03:38 Mowzuk

KESEARKAÇ romany. Mertlik. - Halanlarymdan poz
Teswirler:
4794Gold
Nescafe Gold
21.11.2021 / 22:18:58
Ýagşylyk eden ýaly görünmän, ýagşylyk ediň görünmän!

+3

— Ulularyny alsaň gaçjak bolar. Çaga onuň ýaly zady bilmeýär.
Häzir-ä “elek getir, soky getir” diýen ýaly ýumuşlary öwrener, ulalansoňam wepaly gul bolar.
Bäş ýaşly gul ilki geleninde, ýürek gyýyjy zaryn aglaýardy. Şally baý ony maşgalanyň arasyna getirmän, at ýatagynyň gapdalyndaky köneje tama salypdy. Agşamlaryna gul şonda ýatardy. Daňdana çenli diýen ýaly aglardy. Onuň agysy ýüregiňi dilip barýardy. Adamlar-a däl, onuň sesine itlerem çydaman, şol köneje tamyň daşyndan çyňsap aýlanýardy. Şol köne kepbe bilen golaý goňşuda ýaşaýan oba adamlarynyň uzynly gije uklap bilmän, gözlerini pökgerdip ertire çykýan wagtlary bolýardy.
Şally baý diýilýän adam eýmenmedigini sylamaýardy. Bu obada onuň eýmenýän adamsy hem diňe Iner awçydy. Halys degnasyna deglen oba adamlary awça ýüz tutupdylar. Ony Şally baý bilen gürleşmäge yrypdylar.
Iner awçy howla gireninden hywa donuny ýasgynjak atynyp, Şally baý onuň öňünden çykypdy. Baý oba adamlarynyň awça ýüz tutup, ony yrandyklaryny ozal eşiden bolara çemeli. Ol Ineri gürlemäge goýman:
— Gelseň, hoş gelipsiň, guluň ýerini tapdym. Ony guma, çopanlaryň ýanyna iberjek. Goý, entek ýüregi düşüşýänçä şol ýerde bolubersin — diýip, ondan öňürdipdi. Edil aýdyşy ýaly, şol gün öýlänler Naryz gul guma, çopanlaryň ýanyna ugrapdy.
Ahal gylyjyny sogranda, şo zatlary göz öňünden geçiripdi. Ol öňünde duran duşmanlardan rehim ýokdugyny bilýärdi. “Günäliniň oduna bigünä ýanar” diýilýän, megerem, şu bolsa gerek.
Alamançylyk, talaňçylyk edýän adamlar başga adamlar. Şolaryň kösti gelip, Ahal ýaly öz gününe gezip ýörenlere-de ýetýär. Ýöne welin häzir ol zatlary degşirip oturmagyň geregi ýok. Şu wagt edilmeli iş elleri ýalaňaç gylyçly abanyp gelýän sekiz atlynyň öňünde durmalydy. Bu aňsat iş däldi. Ahal özüniň diri galmajagyny bilýärdi. “Ýöne diri ele düşmejek bolmaly. Olardanam iň bolmanda birini aljak bolmaly. Men olara diri gerekdirin. Öli maly satybam bolmaz, işledibem. Men olara hökman diri gerekdirin”. Şo zatlary pikir edip duran Ahalyň garşydaşlarynyň arasyndaky üýtgeşikligi görende gözleri tegelendi. Bu näme boldugy?
Duşmanlaryň ýedisi at başyny çekdi. Gylyçlaryny gynlaryna saldylar. Duran ýerlerinde sanjylan ýaly brlup durlar. Atlylaryň diňe biri gylyjyny ýygnaman ilerläp gelýär.
Bu Ahalyň ýekme-ýek söweşe çagyryldygydy. Ahal düşünip, atyny onuň üstüne sürüp ugrady. Birdenem aýak çekdi-de:
— Barat pälwan? — diýip, sesli aýdanyny duýman galdy.
Häzir onuň garşysynda eli gylyçly gelýän külli Horasany baglan uly pälwandy. Kesearkaçda-da, Maru-Şahu-jahanda-da, Buhara, Horezmin ýaly ýerlerde-de ady belli Barat pälwandy. Ahal ony ozalam bir gezek görüpdi.
Nişapurda Eýranyň uly baýy toý edipdi. Şol toýa Kesearkajyňam bagşy-sazandalary, mergenleri, pälwanlary, bedew atlary gatnaşypdy. Ahal şo wagt Hojaly seýsiň çapyksuwarydy. Ol seýis bilen şol toýa Tarlaňy alyp barypdy. Nişapur baýynyň goýan baýraklaryndan on gulaç pereň parçasy bilen bir guba arwana alyp gaýdypdylar. Şol toýda-da eýle-beýle pälwanlary sowup, gezegi Barat pälwana beripdiler. Eýranyň uly pälwany üçin baýrak goýdular. Birinji baýrak üçin lur taýpasyndan bolan bir ýaş pälwan çykdy. Adamlar onuň Barat pälwan bilen tutluşardan ejizdigini, güýç synanyşardan asgyndygyny, onuň ýeňiljekdigini görenlerinde aňdylar. Olaryň göreşi uzaga çekmedi. Geçse bir jüňňül suw içesi salym geçendir-dä, Barat pälwan bir silkenden soň lur pälwany üstüni kakyp ýerinden turdy. — Barat pälwana goýlan ikinji baýrak teke halysy. Milti bolan pälwan orta çyksyn. Gulaly pälwan, Ybadylla pälwan, eşitmedik diýmäň! — diýip, toýuň jarçysy döwre gurap duran märekäniň öňünden aýlandy. Adamlar “Oňa kim çykarka?” diýip garaşdylar, Jarçynyň birinji çakylygyna-da, ikinji çakylygyna-da hiç kim ses bermedi.
