04:06 Mowzuk

KESEARKAÇ romany. (Ikiçäk) - Halanlarymdan poz
Teswirler:
4794Gold
Nescafe Gold
23.11.2021 / 20:36:50
Ýagşylyk eden ýaly görünmän, ýagşylyk ediň görünmän!

+1

— Baýyň, özi ýalylar şonda çykan çykdajylaryny on esse edip ýerine salandyrlar. Nowruzaly baý Şahrudyň uly hany boldy — diýip, Barat pälwan aýtdy.
Çagalar eklençsiz galypdyr. Barat pälwanyň, Maşatda ýaşaýan bir tanşy bar ekeni. Ine şol:
— Sen Ryzaguly hana serbaz bol. Serbaz bolsaň üç tanap ýer berýärler. Çagalara ýapyşalga bolar — diýipdir. Üç tanap ýere akylly-başly seretseň, çagalaryň ýyl harjyny almak boljak. Hasylyň gowy gelen ýyllary daşyndan az-owlak sataýmagam boljak. Barat pälwan oýlana-oýlana, tanşynyň şu maslahatyny makul bilipdir.
Ryzaguly hanam hemme adamyny serbazlyga alanok. Bu ýerde Barat pälwanyň tanşam, ady belli pälwanlygam, şanyň serbazlaryny myhmanlanam kömek etdi. Ine, indem bir ýyl bäri Barat pälwanyň egninde serbazyň sowudy, serbazyň gylyjy.
— Serbazlara serbazlygy üçin bir köpügem hak tölänoklar. Gaýta iýjek-içjegiň öz garnyňa. Eşigiň, at-ýaragyň bahasynam özüň bermeli. Üstesine-de käte onbaşyňa-da sowgatjyk emläp durmaly — diýip, Barat pälwan gürrüňini jemledi.
Ahal şo zatlary öz başyndan geçiren ýaly uludan bir demini aldy.
— Eger beýle bolsa serbazlyga geçmezler.
— Geçmezler — diýip, pälwan Ahalyň soňky sözüni gaýtalady-da, oňa gür gaşlarynyň aşagyndan seretdi. — Agzyny açyp oturan çülpeleri nädip eklejek? Diňe bir eklenjem däl...
Ahalyň soragly gözlerine nazary kaklyşan pälwan sözüni dowam etdi.
— Ýaşajak bolsaň, her ädimiňe pul gerek. Öňüňden çykan serbaz bir bahana bilen seni urýar. Bahana gytmy? Ol ýana seredýäň, bu ýana seredýäň diýip yrsaraýar. Urar-da, yzyndanam taýak hakyny talap eder. Puluň ýok bolsa, git-de serbazyň ýerini depip ber, odunyny döwüp ber, hyzmatyny edip üz.
— Eger üzülmän galaýsa?..
— Üzülmän galaýsamy? — diýip, Barat pälwan böwrüne diň saldy. — Onda näme boljagyny bilemok. Entek üzülmän galan ýerini eşidemok.
Pälwan asmana seredip ýatyşyna esli wagt sesini çykarmady.
Ahalam dymdy. Hol ýokardan, ak bulutlaryň bäri ýanyndan durnalar toýnuk gurap, geçip barýardylar. Olaryň “gyrruk-gyrruk” diýen sesleri eşidilýärdi.
— Sen ynsan durmuşynyň gürrüňini edýärsiň — diýip, Barat pälwan dik oturdy.
— Şol, uçup barýan durnalardan sorap gör. Şolaryň güni ikimiziňkiden aňsatdyr öýdýärmiň?
Ahal asmana seretdi. Durnalar toýnugyny bozman uçup barýardylar. Olar boýunlaryny öňe uzadyp, ganatlaryny agraslyk bilen kakýardylar. Birdenem aşaklap ugradylar. Gonmaga, otlamaga ýer peýleýän bolmaga çemeli.
— Olaryňky hezille — diýip, Ahal durnalardan gözüni aýyrman aýtdy. Onuň sesinde durnalara, umuman, tebigatyň gözelligine bolan inçe söýgi duýulýardy. — Olaryňkam hezil däldir. Bürgüt diýer, garaguş diýer, olaryňam öz galtamanlary bardyr. Garaz, aňsat däldir.
