04:09 Mowzuk

Ýakyn haýsy, ýat haýsy bilmedim... - Halanlaryma goş
Teswirler:
2956Özümiziňki
Hypatia
24.11.2021 / 11:58:51
+1
Alla döneýin 3 doganym bar, her wagt kömek goluny o bolmasa dil kömegini berýär.Bir saçagyñ başynda gülüşip degişip oturmamyz nämä degmeýär.

3720Öwreniji
Urmon
24.11.2021 / 12:10:12
+0
Hypatia, ýokardaky delillerdäki adamlaram doganlary bilen degşip-gülşüp oturýardylar. men başgada delil getirip biljek, ölüm bilen gutaran wakalaram bar. hiç kimem bir adamyň ýamanlyk etmejekdigine kepil geçip bilmez şu döwür
3720Öwreniji
Urmon
24.11.2021 / 12:17:50
+0
Hypatia, ýokardaky delillerdäki adamlaram doganlary bilen degşip-gülşüp oturýardylar, haçanda aralaryna şahsy bähbit düşende, şonda belli bolýar kimiň kimdigi
3720Öwreniji
Urmon
24.11.2021 / 12:12:16
+0
degişip gülüşseň gowy adamdygyny görkezýärmi? bu gün degşip gülşüp, ertirem urşup, sögüşip...
4949Gerekli
Dark_Wolf
24.11.2021 / 13:05:20
Hz.Hamzanyň aýdyşy ýaly "Gözümiň görýän zadyndan gorkamok!!!"...

+2

Delilleriň rowaýat b/n dahylly ýeri ýok. Rowaýatda umumy bir faktor aýdylýar. Hemmämiz üçinem doganyň ýerine tutjak ýakynymyz ýok.
Şu ýerde hiç kime gönükdirmän, özüm babatda umumyrak aýdaýyn. Köçede maňa heleý boljak kän, heleý tapylman galmaz we bilimden aşagy sagdyn bolsa çaga-da bolar, ol hem müşgül iş däl. Emma ene-ata, dogan tapdyrýan zat däldir. Ýeketäk, gaýtalanmajak hossarymyz ene-atamyz we doganymyzdyr.
Indi siziň delilleriňize gelsek, siziň maşgalaňyzyň özara gatnaşyklaryňyzdaky gapma-garşylyk, oňşuksyzlyk hemmeler üçin bir mizan ölçegi däl. Hemme maşgalada beýle problema ýok. Men siziň delillerňiz ýalňyş ýa-da bolmajak zat diýjek bolomok. Bular döwrümiziň azgynçylygy. Eger Allany tanamasak, ýolumyzy dogrulamasak mundan beter azgynçylyklarada garaşybermeli.
Şumat bizde aýrylaşmak köpeldi. Aýrylyşmak balak çalyşan ýaly bir zada öwrüldi. Suw ýalyjak çaga entäk gözüni açmanka, diş çykarmanka, entäk eje-kaka diýip görmänkä ýetim galýar. Şeýdip, biragyzdan maşgala dargaýar. Maşgala bitin bolmasa, jemgyýetem hiç haçan rowaç bolmaýar. Onsaň şol çaga ulalyp, akyly kemala gelensoň elbetde eje-kakasyna gargajagy ikiuçsuz. Indi aýdyň, çagada näme günä bar? Ýalňyş terbiýäniň ýa-da terbiýesizligiň içinde ulalan, entäk maşgala durmuşyna taýýarlyksyz iki sany jynsyň gatnaşmagynda şeýle ULLAKAN problema ýüze çykýar.
Men biraz temadan daşlaşdym öýdýän. Beýle mysallar hemmämiziň durmuşymyzda-da bar. Özümizde bolmasa tanyşlarymyzyň durmuşynda bar. Beýle problemalary aradan aýyrjak bolsaň, adamlary köpüräk dini, medeni-ahlak, wagyz-nesihat işlerine çagyryş etmeli. Her bir şahs öz wezipesini bilmeli. Ejäň wezipesine gyzy goşulyp, ogluň wezipesine ejesi goşulyp ýörse düşünişmezlik köp bolar.

Soňky jogaplar:

Sagmanaja gidip gel abraý bn gidişiñ ýaly abraý bn maşgalaña gowuş.... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
HAYAT..s (Bu gün, 00:51:13)
Sag aman gidip gel! Abray bilen dynyp gel! Hiç haçan ejizleme! Watan goragy mukaddesdir! Sowuga, yssa garamazdan mertlerçe durup Watanymyzy gorap gel! Serjant we ulu serjant harby çinlerini arzuw edya... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
Ereshevs (Düýn, 21:56:21)
Sagamanja gidip gel. Hossarlaryñ yagşy gùnlerñe guwansyn.... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
Arzyhans (Düýn, 21:50:37)
suey, menem 😁... Yzy näme ?
Edebiýat | Ne peýda
ŞNRs (Düýn, 21:30:00)
suey, menem 😁... Yzy näme ?
Edebiýat | Ne peýda
ŞNRs (Düýn, 21:11:15)
Ähli hukuklar goragly