04:40 Mowzuk

KESEARKAÇ romany. (Köwreýikli guýusynda) - Halanlarymdan poz
Teswirler:
4794Gold
Nescafe Gold
24.11.2021 / 21:14:41
Ýagşylyk eden ýaly görünmän, ýagşylyk ediň görünmän!

+2

Parslarda “Wepalylygy itden öwren” diýen nakyl bar. Itleriň eldeki bolaly bäri, adamlar bilen dostlaşaly bäri on alty müň ýyl geçipdir diýýärler. Şunça ýylyň dowamynda öz dostlugyny aýap saklaýan itleriň ýalagyna wepalydygy hakynda bir topar rowaýatlar aýdylýardy. Käbir rowaýatlarda itler adamlara garanda has wepaly edilip görkezilýär. Şol rowaýatlaryň käbirini Garrybaý Gulgeldidir Tarhana-da aýdyp beripdi.
Garrybaý itleriň yzyndan seredeninde, güýçli ýeliň ugruna batly togalanyp barýan iki düýp ullakan bozagan ýaly olar honda böküp, hasanaklap barýardylar. Häzir olary hiç bir güýç yzyna gaýtaryp biljek däldi. “Atylan ok daşdan gaýtmaz” diýilýänleridi. Bu itler Garrybaý bilen indi üç ýyl bäri süriniň yzyna düşüp ýör.
Gije diýmän, gündiz diýmän, olary möjekden garawullaýardylar.
Özlerem gaty duýgur itler. Şular bolsa süriniň golaýyna möjek geljek gümany ýok. Olar möjek bilen iki gezek garpyşdylar. Her gezegem möjekler zordan gaçyp gutulýardylar. Özlerem ýaralanýardylar, möjeklerem ýaralaýardylar. Goýunlara welin olaryň dişinem degirtmän saklardylar. Öten ýazyň başlarynda iki bolup bir ene möjegi aldylar. Köp sürä barmagyny batyryp, käsinde mallary ýaralap, käsinde ýolma-çekme ogurlap, heniz ele düşmän ýören möjekdi. Garrybaýyň sürüsiniň töwereginde-de birki gezek görnüpdi. Ol itlerdenem Iner golagyň guran gapanlaryndanam sypyp gelýärdi. Ony men diýen itleriň dört-bäş sanysyny alyp yzarlabam gördüler. Ähli möjeklere degişli bir häsiýet bar. Möjekler dynç alanlarynda öz gaçyp gelýän taraplaryna seredip ýatýarlar. Şonuň üçinem olar yzarlap gelýänleri uzakdan görýär. Görşi ýaly gaçyp gidýär.
Soňky gezek weli oňa sypara maý bolmady. Ýassynlar ýatan süriniň entäk öräýmedik wagty Garagöz bilen Goýmat gozgalaň tapyp ugrady. Olar süriniň yga tarapyna aýlandylar. Olar uzak garaşmadylar. Möjek golaýlan bolara çemeli, ikisi birden hasanaklaşyp gitdiler. Garrybaý eli egri taýakly olaryň yzyndan eňdi.
Ol baranda iki it möjegi ara alypdyr. Olaryň biri möjegiň alkymyndan agyz urupdyr. Beýlekisi onuň gulagyny çeýneýär.
Garrybaý elindäki gazma taýagy bilen bir inderende, möjegi burup atdy. Onuň oňurgasy ýazan bolsa gerek.
Garrybaý ölen möjegiň hamyny günortan suwa inende, goşa alyp geldi. Itleriňem üsti gyzyl gandy. Halys ýadawdylar. Howa yssy däldi. Şonda-da olar has-has edip, dillerini sallaşyp ýatyrdylar.
Garrybaý:
— Gulgeldi, hol ak işşegi soý — diýip, gygyrdy.
Itlere guýruk ýagy bermelidi. Ýogsa olaryň dininiň harap bolaýmagy ahmal. Möjek bilen tutluşan itlere guýruk gapdyrmak öňden gelýän dessurdy. Onsoňam itler ol işşegi gazanypdy. Gaplaň öldürene bir sygyr, möjek öldüreňe bir işşek ata-baba gelýän däpdi.