— Siz “Ynsyň-jynsyň durmuşy şoňa gurlupdyr” diýjek bolýaňyz.
Ýöne welin ol zatlardan ýokarda adalat diýlenem bir zat bolmalydyr-a.
— Adalat! Adalat diýilýän zat näme? Aýdaly, bir awçy towşany duzak gurup tutupdyr. Awçynyň eden işi adalatlylyk däl. Şol towşany tutmaýanda-da ol gününi görüp bilerdi. Ekin eksin, bag oturtsyn, mal edinsin, süýt sagsyn. Aýdaly, şo towşany möjek kowalap barýar. Möjegiňki adalatsyzlyk diýersiň.
— Hawa, diýerin. Möjek güýjüne daýanýar. Galtamançylyk edýär. Üstesine-de, belki, towşanyň çagalary bardyr. Towşany möjek iýse çagalary aç öler.
— Möjegiňem çagalary bolsa näme? Ol towşany tutup bilmese, özem, çagalaram uzynly gije aç galmaly. Bu näme, adalatlylykmy?
Ahal gozgandy. “Hymm” edip ýüzüni aşak saldy. Günäsiniň üstünde tutulan çaga ýaly elindäki çöp bilen ýeri dyrmalady. Barat pälwan hüjümini dowam etdi.
— Aýdaly, kowalaşyp barýanlaryň gapdalyndan bir atly çykyp, gylyjyny syrdy-da, olaryň yzyna düşdi. Awçynyň edýäni telekmi?
— Telek däl. Ejizi goldamak sogapdyr.
— Ejizi goldap, möjegi öldürdi. Möjegiň bolsa sürenindäki körpeje çagalary ajyndan gyryldy. Ýeri, muňa kim günäkär? Hany, adalatlylyk? Şol adamyň gazanan günäsi känmi ýa-da sogaby känmi?
— Diýmek, “Galtamanlarda günä ýok” diýjek bolýaň. Şeýle dälmi?
— Galtamanlaram edil möjekler ýaly, dagy çykalgasy bolmasa olar nätsinler?
Ahal içini hümledip esli oturdy. Penjeleri bilen gökje otlary gyryşdyrdy. Gysymyny dolduryp, eliniň tersi bilen oklap goýberdi.
Ýene gyrdy. Ol elleriniň näme edýänini duýanokdy. Eýesiniň tukat ýagdaýyny aňan ýaly Dorbedew otlap duran ýerinden oňa tarap owadan gözlerini aýlady. “Gaýtma niýetiň ýokmy?” diýýän ýaly ýuwaşja hokrandy.
— Mesliginden galtamançylyk edýänem bolsa bardyr — diýip, Barat pälwan ýuwaş ses bilen, böwrüne diň salyp — aýtdy. — Bu görünýän galtamanlaryň köpüsi çykalga tapman galtamançylyk edýärler.
— Sizem şol çykalga tapmaýanlardanmy? — diýip, Ahal oňa sorag berdi.
— Şony diýseňem boljak— diýip, pälwan gamgyn halda gürledi.
— Meniň atymy ogurladylar. Täze at aldym. Bahasyny entek tölämok. Puly nireden aljak. Üstesine çagalara-da ojuk-bujuk gerek.
Geçen gyşyň gazapdygyny gördüňmi? Çagalar doly gyşy galyň eşiksiz, köwüşsiz geçirdiler.
— Hawa, gyşa gazaply boldy — diýip, Ahal seslendi.
— Ine, biz şo möjegiň gününe düşýäs. Şol towşany iýseg-ä biz galtaman, iýmesegem aç ölmeli. — Diýmek, galtamançylyk hökman bolaýmaly-da. Onuň ahyry görnenok-da?
— Galtamançylykmy? — diýip, Barat pälwan ýaňsylaýan ýaly edip aýtdy. — Galtamançylygyň ulusyna uruş diýerler. Ýagdaý şeýle bolsa, urşam bolar durar. Durmuşdan bihabar adamlar urşy hanlar, şalar başlaýandyr öýdýärler. Uruş olara gerekdir öýdýärler.