Märekäniň öňünde ýeke öýliň horazy ýaly, gollaryny gowaldyp, gabaryp ýören Barat pälwany göreniňde, biliňi guşap orta çykmak üçin gözsüz batyrlyk gerekdi. “Barat pälwan pylan ýerde göreşende pylan pälwanyň goluny döwüpdir, pylan pälwany seňseledipdir” diýen ýaly sözleri Ahal ozalam telim gezek eşidipdi.
Jarçy üçünji gezek:
— Pälwanlar, gorkýan bolsaňyz, onda baýrak Barat Pälwana berilýär — diýip gygyrdy. Şondan soň kyrk ýaş çemesindäki, belki kyrkdanam köpräkdir, daýaw kürt pälwany orta çykdy. Oňa Huşnaf pälwan diýýärdiler. Huşnaf Koý. Onuň çermelen gollary, açyk döşi durşuna çöpür bolup durdy. Onuň bürgüdiň çüňki ýaly ortasy örküçli, ujy egrelip duran burny, gatyşan gür gara gaşlary, gulaklarynyň içinden çykyp duran çogdam gyly ony hasam hyrsyz görkezýärdi.
Bularyň göreşi uzaga çekdi. Kä ol badak saldy, kä beýleki içden çilşirdi. Märekäniň ortasynda süsüşýän öküz ýaly omadaklaşyp telim gezek ters aýlandylar. Olar märekä kä golaýlaşýardylar, kä daşlaşýardylar.
Pälwanlaryň ikisi-de süllümbaý ezildi. Iň soňunda Barat pälwan Huşnafy ýykdy. Ýöne gaty kynlyk bilen ýykdy, göreş tamam bolandan soňam Barat pälwan özüni dürsäp bilmedi. Kimdir biri onuň eline göwşüllän tüýnükli ýaglygy tutdurdy. Barat pälwan onuň bilen yzly-yzyna derini çaldy.
Üçünji baýrak üçin pälwan çagyrmadylar. Diňe jarçynyň özi orta çykyp:
— Barat pälwan bilen göreşmek üçin teke-türkmenleriň meşhur pälwany Garadolan. ýörite gelipdir. Häzir oňa tomaşa ediň.
Baýraklary bir gyr at — diýdi.
Garadolan pälwanyň adyny Ahal köp eşidipdi. Ýöne ol Kesearkaçdan bolsa-da entek özüni görmändi. Barat pälwany ilkinji gezek görşi ýaly, ony hem ilkinji gezek görýärdi.
Märekäniň öňüne bili salpyrak guşalan ýaşyl tirme guşakly, inçesagt, daýanykly garaýagyz pyýada çykdy. Ahal öz ýanyndan:
“Ine, bu tüýs adyna mynasyp ekeni” diýip pikir etdi. Ol daglarda bitýän garadolan diýen agaja beletdi. Ony telim gezek çalyp, pil sapy, palta sapy ýasapdy. Ýöne ol pälwanyň adynyň Garadolan däldigini, düýpden başgadygyny, keşbini şol agaja meňzedip, Garadolan adynyň soň dakylandygyny bilenokdy.
Märekäniň çak edişi ýaly bularyňam göreşi uzaga çekdi, olar, çep aýaklaryny öňe atyp, sag aýaklaryny gaça saklap, köp aýlandylar. Kä ol, kä beýleki duýdansyz hüjüm edip, aýaklar tapyrdap gidýärdi.
Barat pälwan Garadolany näçe gezek dyzyna göterdi. Ol ony aýlap ýere çalmakçydy. Ýöne garşydaşy beýle etmäge maý bermeýärdi. Ol iki aýagynam ýerden göterip, Barat pälwanyň gursagynda düwlen ýaly bolup durdy. Ony agdarmak üçin öňürti özüň güwläp gaýtmalydy. Ýere golaýladan dessine ol ýene aýagyny ýere direjekdi, özüňem gabyrdadyp basjakdy. Bu emel göreşde goranmak üçin esasy emelleriň biridi. Şonuň üçin Barat pälwan şo göterişine telim gezek aýlasa-da, ýere uraýyp bilmedi. Ony goýbermäge mejbur boldy, ýene çekeleşdiler.
Baradyň güýçlüdigi görnüp durdy. Ýöne Garadolan emele ökdedi, çeýedi. Märekäniň öňki gykylygy, öňki şowhunydy. “Garadolan çilşir!”, “Barat ýanbaşla!” Iller öňe omzasa, öňe omzap, yza çekilse yza çekilip, Ahal Garadolan üçin Hudaýy çagyrýardy. Ol hudaýýoluna bir petir çöregem aýdypdy. Ýöne onuň ähli dilegi biderek boldy. Uzak çekeleşikden soň ýadadymy, hüşgärligi elden berdimi, garaz, Barat pälwan bir silkende Garadolanyň dyzy ýere degdi. Göreşiň kanuny şeýle. Tötänden dyzyň ýere degse, ol ýeňildigiňdi. Şeýdip, özi üçin goýlan baýragyň üçüsinem Barat pälwanyň özi aldy.
Ine, şol pälwan serçäniň üstüne eňen gyrgy ýaly bolup, Ahalyň üstüne gelýärdi.
Bu nädip beýle bolduka?! Il-günüň hormatlap, apalap ýören pälwany şu derejä, ýol urmak, garakçylyk etmek derejesine nädip ýetip bildikä?
Ahal başga bir zady bilmese-de, Barat pälwanyň durmuşynda bir üýtgeşikligiň, onda-da gaty ullakan üýtgeşikligiň bolanyny aňdy.
Pälwan öňki pälwana meňzänokdy. Horlanypdyr, garalypdyr, inçelipdir. Tanar ýaly bolmandyr.