Bu itleriň birini, Goýmady Garrybaýa öz obasynyň adamlary beripdi. Garagözi bolsa başga bir obadan bir öweç berip alypdy. Ine, şol iki it häzir sapandan sypan daş ýaly bolup atlylara, tarap dazyrdap barýardy. Öňden gelýän at olaryň bolup gelşinden ürküp, tas ökjäni göteripdi. At oýurganyp ugrandan soň, üstündäki onuň jylawyny çekdi. Ürküp gaçmaga maý bermedi.
Ikinji atlynyň gylyjy günüň şöhlesine ýyldyrym çakan ýaly lowurdap gitdi. Itleriň biri depe saçyňy düýrükdiriji eýmenç waňkyryp, aşyr atdy. Şol ýykylyşyna-da gaýdyp galmady. Beýleki özüni gylyçdan gaça saklap, esli wagt jabjynyp-jabjynyp üýrdi.
Onam başga bir gylyç ýere ýazdy. Atlylar hiç bir zat bolmadyk ýaly, olaryň deňinden geçip gaýtdylar.
Itleriň öldürilendigini görüp ýatan Garrybaý ýerinden turdy.
Taýagyny alyp, olaryň öňünden çykdy. Ol taýagy endik boýunça alypdy. Bir taýak bilen on gylyjyň garşysyna etjegiň näme? Oňa çopanyň akyly ýetýärdi.
Türkmeniň ozaldan gelýän däbi boýunça aňyrdan gelen adam gelen ýerine, atly adam pyýada, ýaş kiçi adam ýaşula salam bermelidi. Bu ýerde ol däp bozuldy. Garrybaý olara salam berdi.
Ýöne gelenleriň salama mätäçligi ýok bolara çemeli. Olar “Waleýkim” diýmegiň ýerine diňe gaşlaryny çytdylar. Atlaryny tabyrdadyp, ýatan süriniň töweregine aýlandylar.
Çagyrylmadyk myhmanlaryň arasyndaky başy düňderilen kersene çalymdaş, ýokarsy tegelenip duran mele telpekli, sary murtly, sary sakgaly müçenek bilen bejerilen gyzyl ýüzli, hyrsyz adam öňe saýlandy. Galtamanbaşynyň şu adamdygyny Garrybaý soraman aňdy. Oňa bir zat aýtjak boldy, ýetişmedi.
— Çopan — diýip, galtamanbaşy ondan öňürdip gürledi: — Maly biziň aýdan ýerimize sürseňiz-ä, size zat degmän goýbereris.
Diýenimizi etmeseňizem ikiňizem ýenjip, eliňizi-aýagyňyzy sarap, şu ýerde taşlap gideris.
Çopan galtamanbaşynyň ýalan sözlemeýändigini duýdy. Ol çopany, çolugy daňyp, sürini alyp giden galtamanlar hakda telim hekaýat eşidipdi. Wagty bilen yzyndan hiç kim barman, çopandyr çolugyň açlykdan horlanandyklaryny, bir-biriniň ýanyna süýşenekläp, daňyny dişleri bilen çözendikleri hakynda gürrüň edýärdiler. Ine, şol eýmençlikleri öz başlaryndan geçirmeli boldular.
Şeýdip, indi obanyň göz dikip oturan maly gidibermeli bolarmy?
Bulary galtamanlara taladyp, oba nä ýüz bilen barsyn? Näme-de bolsa, gaýtawul bermeli diýip oýlanan çopan taýagyny götermänkä, birden tisginip gitdi. Ony bu niýetinden el çekmäge mejbur eden zat galtamanbaşynyň ýaňky aýdan bir sözi boldy. Ol “ikiňizi” diýdi.
Bular üç ahyry. Hany Gulgeldi?
Garrybaý ýalt edip, guýa tarap seretdi. Gulgeldi suw getirmäge gidipdi ahyry. Guýynyň başynda ne Gulgeldi, ne-de başga adam görünýär.
— Ýeri, çopan, sen näme diýersiň? — diýip, sary murtly ýene-de Garrybaýy gyssady.