— Dagy näme? Saňa gerekmi? Maňa gerekmi? Halka gerekmi?
— Halka gerek bolmasa-da, serbazlara gerek. Uruş olaryň eklenji.
Goşun öňňil Aýystana gitdi. Öten ýyl dynç boldular. Şu ýylam bir tarapa gitmeseler, serbazlaryň özleri gozgalaň turzarlar. Olar goşun serkerdelerini şoňa mejbur edýärler.
— Alamançylyk meselesinde siz-ä türkmenleri ýazgarýaňyz, bizem sizi. Seniň häzirki gürrüň berşiňe görä, alamançylygyň ilki sebäpkäri siz bolaýjak ýaly.
— Towuk ulumy ýa ýumurtga? Ony ikimizem bilemzok.
— Seniň häzirki aýdyşyňdan talaňçylygy ilki başlaýan serbazlar diýen netije gelip çykýar.
— Bar, şeýle eken-dä.
— Şeýle bolsa, biziň alamançylygymyz arymyzy ýerine salmak bolýar.
— Aryňyzymy? Bu goňşyň bilen urşup, ol goňşyňy ursaň, aryň ýerine düşýämi? Serbazlar sizi talap, ýesir alyp gaýdýar. Sizem baryp il-güni talap, ýesir alyp gaýdýarsyňyz. Şeýdip öz aryňyzy naçar gyzdan, gözüni owkalap duran neresse çagadan alýaňyz.
Ahal pälwanyň sözüne jogap bermedi. Agyr pikire gitdi. Onuň gözüniň öňüne pajygaly bir ýagdaý gelip geçdi.
Güýzüň asuda säherleriniň biridi. Agar çäkmenini ýasgynjak atynyp, gapa çykan Ahalyň gulagyna “Alamançylar gelýär” diýen sözler eşidildi. Gara daglaryň arasyny söküp, olja alyp, ýesir alyp gelen atlylar Şally baýyň gapysynda ýük ýazdyrdylar. Ahal dähedem-dessem basyp, olaryň ýanyna bardy. Ýöne şol baranyna henizem ökünip ýör.
Getirilen ýesirleriň arasynda ýaňy öýlenen ýaş ýigit bilen onuň gelni, şol ýigidiň enesi, iki sany — biri gyz, beýleki oglan jigileri bardy. Alamançylar bir öýi boşadyp gaýdypdyrlar. Dulugyndan ak görnen enelerem, gelnem ses edip aglaýardy. Ýaş ýigit bolsa owasyny dym-gyzyl edip, ýer dyrmap otyrdy. Bäş ýaşlyja gyz töweregine geň galmak bilen seredýärdi. Görmäge üýşen çagalaryň käbirine ýylgyrmak bilen seredýärdi.
Ol häzir ejesiniň, hossarlarynyň ýanynda. Ol çaga. Ol entek öz hossarlaryndan waýkyryp-waýkyryp aýra düşmelidigini, ejesiniň köşegini aldyran maýa ýaly bozlap-bozlap, ony iň soňky gezek bagryna basjakdygyny, aç adamyň aşa topulyşy ýaly özüniň ýüzünden-gözünden ogşajakdygyny, güýç bilen aýranlarynda ellerini uzadyp, dünýäni elendirip aglajakdygyny bilenokdy. Bir öýden girip-çykan, sähel büdrese kömege gelen, aglasa diňdiren hossarlarynyň hersiniň bir gapydan çykjakdygyny, bir-birini hiç haçan görüp bilmejekdiklerini bilenokdy. — Alamançylyk, ar-namys üçin edilýän zat däldir. Ol ar-namysyň arkasyndan edilýän haram baýlykdyr — diýip, gürläp oturan Barat pälwanyň sözleri Ahala düýşde aýdylýan ýaly bolup eşidildi.
Ahal geçen ýene bir wakany ýadyna saldy. Ol şeýle bolupdy.