Atlar taýak ýeter aralykdan bir-birine tarap güpürdeşip gaýtdylar.
Olar orta ýolda duşanlarynda, gylyçlar bir gezek şakyrt etmäge ýetişdiler. Atlar bir-biriniň duşundan geçip gitdiler. Ahal Iner golagyň, öwredişi ýaly aty çaltlyk bilen yza öwrüp, Barat pälwanyň ýeňsesinden urup biljekdi. “Uruş diýilýän zat emelden ybaratdyr.
Emel bilmeseň urşup bilmersiň, urşup bilmeseň biziň döwrümizde ýaşabam bilmersiň”. Ine, bu ses Iner golagyň sesidi. Ýöne bular ýaly ýekme-ýek söweşde bu emeli ulanmak bolmaýar. Ol karamdy, namartlykdy. Bardy-geldi gylyjy elinden gaçaýsa, ýa at büdräp ýykylaýsa, beýleki tarapy oňa gylyjyny almaga, atyna münüp, özüni dürsemäge maý bermelidi. Ine, bu ýekme-ýek söweşiň ýazylmadyk kanunydy, mertlikdi. Yza öwrülip, bir-birine täzeden okdurylan atlar bu gezekki duşuşykda geçip gitmediler. Olaryň ikisem çarpaýa galdy. Gylyçlar şakyrt, şakyrt edip seslendi.
Pälwan horlananam, inçelenem bolsa, entek onuň golunda güýç bardygyny Ahal derrew aňdy. Ýigidi iň gynandyrýan zat şu söweşde ortalyk ýokdy. Ýa ol Ahaly öldürmeli, ýa-da Ahal ony. Muňa ýekme-ýek söweşiň kanuny diýerler. Edil göreşdäki ýaly. Göreşde-de ýa ýykylmaly, ýa-da ýykmaly. Çar düşeniň hasap edilmeýär.
Baýrak ýekeje. Baýraga goýlan düýäni ýa-da halyny ikä bölüp bolmaýar. Bu ýerde-de şonuň ýaly. Baýraga bir ömür goýlupdyr.
Ony söweşýänleriň haýsam bolsa biri almaly.
Şakyrt, şakyrt, şakyrt... Gylyçlar dynman şakyrdaýar. Her gezek çaknyşanda uçgun syçraýar. Töwerekdäkiler: “Barat! Barat!!” diýip gaty sesleri bilen gygyrýardylar. “Ahal!! Ahal!!” diýip, oňa gop berýän ýekeje sesem ýokdy. Çarpaýa galan atlar bir-birine agyz salýardylar. Şakyrt, şakyrt...
Birden tätänlik boldy. Barat pälwanyň aty büdräp alkymyny ýere berdi. Özi zyňlyp honda düşdi. Gylyjyny gaçyrdy. Atyň aýagy syçanyň kürümine giden bolara çemeli.
Ahal atyň başyny beýläk sowdy. Tötänden ýykylan adamy urmak bolmaýar. Oňa ýerinden turmaga, gylyjyny almaga, ata münmäge, özüni dürsemäge maý bermeli. Ýogsa namartlyk bolar.
Birden üstüne gaýa ýykylana döndi. Nämäň-nämedigini seljermäge ýetişmedi. Zordan özüni dürsände, eýýäm iki elem daňylgy. Ýedi atlynyň ýeri ýerden üstüne eňenini duýman galypdy. Ol eýýäm atyna atlanana Barat pälwana ýigrenç bilen seredýärdi. Ahaly aldadylar, gapyl basdylar.
“Maňa bir zat bolaýsa, ýerli-ýerden eňiň” diýip, Barat öňünden tabşyran bolmaga çemeli. Adam ejizlände gaty ejizlär ekeni. Pälwan Ahalyň gözüne şeýle bir ownuk, gyl ýaly zat üçin uly galmagal turuzýan jinnekçi adamlar ýaly bolup göründi. Özi üçin ýörite üç baýrak goýlan, arassa göreşde ýykyp, şol baýraklaryň üçüsinem almagy başaran, märekäniň elinde göterip oklap gapan şol pälwanynyň şeýle ejizlänini, ownanyny, namartlanyny görmegiň özem uly jezady.
Barat pälwan bärsine bakanda, olaryň göreçleri çakyşdy. Pälwan eli daňylgy bulanyp ýatan ýigidiň ýüregindäkini onuň gözünden okady. “Hä, sen maňa ownuk diýýärmiň, namart, ejiz diýýärmiň asyl!..” Pälwan atdan agdy. Bilindäki gamasyny sogrup alyp, burjulap duran çytyk ýüzi bilen Ahala tarap ugrady. “Namart, ejiz” diýen pikiriňi ýene bir gaýtala” diýýän äheňde onuň üstüne abandy. Soň egildi-de, daňlan elleriň ýüpüni kesişdirip taşlady.
Ahal daňynyň derdinden awuşan goşaryny owkalaşdyryp, dik oturdy. Barat pälwan Ahalyň gylyjyny alyp, atyň öňüne kese basan serbazyň ýanyna bardy. Sesini çykarman, gylyjy alyp, ony Ahalyň ýanyna oklap goýberdi. Dorbedewi tutaklap gelýän nökeriň elindäki jylawy aldy. Ony eýeriň gaşyna ildirip, bedewiň buduna kakyp goýberdi.
Bu ýagdaýy synlap duran atlylar geň galyp, soragly nazar bilen bir-birlerine seretdiler-de, duran-duran ýerlerinden ata gamçy çaldylar. Pälwanyň aty olaryň ugruna bir imrindi. Ýöne üstüniň boşdugyny, eýesiniň şu ýerdedigini aňyp, olaryň yzyna düşmedi.
Atlylar bolsa hälki gaçan keýikler ýaly dabyrdaşyp ilerki belentlikden aňryk aşyp gitdiler.
666Ýaşuly
Malvina
22.11.2021 / 00:12:43
Kiçijek ynam