— Näme göçüň geçip barýamy? Ýa-da “Ogry syrty gowşak” diýen ýaly gorkýaňmy? Günäň üstünde tutularyn öýdýäňmi? Barybir tutularsyň. Bu gün tutulmasaň, erte tutularsyň — diýip, Garrybaý azmly gürledi. Galtamanbaşy oňa jogap bermedi. Ol elindäki gamçy bilen Tarhanyň ýagyrnysyny syrdyryp aldy. Suwçynyň ýüzi eýmenç çytyldy, ynjyly towlandy. Ýöne sesini çykarmady. Onuň egninde güllüje çit matadan tikilen köýneginiň, üstünden gara mytgaldan çäkmeniniň bardygyna garamazdan gerşiniň ot degen ýaly agyrandygy ýüzünden bellidi. Garrybaý galtamanbaşa gygyrdy: — Oglana eliňi degirme! Eli ýaragsyz çagany ýenjeniň bilen Rüstem Zal boldugyň däl. Ol seniň gorkaklygyň alamaty. Sen gorkýaň, howlugýaň. Obanyň ýigitleri geler öýdýäň. Olar gelerem.
Galtamanbaşy oňa jogap bermedi. Ol Tarhanyň depesinden gamçyny ikinji gezek inderdi.
— Bar, maly sür! Näme dursuň, haramzada? Ýogsa-da... — diýip gamçysyny bulaýlady-da gaharly gepledi. Soňky gamçynyň awusyna ýegşerilen Tarhan sesini çykarman, Garrybaýa seretdi. Garrybaý sary murtla sögündi-de:
— Nätjek-dä! Sürmeli bolsa sürmeli bor-da — diýip, Tarhanyň ynjyly ýüzündäki soraga jogap berdi. Garrybaý beýle diýmese-de diýmezdi. Ol topulyp elindäki taýagy sary murtlyň depesinden indererdi. Heý, öz eliň bilen iliň-günüň göz dikip oturan malyny galtamanlara berip goýberip bolarmy? Beýdip nä sypatyň bilen oba barjak? Bu mallar Iner golakdan başlap, köýnejigi zordan göbegine ýetýän, şondan aşagy ýalaňaç, ýüzi çyr-çyrşak gum oýnap ýören çagalara çenli ähli obadaşlarynyň indiki rysgaly ahyry. Onam galtamanlara berip goýbermek çopanyň ynsabyna syganok.
Garrybaýyň ýekeje umyt edýän zady bardy. Olam edil iňňe ýiten ýaly gürüm-jürüm bolup ýiten Gulgeldidi. Ol guýa girendir. Diýmek galtamanlar ony görmändirler. Gören bolsalar “ikiňizi” diýmezdi.
Her zat ederler, ony guýudan çykarjak bolardylar. Dagy ýagdaýyny tapmasalar guýyny gömerdiler. Gulgeldi şo ýerde. Biz goly boşadaýsak, ol çykyp gider. Oba habar ýetirer. Ýigitler ýetişer. Şol umyt bilenem çopan “Sürmeli bolsa sürmeli bolar” diýipdi.
Tarhan henizem sesini çykaranokdy. Ol şu ýagdaý başlanan wagty oýa ýatan çopany yralap, “Atlylar gelýär” diýipdi. Şolam iň soňky sözüdi. Şondan soň ýagşydan-ýamandan dilini ýarmandy. Ol häzirem Garrybaýa gözleri bilen sorag berdi. Çopan ona: — Guýa tarap seretme — diýip, ýuwaşlyk bilen aýtdy. Suwçynyň şol tarapa telim gezek seredeni Garrybaýyň gözüne ilipdi. Çopan ony galtamanlaryň aňaryndan howatyr edýärdi. Şonuň üçin basymrak goldan çykanyny kem görmedi. Ol:
— Sömelip durma-da, maly sür. Ýa-da ýene gamçy iýesiň gelýärmi? Bular başga zada husydam bolsalar, şoňa jomartdyrlar — diýip, suwça tarap gygyrdy. Suwçy kümäniň gapdalynda ýatan täzeje gazma taýagyny aldy. Bu gazma taýagy edinenine köp wagt geçmändi. Düýn-öňňin hol gaýraky gollaryň birinden inerini alyp gelýärkä, ýalazy ýapyda oturan syrdym uzyn sözene gözi düşüpdi. Onuň düýbüni eli bilen peşäp gazdy. Ol hemme sözenlerden taýak bolmaýanyny, gazma taýaklyk sözeniň gollarda däl-de, ýalazy ýapylarda, ak urpaklaryň gerşinde ösýändigini, şolaryňam arasynda iki-ýeke saýlama sözenlerden bolýandygyny bilýärdi. Düýbüniň ýogynlygy taýaga ylaýykdy. Tarhan onuň ýerini belläp gaýtdy. Soň eliniň boş wagty pil alyp, Gulgeldi bilen ýörite gelip gazypdy. Sözeniň gazylan düýbi bir gulaçdanam geçipdi. Ony pil kynlyk bilen çapdy. Gor ýaly gyzgyn çägede bekäp ösen sözeniň düýbüni çapmak üçin iki sany işşekçer jahyl süllümbaý derledi. Tarhan ony tejribeli çopanyň edişi ýaly, iki tarapynam pyçak bilen ýonup timarlady. Oda sokup gorsady. Eltutaryň aşak ýanyndan birgaryş ýerini ýonup nagyşlady.
