ÇILIM NÄME ÜÇIN ZYÝANLY ? - Halanlaryma goş
Teswirler:
61Betinden
Oraz_turkmen
22.01.2019 / 15:17:45
Uzyn boýly gysgajyk, akyllyja samsyjak.

+1

ÇILIM TÜSSESINIÑ DA$-TÖWEREKDÄKI ADAMLARYÑ SAGLYGYNA ÝETIRÝÄN ZYÝANY:

1. Çilim çekilende onuñ tüssesindäki zäherli maddalaryñ 20-25%-i çilimkeshiñ bedenine aralashýar. Galan bölegi tüsse bilen howa ýaýrap, bu howadan dem alýan beýleki adamlaryñ bedenine geçýär.

2. Çilim çekilen jaýda üç sagatlap bolan adam bir çilimde saklanýan tüssäni demine dartýar.

3. Çilim çekilenden soñ onuñ tüssesi howada iki sagatlap (otagyñ içi ýelejiredilende-de) saklanýar.


ÇILIMIÑ DÜZÜMINDE NÄME BAR ?

Çilim tüssesinde awuly himiki maddalaryñ 4000-e golaýy saklanyp, olaryñ 40-dan gowragy howply täze döremeleriñ ýüze çykmagyna getirip bilýär.

Nikotin.
Benzol.
Metil spirti.
Etil spirti.
Uksus turshusy.
Azot oksidi.
Metan.
Stearin turshusy.
Sinil turshusy.
Himiki reñkler.
Gurum.
Ammiak.
Bogujy gazlar.
Kükürt wodorody.
Myshýak.


HIÇDEN GIÇ ÝAG$Y.

Çilim çekmek endigi bilen hoshlashylandan soñ az wagtyñ içinde bedeniñ ishi dikelýär, adamyñ dashky görnüshi gowulanýar:

1. Dem alysh kadalashýar.

2. Üsgülewük aýrylýar, gakylyk bölünip çykmaýar.

3. Tagam duýush, ys alysh ukyby dikelýär.

4. Ähli beden ulgamlarynyñ funksiýasy kadaly ýagdaýda dikelýär.

5. Nerwler rahatlanýar, uky kadalashýar.

6. Ishdä gowulanýar.

7. Arterial gan basyshy, puls kadalashýar.

8. Ishe bolan ukyp ýokarlanýar.

9. Deri, saç, dishler sagdynlashýar, ýakymsyz yslar aýrylýar.

10. Agyr keselleriñ döremek howpy azalýar.



Hem-ä puluñyz gider, hemem saglygyñyz.

ÇILIM ÇEKMÄÑ!




Saglyk.
415Betinden
Urgencli
22.01.2019 / 22:06:39
+2
Çilim çekmegi goymak isleyan yone başarmayanlara dermanhanalarda yorite dermanlar bardyr. Yone ilkinji gerek zatlar isleg,erk, saglyk. Eger şulardan biri yok bolsada çilimi taşlamak kynlaşyar.
Çilimi iñ bolmanda wagtal wagtal goymalydyr. Meselem özüñize çilimsiz ay, çilimsiz hepde, iñ bolmanda çilimsiz gün yglan ediñ. Erkiñizi synap görüñ!!!

Soňky jogaplar:

Gyzykly täsirli eken👍👍👍👍...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Salam dostlar bu mowzuk ertir.com-yñ arhiwinden. BAÝLYGA GYZAN GYZ bolan waka
B.Rexhas (Bu gün, 10:20:57)
Orhideya, TDU žurnalistika...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Gunays (Bu gün, 10:12:53)
13 aý 4gün...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Gunays (Bu gün, 10:11:57)
Salam Çary aga bagyşlaň bolýa....Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Gunays (Bu gün, 10:11:26)
Sowet döwründäki Hudaýsyzlaň tapan örän nädogry we gorkunç sözi "Ikinji Hudaý" sözi. Iň uly we geçilmejek günä Allaha ortak goşmaklyk ýene birini ýa bir zady Allah bilen deň derejä ýetirmeklik. Lä ilä...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Tegelek stol: @Gunay (Nirwana) bilen söhbetdeşlik...
Charys (Bu gün, 06:51:51)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023