçin “Ştutgarta” 35 million ýewro töläp, oýunçynyň özi bilenem 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Russiýa 2018 Dünýä Kubogynda Pawaryň Argentinanyň derwezesinden geçiren goly çempionatyň iň owadan goly diýlip saýlanypdy.

Braziliýaly hüjümçi Robinio karýerasyny Türkiýäniň “Medipol Başakşehir” toparynda dowam etdirer. “Siwas- spordan” bu kluba transfer bolan 34 ýaşly Robinio stambullylar bilen 1,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Türkiýäniň çempionatynda 1-nji hatarda barýan “Başakşehir” geçen tomusda Moskwanyň “Spartagy” bilen ýoluny aýran germaniýaly Serdar Taşçyny-da hataryna goşdy.

Angliýanyň “Çelsi” topary “Bundesligasynyň” wekili Dortmundyň “Borussiýasyndan” amerikaly ýarymgoragçy Kristian Pulişiçi transfer etdi. Transferiň bahasy 64 million ýewro möçberinde diýlip kesgitlenildi. 20 ýaşly Pulişiç möwsümiň ahyryna çenli “Borussiýada” kärendesine oýnar. Ol 2015-nji ýylda dortmundlylaryň hataryna goşulypdy.

Çempionlykdan daşlaşýan “Real Madrid” topary iňlis kluby “Mançester Sitiden” 19 ýaşly Brahim Diazy transfer etdi. Ispaniýaly ýarymgoragçy madridliler bilen 2025-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy. “Real” bu transfer üçin şäherlilere 17+7 million ýewro tölär.

Fransiýanyň çempionatynda ligada galmak üçin göreş alyp barýan “Monako” topary düzümine braziliýaly goragçy Naldony goşdy. “Şalkeden” geçen 36 ýaşly oýunçy täze kluby bilen 1,5 ýyla niýetlenen şertnama gol çekdi. Ol “Werder”, “Wolfsburg” ýaly nemes klublarynda ençeme ýyllap çykyş etdi.

Italiýanyň “Milan” topary Braziliýanyň “Flamengo” klubundan Lukas Pakueta bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 21 ýaşly ýarymgoragçynyň transfer bahasy 35 million ýewro deň bolup, Pakueta täze toparynda 39-njy belgide çykyş eder. Ol “Flamengonyň” düzüminde 65 duşuşykda 13 gezek tapawutlandy.

Portugaliýaly meşhur goragçy Pepe öz ýurduna dolandy. Ol Türkiýäniň “Beşiktaş” topary bilen şertnamasyny iki tarapyň ylalaşmagy netijesinde ýatyryp, “Porto” klubunyň düzümine goşuldy. 35 ýaşly goragçy ozalam çykyş eden kluby bilen 2,5 ýyllyk şertnama baglaşdy.


---------
 Angliýanyň Liga kubogynda ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary oýnaldy. “Tottenham” öz meýdançasynda “Çelsini” Harri Keýniň 26-njy minutdaky penalti goly bilen 1–0 ýeňdi. Şunlukda, Harri Keýn 5 möwsümläp 20 gol geçiren ilkinji “tottenhamly” oýunçy boldy. “Mançester Siti” bolsa, 3-nji liganyň wekili “Berton Albiony” derbi-dagyn etdi. Şäherliler öz meýdançasynda pes garşydaşyny 9–0 hasabynda utdy. Oýunda gollaryň 4-sini Gabriel Žesus derwezä girizdi. Jogap duşuşyklary 23–24-nji ýanwarda oýnalar.
---------

 

Soňky jogaplar:

Dowamy hany seryalyn...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täsin duşuşyk
Angelochkas (Bu gün, 21:33:32)
Medinani bagtly edip biljek söýgi bardy ony bagtly etjegime mende ynamym bardy. Söÿgi garyn doÿuranok. Pul bolmasa bagtly bolup bolanok. Oñarypdyr ejesi....Dowamy
Gürrüňdeşlik | SÖÝGÜM NIRDE BOLAN WAKA
Mahris (Bu gün, 18:52:45)
Diymek yylynyz 89 ekenow. Basga bir mowzukda-da halayan karime okuwa giremde ejem begendi diyipsiniz.nameka ol kar?...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Eger yüze çykayanda-da...
Hms (Bu gün, 17:31:37)
Bah. Yylynyz 89 eken-ow....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Eger yüze çykayanda-da...
Hms (Bu gün, 16:55:24)
Gynandyryjy...Dowamy
Gürrüňdeşlik | SÖÝGÜM NIRDE BOLAN WAKA
B.Rexhas (Bu gün, 13:12:49)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023