Aksoltan ejäniň ogly bir ýerden gelýärkä, öňünden kürt alamançylary çykyp, tutup alyp gidipdirler. Äkidibem satypdyrlar.
Ýaňy ýigit çykyp ugran oglanyň haýsy baýyň guly bolup, hyzmatyny edip ýörenini kim bilýär.
Aksoltan eje uzynly gije çirim etmän aglap geçirdi. Obanyň Garamergen ýaly jalaý ýigitleri garry enä hossar çykyp, ar almaga gidermen boldular. Bu ýagdaýy eşiden oba ýaşululary oňlamadylar.
Iner golak başlyklaýyn paýhasly gojalar pikir alyşmak üçin maslahata ýygnandylar. Şol maslahata ýaşlaram, Ahal dagynam çagyrypdylar. Şonda Ahal Iner golagyň pikirini goldapdy.
Garamergen oňa:
— Sen gorkýan bolsaň, eneň ýorganyndan çykma-da — diýipdi.
Garamergeniň özi ýalylar onuň sözüni alyp göterdiler. Ýerli-ýerden gygyryp, Ahala:
— Beýle namart bolsaň, galyber. Şükür Hudaýa, gitjegem, ary ýerine saljagam tapylar — diýipdiler.
Ahalyňam öz tarapyny çalýan ýaranlary bardy. Olar Garamergeniňkiden köp bolmasa, az däldiler. Ýöne garşydaşlarynyň “gorkak, namart” diýen sözlerinden çekinip, olaryňam köpüsi Garamergeniň tarapyna geçdi. Onda-da: “Bu jany enemiň bukjasynda ýygnap bilmen. Tohumlyk galmak aladam ýok.
Tohumlyk galan galsyn” diýen ýaly janyňa degäýjek sözleri aýdyp geçdiler. Ahal:
— Men şul ömrümiň Aksoltan ejä sähelçejigem bolsa teselli berjegini bilsem, ony gaşymy çytman bagyşlardym. Ýöne başga bir enäniň çagasyny alyp gaýdyp, ony gan agladanym bilen Aksoltan ejäniň ýürek ýarasyna ýardam edip bilerin öýdemok — diýdi.
Garamergeniň tarapyna geçýänlerem köpeldi. Ahalyň özem:
“Maňa-da şu jan sizden artyk gerek däl, ýörüň gitseňiz” diýip, tas onuň tarapyna geçipdi. Ýöne onuň özi ynsabyňa, mertebäňe, adamkärçiligiňe kast etmekdigini, Garamergeniň adamkärçiligiň golaýyndan geçmeýän erbet meýilleriniň öňünde baş egmekdigini syzdy. Ol özüni güýç bilen, erjellik bilen masgaraçylygyň girdabyndan saklady.
Ýaşulularyň gelen karary Garamergeniň dyzmaç ýaranlarynyň jylawyndan çekdi, olaryň howalasyny ýatyrdy. Olar alamana gitmegi ýigitlere gadagan etdiler.
Barat pälwanyň soňky gürrüňlerini düýşünde eşidýän ýaly, ýarym-ýalta diňlän, manysyny oňly düýrüp alyp bilmedik Ahal ukudan açylan ýaly boldy. Uludan bir demini aldy. Baharyň howasynyň şeýle mylaýymlygyna garamazdan, onuň maňlaýy kemsiz çygjarypdy. Pälwan özüniň soňky sözlerini Ahalyň oňly diňlemändigini, sojap dem alşyndan, ýüz keşbinden aňdy. Ol bir zat diýjek bolup, sag elini gürrüňdeşiniň dyzynyň üstünde goýdy. Şol arada Ahal:
— Bu alamanlaryň, bu hasratly masgaraçylygyň öňüni alyp bolmazmyka? — diýip seslendi.
— Bolmaz — diýip, Barat pälwan çürt-kesik aýtdy. — Birinji sebäbi, ony patyşa-da islemez, serbazlaram. Olar isläýende-de siz saklanyp bilmersiňiz.
— Ol näme üçin?
— Üçini. Sizde döwlet ýok. Gürleşer ýaly, alamançylygy bile ýazgaryp, bile çäre görer ýaly.