Bu çopanlaryň endigidi. Mallaryň çep gulagyndan, sag gulagyndan gädip tagmalaýyşlary ýaly, taýaklaryna-da öz nagyşlaryny çekýärdiler. Mal ýitende ýa-da süri garyşanda mallary şol tagmalaryndan tanaýyşlary ýaly, taýagam öz nagyşlaryndan tanaýarlar.
Tarhan sünnäläp nagyşlan, çagalykdan arzuw eden gazma taýagyny alyp, sürä tarap ugrady. Ýaňy ýatan sürini kynlyk bilen örüzdiler. Peýwagtyna bolanda süri entek ýatmaly. Gün öýleden agandan soň onuň özi örüp ugraýar. Çopanyň etmeli zady onuň yzyna düşübermeli. Onsoň ýassyna çenli gitdigidir. Ýassynlar goýun ýene ýatar. Çopanyň öz bellije goýny bardyr. Goýun çopanyň bir döwüm çöregini iýmek üçin onuň ýanyna geler. Çopan bilindäki ýüpi alyp, ujundaky halkany nançy goýnuň boýnundan geçirer-de, beýleki ujuny öz goşaryna daňar. Daňdan süri örende ýatan goýny dyzap çopany turzar. Çopan ýene süriniň yzyndadyr. Şol ýerden ol süriniň ýüzüni guýa tarap öwrüp ugrar. Edil şu günki edişi ýaly gün guşluga galanda, süri suwa eňer. Giç öýlänlerem örer.
Bu gezek ol kada bozuldy. Goýunlara-da, çopana-da irkilere, dynç alara maý bolmady. Oňa-muňa dabyrdaşýan atlylar ýaňy ýatan goýunlary örüzdiler. Çopan bilen Tarhan sürini sürüp goldan çykardylar. Dogrusy sürini sürýän atlylardy. Çopan bilen Tarhan olara kömek edýärdiler.
Süri goldan çykanda, Garrybaýyň özem yzyna seredenini duýman galdy. Ony galtamanlaryň biri gördi. Ýöne ol hiç zat aňmady. Olar üçin bu gol iki sany itiň maslygy bilen çopanlaryň çöp çatmasy galan goldy. Garrybaý üçin bolsa ol entek uly umytdy. Oňa guýynyň agzyndan oglunyň kellesi görnüp giden ýaly boldy.
Süri galtamanlaryň görkezen ugruna tarap süýşüp ugrady. Öz wezipelerini ýerine ýetirip, eýelerine wepalydyklaryny subut edip, söweşde wepat bolan itleriň pikirini edip barýan Garrybaý sürini howlukdyrman öz maýdalyna sürüp gitdi.
61Betinden
Orazjan
25.11.2021 / 05:32:50
❤Obaly maýmynjyk❤

+1

Ýetirip dur

Soňky jogaplar:

Sagmanaja gidip gel abraý bn gidişiñ ýaly abraý bn maşgalaña gowuş.... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
HAYAT..s (Bu gün, 00:51:13)
Sag aman gidip gel! Abray bilen dynyp gel! Hiç haçan ejizleme! Watan goragy mukaddesdir! Sowuga, yssa garamazdan mertlerçe durup Watanymyzy gorap gel! Serjant we ulu serjant harby çinlerini arzuw edya... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
Ereshevs (Düýn, 21:56:21)
Sagamanja gidip gel. Hossarlaryñ yagşy gùnlerñe guwansyn.... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
Arzyhans (Düýn, 21:50:37)
suey, menem 😁... Yzy näme ?
Edebiýat | Ne peýda
ŞNRs (Düýn, 21:30:00)
suey, menem 😁... Yzy näme ?
Edebiýat | Ne peýda
ŞNRs (Düýn, 21:11:15)
Ähli hukuklar goragly