+2

Yene bir gezek okamaga mumkincilik doredeninize sag bolun!
61Betinden
Orazjan
23.11.2021 / 07:43:45
❤Obaly maýmynjyk❤

+1

Kesearkaç nite bolýalaý?

4794Gold
Nescafe Gold
23.11.2021 / 20:20:33
+1
Orazjan, ýalňyşmasam Gökdepe töwerekleri bolmaly.

Soňky jogaplar:

Sagmanaja gidip gel abraý bn gidişiñ ýaly abraý bn maşgalaña gowuş.... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
HAYAT..s (Bu gün, 00:51:13)
Sag aman gidip gel! Abray bilen dynyp gel! Hiç haçan ejizleme! Watan goragy mukaddesdir! Sowuga, yssa garamazdan mertlerçe durup Watanymyzy gorap gel! Serjant we ulu serjant harby çinlerini arzuw edya... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
Ereshevs (Düýn, 21:56:21)
Sagamanja gidip gel. Hossarlaryñ yagşy gùnlerñe guwansyn.... Yzy näme ?
Gürrüňdeşlik | Gulluk borjym
Arzyhans (Düýn, 21:50:37)
suey, menem 😁... Yzy näme ?
Edebiýat | Ne peýda
ŞNRs (Düýn, 21:30:00)
suey, menem 😁... Yzy näme ?
Edebiýat | Ne peýda
ŞNRs (Düýn, 21:11:15)
Ähli hukuklar goragly