Barat pälwan ýene bir zatlar aýtjak boldy. Ýöne oňa söz diýmäge maý bermedik başga bir ýagdaý boldy. Hol ilerki belentlikden aşyp giden serbazlar ýene-de sadranç ýaly bolup-depäniň üstünden göründiler. Olar Barat pälwandan habar tutmak üçin öwrülen bolsalar gerek. Olar belentlige çykdylar-da, sanjylan ýaly bolup durdular.
Barat pälwanam, Ahalam ýerinden galdy. Ahal uzakda, Mizewe daglarynyň depesinden sallanyp ugran Güne eli bilen maňlaýyny kölegeledip seretdi. Günüň öňüni açan ak bulut, äpet deňizde görünýän sal ýaly bolup, günbatara tarap süýşýärdi.
— Gaýdara wagt bolup ýör öýdýän. Gümür-ýamyr edip, ep-esli oturaýypdyrys — diýip, pälwan seslendi.
Ýaraglaryny, dakynyp, her kim öz atyna tarap ugrady. Ony gören serbazlar atlaryny yza öwrüp, ýene belentlikden aňryk eňip gitdiler.
Şeýle gowy, açyk ýürekli, paýhasly adamdan Ahalyň birden aýrylasy gelmedi. Dorbedewi onuň gapdaly bilen sürüp gitdi. Olar serbazlaryň ýaňky görnen ýerlerine ýetip aýak çekdiler. Ýene-de esli wagt gürleşip durdular. Olar bir-birine elini uzadyp, at üstünde hoşlaşdylar. Barat pälwanyň aty belentlikden aňryk eňip gitdi. Ahal şol ýerde sanjylan garantga ýaly bolup durdy. Ol Barat pälwanyň yzyndan seredýärdi. Bir käse çaý içerlik salym geçensoň atyny yza öwürdi.
Kürt diýilse ýigrenip, barlyşyksyz duşmany saýyp ýören Ahala Barat pälwanyň ýetiren täsiri uludy. Ol pälwanyň kürt däldigini, onuň milletiniň parsdygyny bilmese-de, bahasyna ýetilmez gowy adamdygyny bilip galdy. Her halkyň öz gowusy, öz hordasy bar.
“Garamergen ýalylary satyp iýdiräýmeli adam ekeni. Şular ýaly adamlar köp bolsa bolmaýarmy?” diýip, öz ýanyndan oýlandy. Gylyç syryp duşan iki duşman, şeýdip dost boldular. Mähir bilen elleşip hoşlaşdylar. Bu ýagdaýy Iner golak eşiden bolaýsa:
— Bagt diýilýän zat şolardan ybaratdyr — diýip aýdar.
Gök deňiz ýaly gök otly meýdandan Dorbedewi sürüp barýan Ahal şu günki ölümden sypyşyny, gowy adam bilen duşuşygyny öz bagtynyň bir bölegi hasap edýärdi.
5009Öwreniji
Arzyhan
23.11.2021 / 21:55:54
+3
Gaty gowy dowamyna garaşyas

Soňky jogaplar:

Sagmanaja gidip gel abraý bn gidişiñ ýaly abraý bn maşgalaña gowuş.... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
HAYAT..s (Bu gün, 00:51:13)
Sag aman gidip gel! Abray bilen dynyp gel! Hiç haçan ejizleme! Watan goragy mukaddesdir! Sowuga, yssa garamazdan mertlerçe durup Watanymyzy gorap gel! Serjant we ulu serjant harby çinlerini arzuw edya... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
Ereshevs (Düýn, 21:56:21)
Sagamanja gidip gel. Hossarlaryñ yagşy gùnlerñe guwansyn.... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
Arzyhans (Düýn, 21:50:37)
suey, menem 😁... Yzy näme ?
Edebiýat | Ne peýda
ŞNRs (Düýn, 21:30:00)
suey, menem 😁... Yzy näme ?
Edebiýat | Ne peýda
ŞNRs (Düýn, 21:11:15)
Ähli hukuklar goragly