[i]8. Keramatly ýer - Mekge Medinäni hem syýahat zonasy ýaly edip barýarlar instagram zwezdalary. Hemme aýdymçylar diýjekmi, beýleki "gyz"lar diýjekmi. Beýdiberseňem bolýarmyka, şol meň üçin ullakan sorag.[/i] Bu soraga bir agyz "Amallar, niýetlere görädir" diýen, Pygamberimiziň hadysy bilen jogap berip gitseňem ýeterlik. Çünki, hemme amal niýetden başlaýar. Niýetiňe düwýäň, niýetiňde şekillenýär, onsaň amala aşyrýaň. "Sen onuň niýetini näbilýäň" diýýänlere, niýetini bilmek zerur däl, amaly aýdyp dur, niýetiniň nädogrudygyny.... Niýetiň... hemme gidýämiş diýip aýlanyp gelmek, güjeňlemek, pontawatsiya etmek, aýnamak bolsa.. prosta sen gidip gelip wagt geçirdiň we pul sowduň.. Boldy. Başga gazanan zadyň ýok. Niýeti dogry kişiniň telefona, instagrama, sos.sete känbir elem degmeýär. Çünki "hajyň" hem özüne ýaraşyk muşakgatlary bar. Öz berjaý etmeli şertleri bar. Şertlerinden daşary hem, her pursadyňy altyndan gymmat bilip, doga-dilegleriňi, ybadatlaryňy artdyryp başagaý bolup gezseň, yhlasyňa görä maksat-myradyňa ýetersiň. Ýer ýüzünde 3 sany derejeli metjit bar. Şolaň biri Medinedäki "Mesjidi nebewiye", ýagny Pygamberimiziň metjidi. Şol metjitde okalan her namaz, adaty metjitlerde okalan namazdan, ýalňyşmasam 20-27 esse sogaply. We başgada hajda edilýän birnäçe derejeli amallar bar. Çünki ol ýerler Pygamberimiziň aýak basan ýerleri, gezen ýerleri, yslamy ýaýradan ýerleri... Şu zatlary bilýän adam ybadatdan başga zada elem degmeli däl aslynda şol ýerlere baransoň. Jelal kary diýýärä, haja gidip geleniň, zyýaratynyň kabul bolandygyny ýa bolmandygyny bilmegiň aňsat ýoly bar. Gidip gelensoň, öňküsinden beter takwalygy, Alla bolan söýgüsi artan bolsa, ybadatlaryny köpelden bolsa, ylyma teşne bolsa, biläýiň, şonuň hajy kabul bolanlardandyr diýýär. Emma, gidip gelibem, ýene öňki ahwalyny gaýtalap ýörse, belki, öňküsindenem beterleşen bolsa, ol adamyň halyna "waaý" bolsun diýýär. Dogurdanam, men şeýle adamlary gördüm. Haja gidip gelip, psih derejesine ýetenler bar. Gitmänkä gowudylar gaýtam. Gidip-gelip, namazyny taşlanlar bar. Haýran galardym şulara... Bumatgy, siziň diýýän mediada göze görnen adamlaryň üçin, hajy bolup gelmek "teke bazara" gidip gelen ýaly... Ýokarda aýdyşym ýaly, birinjidenä, niýetleri bozuk. Ikinjidenem, özüňiz pikir ediň, şeýle mukaddes, keramatly ýerlere baryp, gidip-gelensoň ýene öňküsi ýaly Allanyň, Pygamberimiziň gaýtaran, haram eden, takyklan zatlaryny dowam edip gezmek ne logika, ne-de ynsanylyga gabat gelýär. - Halanlaryma goş

Soňky jogaplar:

Ol asyrda haýsy sport görnüşlerini etdikäler?...Dowamy
Umumy bölüm | Sportyn taryhy
Orhideyas (Bu gün, 16:09:33)
Mahri, bu dowrunde kofya kan icsen garaja bolar...Dowamy
Dostluk.Ru | #Degişme_factlar
Baykas (Bu gün, 13:35:52)
:dovolen:...Dowamy
Gürrüňdeşlik | Täzelik
Bentners (Bu gün, 10:38:41)
biläýmeli zatlar zametka belläp alaýyn nirde bilýädiň bu zatlary...Dowamy
Dostluk.Ru | #Degişme_factlar
zver1s (Bu gün, 10:20:04)
EvilGenius, dreamt...Dowamy
Umumy bölüm | Diñe Iñlis dili barada...
PANDAs (Bu gün, 10:02:03)
wWw.Dostluk.Ru © 2018-2023